Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda
ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlament tarapyndan ýanwar — maý
aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Häzirki
wagtda Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde raýatlaryň hukuklaryny,
kanuny bähbitlerini goramak, oba hojalyk, ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe
we sport ulgamlarynda, daşary syýasy iş babatynda hereket edýän birnäçe
kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işler alnyp
barylýar.
Hasabat
döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň
diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullarydyr ýörelgeleri
barada okuw sapaklary guraldy. Ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiziň
tabşyrygy boýunça Mejlisde daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 6-syndan ynanç hatlary kabul edildi.
Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary
pugtalandyrmak üçin duşuşyklaryň 20-si geçirildi. Deputatlar kanun çykaryjylyk
işini kämilleşdirmek hem-de döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün
etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň,
duşuşyklaryň 49-syna gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak
maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 15-si
amala aşyryldy.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça şu
ýylyň ýanwar — maý aýlarynda işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň Kanunlarynyň
9-synyň kabul edilendigini, birnäçe kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň
girizilendigini aýtdy hem-de milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi
çekdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň bäş aýynyň
makroykdysady görkezijileri barada hasabat berip, jemi içerki önümiň ösüşiniň
durnukly saklanýandygyny belledi.
2023-nji
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda jemi
öndürilen önümiň möçberi artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik
netijeleri gazanyldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek
satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim artdy.
Wise-premýer
Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada-da hasabat berdi. Ýurdumyzyň iri we
orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne
görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň bäş aýynda maliýeleşdirmegiň ähli
çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17,8 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba
milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Hususan-da,
hasabat döwründe ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň
52-siniň, suw, lagym arassalaýjy desgalaryň 32-siniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 480,8
müň inedördül metriniň, inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň gurluşyk
işleriniň alnyp barlandygy barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynyň jemleri boýunça
jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma
bilen belledi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen
önüm 11,5 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,2 göterime,
çykdajy bölegi 97,6 göterime deň boldy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz zähmet
haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň öz
wagtynda maliýeleşdirilendigini aýdyp, wise-premýere mundan beýläk-de milli
ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijilerini durnukly saklamak boýunça zerur
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitiň we gazyň çykarylyşyny
artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça
2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat
berdi. Şunuň bilen baglylykda, nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda
gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy. Hususan-da,
“Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan meýilnamanyň 102,6 göterim ýerine
ýetirilendigi bellenildi. Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary
tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterime deň boldy.
Hasabat
döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim, dizel ýangyjyny
öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100
göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 120,9 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle-de suwuklandyrylan gazy, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň tehniki-ykdysady
görkezijileri, mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilişi barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazy we
nebiti çykarmakda öňde goýlan meýilnamalary 100 göterim ýerine ýetirmek,
nebitgaz senagatyna degişli kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak
üçin toplumyň işini yzygiderli kämilleşdirip durmagyň wajypdygyna ünsi çekdi we
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän
pudaklarynda şu ýylyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
hem-de welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini 124,1 göterime deň
boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 129,2 göterime, Daşky
gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,1 göterime, Suw hojalygy baradaky
döwlet komiteti boýunça 133,3 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça
100 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 224,2 göterime,
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 109,4 göterime, Azyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 107,3 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 114 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi
boýunça 101,8 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň
meýilnamasy 387,8 göterim ýerine ýetirildi.
Şu
gün Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda galla oragyna guramaçylykly
başlanylýandygy, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa bu işe 14-nji iýunda
girişmek boýunça taýýarlyk görülýändigi barada aýdyldy. Şunuň bilen bir
hatarda, welaýatlaryň ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ideg etmek, ýetişdirilen gök ekinleriň hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler
geçirilýär. Ýurdumyzyň suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak boýunça çäreler
görülýär.
Soňra
wise-premýer ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn
borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy.
Bellenilişi ýaly, döwletimiziň ýakyndan goldaw bermegi esasynda ýurdumyzyň
zähmetsöýer pileçileri Watan harmanyna bol pile hasylyny tabşyryp,
şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.
Wise-premýer
oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman
Arkadagymyza netijeli işlemek babatda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmagyň,
ilaty azyk önümleri bilen üpjün etmegiň, azyk bolçulygyny döretmegiň, gaýtadan
işleýän senagaty çig mal bilen üpjün etmegiň oba hojalyk pudagynyň esasy
wezipeleriniň hatarynda durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň
işini yzygiderli kämilleşdirip durmagyň wajypdygy aýdyldy. Hormatly
Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda esasy möwsümleriň biri bolan galla oragynyň
ýetip gelendigini nygtap, wise-premýere bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak
üçin guramaçylyk işlerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip,
ýurdumyzyň zähmetsöýer pileçilerini Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile
tabşyryp, şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri
bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän
gurluşyk we senagat toplumynda 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine
ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy 117,2 göterime, Gurluşyk we binagärlik
ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 107,2 göterime barabar
boldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen
önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi 735 million manada deň boldy.
Hasabat döwründe Energetika ministrligi boýunça önüm öndürmegiň we işleri
ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 108,5 göterim, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni
boýunça 146,2 göterim berjaý edildi. Geçen bäş aýda Awtomobil ýollarynyň
gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen
işleriň meýilnamasy 107,6 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça 121
göterim boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumynyň
kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanyp, netijeli işlemegini
gazanmagyň zerurdygyny nygtady. Hereket edýän kärhanalarda çykarylýan önümleriň
görnüşlerini artdyrmak, täze kärhanalary ýola goýmak boýunça işleri dowam
etdirmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi. Elektrik energetika pudagynda
içerki we halkara taslamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns bermek
zerurdyr. Awtomobil ýolgurluşyk pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli
durmuşa geçirmek üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça
işleri dowam etmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly
Prezidentimiz şu ýyl açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň bellenen
wagtynda ulanmaga berilmelidigini belläp, wise-premýere gurluşyk işleriniň
hiline-de berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän söwda we dokma
toplumlarynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
telekeçilik ulgamynyň 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren
işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda
we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş
depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,5 göterime, önüm
öndürmegiň ösüş depgini bolsa 104,1 göterime barabar boldy. Dokma senagaty
ministrliginiň kärhanalary boýunça nah ýüplügiň önümçiligi 126,2 göterime, nah
matalaryňky 117 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 108,5
göterime, gön önümleriniňki 121,2 göterime barabar boldy. Şu ýylyň başyndan
bäri “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly önümlerini öndürmegiň
meýilnamasy 100,9 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy
boýunça ýanwar — maý aýlarynda birža söwdalarynyň 125-si geçirilip, 11 müň 833
sany şertnama hasaba alyndy. Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy tarapyndan
ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105,8 göterime deň boldy. 11 sany sergi,
54 sany maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu
ýylyň bäş aýynda oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüşi 112
göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüşi 109,1 göterime deň boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak
boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagyň wajypdygyny aýdyp, Döwlet
haryt-çig mal biržasynyň işine daşary ýurt biržalarynda giňden ulanylýan
tejribäni ornaşdyrmagyň, onuň işini kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Dokma
önümleriniň hilini gowulandyrmak we möçberini artdyrmak boýunça çäreleri
görmek, daşarky bazarda dokma önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny
ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň hususy pudagyna döwlet goldawyny bermek babatda
işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu
ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe milli baýramçylyklar, şol sanda Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dürli dabaralar,
medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli medeni çäreler
guraldy. Gündogaryň beýik akyldary we türkmen nusgawy şahyry Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna maý aýynda medeniýet
ministrleri derejesinde halkara maslahat geçirildi, “Magtymguly Pyragy”
medeni-seýilgäh toplumynyň, beýik söz ussadynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy
boldy, onuň goşgulary ýerleşdirilen täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy guraldy.
Şahyryň doglan güni mynasybetli daşary ýurtlarda dürli çäreler geçirildi.
Şeýle
hem teatrlaryň, sirkleriň, kinoteatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň,
muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm”
birleşiginiň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň ýerine ýetiren
işleriniň netijeleri barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere medeniýet ulgamynyň işini
kämilleşdirmek, medeni mirasymyzy öwrenmek, giňden wagyz etmek hem-de geljek
nesillerimize ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ulgamlarynda
şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullary ornaşdyryldy, okuw
kitaplarydyr gollanmalar neşir edildi. Okuwçylardyr talyplar halkara ders,
internet bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, üstünlik gazandylar. Ýylyň başyndan
bäri halkara olimpiadalaryň 8-si, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň 2-si,
halkara bäsleşik geçirildi. Orta mekdeplerde “Soňky jaň” dabaralary guraldy. Şu
döwürde uniwersitetleriň 3-si, institutlaryň 7-si “Times Higher Eduсation”
reýting agentliginiň degişli reýtinginiň agzalygyna saýlanyldy. Çagalaryň we
ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek bilen bagly
işler alnyp baryldy.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň Kararlary bilen, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça
okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy hem-de
“Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar
üçin Döwlet maksatnamasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli
çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi
döredildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly
maslahatlar, sergiler, beýleki dabaraly çäreler, şol sanda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralary
geçirildi. “Gadymy Änew medeniýeti”, “Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň
goragçysy”, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy
maslahatlar dünýäniň ylmy giňişliginde uly seslenme döretdi.
Hasabat
döwründe keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullary amaly
lukmançylyga ornaşdyryldy. Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş
merkeziniň durky täzelenen binalary ulanmaga berildi. Aşgabat şäherinde 5 sany
täze merkeziň, “Arçman” şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň,
glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşyk işleri dowam etdirilýär.
Ýylyň
başyndan bäri ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça işler has-da
işjeňleşdirildi. Türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynyň 80-sine
gatnaşyp, 79 altyn, 64 kümüş, 95 bürünç medal gazandylar. Hokkeý boýunça
halkara ýaryş Türkmenistanyň halkara sport abraýyny täze derejä göterdi.
Halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenlere hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan
sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, geçirilýän işleriň wajypdygyna ünsi çekdi we
olary döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
wise-premýer Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen
bäsleşigiň jemleri barada hasabat berdi we hormatly Prezidentimiziň garamagyna
degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Bellenilişi
ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň
berýän hemaýat-goldawlary netijesinde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine
mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertler
döredilýär. Şeýle hem «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar
merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hakynda»
Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Ýurdumyzyň
daşary syýasat strategiýasynyň belent maksatlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň
Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan dünýäniň abraýly ylmy
merkezleri, şol sanda Halkara ylmy parklaryň assosiasiýasy (IASP) bilen
hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär. Tehnologiýalar merkezine halkara
ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek baradaky çözgüt
“Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda merkeziň
binýadynda amaly ylmy işleriň geçirilmegine, ylym bilen önümçiligi utgaşdyrýan,
önümçilik pudaklarynyň ylmy esasda ösdürilmegine we usuly kadalaryň
kämilleşdirilmegine içgin gatnaşýan ylmy-önümçilik binýadyny döretmek maksady
bilen kabul edildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda ýokary bilimli, giň
dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek boýunça
maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow zehinli ýaşlarymyzy
ylma, bilime, täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere
höweslendirmek maksady bilen, Ylymlar güni mynasybetli «Türkmenistanyň
ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda»
Karara gol çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ylmy-barlag işlerini
toplumlaýyn esasda ösdürmek, innowasion önümleriň önümçiligini guramak maksady
bilen, «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara
ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hakynda» Karara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz resminamalary wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we
bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa
söz berildi. Ol BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş
habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna
biragyzdan saýlanylandygy barada habar berildi.
Wise-premýer,
daşary işler ministri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Gahryman
Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Hormatly
Prezidentimiz bu habary kanagatlanma bilen kabul edip hem-de Ministrler
Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, şu ýylyň 6-njy
iýunynda ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygynyň
orunbasarlygyna biragyzdan saýlanylandygyny belledi. Munuň özi Watanymyzyň alyp
barýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe
bolýandygynyň ykrarnamasydyr. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň geljekde-de
Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini
aýdyp, hemmeleri bu hoş habar bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri şu ýylyň ýanwar — maý
aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Bitarap
Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet
Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny hem-de öňde goýan wezipelerini ýerine
ýetirmek maksady bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, halkara
guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça
toplumlaýyn işler amala aşyryldy. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine, üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna
gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna, Täjigistan Respublikasyna, “Russiýa —
Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” halkara ykdysady forumyna hormatly myhman
hökmünde gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş
saparlaryny amala aşyrdy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam
Respublikasynda saparda boldy.
Hormatly
Prezidentimiz Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet
Baştutanymyz 9-njy maýda Moskwada 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk
urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere
hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz birnäçe
ýurtlaryň Liderleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Hasabat
döwründe Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany
Türkmenistanda saparda boldy.
24-nji
maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň
Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşmak üçin
Aşgabada gelen wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Hasabat
döwründe daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň Türkmenistana amala aşyran
saparlary, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara bolan saparlary dürli
ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä ýurtlary bilen
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary,
abraýly halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary
berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Koreýa
Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak döwlet saparyna görülýän
taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň daşary syýasat
strategiýasyny durmuşa geçirmekde Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen netijeli
gatnaşyklary giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda Koreýa
Respublikasy hem bar. Bu ýurt bilen hyzmatdaşlyk okgunly, özara bähbitli
häsiýete eýedir. Döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn
görnüşde üstünlikli ösdürilýär. Söwda-ykdysady ulgam bilen bir hatarda,
medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem türkmen-koreý gatnaşyklarynyň
aýratyn bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň
Prezidentiniň amala aşyrjak döwlet sapary iki ýurduň arasyndaky däp bolan
dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim bolar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň köp ýyllaryň dowamynda dürli ugurlarda
netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi. Soňky ýyllarda nebitgaz, himiýa
we ulag ulgamlarynda durmuşa geçirilen ençeme bilelikdäki taslamalar munuň
aýdyň güwäsidir. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, ýokary derejede
geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýetini nygtady. Şol gepleşikleriň
netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga,
gatnaşyklaryň köpugurly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga gönükdirilen
resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer, daşary
işler ministrine hem-de Ministrler Kabinetiniň beýleki agzalaryna ýüzlenip, bu
saparyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän
ulgamlarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Hasabat döwründe bu toplumda ýerine ýetirilen
işler we hyzmatlar boýunça gazanylan ösüş 117,5 göterime deň boldy. Şu ýylyň
bäş aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük
daşamagyň ösüş depgini 105,9 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa
102,9 göterime deň boldy. Ýanwar — maý aýlarynda hyzmatlary ýerine ýetirmek
babatda ösüş “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça 104,8 göterime,
“Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 111,4 göterime, “Türkmenhowaýollary”
agentligi boýunça 153 göterime barabar boldy.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça
115,8 göterim, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 112,2 göterim ösüş
depgini gazanyldy.
Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly
ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine
ýetirilen işler barada hem aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň dürli
künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumy üçin önümçilik, durmuş maksatly
desgalaryň gurluşygy barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
ulag-kommunikasiýalar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirmek
üçin toplumyň işini döwre görä yzygiderli kämilleşdirip durmagyň möhümdigini
nygtady we agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler
Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň bäş aýynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa
geçirilýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Hasabat döwründe
jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat
pudagynda 3,6 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,1 göterime, hyzmatlar ulgamynda
7,9 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda 7,8 göterime, oba
hojalyk pudagynda bolsa 5,4 göterime deň boldy. Şeýle hem hasabat döwründe
ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda
açylyp ulanmaga berildi.
Döwlet Baştutanymyz 12-nji iýunda ýurdumyzda
Ylymlar gününiň giňden bellenilip geçiljekdigine ünsi çekdi. Garaşsyz
ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Raýatlarymyzyň
ylym-bilim bilen meşgullanmagy we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp
goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär diýip, hormatly Prezidentimiz
belledi we mejlise gatnaşyjylary hem-de mähriban halkymyzy Ylymlar güni bilen
tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.