Hukuklary bellige aldyrmaklyk üçin gerekli resminamalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

  21.06.2024ý.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, Býujet, Sanitariýa kodekslerine, “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda”, “Tohumçylyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek babatda işleriň dowam etdirilýändigi aýdyldy.

Awstraliýa Arkalaşygynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň nobatdaky Parlamentara forumyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada pikir alşyldy. Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn esasda ýola goýlan parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Ilat gaznasynyň we Aziýanyň ösüş bankynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde zenanlaryň, ýaşlaryň hukuklary bilen bagly halkara konwensiýalaryň kadalarynyň ýerine ýetirilişi hem-de ählumumy makroykdysady syýasatyň meseleleri barada geçiren maslahatlaryna, duşuşyklaryna gatnaşdylar. Şeýle-de deputatlar döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny, hereket edýän kanunlaryň many-mazmunyny, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini halk köpçüligine wagyz etmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Bu kanunlar döwletimiziň ösüş maksatlaryny beýan etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow statistika ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek, maglumatlary toplamakda we döretmekde täze usullary, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, döwlet statistikasynyň hyzmatlarynda döwlet edaralarynyň statistiki hasabatlylygyny elektron kabul etmek, maglumatlary ýygnamagyň elektron usulyny, ýagny internet arkaly ýygnamak usulyny girizmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, statistikany ösdürmek boýunça halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ýuridik şahslary bilen tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky “Milli hasaplar boýunça institusional we statistiki mümkinçiligi pugtalandyrmak” hem-de “Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň institusional, statistiki we maglumat-tehniki mümkinçiligini berkitmek” atly taslama resminamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýörite programma üpjünçiliginiň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny habar berdi. Ony şu ýylyň 1-nji iýulyndan synaglaýyn esasda, 1-nji oktýabryndan bolsa doly ulanyşa girizmek teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, statistika ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgama döwrebap usullary girizmek bilen, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns bermegiň möhümdigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak we statistiki hasabatlylygy döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, bu ugurda programma üpjünçiligini ulanyşa girizmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gaz geçiriji ulgamlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ilatyny, senagat kärhanalaryny, durmuş maksatly desgalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek babatda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazakdyryş” birleşigi tarapyndan gaz geçirijileriň birnäçesinde düýpli abatlaýyş işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ilatyny, senagat kärhanalaryny, durmuş maksatly desgalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Şoňa görä-de, gaz geçiriji ulgamlaryň hemişe kadaly işlemegini üpjün etmek zerurdyr. Munuň özi tebigy gazy içerki sarp edijilere hem-de daşarky bazarlara ibermegiň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär, ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryna daşamak işleri guramaçylykly amala aşyrylýar. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, geljek ýyl üçin bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilaty üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşoguz welaýatynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Lebap welaýatynda bolsa şaly ekişi dowam edýär. Mary welaýatynda güýzlük gant şugundyry ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizlemek işleri, gant şugundyrynyň ekişi geçirilýär.

Bellenilişi ýaly, tebigatymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini aýawly saklamak üçin netijeli çäreler görülýär, hususan-da, döwlet tebigy goraghanalarynda ösümlikleriň, haýwanlaryň, esasan-da, olaryň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşleriniň ýaýran ýerlerini hasaba almak hem-de gözegçilikde saklamak, ylmy taýdan öwrenmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň, galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýygnalan hasyly harmana tabşyrmak işlerine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda tehnikalaryň doly güýjünde, bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara görä geçirmegi dowam etdirmegi hem-de gözegçilikde saklamagy, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek işlerini talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmegi ýola goýmak barada ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça gözegçilik edýän ulgamlary, hususan-da, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap edara-kärhanalaryň sanynyň has-da artýandygy bilen baglylykda, liftlere zerurlygyň köpelýändigini göz öňünde tutup, olaryň önümçiligini ýola goýmak, bar bolan liftlerde abatlaýyş-bejeriş işlerini amala aşyrýan bilelikdäki kärhanany döretmegiň maksadalaýykdygy bellenildi. Ministrlik tarapyndan bu ugurda geçirilen işleriň netijesinde, bilelikdäki kärhanany döretmek boýunça teklipler alyndy we häzirki wagtda olaryň tehniki häsiýetnamalaryna seljeriş işleri geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda dürli görnüşli önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen, şol sanda bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça netijeli işleri alyp barmagy dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz liftleriň önümçiligini ýola goýmagyň hem-de olarda degişli abatlaýyş-bejeriş işlerini amala aşyrýan ýörite kärhananyň döredilmeginiň möhümdigini aýtdy we degişli teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 25-nji iýunynda Aşgabat şäherinde “Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahatyny geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, işewürlik maslahatyna energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalyk we azyk senagaty, gurluşyk, syýahatçylyk ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň barşynda söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen birlikde, tejribe alyşmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, iki ýurduň telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini, bu ugurda geçirilýän sergileriň we işewürlik maslahatlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam edýändigini kanagatlanma bilen belläp, wise-premýere “Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Aşgabat şäherinde çagalar sungat mekdebiniň täze binasyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu desgany “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurmak göz öňünde tutulýar. Aşgabat şäherinde ýaşaýyş jaý toplumlarynyň sanynyň has-da artýandygyny hem-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň isleglerini nazarda tutup, çagalar sungat mekdebiniň täze binasyny gurmak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Çagalary sungata ugrukdyrmak, çeperçilik işlerine höweslendirmek babatda-da ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz çagalar sungat mekdebiniň täze binasyny gurmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ylmy maksatnamalary, meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramak we geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer bu ugurda gatnaşyklary düzgünleşdirmek, ýurdumyzyň ylmy-tehniki maglumatlar ulgamyny kämilleşdirmek, ylmy-barlag işleriniň ygtybarly maglumatlar binýadyny döretmek, ylmy-tehniki maksatnamalary taýýarlamak hem-de ýerine ýetirilişini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan degişli resminamanyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny aýdyp, ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetiň we jemgyýetiň ösüşinde ylmyň tutýan ornunyň has-da ýokarlanýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary (taslamalary), meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramagyň we geçirmegiň Tertibini tassyklamak hakynda» Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy, onuň sebitleýin düzümleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.

Türkmenistan agzalan komissiýalar bilen ykdysadyýet, ulag, energetika, daşky gurşawy goramak, durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly möhüm ulgamlarda hyzmatdaşlyk edýär. Milli bähbitlerden ugur alyp, bu hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Daşary işler ministrligi birnäçe teklipleri taýýarlady.

Mälim bolşy ýaly, 1998-nji ýyldan bäri BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPECA) hereket edýär. Türkmenistan geçen döwürde SPECA-da birnäçe gezek başlyklyk edip, onuň mejlislerini we ykdysady forumlaryny üstünlikli geçirdi, şeýle hem döwletimiz bu maksatnamanyň işini kämilleşdirmek babatda anyk teklipler bilen ilkinjileriň hatarynda çykyş edýär. 2024-nji ýylyň ahyrynda Täjigistan Respublikasynyň bu maksatnamada başlyklyk etmek döwri tamamlanýar. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň SPECA-da başlyklyk etmegi, degişli konsepsiýany hem-de çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak baradaky teklipler beýan edildi.

Ýurdumyzyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň çäklerinde durnukly energiýa babatda hyzmatdaşlygy alyp barýandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, BMG-niň ÝYK-nyň gaz, gaýtadan dikeldilýän energiýa, arassa elektrik ulgamlar boýunça bilermenler toparlaryna “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekillerini agza hökmünde hödürlemek teklip edilýär.

BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň 2023-nji ýylyň maýynda geçirilen 79-njy mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti boýunça Ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Onuň wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň tomsunda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara guramalaryň, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň agza döwletleriniň bilermenleriniň gatnaşmagynda ýörite duşuşygy guramak, 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde bolsa Aşgabat şäherinde Aral deňziniň sebitinde tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak boýunça okuw maslahatyny geçirmek baradaky teklipler beýan edildi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz bu komissiýanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti elektron söwdany ýeňilleşdirmek hakynda Çarçuwaly ylalaşygyna goşuldy. Bu Ylalaşygy durmuşa geçirmek maksady bilen, iş toparynyň döredilmegi meýilleşdirilýär. Onuň düzümine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň we Döwlet gümrük gullugynyň wekillerini agza hökmünde hödürlemek maksadalaýyk hasaplanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýan edilen teklipleri makullady hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň iň ýakyn hyzmatdaşlyk edýän halkara guramalarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz guramanyň Ýewropa hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýalary bilen ýurdumyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda degişli işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli meýilnamalary üstünlikli amala aşyrmaga, ýokary hünär taýýarlykly işgärleri taýýarlamaga, okuw işine innowasion tehnologiýalary, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan degişli uçarlarda barlag-gözden geçiriş işleriniň ýola goýulmagyny gazanmak möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda halkara talaplara laýyklykda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 Habaryň resmi çeşmesi:(“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) - Türkmenistan Bu günweb-saýty).