Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!
Sizi
sagdynlygyň we ruhubelentligiň halkara baýramy - Bütindünýä welosiped güni
bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bütindünýä welosiped güni dostlugyň,
parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini
dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan
baýram hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şonuň üçin dünýä
bileleşigi bilen birlikde, eziz Diýarymyzda hem bu sene ýokary ruhubelentlikde,
giňden bellenilýär.
Hormatly
Arkadagymyzyň esaslandyran bitewi, dowamly hem-de strategik döwlet syýasaty
esasynda, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni»
diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnamanyň, şeýle hem 2022-nji ýylyň 15-nji
martynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi
jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň, ýaňy-ýakynda bolsa
Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň
Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde paýtagtymyzy «Arkalaşygyň täze
sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdiň
biragyzdan kabul edilmegi, Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan Aşgabat
şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa
sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi hem-de degişli
güwänamanyň gowşurylmagy ýurdumyzyň sport başlangyçlarynyň, adam saglygyny
goramak babatdaky ýörelgeleriniň dünýä bileleşiginde uly ykrarnama eýe
bolýandygyna şaýatlyk edýär.
Biz raýatlarymyzyň saglygyny goramagyň milli
ulgamynyň çäklerinde ýaş nesillerimiziň sagdyn ösmegi üçin peýdaly gurşawy
döretmekden, dogry iýmitlenmekden başlap, sport bilen giňden meşgullanmak we
ekologik abadançylygy üpjün etmek ýaly wezipelere aýratyn üns berýäris.
Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ýaramaz endiklerden daşda
durmagy, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyrmagy, sportuň dürli, şol sanda
hereketli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli tagallalary edýäris.
Eziz watandaşlar!
«Döwlet
adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen
döwletdir!» diýen ýörelgelerimize laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli
pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynda giň
möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys. Halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş
derejesini üpjün etmek, döwrebap obadyr şäherçeleri, täze senagat toplumlaryny
döretmek bilen, döwletimiziň dünýädäki ornuny yzygiderli berkidýäris. Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni,
Olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli
maksatnamalarymyzy, toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris.
Gysga
döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de
atçylyk sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi
gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Çünki bedenterbiýäni we sporty
dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak
arkaly raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn bedenli we ruhy taýdan kämil
nesilleri ýetişdirmek, ýokary derejeli sporty, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy
ösdürmek ynsanperwer döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Bedenterbiýe we sport döredijilik başlangyçlaryny, maksada okgunlylygy
höweslendirýän sagdynlygyň hem güýjüň esasy çeşmesidir.
Welosiped
sürmek sportuň gyzykly görnüşi bolup, ilatymyzyň beden taýdan sagdynlygyny
berkitmekde esasy orny eýeleýär. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň
artykmaçlyklaryna hem-de ekologik abadançylyga ýetirilýän täsire mynasyp baha
berip, onuň bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Çünki dürli ýaşdaky
raýatlarymyzyň, hususan-da, ýaş nesillerimiziň saglygy üçin bedenterbiýe we
sport bilen meşgullanmak döwrüň möhüm talabydyr. Şu nukdaýnazardan, welosiped
sportuny has-da işjeň ösdürmek maksady bilen, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda
2024-nji ýylyň 31-nji maýy -
3-nji iýuny aralygynda ilkinji gezek Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli
awtomobil ýolunyň Mary - Tejen - Aşgabat bölegi boýunça uzak aralyga
welosipedli ýörişiň guralmagy uly ähmiýete eýedir.
Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!
Sizi
Bütindünýä welosiped güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň gülläp
ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, bu
ajaýyp halkara baýram sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan Garaşsyz,
hemişelik Bitarap ýurdumyzy şan-şöhrata beslesin, merdana halkymyzyň durmuşyna
gaýtalanmajak öwüşgin çaýsyn!
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.