Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş
edip, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça
alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Hususan-da, häzirki wagtda
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde
hereket edýän kanunlary seljermek, kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça
işleriň dowam etdirilýändigi bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek baradaky guramaçylyk
toparynyň mejlisiniň geçirilendigi aýdyldy. Onda Halk Maslahatynyň mejlisiniň
geçiriljek senesini bellemek, guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini
tassyklamak, forumyň gün tertibini we deslapky maksatnamasyny, degişli
resminamalary taýýarlamak, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk
maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermek bilen
baglanyşykly beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky
wekili bilen duşuşygyň geçirilendigi hakynda habar berildi. Bellenilişi ýaly,
Mejlisiň deputatlary Türkmenistanda daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany
taýýarlamak bilen bagly meseleler boýunça iş duşuşygyna, ÝHHG-niň Aşgabatdaky
merkezi tarapyndan guralan okuw maslahatyna, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň, “Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy” ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek, kabul
edilen kanunlaryň many-mazmunyny ilata düşündirmek boýunça dürli çärelere
gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň
talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň möhüm
wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri
netijeli dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet,
iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň
37-nji mejlisiniň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2017-nji ýylyň oktýabrynda
geçirilen GDA-nyň sammitinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda
Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda
Jarnama işlenip taýýarlanyldy we 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde biragyzdan kabul edildi. Bu
Jarnamada GDA gatnaşyjy döwletleriň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda
zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlarynda
hyzmatdaşlygy giňeltmek hem göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň
ykdysady ulgamda hereket edýän pudaklaýyn hyzmatdaşlyk edaralary bilen
gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy
aýdyldy.
Wise-premýer şu ýylyň 14-nji iýunynda sanly
ulgam arkaly GDA gatnaşyjy döwletleriň ygtyýarly edaralarynyň, GDA-nyň Ýerine
ýetiriji komitetiniň we degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda
geçirilen duşuşygyň netijeleri barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiziň
garamagyna maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisini Aşgabat şäherinde şu
ýylyň oktýabrynda geçirmek baradaky teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar bilen söwda-ykdysady
we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýändigini
belledi. Şeýle hem bu guramanyň pudaklaýyn edaralary bilen gatnaşyklar
giňeldilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere Aşgabat
şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň
Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş
geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyş” gaz käninde goşmaça
gazylmagy göz öňünde tutulýan gaz guýularynyň gurluşygyny zerur bolan
serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Galkynyş” gaz käni türkmen tebigy gazyny goňşy we sebit
döwletlerine bökdençsiz ibermekde çig mal çeşmesi bolup hyzmat edýär. Käni
özleşdirmegiň birinji tapgyrynda önüm berýän gaz guýularynyň goşmaça guýularyny
burawlamak, önümçilige girizmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda,
olaryň uzak wagtlap bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmek zerur bolup
durýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, «Galkynyş» gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulýan
gaz guýularynyň buraw işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan enjamlary we
serişdeleri satyn almak boýunça teklibi goldaýandygyny aýtdy hem-de
wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň
gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, gowaçanyň ujuny çyrpmak, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň
bilen birlikde, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, oba hojalyk tehnikalaryny
möwsüme taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Geljek ýylda bugdaýyň bol
hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ekiş geçiriljek meýdanlarda sürüm,
tekizlemek işleri, bugdaý tohumlaryny, ekişde ulanyljak tehnikalary, ekijileri
möwsüme taýýarlamak işleri geçirilýär. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly
ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak
işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary
talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, ot-iýmleriň ätiýaçlyk
gorlaryny döretmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň
suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw
serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak maksady bilen, suwaryş, şor suw
akabalaryny arassalamak boýunça işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam
etdirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyk geçirmegi,
pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş nokatlaryny, pagta hasylyny daşamakda
ulanyljak awtoulaglary möwsüme talabalaýyk taýýarlamagy tabşyrdy. Hormatly
Prezidentimiz geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, ýerleri ekiş
möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip,
ýokary hilli bugdaý tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny
taýýarlamaga möhüm ähmiýet bermegiň wajypdygyny nygtady. Wise-premýere beýleki
möwsümleýin oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek işlerini hem
talabalaýyk alyp barmak tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleri
kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň
beýleki pudaklary bilen bir hatarda, gurluşyk pudagynda-da düýpli özgertmeler
amala aşyrylýar. Önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna gurluşykda milli
çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny
kämilleşdirmek boýunça işleri maliýeleşdirmegiň Tertibi esasynda binýady işläp
taýýarlamak üçin degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama, durkuny täzelemek, düýpli abatlaýyş
işleriniň bahalaryny döwrüň talabyna laýyklykda işläp düzmegiň möhüm
wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda
gurluşykda nyrh emele getirmegiň döwlet maglumat ulgamyny döretmek maksady
bilen, degişli Karara gol çekip, resminamany wise-premýere sanly ulgam arkaly
iberdi we birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Atdaýew awgust aýynda “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi
ýarmarkasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sergi ýarmarkasynda
ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy haryt öndürijileriniň çagalar,
okuwçylar, talyplar üçin harytlaryny, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa
önümleri, okuw esbaplaryny, elektron harytlary hödürlemek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen birlikde, pudakda iş alyp barýan kompaniýalaryň tejribe alyşmagy,
çagalar üçin ussatlyk sapaklarynyň, bäsleşikleriň guralmagy, meşhur Modalar
öýleriniň çagalar üçin täze lybaslarynyň dabaraly görkezilişini guramak
meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, 19-njy
awgustda paýtagtymyzda geçiriljek sergi ýarmarkasyna Türkmenistanyň we daşary
ýurtlaryň öňdebaryjy haryt öndürijileriniň gatnaşmagyny üpjün etmegiň
zerurdygyny belläp, wise-premýere bu halkara sergini guramaçylykly geçirmäge
gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli
maslahatlary, «tegelek stol», döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat
çärelerini, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlener. Tomusky
dynç alyş möwsüminde çagalaryň, ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin
çäreleri, döredijilik, zehin bäsleşiklerini, sport ýaryşlaryny geçirmek
meýilleşdirilýär. Awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza —
dostluk mekany» atly medeni-köpçülik, sport çärelerini, Hazar deňziniň güni
mynasybetli maslahaty guramak göz öňünde tutulýar. «Ýaňlan, Diýarym!»
telebäsleşiginiň welaýatlar boýunça jemleýji tapgyrlary, Aşgabat şäherinde
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem geljek aýyň esasy
çäreleriniň hatarynda görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzda beýik ösüşlerimizi
beýan edýän birnäçe dabaraly çäreleriň geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýere awgust aýyndaky çäreleri ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli
geçirilýän zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň
döwlet tapgyryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň “Edebiýat, medeniýet we
sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň
arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak
ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda” Kararyna laýyklykda, zehinli çagalaryň
arasynda yglan edilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň döwlet
tapgyryny şu ýylyň sentýabrynda geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Bilim
we Medeniýet ministrlikleriniň guramagynda bäsleşigiň etrap, şäher, welaýat
tapgyrlary guramaçylykly geçirilip, olara 1011 çagadan ybarat bolan 64 sany
döredijilik topary, ýaşajyk aýdymçylar gatnaşdylar. Bäsleşigiň tapgyrlarynda
eziz Watanymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlary ýokary ussatlyk
bilen ýerine ýetirmekde tapawutlanan çagalaryň 21-si, çagalar tans, aýdym-saz
we halk döredijilik toparlarynyň 13-si saýlanylyp alyndy hem-de jemi 361 çaga
döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryny şu
ýylyň 6-njy sentýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz
ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli
medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, ýaş nesillerimizde sungata bolan söýgini
döretmek, olaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak we kämilleşdirmek maksady
bilen, ýurdumyzda aýdym-saz, döredijilik bäsleşikleriniň yzygiderli
geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň
merjen däneleri» bäsleşiginiň döwlet tapgyryny geçirmek bilen bagly teklibi
goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu hepdede
Pakistan Yslam Respublikasyna amala aşyran gulluk iş saparynyň netijeleri
barada hasabat berdi.
Günorta Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklary
ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup
durýar. Şolaryň hatarynda
Pakistan Yslam Respublikasy hem bar. Bu ýurt bilen gatnaşyklar däp bolan
dostlukly häsiýete eýedir. Özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak maksady bilen, saparyň çäklerinde Yslamabatda birnäçe
gepleşikler we maslahatlaşmalar geçirildi. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali
Zardari tarapyndan kabul edilendigi bellenildi. Duşuşygyň dowamynda
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara
gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine garaldy.
Ýurdumyzyň
wekiliýetiniň Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif bilen duşuşygynyň
çäklerinde türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp
maslahatlaşyldy. Şunda giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň — Türkmenistan —
Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan
— Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk
ulgamynyň gurluşygy bilen bagly taslamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns
çekildi.
Saparyň
dowamynda daşary işler ministrleriniň derejesinde ikitaraplaýyn syýasy
geňeşmeler geçirildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Pakistan halkara we
sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, öňe sürülýän
başlangyçlarydyr teklipleri özara goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak barada öňe
süren başlangyjyny durmuşa geçirmek boýunça tagallalary birleşdirmäge degişli
mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň,
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki
abraýly guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak
boýunça bilelikde iş alyp barmak hakynda ylalaşyldy. Gepleşikleriň çäklerinde
halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek baradaky meselä
garaldy.
Ykdysady
hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň
ýolbaşçylarynyň duşuşygynda toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak
boýunça birnäçe teklipler beýan edildi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň
wekiliýetiniň we Pakistan Yslam Respublikasynyň nebit ministriniň arasynda
gepleşikler guraldy. Onuň dowamynda ýangyç-energetika pudagynda netijeli
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp
maslahatlaşyldy. TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge aýratyn
üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda degişli gepleşikleri geçirmek
barada ylalaşyldy. Şeýle hem Türkmenistandan Pakistana suwuklandyrylan gazy,
gazhimiýa, nebithimiýa önümlerini ibermek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Pakistanyň
Hökümetiniň haýyşy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti “Frontier Works Organization”
guramasy we “National Logistics Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen
duşuşyklary geçirdi. Olarda bu düzümleriň işleýän ugurlarynda hyzmatdaşlygy
ýola goýmagyň hem-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, “National Logistics Corporation” kompaniýasy türkmen tarapy bilen
Hytaý — Pakistan — Owganystan — Türkmenistan, soňra Merkezi Aziýa we Hazar sebiti
ýurtlaryna awtomobil ýük daşamalary boýunça bilelikde iş alyp barmaga
taýýardygyny beýan etdi.
Saparyň
dowamynda dostlukly ýurduň beýleki döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen hem
duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri esasynda syýasy-diplomatik
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, parlamentara gatnaşyklary höweslendirmek, daşary
syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli duşuşyklary geçirmek tejribesini
dowam etdirmek boýunça teklipler taýýarlanyldy. Syýasy-diplomatik gatnaşyklarda
ýokary döwlet we hökümet derejesindäki saparlardyr gepleşiklere möhüm orun
berilýär.
Ikitaraplaýyn
söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, orta möhletli
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Maksatnamasyny işläp taýýarlamak we kabul etmek,
bilelikdäki hökümetara toparyň mejlisleriniň azyndan iki ýyldan bir gezek
guralmagyny ýola goýmak, onuň mejlislerine işewürler toparlarynyň, ylmy
edaralaryň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň wekillerini gatnaşdyrmak,
kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik guralyny döretmek
teklip edilýär. Şunuň bilen bir hatarda, energetika ulgamynda, hususan-da, gaz
pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça teklipler beýan edildi. Durmuş
ulgamynda gatnaşyklar barada aýdylanda, türkmen diplomatlaryny Pakistanyň
Diplomatik akademiýasy tarapyndan guralýan okuwlara ibermek, Döwletmämmet Azady
adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda urdu dili bölümini açmak
meselelerini öwrenmek teklip edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen-pakistan
gatnaşyklarynyň ýokary depginde ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Döwlet Baştutanymyz syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli geçirilen gepleşikleriň iki
döwletiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge ýardam
berjekdigini nygtap, hödürlenen teklipleri goldady we wise-premýer, daşary
işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly
Prezidentimiz mejlisi dowam edip, Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaş döwletleriniň
biriniň hem Eýran Yslam Respublikasy bolup durýandygyny belledi. Biziň
ýurtlarymyz dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýarlar. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz 30-njy iýulda Eýran Yslam Respublikasynyň täze
saýlanan Prezidentiniň resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmak üçin
wise-premýer, daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça
türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy R.Meredowy Eýran Yslam
Respublikasynyň Tähran şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakynda Buýruga gol
çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, hünärmenleri taýýarlamak,
daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän
önümçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
“Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine
ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, milli programma önümlerini
döretmek we enjamlary öndürmek işlerinde kiçi we orta telekeçiligi goldamak göz
öňünde tutulýar. Bellenilişi ýaly, “Tehno Merkez” ýapyk görnüşli paýdarlar
jemgyýeti tarapyndan ýurdumyzda dürli görnüşli serwer, maglumat saklaýjy we
kiberhowplardan goraýjy enjamlaryň önümçiligini ýola goýmagyň maksadalaýykdygy
öwrenildi. Şunuň bilen birlikde, geljekde serwer enjamlaryna abatlaýyş, tehniki
goldaw bermek işlerini hem-de “akylly” şäher, “akylly” öý ulgamlary üçin zerur
bolan enjamlaryň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi
goşmaça iş orunlaryny döreder, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrar. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge uly üns berilýändigini, daşary
ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmakda
maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzda serwer, maglumat saklaýjy we kiberhowplardan goraýjy enjamlaryň
önümçiligini ýola goýmak baradaky teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu
ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.