Geçen hepde ýurdumyzyň parahatçylygyň,
döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýän
wakalara baý boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň
ykdysady kuwwatyny berkitmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli
hyzmatdaşlygy giňeltmek, halkymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de
ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirýän giň möçberli işleri ýurdumyzyň häzirki
zaman dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna
gönükdirilendir.
29-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň,
welaýatlaryň häkimleriniň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, beýleki degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk pudagynda
alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy, käbir guramaçylyk meseleleri ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, ýygnalan bugdaý hasylyny
elewatorlara, ammarlara daşamak hem-de ýerleşdirmek boýunça işler dowam edýär.
Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl, hyzmat ediji
edara-kärhanalar bilen ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda
geçirilmegi babatda zerur çäreler görülýär. Orakdan boşan meýdanlary sürmek,
ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak babatda degişli işler alnyp barylýar.
Daýhanlaryň ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilmegine aýratyn üns
berilýär. Ýurdumyzyň gowaça, şaly, gant şugundyry ekilen meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralma,
gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek boýunça zerur çäreler
geçirilýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş
sanyny artdyrmak, ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin degişli çäreler
görülýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw
ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak maksady bilen,
howdanlara suw toplamak, derýalaryň kenarlaryny berkitmek, suwaryş, şor suw akabalaryny
arassalamak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň barşy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine
görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynyň
önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky
gazananlaryny, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigine
ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz pudagyň kärhanalarynyň maliýe-ykdysady
ýagdaýyny, maddy-tehniki binýadyny, önümçilik, hojalyk işlerini yzygiderli
seljerip durmagy, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň doly
güýjünde işledilmegini gazanmagy tabşyrdy. Olaryň durkuny täzelemek we täze
kärhanalary gurmak boýunça işleri dowam etdirmegiň, önümiň, ýerine ýetirilýän
işleriň özüne düşýän gymmatyny peseltmek üçin toplumlaýyn çäreleri geçirmegiň
zerurdygy bellenildi. Oba hojalyk ylmy-barlag institutlary tarapyndan bugdaýyň,
gowaçanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyny gowulandyrmak babatda
alnyp barylýan işler boýunça aýratyn tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz halkyň sarp edýän azyk
harytlarynyň görnüşlerini we öndürilýän möçberini artdyrmagy, döwlet tarapyndan
satyn alynýan oba hojalyk tehnikalarynyň, oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin
berlen ýer serişdeleriniň maksadalaýyk, netijeli ulanylmagyny üpjün etmegi,
Döwlet ýer kadastrynyň ýeke-täk ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri
çaltlandyrmagy tabşyrdy. Şeýle-de ýurdumyzyň suw serişdeleriniň tygşytly
peýdalanylmagy, goşmaça suw gorlaryny döretmek babatda zerur işleriň durmuşa
geçirilmegi bilen bagly görkezmeler berildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň
özboluşly ekoulgamlaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak,
baýlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işlere berk gözegçilik etmegi, maldarçylyk,
guşçulyk pudagyny ösdürmek üçin öňdebaryjy usullary ulanmak, innowasion
tehnologiýalary ornaşdyrmak işlerini dowam etdirmegi, atçylygy ösdürmäge uly
üns berip, atlaryň baş sanyny köpeltmegi, bu ugurda alnyp barylýan işleri ylmy
esasda guramagy tabşyrdy. Mundan başga-da, kabul edilen maksatnamalaryň öz
wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleriň görülmeginiň, sebitlerde
desgalaryň we binalaryň gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna, hiline berk
gözegçilik etmegiň möhümdigi bellenildi hem-de bu babatda degişli tabşyryklar
berildi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatlardaky mekdeplerde
abatlaýyş işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmegi, şu ýylyň sentýabrynda
Aşgabat şäherinde oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyna bagyşlanyp geçiriljek
halkara maslahaty ýokary derejede guramagy, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33
ýyllyk baýramyna häzirden gowy taýýarlyk görüp başlamagy tabşyrdy. Şeýle
hem maslahatda käbir welaýatlaryň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek we wezipeden
boşatmak bilen bagly meselelere garaldy.
30-njy
iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy
gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert
Floýdy kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda umumy bähbitlere laýyk gelýän däp
bolan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen hemişelik
Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. BMG-niň esas goýujy
halkara şertnamalarynyň, konwensiýalarynyň, ýaragsyzlanmak babatda
köptaraplaýyn resminamalaryň ençemesiniň gatnaşyjysy bolmak bilen, ýurdumyzyň
öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýändigi bellenildi.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada
şertnamasy guramasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselesine degip
geçip, seýsmologiýa we monitoring ugurlarynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň
netijeli häsiýete eýedigine ünsi çekdiler.
31-nji
iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen
Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçisi Elizabet Rudy kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowa ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň mähirli salamyny we iň gowy
arzuwlaryny ýetirdi hem-de öz ýurdunyň däp bolan dostlukly döwletara
gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Duşuşygyň
dowamynda döwletara dialogyň netijeli häsiýeti bellenildi. Şunda durnukly ösüşi
üpjün etmek, howpsuzlyk, howanyň üýtgemegi ýaly meselelere aýratyn üns berilýär.
Şunuň bilen birlikde, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer
ulgamdaky gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Şol
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň
energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmagyň, ýangyç-energetika, magdan önümçiligi, ulag-aragatnaşyk, oba
hojalygy, maýa goýumlar babatda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki
gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen
gazyny Türkiýe Respublikasyna we Ýewropa ýurtlaryna ibermegiň mümkinçilikleri,
Hazar deňziniň türkmen kenarynda utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň
gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz türk tarapynyň tekliplerine garamaga hem-de
netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.
1-nji
awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalary bilen
nobatdaky zähmet rugsadyna çykdy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulynda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzyň Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan dynç almaga rugsat
berilýändigini, hemişe bolşy ýaly, olaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki şypahanalarda dynç alyp biljekdiklerini
aýtdy.
Halkara
maglumat giňişliginde «Türkmenistanyň energetika hepdeligi» atlandyrylan geçen
hepdäniň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Koreýa Respublikasynyň we
beýleki ençeme ýurtlaryň kompaniýalary bilen duşuşyklar we gepleşikler
geçirildi. Olaryň dowamynda Türkmenistanyň gaz pudagynda uzak möhletli
taslamalary amala aşyrmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzyň
nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň ADNOC (Birleşen Arap Emirlikleri)
kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynyň dowamynda «Galkynyş»
gaz käniniň üçünji tapgyryny özleşdirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmek
meselesine aýratyn üns çekildi. Taraplar bu käni özleşdirmegiň taslamasynyň
hukuk, täjirçilik, maýa goýum, maliýe, tehniki we beýleki düzüm bölekleri
barada pikir alyşdylar. Bu meýilnamalar Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —
Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen gönüden-göni
baglanyşyklydyr.
«Türkmengaz»
döwlet konserniniň ýolbaşçylary Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering Со.,
Ltd.” kompaniýasynyň wekiliýeti bilen «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny
özleşdirmek meseleleri boýunça nobatdaky geňeşmeleri geçirdiler. Onda agzalan
taslamanyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi, şunda hukuk taýdan üpjünçilik we
işiň guramaçylyk meseleleri wajyp orunda durýar.
Türkiýe
Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň
ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen wekiliýet “Türkmengeologiýa” döwlet
korporasiýasynyň, ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylary bilen
duşuşyklary geçirdi. Olaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary
ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşary
işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer
hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça
pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda
işleýän halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine laýyklykda,
mejlisde pudagara toparyň 2024-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň
netijelerine garaldy we adam hukuklary, şol sanda gender deňligini üpjün etmek,
enäniň, çaganyň saglygyny, maýyplaryň hukuklaryny goramak, ýaşlar syýasaty
babatda milli meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeler ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Paýtagtymyzda
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň X, Zenanlar birleşiginiň Merkezi
geňeşiniň XVII mejlisleri geçirildi. Olaryň barşynda guramaçylyk meseleleri ara
alnyp maslahatlaşyldy. Mejlislerde A.Durdyýewanyň başga işe geçmegi sebäpli,
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi
geňeşiniň täze ýolbaşçysyny saýlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu
wezipä birnäçe dalaşgär hödürlenilip, olaryň her biriniň hünär, guramaçylyk we
beýleki ukyp-başarnyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ses bermegiň netijeleri
boýunça Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy we
Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine O.Berdiliýewa
biragyzdan saýlanyldy. Bu barada degişli kararlar kabul edildi.
30-njy iýulda wise-premýer, Türkmenistanyň
daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň
türkmen tarapynyň başlygy R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Tährana iş saparyny amala aşyrdy hem-de bu
ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň
wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler
ministri dostlukly ýurduň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Wise-premýer Eýran
Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentine hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny we mähirli
gutlaglaryny ýetirdi. Söhbetdeşler ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň
ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn
görnüşde hem üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň
işjeň häsiýete eýedigi, onuň hil taýdan täze many-mazmun bilen
baýlaşdyrylýandygy nygtaldy.
3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly
Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy we täze
şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleri, gurluşyk
işleriniň barşy bilen tanyşdy. Çeper halyçylyk kärhanasy, lukmançylyk klasteri
bina ediljek desgalaryň hatarynda görkezildi.
Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň
12-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň 1-nji
awgustdan Hökümet agzalaryna dynç almaga rugsat berendigini belläp, özüniň hem
zähmet rugsadyna gidýändigini aýtdy.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini
has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere
beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy,
abadançylygy üpjün etmäge goşant goşmak şol syýasatyň aýrylmaz bölegidir.