Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe
meselelere garaldy.
Döwlet
Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz
berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmek
boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Hususan-da, häzirki wagtda
Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, Býujet,
Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport,
döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek,
tohumçylyk işi bilen baglanyşykly, şeýle-de başga birnäçe kanunlary
döwrebaplaşdyrmak babatda işler dowam etdirilýär. Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň
ýerine şu ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça
merkezi saýlaw topary bilen bilelikde amala aşyrylýan işler barada aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky işler halkara kadalara, milli kanunçylyga
laýyklykda alnyp barylýar.
Şeýle
hem parlamentara gatnaşyklary, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda habar berildi. Bolgariýa
Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden
ynanç haty kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, Zimbabwe Respublikasynyň
Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy we Ýewropa Bileleşiginiň adam
hukuklary boýunça Ýörite wekiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyklar
geçirildi. Parlamentiň ýolbaşçysy Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly geçirilen
“Halklary birleşdirýän taryhy we medeni gymmatlyklar” atly maslahat barada hem
habar berdi.
Hormatly
Prezidentimiz döwrüň talap edýän täze kanunlaryny taýýarlamagyň möhümdigine
ünsi çekdi. Döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty bu kanunlarda öz
beýanyny tapmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda degişli işleri geçirmegi
dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän düzümleri
tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini, ähli pudaklarda oňyn
görkezijileri üpjün etmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da
ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem
geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça görülýän
çäreler hakynda aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda zähmet haklaryny,
raýatlaryň pensiýalaryny, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny
ýokarlandyrmak maksady bilen, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň maliýe-hojalyk işleriniň deslapky hasaplamalaryna seljermeleriň
geçirilendigi barada habar berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda maksatnamalaýyn özgertmeleriň
üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň
yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylyň 1-nji
ýanwaryndan edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklaryny, raýatlaryň
pensiýalaryny, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim
ýokarlandyrmak barada teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konsernini
zerur bolan önümler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny döwrebaplaşdyrmak, geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, nebit we gaz
guýularynda burawlamak işlerini ýerine ýetirmek, pudaga öňdebaryjy halkara
tejribäni giňden ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda aýdyldy.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet
konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri mundan
beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda alnyp
barylýan işler, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bugdaý oragyny geçirmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryna
tabşyrmak, gallaçylar bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli çäreler
görülýär. Galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, ýerleri
indiki ekiş möwsümine taýýarlamak işleri dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda
ideg etmek, hatarara bejergi işleri, ekini mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, oňa ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen
birlikde, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýetişdirmek, bu önümler
bilen ilaty üpjün etmek boýunça işler amala aşyrylýar. Möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň çäklerinde Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly ekilen meýdanlarda
ideg işleri dowam edýär. Maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak,
ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça tagallalar edilýär. Suw
üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini
rejeli peýdalanmak babatda degişli çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda
möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki talaplara laýyklykda alyp barmagyň
möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz galla oragynyň
barşyny, sürüm işlerini, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça işleri berk
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz gowaça ekilen
meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip,
wise-premýere beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek işlerini
hem talabalaýyk ýola goýmak barada görkezmeleri berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow elektroenergetika
pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik we şähergurluşyk
keşbini has-da gözelleşdirmek, ony ýaşamak, işlemek, dynç almak üçin amatly
şähere öwürmek ugrunda degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda,
Aşgabat şäheriniň şaýollarynda, köçelerinde, seýilgählerinde oturdylan daşky
yşyklandyryş ulgamlaryna tehniki taýdan hyzmat edýän gullugyň işini
kämilleşdirmek, hususan-da, döwrebap awtotehnikalar bilen üpjün etmek boýunça
işleriň geçirilýändigi barada aýdyldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek üçin ýöriteleşdirilen döwrebap
awtotehnikalary satyn almak baradaky teklibi goldady we degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýokary derejede gazanylan
ylalaşyklary ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edilen 2023-2024-nji ýyllar
üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna (“Ýol
kartasy”) laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen
baglylykda, şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde bilelikdäki
türkmen-özbek toparynyň, işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlislerini,
“Türkmenistanda öndürilen” atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisini
geçirmegiň teklip edilýändigi aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Özbegistan Respublikasynyň
biziň ýakyn hyzmatdaşymyz bolup durýandygyny belledi hem-de Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki
we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 18-nji
mejlisine, Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk
görmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisini hem guramaçylykly
geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi.
Soňra
wise-premýer daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak,
özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 7-8-nji noýabrynda
Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde “Türkmenistanda söwda, maýa
goýum we işewürlik mümkinçilikleri” atly forumy geçirmäge taýýarlyk görülýär.
Forumyň 4 — 7-nji noýabrda BAE-niň paýtagtynda nebitgaz, energetika pudaklaryna,
täze tehnologiýalara, öňdebaryjy işläp taýýarlamalara bagyşlanyp geçiriljek
(ADIPEС) Bütindünýä sergisiniň
çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýär. Dünýäniň ýurtlarynyň iri
kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini
göz öňünde tutup, giň gerimli halkara gözden geçirilişiň meýdançasynda
maliýe-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat, söwda, oba we suw hojalygy,
daşky gurşawy goramak, ulag-aragatnaşyk we beýleki pudaklaryň wekilleriniň
gatnaşmagynda ýurdumyzyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryş çärelerini guramak
teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän
halkara çäreleriň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini
belledi. Nygtalyşy ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde
geçiriljek forum hem ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini, ýeten belent
sepgitlerini açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe bolar. Şoňa görä-de, Bütindünýä
sergisiniň meýdançasynda guralmagy meýilleşdirilýän «Türkmenistanda söwda, maýa
goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forumyň ýokary derejede geçirilmegini
gazanmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere bu ugurda
degişli guramaçylyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek
esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, geljek aýda dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat
çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär.
Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň, ýetginjekleriň arasynda
medeni-köpçülikleýin çäreleri, döredijilik we zehin bäsleşiklerini, sport
ýaryşlaryny guramak göz öňünde tutulýar. Iýul aýynda ýurdumyzyň
kitaphanalarynda çagalar edebiýatlarynyň tanyşdyrylyş dabaralary, çagalaryň
arasynda çeper okaýyşlardyr beýleki çäreler geçiriler. Mundan başga-da,
amaly-haşam, keşdeçilik, senetçilik sungatynyň dürli görnüşlerini, zenanlaryň
el işlerini wagyz etmek maksady bilen, “Milli mirasymyz dowamat-dowam” atly
çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de “Çalsana, bagşy!”, “Ýaňlan,
Diýarym!”, “Gülüň owadan!” atly bäsleşikleri, Hytaý Halk Respublikasynda
Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda
ata Watanymyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga
berilýändigini, beýik ösüşlerimizi beýan edýän dabaraly çäreleriň
guralýandygyny belläp, wise-premýere şu ýylyň iýul aýyndaky çäreleri hem ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow “Döwlet ylmy-tehniki
maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň
Tertibiniň” taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistanda milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalar, strategiýalar, konsepsiýalar we meýilnamalar kabul edilýär,
döwletimiziň, jemgyýetimiziň ösüşiniň esasy ugurlary nazara alnyp, ygtybarly
kanunçylyk-hukuk binýady döredilýär. “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda”
Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş
edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan “Döwlet
ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we
maliýeleşdirmegiň Tertibiniň” taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminama ylmy,
ylmy-tehniki we innowasiýa işiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça döwlet
ylmy-tehniki syýasatynyň amala aşyrylyşynyň netijeliligini has-da
ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň maliýe, maddy, işgärler mümkinçiligini
ýokarlandyrmaga, ylmy hem-de tehnikany ösdürmäge we beýleki wezipeleri çözmäge
gönükdirilendir.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ylym ulgamyna
aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Nygtalyşy ýaly, ylym ulgamyny dolandyrmak
we maliýeleşdirmek işini has-da kämilleşdirmek, hukuk esaslaryny
düzgünleşdirmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow howanyň
üýtgemegi babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, döwletimiz ählumumy gün tertibiniň strategik taýdan möhüm meselelerine,
hususan-da, howanyň üýtgemegi bilen bagly meselä aýratyn üns berýär. Birleşen
Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna
gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) hormatly Prezidentimiz bu
ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Häzirki wagtda olary amala aşyrmak
boýunça degişli işler geçirilýär. Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň maýynda
döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygy
esasynda Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandy (NDC) tassyklanylyp,
ony durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Şol bir wagtda,
BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň esasynda
Türkmenistanyň 4-nji milli hasabatyny taýýarlamak işleri jemlenilýär we şu
ýylyň ahyryna çenli bu hasabaty agzalan Konwensiýanyň Sekretariatyna ibermek
göz öňünde tutulýar.
Mälim
bolşy ýaly, şu ýylyň 11 — 22-nji noýabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň
Baku şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky
Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahaty (COP29)
geçiriler. Onuň dowamynda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň giň
toplumyna serediler we degişli hasabatlar diňleniler. Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiziň möhüm başlangyçlaryna esaslanyp, bu ulgamda halkara
hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklipler taýýarlanyldy.
“COP29-a”
ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça indiki aýdan ulgamlaýyn esasda
taýýarlyk işlerine başlamak hem-de 22-nji iýulda Daşky gurşawy goramak
meseleleri boýunça pudagara komissiýanyň çäginde döredilen iş toparynyň
nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär. Bu mejlisiň netijeleri boýunça
Türkmenistanda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we howanyň üýtgemegine
uýgunlaşmak boýunça täze taslamalary işläp taýýarlamak maksadalaýyk
hasaplanýar.
Şu
ýylyň noýabrynda Bakuwda geçiriljek Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň 19-njy
maslahatynyň (COY19) öňüsyrasynda sentýabrda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda
hem-de Aşgabat şäherinde howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatlaryny
guramak teklip edilýär. Mundan başga-da, şu ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda BMG-niň
howandarlygynda bu guramanyň Azyk we oba hojalyk guramasy, Bütindünýä Saglygy
Goraýyş Guramasy, Bütindünýä azyk maksatnamasy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen
bilelikde howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça halkara
maslahaty guramak baradaky teklip beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara tagallalara ýurdumyzyň
goşandynyň möhüm bolup durýandygyny belledi. Türkmenistan
bu ugurda halkara we milli derejede maksada okgunly işleri alyp barýar. Döwlet
Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, hödürlenen teklipleri goldady we
wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew
“Sanly çözgüt — 2024” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge
görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgama geçmek, programma üpjünçiligini işläp
düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak
hem-de höweslendirmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp, ýokarda agzalan
bäsleşigi geçirmek we onuň jemlerini “Türkmentel — 2024” atly halkara serginiň
çäklerinde jemlemek göz öňünde tutulýar. Nobatdaky bäsleşigi emeli aň,
robototehnika we awtomatlaşdyrmak, “akylly” oba hojalyk tehnologiýalary,
“akylly” öý, “akylly” şäher, bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk hem-de
hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlar boýunça geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda
maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Her ýyl geçirilýän
innowasion taslamalaryň bäsleşigine programma üpjünçiligini işläp düzýän we
innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlaryň giňden gatnaşmagy bu
ugurdaky özgertmeleriň rowaçlanýandygyny görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz
belledi. Hormatly Prezidentimiz agentligiň ýolbaşçysynyň «Sanly çözgüt — 2024»
atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek baradaky teklibini goldap,
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde ýurdumyzda
halkymyzyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa
geçirilýändigini belledi. 29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylmagyna bir ýyl
bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheri berkarar
döwletimiziň ykdysady kuwwatyny görkezýär. Döwrebap şäherde ýaşamak, işlemek we
medeniýetli dynç almak üçin ähli amatly şertler döredildi.
Hormatly
Prezidentimiz bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak
maksady bilen, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna degişli binalary
we desgalary gurmak hakynda Karara gol çekip, Gahryman Arkadagymyzy we mähriban
halkymyzy, mejlise gatnaşyjylary Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy
mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisiň
dowamynda oňa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy we türkmen halkynyň Milli
Liderini bu şanly waka bilen gutladylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglygyny, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.