Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba
hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere
garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi.
Ol
welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Möwsümi
guramaçylykly geçirmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş kärhanalarynda
bökdençsiz kabul etmek, talabalaýyk saklamak, tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar
bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Sebitiň “ak altyn” meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, ýekelemek, otag
etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine
ýetirilýär. Ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýitgisiz
ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy
2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba
milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm
ähmiýetini belledi we galla hasylynyň gysga wagtda hem-de ýitgisiz ýygnalyp
alynmagyny, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine
ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalarda bellenen
wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny aýdyp, bu ugurda
welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, galla
oragyna gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, gallaçy
daýhanlar bilen tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklary öz wagtynda
geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatda şu ýylyň hasyly üçin
gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri
geçirilýär. Ýurdumyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän
möçberini artdyrmak, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýlan
wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatyň meýdanlarynda bu ekinleriň hasylyny
ýygnap almak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda,
şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we
önümçilik maksatly binalardaky hem-de desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylynyň
gysga möhletde, ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň, ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda
anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli hem-de bellenen möhletlerde ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Sanly
ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi
S.Soltanmyradowyň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky
hasabaty bilen dowam etdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda galla oragy guramaçylykly dowam edip, ýetişdirilen bugdaý
hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz
kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gallaçy daýhanlar bilen
tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça
ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda dowam etdirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde
işledilýär. Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja ekinleri bilen
ýeterlik möçberde üpjün etmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, bu
ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça
degişli işler geçirilýär. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam
edýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragynyň guramaçylykly geçirilmeginiň, bu
jogapkärli möwsüme gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün
edilmeginiň, gowaça, şaly ekilen meýdanlardaky agrotehniki çäreleriň
talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe
anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu
ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy
häkime tabşyrdy.
Soňra
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça
zerur çäreler görülýär. Däne ýygýan kombaýnlar, hasyly daşamakda ulanylýan ýük
awtoulaglary, galla kabul ediş kärhanalary bökdençsiz işledilýär. Bugdaý
oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Önüm öndürijiler
bilen tabşyrylan galla hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şu
ýylyň hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda hatarara bejergi, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Welaýatda şaly ekişi dowam edip,
ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk
pudagynyň işgärleriniň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny we ony üstünlikli
ýerine ýetirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi hem-de galla
oragynyň guramaçylykly geçirilmegini, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň,
şaly ekişiniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün
etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler ýetişdirilen
bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, galla kabul ediş
kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Önüm
öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.
Welaýatyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja
ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça
degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we ýetişdirilen
bugdaý hasylynyň gysga möhletde, ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, gowaça ideg
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini ileri
tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi hem-de bu babatda birnäçe anyk
tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy
häkime tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde welaýatlarda
galla oragy güýçli depginde dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap
almak, galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, önüm öndürijiler
bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça
degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda gallaçy daýhanlar tarapyndan Watan
harmanyna 1 million tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Ýurdumyzyň gowaça
meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Welaýatlaryň ekerançylyk
meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, bu önümler
bilen bazarlary üpjün etmek işleri utgaşykly dowam edýär.
Daşoguz
welaýatynda şaly ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri dowam edýär, Lebap
welaýatynda bolsa şaly ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ýurdumyzyň
tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda howanyň gyzmagy bilen baglylykda
döräp biläýjek ýangynlaryň öňüni almak boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda
oba hojalyk pudagyna möhüm ornuň degişlidigini belledi we gallaçy
daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen bugdaý
hasylynyň gysga wagtda we ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, gowaça meýdanlaryndaky
ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegini
gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz iş
maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, gyzgalaňly dowam edýän galla oragynyň
ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň, beýleki oba hojalyk
ekinleriniň geljek ýyl üçin hasylynyň düýbüni tutmaga häzirden taýýarlyk
görülmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.