Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba
hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen
bagly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi.
Ol
welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler sebitde galla oragy dowam edýär. Orak möwsümini guramaçylykly
geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumy
taýýarlanylýar. Galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar.
Ýygnalan hasylyň kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara wagtynda,
ýitgisiz daşalmagy üçin tehnikalaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns
berilýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda dowam edýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň
ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak bilen bir hatarda, bu ekinleriň güýzki
ekişine taýýarlyk görmek işleri utgaşykly geçirilýär. Şeýle-de häkim Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň ýitgisiz, gysga
möhletde ýygnalyp alynmagynyň, gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde,
talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime
birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli bolmagyny gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda
ýygnap almak, hasyly kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek, ammarlara
we elewatorlara daşamak, bugdaýdan boşan meýdanlary sürmek, geljek ýylyň hasyly
üçin ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Welaýatyň ekerançylyk
meýdanlarynda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak
hem-de ilata ýetirmek boýunça işler ýola goýulýar. Şunuň bilen birlikde, bu
ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, gallaçy daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen
ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak, gowaça
ideg işlerini talabalaýyk, agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur
çäreleriň görülmelidigini belläp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle
hem hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen
möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Sanly
ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi
S.Soltanmyradowyň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky
hasabaty bilen dowam etdi.
Bellenilişi
ýaly, ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny gysga wagtda ýitgisiz ýygnap almak
maksady bilen, däne ýygýan kombaýnlar, bugdaý daşaýan awtoulaglar sazlaşykly
işledilýär, gündelik ýygnalýan hasyl galla kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz
kabul edilýär hem-de elewatorlara, ammarlara daşalýar. Geljek ýylyň hasyly üçin
bugdaý tohumyny taýýarlamak, orakdan boşan meýdanlary sürmek işlerine
girişildi. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary
doly güýjünde işledilýär. Ýeralmanyň, azyklyk gök-bakja ekinleriniň ýurdumyzda
öndürilýän möçberini has-da artdyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur
alnyp, häzirki wagtda welaýatda bu ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap
almak, şu ýylyň güýz möwsüminde olaryň ekilmeli ýerlerini agrotehnikanyň
talaplaryna laýyklykda taýýarlamak boýunça işler geçirilýär. Welaýatyň şaly
ekilen meýdanlarynda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri
dowam edýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan
möwsümleýin işlere ünsi çekdi hem-de galla oragynyň ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirilmegi, welaýatyň gowaça, şaly ekilen meýdanlarynda ideg
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi babatda
häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz welaýatda
şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Soňra
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, orakdan boşan
meýdanlary sürmek, indiki ekiş möwsümine taýýarlamak işleri dowam edýär.
Ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara
ýitgisiz daşamak, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumyny taýýarlamak boýunça
degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, otag etmek, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu
işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary bökdençsiz ulanylýar. Ýazlyk
gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, olaryň güýzki ekişine
taýýarlyk görmek işleri dowam edýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky
şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek
boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý
hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagyny, welaýatyň gowaça, şaly ekilen
meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek
arkaly geçirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi we bu
babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda
açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy hem tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýetişdirilen bugdaý hasylyny
gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz
wagtynda geçirmek, bugdaý oragyndan boşan meýdanlary sürmek, geljek ýylyň
hasyly üçin bugdaý tohumyny taýýarlamak, ýygnalan hasyly elewatorlara,
ammarlara bökdençsiz daşamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň
gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja
ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu ekinleriň güýzki ekişine
taýýarlyk görmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat
berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki
wagtda oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümi ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we
bugdaý hasylynyň gysga möhletde, ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, welaýatyň
ekerançylyk meýdanlaryndaky degişli ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny
berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.
Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge
gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň hilini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň
hemaýat-goldawlary esasynda ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny
ýitgisiz ýygnap almak, ony galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul
etmek, ammarlara, elewatorlara daşamak, önüm öndürijiler bilen döwlete
tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, galla oragyndan
boşan meýdanlary indiki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp
barylýar. Diýarymyzyň gowaça meýdanlarynda pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan
hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak
işleri geçirilýär. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip
ýetişdirilen ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak,
bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek, şu ýylyň güýz paslynda
azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak
boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Daşoguz, Lebap
welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki ähmiýetli ornuny belledi hem-de
häzirki wagtda bu pudagyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Döwlet
Baştutanymyz dowam edýän galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirilmeginiň, ýurdumyzyň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki
möhletlerde, talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere
birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna
gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň wajyp ähmiýetine
ýene-de bir gezek ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli
ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly
geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara işlerinde üstünlikleri arzuw
etdi.