Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen
alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara
alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden
boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran
wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň,
käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Hökümet
mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw
mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki
ýolbaşçylar çagyryldy.
Ilki
bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz
berildi. Ol 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň makroykdysady görkezijileri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda görlen çäreleriň
netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji
senagat pudagynda 3,6 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, ulag we aragatnaşyk
pudagynda 7,3 göterime, söwdada 7,8 göterime, oba hojalygynda 5,8 göterime,
hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy. Şu ýylyň birinji ýarymy
boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 11,1 göterim köpeldi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda
ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim
ýokarlandy. Hasabat döwründe aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary,
talyp haklary öz wagtynda we doly maliýeleşdirildi. Şeýle hem “Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Maliýe
we ykdysadyýet ministri S.Joraýew hasabat döwründe Döwlet býujetiniň ýerine
ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa
geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, 2024-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, baş maliýe meýilnamasynyň girdeji
bölegi 102,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,7 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 101,4 göterim, çykdajy bölegi
bolsa 98,2 göterim berjaý edildi. Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda balans
toparlarynyň jemi 44, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 38 mejlisi
geçirildi. Bu mejlisleriň barşynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň
netijelerine seredildi. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu
ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň
hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi
20,8 göterim artdy we jemi içerki önümiň 17,3 göterimine deň boldy. Özleşdirilen
düýpli maýa goýumlaryň 48,5 göterimi önümçilik, 51,5 göterimi durmuş we medeni
maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Şeýle hem şu ýylyň 1-nji iýuly
ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň görkezijileri
barada aýdyldy.
Statistika
baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow şu ýylyň ýanwar — iýun
aýlarynda ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan
meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýylyň birinji ýarymynda senagat ulgamynda durnukly ösüş gazanyldy.
Hususan-da, 40230,1 million kub metr tebigy gaz, 4163,7 müň tonna nebit
çykaryldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň
öndürilişi 13,2 göterim, mazut boýunça 31,7 göterim, aýna listi boýunça 7,9
göterim, sement boýunça 6,8 göterim, tutulan balyklar boýunça 34,2 göterim,
gaýtadan işlenen hem-de gaplanan balyk we balyk önümleri boýunça 16,5 göterim,
süýt önümleri boýunça 14,1 göterim, mesge ýagy boýunça 10,8 göterim, süýji-köke
önümleri boýunça 5,6 göterim ösüş gazanyldy. Ulag-kommunikasiýa pudagynda-da
öňegidişlikler gazanyldy. Ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberiniň
artmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 12,7 göterim
artdy. Oba hojalygynda şu ýylyň alty aýynda, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, öndürilen gök önümler 7,4 göterim, ýeralma 11,4 göterim, miwe
we ir-iýmişler 1,2 göterim, süýt 0,5 göterim, diri agramdaky etiň öndürilişi
0,6 göterim ýokarlandy.
Ýanwar
— iýun aýlarynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem oňyn netijeler
gazanyldy. Şunda ýüpek matalar 1,4 göterim, süýji-köke önümleri 5,9 göterim,
mesge ýagy 15,3 göterim, süýt önümleri 14,5 göterim, unaş önümleri 64,1
göterim, çörek we çörek önümleri 7 göterim, gök önümler 9,3 göterim, ýeralma
5,8 göterim, süýt 0,5 göterim artdy.
Statistika
baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy statistika ulgamynyň işini döwrüň
talabyna laýyk kämilleşdirmek we ulgama döwrebap usullary girizmek bilen, sanly
tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da hasabat
berdi.
Soňra
Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2024-nji ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe bank ulgamy tarapyndan ykdysadyýete karzlaryň
gönükdirilmegi dowam etdirildi. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň banklary tarapyndan
hususy ulgama berlen karzlaryň umumy möçberi artdy. Şunuň bilen birlikde, kiçi
we orta telekeçiligi goldamak üçin ýeňillikli karzlaryň, hususy oba hojalyk
önümlerini öndürijilere gönükdirilen karz serişdeleriniň görkezijisi
ýokarlandy. Şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň
degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň
welaýatlarynda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen ipoteka
karzlarynyň galyndysy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,4
göterim artdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ministrlikler we pudak
edaralary tarapyndan şu ýylyň alty aýynyň önümçilik meýilnamalarynyň, kabul
edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreleriň, öňde goýlan wezipeleriň
ýerine ýetirilişini seljermegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň
bilen birlikde, salgytlaryň doly hem-de wagtynda tölenmegine, býujet
serişdeleriniň rejeli, maksadalaýyk sarp edilişine gözegçiligi güýçlendirmek
babatda görkezme berildi. Şu ýylyň ahyryna çenli Döwlet býujetiniň girdejiler
we çykdajylar bölegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigine
aýratyn üns çekildi. Geljek ýylyň býujetini oýlanyşykly hem-de öz wagtynda
düzmegi üpjün etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Halkara
tejribeden ugur alyp, býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, kärhanalaryň
önümçilik kuwwatynyň ulanylyşyny gözegçilikde saklamak, ykdysadyýetde puluň
kadaly dolanyşygyny gazanmak, milli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň
çeşmelerini yzygiderli öwrenmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça
banklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, karzlaryň maksadalaýyk
peýdalanylyşyny üpjün edip, onuň netijeliligini artdyrmak zerurdyr. Şeýle-de
döwlet Baştutanymyz milli puluň hümmetini durnukly saklamak boýunça hemişe
degişli işleri geçirmegi, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy
giňeltmek üçin netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz biziň alyp barýan syýasatymyz bagtyýar raýatlarymyzyň
hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir diýip belledi. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, zähmet
haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny 10 göterim
ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we
gazyň çykarylyşyny artdyrmak hem-de olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny
köpeltmek boýunça 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen
işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer
nebit we gaz kondensatyny çykarmak ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady
görkezijiler barada hasabat berip, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni
tarapyndan meýilnamanyň 102,9 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy. Döwlet
konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan
işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe benzin
öndürmegiň meýilnamasy 106,3 göterim, dizel ýangyjynyň meýilnamasy 100,1
göterim, polipropileni öndürmegiň meýilnamasy 107,9 göterim, çalgy ýaglaryny
öndürmegiň meýilnamasy 116,7 göterim berjaý edildi. Şeýle-de suwuklandyrylan
gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, mawy ýangyjy daşary ýurtlara
ibermek babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň
möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şoňa görä-de, topluma
degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap
tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn çäreleri görmegi dowam etdirmek,
Hazar deňziniň sebitinde uglewodorod serişdelerini gözlemek we özleşdirmek üçin
daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek, türkmen geologlary tarapyndan uglewodorod
serişdeleriniň geljegi uly bolan gatlaklaryny gözlemek, barlamak işlerini
netijeli dowam etdirmek, ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini gözlemek, ýüze
çykarmak, özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de
güýçlendirmek we bu işlere halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak zerur bolup
durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýere bu işlere berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynyň
şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alyp baran işleriniň jemleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy 112,7 göterim boldy.
Gurluşyk
we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda önümleri
öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 107,8 göterim berjaý edildi.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we
ýerine ýetirilen işleriň möçberi 880 million manada deň boldy. Energetika ministrligi
tarapyndan önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 108,4
göterim, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan 132,6 göterim berjaý
edildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi
tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 106,3 göterime, Aşgabat
şäheriniň häkimligi boýunça 112,7 göterime deň boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň
bökdençsiz işledilmegini gazanmak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny
belledi. Şunuň bilen birlikde, himiýa kärhanalaryny doly kuwwatynda işletmek,
täze önümçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň
möhümdigi nygtaldy. Ylmyň hem-de tehnologiýalaryň iň täze gazananlary esasynda
senagat, gurluşyk önümçiliginiň täze, döwrebap bilelikdäki kärhanalaryny
döretmek zerurdyr.
Şeýle-de
wise-premýere elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, utgaşykly
dolanyşykda işleýän täze elektrik stansiýalaryny gurmak, paýlaýjy ulgamlaryň
tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak boýunça işleri netijeli dowam etdirmek
tabşyryldy. Şunuň bilen birlikde, döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň
gurluşygyny alyp barmak, awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň dünýä
standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli
berkitmek möhümdir. Şu ýylyň ahyryna çenli açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň
we desgalaryň bellenen möhletlerde, ýokary hilli ulanmaga tabşyrylmagyny berk
gözegçilikde saklamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere
birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda we dokma toplumynyň
ministrliklerinde, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda
ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Söwda
we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň
ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,1 göterime, önüm
öndürmegiň ösüşi bolsa 104,5 göterime barabar boldy. Dokma senagaty
ministrliginiň kärhanalarynda taýýarlanan önümleriň, şol sanda nah ýüplügiň,
matalaryň önümçiliginiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
degişlilikde, 133,5 we 122 göterime deň boldy. Tikin, trikotaž önümleriniň
ösüşi 104,4 göterime, gön önümçiliginiň ösüşi bolsa 118 göterime barabar boldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda haly önümçiliginiň meýilnamasy
101,3 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasynda hasabat
döwründe söwda geleşikleriniň 147-si geçirilip, şolarda 14 müň 40 şertnama
hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça ýanwar — iýun aýlarynda ýerine
ýetirilen işleriň ösüşi 111,4 göterime deň boldy. Hasabat döwründe 12 sergi we
65 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba
hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüşi şu ýylyň geçen alty aýynda
112,1 göterime, senagat önümçiligi bolsa 103,2 göterime barabar boldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, başga işe geçmegi sebäpli,
R.Rejepowy Türkmenistanyň dokma senagaty ministri wezipesinden boşatdy we bu
wezipä N.Orazgeldiýewi belledi.
N.Orazgeldiýew
bildirilen uly ynam üçin hoşallyk bildirip, täze wezipede mundan beýläk-de
tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize berk
jan saglyk, döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz O.Işangulyýewany, pensiýa gitmegi sebäpli, «Türkmenhaly»
döwlet birleşiginiň başlygy wezipesinden boşatdy we bu wezipä Türkmenistanyň
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi
geňeşiniň başlygy wezipesinde işleýän A.Durdyýewany belledi.
A.Durdyýewa
bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, täze wezipede netijeli işlemek üçin
ähli bilimini, güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de Arkadagly
Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň
rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip, içerki bazaryň azyk we beýleki zerur
harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin söwda toplumynyň önümçilik
kuwwatyny doly peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Dokma önümleriniň hilini,
möçberini, daşarky bazarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak babatda
toplumlaýyn çäreleri görmek, dokma, haly we haly önümleriniň elektron
söwdalaryny guramak üçin bu işe sanly ulgamy ornaşdyrmak möhümdir diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hususy bölegiň işini
giňeltmek boýunça netijeli işleri dowam etdirmek, Döwlet haryt-çig mal
biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini has netijeli guramak zerurdyr. Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzda öndürilýän önümleri mahabatlandyrmak bilen, daşary
döwletlerde söwda öýlerini açmak boýunça meseleleriň üstünde işlemegiň
wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu
ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Ýylyň
birinji ýarymynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda
milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar, Gündogaryň beýik
akyldary, türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
ýyllygy, medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli dürli
dabaralar, forumlar, konsertler guraldy. Şunuň bilen birlikde, ozal yglan
edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenip, ýeňijileri sylaglamak
dabaralary geçirildi. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
bilen, Döwlet sirkine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna
“Milli” hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy. Şunuň
bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy”, “Änew —
müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaplarynyň, akyldar şahyrymyzyň
umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgulary ýerleşdirilen “Magtymguly” atly täze
kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary guraldy.
Ýylyň
başyndan bäri Medeniýet ministrligi tarapyndan “Türkmen keçesi” we “Arkadag hem
Pyragy — köňüller şamçyragy” atly kitaplar, “Arkadag pähiminden dörän seýilgäh”
atly kitapça we “Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň
döwlet reýestri” çapa taýýarlanyldy we neşir edildi. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda
“Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere
badalga bermek dabarasy geçirildi. Oňa birnäçe abraýly guramalaryň ýolbaşçylary
we resmi wekiliýetleri gatnaşdylar. Şol döwürde daşary ýurtlaryň köpçülikleýin
habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahaty
geçirildi.
Hasabat
döwründe türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen gurlan Arkadag
şäheriniň açylyşynyň bir ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara, Hytaý Halk
Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy,
«Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri»
atly halkara maslahat, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de
Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy, “Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy” atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy,
bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň
welaýatlar we Arkadag şäheri boýunça jemleýji tapgyrlary geçirildi. Şunuň bilen
birlikde, Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň we onuň çäklerinde dürli
çäreleriň üstünlikli geçirilendigi barada aýdyldy. Hasabat döwründe türkmen
hünärmenleri daşary ýurtlarda iş saparlarynda bolup, şol ýerlerde geçirilen
halkara medeni çärelere gatnaşdylar. Täjigistan Respublikasynda, Ýaponiýada,
Gazagystan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli
geçirildi.
Şeýle-de
şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýurdumyzyň teatrlarynyň, Döwlet sirkiniň we
Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, kinoteatrlaryň,
kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat
gullugynyň, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň, Döwlet habarlar
agentliginiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, saglyk ýagdaýy sebäpli, A.Aşyrowy Türkmenistanyň
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň
başlygy wezipesinden boşatdy. Bu wezipä «Aşgabat» teleýaýlymynyň başlygy
wezipesinde işlän M.Rejepow bellenildi.
Hormatly
Prezidentimize bildiren uly ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip,
M.Rejepow Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet
komitetiniň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda ähli
tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Ol döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk,
uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine
alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
«Aşgabat»
teleýaýlymynyň başlygy wezipesine S.Begenjow bellenildi. Soňra hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ş.Purmämmedowy «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň
başlygy wezipesinden boşatdy. Bu teleradioýaýlymyň başlygy wezipesine Ý.Kasymow
bellenildi. Döwlet Baştutanymyz wezipä täze bellenen ýolbaşçylara üstünlikleri
arzuw edip, degişli resminamalara gol çekdi.
Hormatly
Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip, türkmen medeniýetini, sungatyny,
edebiýatyny ösdürmek boýunça, şeýle hem halkymyzyň gadymy mirasyny,
şan-şöhratly taryhyny ylmy taýdan düýpli öwrenmek, gorap saklamak, dünýä ýaýmak
boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň
bilen birlikde, çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň işini talabalaýyk
guramagyň hem-de kämilleşdirip durmagyň möhümdigine üns çekildi. Döwlet
Baştutanymyz döwrebap, many-mazmunly täze filmleri surata düşürmegi dowam
etdirmegiň wajypdygyny belledi. Taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek,
dikeltmek, gorap saklamak üçin netijeli işleri ýola goýmak, Türkmen döwlet
neşirýat gullugynyň önümçilik kuwwatyny netijeli ulanmak hem ileri tutulýan
ugurlaryň hatarynda görkezildi. Wise-premýere ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33
ýyllyk baýramyna gowy taýýarlyk görmek tabşyryldy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow şu ýylyň birinji
ýarymynda bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, bilim işini
döwrebaplaşdyrmaga, bilim edaralaryny neşir önümleri bilen üpjün etmäge
gönükdirilen çäreler dowam etdirildi. Geçen döwürde halkara ders
bäsleşikleriniň, olimpiadalaryň geçirilýän merkezi hökmünde eziz Watanymyzyň
abraýy has-da pugtalandy. Okuwçylar we talyp ýaşlar halkara ders, internet
bäsleşiklerinde jemi 156 altyn, 242 kümüş, 339 bürünç medal gazandylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy
hakynda Düzgünnama” hem-de “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça
okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy”
tassyklanyldy. 1-nji synpa kabul ediljek çagalara sowgat beriljek noutbuk
kompýuterleri bilen bagly degişli işler häzirki wagtda tamamlaýjy tapgyrda
alnyp barylýar.
2-nji
iýunda tomusky dynç alyş möwsümine badalga berlip, Gökderedäki, Awazadaky, welaýatlardaky
çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde jemi 11 müňe golaý çaga dynç aldy.
Ylym ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, ylmy barlaglaryň netijeliligi
ýokarlandyrylýar, ileri tutulýan ugurlar boýunça alymlary we ýokary hünärli
hünärmenleri taýýarlamak işi dowam etdirilýär. “Türkmenistanda biotehnologiýany
toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy”, Ylmy
iş hakynda ylmy maksatnamalary (taslamalary), meýilnamalary we hasabatlary
döwlet tarapyndan hasaba almagy guramagyň we geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy.
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Oguz han”
ylmy-tehnologiýalar merkezi döredildi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk derejesi berildi.
Şu
ýylyň birinji ýarymynda halkara ylmy forumlaryň birnäçesi geçirildi. Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar,
sergiler, tanyşdyrylyş dabaralary guraldy.
Hasabat
döwründe öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga
ornaşdyryldy. Ýurdumyzyň raýatlarynyň derman we sarp ediş serişdeleri bilen
elýeterliligi halkara talaplara laýyklykda üpjün edildi. Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler
geçirildi. Gazna tarapyndan ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralaryna gemodializ
enjamlary sowgat berildi. Täze ylmy-kliniki merkezleriň gurluşyk işleri güýçli
depginde alnyp baryldy. Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş
merkezi ulanmaga berildi.
Wise-premýer
sport ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, bedenterbiýäni we
sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça çäreleriň dowam etdirilýändigini
aýtdy. Hokkeý boýunça geçirilen halkara ýaryş, Aşgabat şäheriniň “Arkalaşygyň
täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň sport
abraýyny has-da pugtalandyrdy. Bütindünýä saglyk güni, Bütindünýä welosiped
güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Hasabat döwründe
türgenlerimiz 122 altyn, 103 kümüş, 136 bürünç medal gazandylar. Aziýanyň
tennis federasiýasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis
toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan
edildi hem-de degişli güwänama gowşuryldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, N.Amannepesowy, başga has jogapkärli işe geçmegi
sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
wezipesinden boşatdy. Bellenilişi ýaly, N.Amannepesow saglygy goraýyş ulgamynda
köp ýyllaryň dowamynda toplan tejribesini täze gurulýan halkara merkezlerde
netijeli ulanar.
Döwlet
Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş,
sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary wezipesine
B.Orazdurdyýewany belläp, ony bilim ministri wezipesinden boşatdy.
B.Orazdurdyýewa
hormatly Prezidentimize bildiren uly ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk
bildirip, bu ulgamlaryň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine
ýetirmek üçin ähli çäreleri görjekdigine ynandyrdy. Ol Arkadagly Gahryman
Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi,
türkmenistanlylaryň abadançylygy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri
arzuw etdi.
Bilim
ministri wezipesine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesinde işlän J.Gurbangeldiýew
bellenildi.
Bilim
ministrliginiň täze ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza bildiren uly ynamy üçin
tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu ulgamyň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. J.Gurbangeldiýew
hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň,
halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň rektory wezipesine G.Ýusupowany belläp, ony şu ýokary okuw
mekdebiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşatdy. Magtymguly
adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipesine O.Öwezsähedow
bellenildi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, işde goýberen düýpli kemçilikleri
üçin, P.Orazowy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory
wezipesinden boşatdy. Şu institutyň rektory wezipesine Ýagşygeldi Kakaýew
adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň prorektory wezipesinde işleýän
B.Mämmedow bellenildi.
Döwlet
Baştutanymyz täze bellenen ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw edip, degişli
resminamalara gol çekdi.
Hormatly
Prezidentimiz mejlisiň dowamynda 2024-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw
mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda; ýokary we
orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň
düzümini tassyklamak hakynda; 2024-2025-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň
meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekip, okuwa girmäge isleg
bildirýän ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
wise-premýeriň we bu ulgamyň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan möhüm
wezipeler kesgitlenildi. Täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk görmek, orta we ýokary
okuw mekdeplerinde abatlaýyş işlerini geçirmek, ýokary okuw mekdeplerine
zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmek, giriş synaglaryny guramaçylykly we
adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmak esasy wezipeleriň
hatarynda görkezildi. Şeýle hem bilim maksatnamalarynydyr meýilnamalary
kämilleşdirilmelidir, mekdepler okuw kitaplary, gollanmalar bilen ýeterlik
möçberde üpjün edilmelidir.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda hyzmatlary ýokary hilli
ýola goýmagyň, lukmanlaryň tejribesini artdyrmak üçin amaly-tejribe saparlaryny
guramagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem derman senagatyny has-da ösdürmek,
ilaty ýokary hilli derman we saglygy goraýyş serişdeleri bilen doly üpjün etmek
üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz sport
desgalaryny netijeli dolandyrmak, ýaşlary bedenterbiýe, köpçülikleýin sport
bilen meşgullanmaga giňden çekmek boýunça netijeli işleri geçirmegiň
wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy ylym babatda
ösen döwlete öwürmek üçin ylmy-barlag işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy. Şunuň
bilen baglylykda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek möhümdir.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň geçen alty aýynda ýerine
ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini
116,8 göterime deň boldy. Şu ýylyň birinji ýarymynda awtomobil, demir ýol,
howa, deňiz we derýa ulaglary boýunça ýük daşamagyň ösüş depgini 105 göterim,
ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 103,4 göterim berjaý edildi.
Ýanwar
— iýun aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen
hyzmatlaryň ösüşi 105,1 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110
göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 149,4 göterime,
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 109,7 göterime,
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 112,7 göterime deň boldy.
“Türkmenistanda
2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip
çykýan wezipeleri çözmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada-da aýdyldy.
BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde pudagara elektron maglumat alşygy
ulgamyny ornaşdyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň dürli
künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly
desgalaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Hasabat döwründe halkara forumlaryň we
bilelikdäki iş toparlarynyň mejlisleriniň birnäçesi geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag we kommunikasiýalar toplumynyň öňünde
goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri
daşamagyň möçberini artdyrmak, hilini gowulandyrmak boýunça işleri dowam
etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, howa menzilleriniň
durkuny täzelemek, uçarlaryň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça
netijeli işleri geçirmek, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak,
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek babatda degişli çäreleri görmek
tabşyryldy. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, «Balkan» gämi
gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň kuwwatyny doly güýjünde ulanmak möhümdir.
Hormatly Prezidentimiz aragatnaşyk ulgamyny hem döwrüň talabyna görä
döwrebaplaşdyryp durmagyň wajypdygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.
Ahal
welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda
welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli goldawlaryndan ruhlanan welaýatyň
babadaýhanlary şu ýyl Watan harmanyna 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny
tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Häzirki
wagtda ýygnalan hasyly galla kärhanalaryna daşamak, bugdaý oragyndan boşan
meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Sebitiň
ekerançylyk meýdanlarynda gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak, şol önümler
bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk
işleri dowam edýär.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow şu ýylyň birinji ýarymynda welaýatda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da
pugtalandyrmak babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatyň
zähmetsöýer daýhanlary 80 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny öndürip,
şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Şu günler ýygnalan
bugdaý hasylyny elewatorlara we ammarlara daşamak, galla oragyndan boşan
meýdanlary sürmek we indiki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler
geçirilýär. Welaýatyň “ak altyn” meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.
Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýitgisiz ýygnap
almak, bu ekinleriň güýzki möwsümde ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça işler
dowam etdirilýär.
Soňra
Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde
2024-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýyl welaýatyň edermen gallaçylary tarapyndan Watan harmanyna 270 müň
tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Häzirki wagtda orakdan boşan ýerleri
geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlamak üçin sürüm geçirmek, tohum
taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň
talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda
ideg etmek işleri dowam edýär. Ilaty ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we beýleki
gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça öňde goýlan
wezipelerden ugur alnyp, welaýatda bu ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri
dowam edýär.
Lebap
welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun
aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da
ýokarlandyrmak babatda üstünlikli durmuşa geçirýän işlerinden ruhlanan
welaýatyň gallaçy babadaýhanlary şu ýyl 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny
ýygnap, bu babatdaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.
Häzirki wagtda welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny elewatorlara we ammarlara
daşamak, ýerleşdirmek, galla kärhanalarynda talabalaýyk saklamak boýunça zerur
işler geçirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak
üçin sürüm işleri dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine
ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Sebitde
ýetişdirilen ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak boýunça
hem degişli işler alnyp barylýar. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär.
Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda welaýatda alnyp
barlan işler barada hasabat berdi.
Hasabatda
nygtalyşy ýaly, şu ýyl welaýatyň gallaçy daýhanlary 345 müň tonnadan gowrak
bugdaý hasylyny ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Häzirki wagtda ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we
ammarlara ýitgisiz daşamak, tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen
hasaplaşyklary geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. 2025-nji ýylyň
bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, meýdanlary, ýokary hilli bugdaý tohumlaryny
ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Gowaça ekilen
meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda ýeralmanyň we gök-bakja
ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümleri içerki bazarlarymyzda ilata
ýetirmek, güýzki möwsümde oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny
taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Sebitde gant şugundyrynyň ekişini
talabalaýyk geçirmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak boýunça
hem zerur işler alnyp barylýar.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Ol
hasabatyny ýurdumyzyň gallaçylary tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak
bugdaý hasylynyň öndürilip, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamanyň
üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habardan başlady. Wise-premýer oba
hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek babatda berýän uly goldawy üçin hormatly
Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan
saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde
uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan
özgertmeler, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada
hasabat berdi.
Obasenagat
toplumy boýunça önümçiligiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 124 göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk
ministrligi boýunça 100,7 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça
105,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 138,8 göterime,
“Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100,7 göterime, “Türkmengallaönümleri”
döwlet birleşigi boýunça 221,9 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi
boýunça 108,4 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 104,1 göterime,
Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 110,3 göterime,
“Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,3 göterime barabar boldy. Maýa
goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 475,7 göterim ýerine ýetirildi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan
ammarlara we elewatorlara daşamak, olary talabalaýyk ýerleşdirmek boýunça
degişli işler ýerine ýetirilýär. Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde
gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi
geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwlaryny tutmak işleri
dowam etdirilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg
etmek hem-de welaýatlarymyzyň maldarçylyk hojalyklarynda mallar üçin
ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny
gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmak maksady bilen,
suw howdanlaryna suw toplamak, derýalaryň kenarlaryny berkitmek işleri alnyp
barylýar.
Döwlet
Baştutanymyz wise-premýer T.Atahallyýewe, oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylaryna,
welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlerine ýüzlenip,
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny”, şeýle hem Oba milli
maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz welaýatlarda, şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň we
beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmegiň, şäherleriň
binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagyň, ilatyň
ýaşamagy, zähmet çekmegi, dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek üçin ähli
amatlyklary bolan binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, seýilgähleriň gurluşygyny
dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ilaty arassa agyz suwy, elektrik
energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmak
möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we arassaçylyk düzgünlerini berjaý
etmek, abatlaýyş işlerini wagtynda geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi
tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýerli býujetiň doly we talabalaýyk ýerine
ýetirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, salgytlaryň, ýerli
ýygymlaryň gelip gowuşmagyny gazanmak babatda görkezmeleri berdi.
Döwlet
Baştutanymyz welaýatlarda oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek
üçin ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmegiň zerurdygyny
nygtap, oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, gallanyň, gowaçanyň hasylyny
artdyrmak babatda guramaçylyk we usuly işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Şeýle-de
çörek we çörek önümleriniň, beýleki galla önümleriniň üpjünçiligini yzygiderli
gowulandyrmagyň, ilaty azyk önümleri bilen doly üpjün etmegiň, azyk bolçulygyny
döretmegiň, azyk senagatyna degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak boýunça
degişli işleri geçirmegiň zerurdygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz ýokary
hilli, ekologik taýdan arassa azyk we beýleki oba hojalyk önümleriniň
önümçiligini artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, maldarçylyk, guşçulyk pudagyny
ösdürmek üçin öňdebaryjy usullary ulanmak, innowasion tehnologiýalary
ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi, oba hojalyk pudagyna
önümçilik-tehniki taýdan hyzmat etmek, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli
ulanmak babatda alnyp barylýan işleri döwrebap ýola goýmagy tabşyrdy. Mundan
başga-da, döwlet Baştutanymyz pagta we ýüpek, olary gaýtadan işlemekden alynýan
önümler babatda geçirilýän işleri kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.
Oba
hojalyk meýdanlaryny suwarmagyň hilini gowulandyrmak maksady bilen, suw
tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmek zerurdyr diýip,
hormatly Prezidentimiz aýtdy we şu ýyl gowaçanyň bol hasylyny öndürmek üçin
zerur işleri geçirmegiň, kärendeçilere, beýleki oba hojalyk önüm öndürijilere
hemmetaraplaýyn ýardam bermegiň möhümdigini nygtady we bu babatda wise-premýere
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet
Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda gallanyň bol hasylynyň
ýygnalandygyny, gallaçy daýhanlarymyzyň Watan harmanyna ýokary hilli bugdaý
tabşyryp, guwandyryjy netijeleri gazanandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr,
saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz galla hasylyny ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly
işleri bitiren, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine
ýetiren ussat gallaçy babadaýhanlarymyzy tüýs ýürekden gutlap, olara täze
üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
şu ýylyň birinji ýarymynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat
strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtly
hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de
ösdürmek, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ozal
beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli işler geçirildi.
Halkara
gatnaşyklary pugtalandyrmakda we giňeltmekde ýokary derejedäki saparlardyr
gepleşiklere aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe
hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrandygy
bellenildi. Döwlet Baştutanymyz 9-njy maýda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan
Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guralan dabaraly çärelere hormatly myhman
hökmünde gatnaşdy. Ýylyň başyndan bäri türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen
Arap Emirliklerinde, Türkiýe Respublikasynda, Täjigistan Respublikasynda,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda, Eýran Yslam
Respublikasynda, Gazagystan Respublikasynda saparlarda boldy. Hasabat döwründe
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy.
Bellenilişi
ýaly, 24-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak maksady bilen,
Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň,
Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň Hökümetleriniň
ýolbaşçylary Aşgabada iş sapary bilen geldiler. Abraýly halkara guramalar bilen
köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň
biri bolup durýar. Şu ýyl BMG-niň, ÝHHG-niň, Halkara Syýahatçylyk Guramasynyň,
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki Döwletleriň Guramasynyň,
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarlary ýurdumyzda saparda
boldular.
Daşary
ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana hem-de ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary
ýurtlara amala aşyran saparlary, halkara derejedäki gepleşikler we duşuşyklar
dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirildi. Daşary ýurtly
hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 98 resminama
bilen ýetirildi.
Daşary
syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli häsiýete
eýe bolýar. Hasabat döwründe Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat we howpsuzlyk
boýunça ýokary wekili bilen gepleşikler geçirildi. Ilçihanalar arkaly
diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berlip, bu ugurda degişli
çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp we Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk
söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk
ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny belläp, bu ugurda
netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň
wajypdygyny nygtady. Milli ulag-logistika, ýangyç-energetika, suw we ekologiýa
diplomatiýamyzy nazara alyp, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen netijeli
işleri dowam etdirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Türkmenistanyň
başlangyjy boýunça 2025-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda,
geljek ýylda ýurdumyzda geçirilmeli halkara çärelere gowy taýýarlyk görmek
zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we wise-premýer, daşary işler
ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 10-sy, şol sanda “Türkmenistanyň “Magtymguly
Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Magtymguly
Pyragynyň medeni mirasy hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan
netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda”,
“Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda
halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”
Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, dürli ulgamlarda
gatnaşyklary kadalaşdyrmaga gönükdirilen kanunlaryň birnäçesi döwrüň
talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi, Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul
edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň
diňleýjileri üçin Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda kanun çykaryjylyk
işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri barada okuw sapaklary guraldy. Häzirki
wagtda iş toparlarynda halkara tejribeden ugur alyp, Türkmenistanyň Raýat
kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, Türkmenistanyň Býujet, Ilaty
durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine hem-de bedenterbiýe we sport,
sportda dopinge garşy göreşmek, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar,
tohumçylyk işi bilen baglanyşykly birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary
girizmek boýunça işler dowam etdirilýär.
13-nji
iýulda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahatyny geçirmek
meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat
şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk”, 2-nji “Bitaraplyk”, 6-njy “Köpetdag” saýlaw
okruglarynda Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw
okruglary boýunça saýlawlaryň geçirilendigi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu
ýylyň birinji ýarymynda daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we
Doly ygtyýarly ilçileriniň 9-syndan ynanç hatlary kabul edildi. Ýylyň başyndan
bäri Mejlisde daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri bilen
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça
duşuşyklaryň 26-sy geçirildi. Mejlisiň deputatlarydyr hünärmenleri kanun
çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini
üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň
64-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen,
deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 23-si guraldy. Şeýle hem
deputatlaryň döwlet syýasatyny, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň
taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny
halk köpçüligine düşündirmek, wagyz etmek boýunça degişli işleri alyp
barýandyklary barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek boýunça işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň
Kanunlarynyň 10-synyň kabul edilendigini, birnäçe kanunlara üýtgetmeleriň we
goşmaçalaryň girizilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň
hukuk binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri
mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.
Soňra döwlet Baştutanymyz giňişleýin mejlise
gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli
durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki
önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6
göterime, oba hojalyk pudagynda 5,8 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,3
göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime,
gurluşykda bolsa 9,3 göterime deň boldy.
“Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, hasabat döwründe
ýurdumyzda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýumlar özleşdirildi.
Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdür
diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanma bilen belledi. Diýarymyzyň
welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 454 müň inedördül metre
barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şeýle hem senagat desgalarynyň,
çagalar baglarynyň, mekdepleriň, beýleki desgalaryň gurluşyklary meýilnama
esasynda alnyp barylýar.
Nygtalyşy ýaly, geçen ýarym ýylda ýurdumyzyň
ykdysadyýeti durnukly ösdürildi. Bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli dürli
harytlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça zerur işler alnyp baryldy,
köp sanly täze senagat desgalary gurlup ulanmaga berildi. Şunuň bilen birlikde,
ykdysady we maliýe durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak
boýunça zerur işleriň geçirilýändigi nygtaldy. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi
artdyrylyp, pudaklara sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar diýip, döwlet
Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz geljekki meýilnamalara
ünsi çekip, şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara hem-de milli
derejedäki çäreleriň meýilleşdirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda,
döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryny, akyldar şahyrymyz
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri ýokary
derejede geçirmegiň zerurdygyna üns çekildi.
Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde
paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem
geçiriler. Mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň,
ýetilen sepgitleriň jemleri jemleniler, öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp
maslahatlaşylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiň Ministrler Kabineti, häkimlikler,
degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik
birleşikleri bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge häzirden
düýpli taýýarlyk görüp başlamagynyň zerurdygy nygtaldy. Türkmenistanyň Halk
Maslahaty bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek
senesini kesgitlemek we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny
döretmek hem-de onuň düzümini tassyklamak barada Karar kabul etse, maksadalaýyk
bolar diýip hasap edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy,
ykdysady, medeni ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan
peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly
atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça işler degişli
guramaçylyk topary tarapyndan alnyp barylmalydyr. Geçiriljek bu işler
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, soňra bolsa Türkmenistanyň Mejlisiniň karary
esasynda ýerine ýetirilmeli diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşyny jemläp, ýurdumyz
boýunça geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň umuman gowy bolandygyny aýtdy we
ähli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda edilen
işleriň netijeleri boýunça ýakyn günlerde maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.
Oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de
welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra
çenli dynç almaga rugsat berildi. Olaryň, hemişe bolşy ýaly, «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda, “Arçmanda” we “Ýyly suwda” ýa-da ýurdumyzyň beýleki
şypahanalarynda dynç alyp biljekdigi aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, maşgala abadançylygyny, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.