Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna
degişli birnäçe meseleler girizildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny
pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Ol
“Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul
edilendigini habar berip, bu möhüm ähmiýetli Kanuny makullandygy üçin hormatly
Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Raýat
kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny işläp taýýarlamak, birnäçe kanunlara
degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary, şol sanda Býujet kodeksine
üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyldy.
Mejlisiň
möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlara taýýarlyk görlüşi
hakynda habar berildi. Bu saýlawlary şu ýylyň 7-nji iýulynda geçirmek göz
öňünde tutulýar. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky işler merkezi saýlaw topary,
Aşgabat şäheriniň häkimligi, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde, saýlaw
kanunçylygyna laýyklykda alnyp barylýar. Mundan başga-da, parlamentara
gatnaşyklary we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça görülýän
çäreler barada aýdyldy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça
Çehiýa Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden
ynanç haty kabul edildi. Yrak Respublikasynyň daşary işler ministriniň
orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň
dowamynda parlament diplomatiýasy arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň
wekilleri kanun çykaryjylyk işinde öňdebaryjy tejribäni öwrenmek maksady bilen,
Gazagystan Respublikasynda, Estoniýada, Täjigistan Respublikasynda iş
saparlarynda boldular.
Hormatly
Prezidentimiz häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny
işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny
belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp
giden deputatlarynyň ýerine şu ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlara
taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow standartlaşdyrmak we
metrologiýa ulgamyndaky işleri döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, “Türkmenstandartlary” baş
döwlet gullugy tarapyndan pudak edaralarynda ulanylýan ölçeg serişdelerini
döwürleýin deňeşdirme barlagyndan geçirmek babatda görülýän çäreler hakynda
aýdyldy. Wise-premýer bu ugurdaky işleriň “Ölçegleriň bitewüligini üpjün etmek
hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda geçirilýändigini aýdyp, hormatly
Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işini
yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz halkara
standart talaplaryna laýyklykda, metrologiýa ugry boýunça ölçeg serişdeleriniň
döwürleýin deňeşdirme barlagyny geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere
öňde durýan wezipeleri çözmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň
önümçilik desgalarynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasynda göz öňünde
tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Meýilnama
laýyklykda, konserniň garamagyndaky desgalary döwrebaplaşdyrmak we olaryň
enjamlaryny kadaly ýagdaýda saklamak ugrunda degişli işler geçirilýär.
Hususan-da, gaz gysyjy desgalarda öz wagtynda hyzmat etmek, tehniki enjamlary
tapgyrlaýyn we düýpli abatlamak işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, gaz
geçirijileriň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak, gaz desgalaryny doly kuwwatynda
işletmek üçin olary maddy-tehniki enjamlar, ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek
boýunça işler dowam etdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet
konserniniň önümçilik desgalarynda işleriň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin
meýilnamalaýyn işleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň
bilen baglylykda, enjamlary satyn almak, bejermek, hyzmat etmek boýunça daşary
ýurt kompaniýalary bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak möhümdir diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk
pudagynda işleriň alnyp barlyşy, ýurdumyzyň sebitlerindäki möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Ahal,
Lebap, Mary welaýatlarynda ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtda ýygnap almak,
ony Watanymyzyň bereketli harmanyna tabşyrmak boýunça netijeli işler alnyp
barylýar. Mundan başga-da, şu gün Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary
galla oragyna girişdiler. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleri
dowam edýär. Hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda şaly ekişi tamamlanyp, Lebap welaýatynda
şaly ekişine başlamaga taýýarlyk görülýär. Mary welaýatynda güýzlük gant
şugundyrynyň ekiljek meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri alnyp barylýar.
Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk
gorlaryny döretmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzyň suw hojalygy
pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda tagallalar edilýär,
suwaryş, şor suw akabalary arassalanylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn
ösdürmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, ýurdumyzyň welaýatlarynda galla
oragyny guramaçylykly geçirmegi, ýygnalan hasyly harmana tabşyrmak işlerine
berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, gowaça ekilen meýdanlarda
ideg işlerini agrotehniki kada laýyklykda geçirmegi dowam etdirmegiň hem-de ony
gözegçilikde saklamagyň möhümdigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz beýleki
möwsümleýin oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almak üçin hem degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän
toplumynda, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde alnyp barylýan
işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konserne degişli
“Tejenkarbamid”, “Marykarbamid” we “Garabogazkarbamid” zawodlaryny bökdençsiz
işletmek üçin önümçilikleri çig mal bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça
netijeli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kärhanalarynyň
bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegiň, olaryň önümçilik kuwwatlyklaryny
artdyrmak üçin zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Karbamid öndürýän
zawodlar üçin gerek bolan çig mallary satyn almak boýunça işleri dowam etmek
zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet
konserniniň karbamid öndürýän zawodlarynyň önümçiligi üçin zerur bolan
karbamidli formaldegid konsentratyny satyn almak hakynda» Karara gol çekdi we
resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu babatda degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň halkara sergi işiniň
2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda kesgitlenen wezipeleri durmuşa
geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu resminamada kesgitlenen çäreleriň çäklerinde ýurdumyzyň “Hytaý —
Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Bu sergi
Hytaýyň Urumçi şäherinde geçiriler. Halkara sergi, esasan, üç bölümden, şol
sanda maýa goýum hyzmatdaşlygy, milli pawilýonlar hem-de pudaklara
ýöriteleşdirilen bölümden ybaratdyr. Bu serginiň çäklerinde söwda we maýa goýum
forumlarynyň, tejribe alyşmalaryň, dürli ykdysady-medeni çäreleriň guralmagy
göz öňünde tutulýar. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu iri möçberli sergä
ýurdumyzyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy dürli pudaklaryň, hususy haryt
öndürijileriň harytlarynyň we hyzmatlarynyň mahabatlandyrylmagy, eksport ugurly
harytlarymyzyň Hytaý bazaryna ýerlenilişini artdyrmaga, söwda-ykdysady, işewürlik
hyzmatdaşlygyny giňeltmäge mümkinçilik berer.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz döwletimiziň daşary ýurtlarda
geçirilýän iri halkara çärelere, sergilere, maslahatlara işjeň gatnaşýandygyny
aýdyp, şu ýylyň 26 — 30-njy iýuny aralygynda geçiriljek «Hytaý — Ýewraziýa
EKSPO» halkara sergisine ýurdumyzyň milli pawilýony bilen gatnaşmagyny üpjün
etmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Hytaý Halk Respublikasynda
geçiriljek bu iri möçberli serginiň söwda-ykdysady, işewürlik hyzmatdaşlygyny
giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary
berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Aşgabat şäherinde Türki
medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyny
geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi. Hormatly
Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, bu döredijilik çäresini şu ýylyň
oktýabrynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Festiwala Azerbaýjandan,
Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Türkiýeden teatr toparlarynyň
gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň döwlet
teatrlarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek
meýilleşdirilýär.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň
medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli birnäçe dabaralara we
çärelere badalga berlendigini belledi hem-de şu ýylyň oktýabrynda Aşgabat
şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II
teatr festiwalyny ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Mejlisiň
dowamynda wise-premýer ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň çägindäki gadymy kerwen
ýollarynyň geçen ugrunda tapylan tapyndylary muzeýleşdirmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginde ýaşaýjylar
tarapyndan 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňe, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň
bölekleri we 8 sany dürli reňkli tapyndy tapyldy. Türkmenistanyň Taryhy we
medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli
müdirliginiň alymlarynyň we hünärmenleriniň Ylymlar akademiýasynyň numizmatlary
bilen bilelikde geçiren deslapky öwreniş işleriniň netijesinde, käbir altyn
teňňeleriň ýüzünde Horezmşalar döwletiniň hökümdary Soltan Allaeddin Muhammediň
we onuň kakasy Soltan Tekeşiň atlarynyň ýazylandygy anyklanyldy. Alymlaryň
çaklamalaryna görä, bu teňňeler köneürgenç türkmenleriniň guran kuwwatly
döwletiniň XII-XIII asyrlaryň başynda gülläp ösen döwri bilen baglydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly
kitabynda belleýşi ýaly, hut şol döwürde Köneürgenç şäheri transkontinental
ýoluň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, Günbatar we Gündogar döwletleriniň
ykdysadyýetiniň ösmegine täsirini ýetiren iri söwda-aragatnaşyk ýollaryny
herekete getirýän kuwwatly merkeze öwrülýär. Ýokarda agzalan tapyndylar hem
türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitabynda beýan edilýän taryhy maglumatlaryň
üstüni ýetirýär.
Wise-premýer
häzirki wagtda bu gymmatly tapyndylaryň “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni
goraghanasynyň muzeý gaznasynda saklanylýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna bu tapyndylary Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine
tabşyrmak dabarasyny şu ýylyň 22-nji iýunynda geçirmek baradaky teklibi
hödürledi. Dabaranyň çäklerinde “Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap
saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri” atly iş maslahatyny hem-de
muzeý gymmatlyklarynyň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini geçirmek
göz öňünde tutulýar. Bu tapyndylary tapan we olary döwlete tabşyrmak işlerine
gatnaşan adamlara höweslendiriji sowgatlary gowşurmak meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy gorap
saklamagyň, olary ylmy taýdan öwrenmegiň we geljek nesillerimize ýetirmegiň
döwlet ähmiýetli möhüm wezipedigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere
Daşoguz welaýatynyň çäginde tapylan tapyndylary halk köpçüligine giňden wagyz
etmek, muzeý gaznasyny has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, olary muzeýe
tabşyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Ylmy iş hakynda ylmy
maksatnamalary, meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy
guramagyň we geçirmegiň Tertibiniň taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň kanunlaryndan gelip çykýan
kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmek barada
beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda ýurdumyzyň ylmy-tehniki mümkinçiliginiň
ösüşiniň yzygiderli gözegçiligini amala aşyrmak maksady bilen degişli işler
geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy
tarapyndan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde
“Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda
ýokarda agzalan resminama taýýarlanyldy. Taslamada bu ulgamda gatnaşyklary
düzgünleşdirmek, ýurdumyzyň ylmy-tehniki maglumatlar ulgamyny kämilleşdirmek,
ylmy-barlag işleriniň ygtybarly maglumatlar binýadyny döretmek, ylmy-tehniki
maksatnamalary taýýarlamak hem-de ýerine ýetirilişini döwrebaplaşdyrmak göz
öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Watanymyzyň ylmy kuwwatyny pugtalandyrmaga,
önümçilige innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga uly üns
berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki
wagtda durmuşa geçirilýän ylmy maksatnamalary, meýilnamalary we hasabatlary
döwlet tarapyndan hasaba almagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtap,
wise-premýere bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
ýurdumyz bilen Ýewraziýa patent guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli
ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna döwrebap tehnologiýalary we innowasiýalary
ornaşdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri
bolup durýar. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde
ýöriteleşdirilen halkara we sebit guramalary, şol sanda Ýewraziýa patent
guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen
baglylykda, 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň
Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň döredilendigi bellenildi.
“Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji
ýyllar üçin Maksatnamasy” bu gullugyň işiniň ulgamlaýyn esasda amala
aşyrylmagyna gönükdirilendir. Onuň esasynda awtorlyk hukugyny goramak we
hemmetaraplaýyn kepillendirmek üçin halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk
edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe
degişli teklipler, şol sanda Türkmenistanyň Ýewraziýa patent guramasynyň esasy
resminamalarynyň biri bolan “Ýewraziýa patent Konwensiýasynyň senagat
nusgalaryny goramak hakynda Teswirnamasyna” goşulmagy baradaky teklip
hödürlenildi. Wise-premýer, daşary işler ministri ýokarda agzalan Teswirnama
goşulmak arkaly ýurdumyz üçin dörejek artykmaçlyklar barada habar berdi.
Şeýle
hem Türkmenistanyň abraýly halkara guramalarda, hususan-da, Ýewraziýa patent
guramasynda wekilçiligini giňeltmek boýunça teklip beýan edildi. Mundan
başga-da, şu ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäherinde senagat nusgalarynyň hukuk
goragyna bagyşlanan sebitleýin maslahaty, 2025-nji ýylda bolsa Ýewraziýa patent
guramasynyň dolandyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy
ösdürmek boýunça zerur tagallalary edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri goldady hem-de wise-premýer, daşary
işler ministrine Ýewraziýa patent guramasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew ýurdumyzda öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň
taýsyz tagallalary bilen Köpetdagyň eteginde Arkadag şäheri kemala geldi. Bu
şäherde gurnalyp işe girizilen innowasion tehnologiýalar we sanly çözgütler,
“akylly” öý ulgamyny döretmäge, bu hyzmatlardan uzak aralykdan peýdalanmaga,
ornaşdyrylan ulgamlary sanly tehnologiýalar arkaly dolandyrmaga, olaryň
kiberhowplara garşy ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, ähli ugurlarda sanly we
elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga mümkinçilik döredýär. Gurulmagy meýilleşdirilýän
“Aşgabat-sitide” hem iň kämil tehnologiýalary, döwrebap çözgütleri ornaşdyrmak
göz öňünde tutulýar. Şunda halkara tejribäni, 4G tehnologiýasy bilen
deňeşdirilende, maglumat geçirijiligi 10 essä çenli ýokary bolup, ygtybarly we
durnukly birikmeleri üpjün edýän 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny, tehniki
häsiýetnamalaryny öwrenmek maksadalaýyk bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň bu ugurda
degişli işleri geçirmegi baradaky teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň
yzygiderli ornaşdyrylýandygyny, sanly ykdysadyýete geçmekde we ony ösdürmekde
netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, bu işleriň has-da kämilleşdirilmegini talap
edýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda daşary ýurtlarda döwrebap
5G tehnologiýasynyň giňden ulanylýandygyny belläp, bu teklibi goldaýandygyny
aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna şol tehnologiýanyň mümkinçiliklerini,
aýratynlyklaryny öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza
ýüzlenip, ýurdumyzda üç günläp, ýagny 16-17-18-nji iýunda Gurban baýramynyň
bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
Gurban baýramyny bellemek we 16-njy iýundaky dynç gününi 19-njy iýuna —
çarşenbe gününe geçirmek hakynda Permana gol çekendigini aýtdy. “Gurbanlyk
günleri berýän sadakalaryňyz, edýän ýagşy doga-dilegleriňiz kabul bolsun!”
diýip, hormatly Prezidentimiz hemmeleri bu mukaddes baýram bilen tüýs ýürekden
gutlady.
Mejlisiň
dowamynda Ministrler Kabinetiniň agzalary hormatly Prezidentimizi hem-de
Gahryman Arkadagymyzy mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.