Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler
girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş
edip, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan kanunçylyk işi
barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň medeni
mirasy we raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek boýunça kanun taslamalaryny
işläp taýýarlamak, birnäçe kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek
babatda ýerine ýetirilýän işler hakynda aýdyldy.
Parlamentara gatnaşyklary, halkara guramalar
bilen özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işlere üns
çekildi. Hususan-da, Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we
Doly ygtyýarly ilçisi, Hytaý Halk Respublikasynyň Şençžen şäheriniň Halk
wekilleriniň ýygnagynyň hemişelik komitetiniň başlygynyň orunbasarynyň
ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Mejlisiň deputatlary
Bişkek şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ykdysady,
sanly we ekologik innowasiýalar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmekde zenanlaryň
orny hem-de olaryň hukuk kepillikleri baradaky meselelere bagyşlanyp geçirilen
maslahatyna gatnaşdylar. Şunuň bilen bir hatarda, Mejlisiň wekilleri BMG-niň
Türkmenistandaky wekilhanasynyň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýurdumyzyň
degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran maslahatlaryna, döwlet
syýasatyny hem-de dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek, kabul
edilýän kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmek boýunça dürli çärelere gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi. Şunuň bilen birlikde, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek bilen
bagly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işleri alyp barmagyň
wajypdygyna üns çekildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda 2025-nji ýyl üçin
Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň
hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Döwlet býujetini düzmek üçin
ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler tarapyndan
berilmäge degişli hasabatlary hem-de maglumatlary taýýarlamagyň tertibi we
möhletleri kesgitlenildi. Geljek ýylyň Döwlet býujeti, maliýe-ykdysady
görkezijileri düzülende, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde
tutulan möhüm wezipelerden ugur alnar. Indiki ýylda ýurdumyzyň makroykdysady
ýagdaýyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmegi dowam
etdirmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini önümçilikleriň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna
gönükdirmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek hem-de ilatymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksat edinilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Döwlet býujetiniň esasy maliýe resminamasy bolup
durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz geljek ýylda-da ýurdumyzda ýerine
ýetirilmeli işleri guramaçylykly alyp barmak maksady bilen, «Türkmenistanyň
2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda» Karara gol çekdi we ony
sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän
ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni
tarapyndan gaz känlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
“Galkynyş”
gaz känini özleşdirmek boýunça işleriň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni
tarapyndan birnäçe guýularda, şol sanda guýulary özleşdirmek bilen bagly
dolandyryş ulgamyny degişli enjamlar bilen üpjün etmek boýunça anyk çäreler
görülýär. Bu desgalaryň zerur maddy-tehniki serişdeler bilen bökdençsiz üpjün
edilmegi olarda önümçilik işlerini alyp barmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga
ýardam berýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, içerki we daşary ýurtly sarp edijileri tebigy
gaz bilen ygtybarly üpjün etmek üçin ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylýan
möçberini artdyrmagyň wajyp bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz täze gaz guýularyny burawlamak we olary önümçilige doly
birikdirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew Daşky gurşawy goramagyň
bütindünýä güni mynasybetli geçiriljek ylmy-amaly maslahata görülýän taýýarlyk
barada hasabat berdi. 5-nji iýunda “Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň
mekany” ady bilen geçiriljek maslahata oba hojalyk toplumynyň degişli
ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, halkara we
sebit guramalarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň,
alymlaryň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplaryň gatnaşmaklary
göz öňünde tutulýar. Foruma sanly ulgam arkaly daşary ýurtly gatnaşyjylar hem
goşularlar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Daşky gurşawy goramagyň
bütindünýä güni mynasybetli geçiriljek ylmy-amaly maslahatyň ýokary derejesini
üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra
wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hem hasabat berdi. Häzirki wagtda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny
gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen, galla oragyna girişmäge
taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyza galla oragyna girişmegiň senesini belläp, bu
möhüm çärelere ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, galla oragyna köpçülikleýin girişmek we möwsümi
talabalaýyk geçirmek üçin guramaçylyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bu
babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly
Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň
giň gerimde ösdürilýändigini nygtady hem-de ýerden bol hasyl almak üçin
daýhanlarymyza zerur şertleriň döredilýändigine, olaryň ýokary hilli tohum,
mineral dökünler, himiki serişdeler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary, suw
bilen doly üpjün edilýändigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl hem
welaýatlarda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini belläp,
ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 7-nji iýunda, Balkan we Daşoguz
welaýatlarynda bolsa 14-nji iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi hem-de
hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş
etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba
hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow elektroenergetika pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde
ýurdumyzda täze gaz turbinaly we utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik
stansiýalary, transformator beketleri, elektrik geçirijiler gurulýar, hereket
edýänleriniň durky täzelenilýär. Bu desgalaryň kadaly işledilmegini üpjün etmek
hem-de zerur bolan abatlaýyş işlerini geçirmek maksady bilen, hormatly
Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, elektrik energiýasyny sarp edijileri ygtybarly we
bökdençsiz üpjün etmek üçin elektrik stansiýalarynyň, beketleriň, elektrik
geçirijileriň kadaly işledilmeginiň zerur bolup durýandygyny belledi. Şunuň
bilen baglylykda, elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
berkitmek baradaky teklibi goldap, hormatly Prezidentimiz wise-premýere anyk
tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, eksportyň
möçberini we ugurlaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini döwrüň talaplaryna
laýyklykda kämilleşdirmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşarky bazarlara
ýerlemek, eksport edilýän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň nyrhlaryna
gözegçilik etmek, önüm öndürijilerimiziň eksport mümkinçiliklerine ýardam
bermek maksady bilen, bu ulgamyň işine öňdebaryjy tehnologiýalary we sanly
ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz eksport we import edilýän harytlaryň nyrhlaryna gözegçiligi amala
aşyrmagyň zerurdygyny nygtap, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna
maglumat hyzmatlaryny ýerine ýetirmek baradaky teklibi goldady hem-de bu
babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň
degişli Kararyna laýyklykda, Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk
işleri barada hasabat berdi.
Şu
ýyl bu çäräni türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen bina edilen
Arkadag şäherinde guramak meýilleşdirilýär.
Nygtalyşy
ýaly, häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz
tagallalary esasynda medeniýetimizi ösdürmek, milli mirasymyzy gorap saklamak,
halkara derejede giňden wagyz etmek üçin ähli zerur şertler we mümkinçilikler
döredilýär. Wise-premýer Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde dürli çäreleriň
guraljakdygyny aýdyp, onuň meýilnamasynyň taslamasyny hormatly Prezidentimiziň
garamagyna hödürledi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Medeniýet we sungat
işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlap, Medeniýet
hepdeligini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy. Bu döwürde Gündogaryň beýik
akyldary we nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere
aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.
Şeýle-de wise-premýere medeniýetimizi ösdürmek, milli mirasymyzy gorap saklamak
hem-de halkara derejede giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmek babatda görkezmeler berildi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Türkmenistanyň ýaşlarynyň
arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň
hemmetaraplaýyn goldaw bermegi esasynda ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant
goşýan ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertler döredilýär. Her
ýyl Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ylmyň hem tehnikanyň
ileri tutulýan ugurlary boýunça Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler
boýunça däp bolan bäsleşik geçirilýär. Şu ýyl bu abraýly ylmy bäsleşige
ýaşlaryň 1670-si gatnaşyp, olaryň 107-si ýeňijiler diýlip yglan edildi. Şunuň
bilen baglylykda, ýaş alymlara gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagynyň
meýilleşdirilýändigi habar berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Watanymyzyň ösüşine
mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň esasy wezipeleriň
biri bolup durýandygyny nygtady. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
ýylynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda alty ugur boýunça ylmy bäsleşigiň
geçirilmeginiň möhümdigini aýdyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bäsleşigiň
ýeňijilerini sylaglamak baradaky teklibi makullady.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet
Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň 26-27-nji maýda
Gazagystan Respublikasyna amala aşyran gulluk iş saparynyň netijeleri barada
hasabat berdi.
Goňşy
ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Watanymyzyň daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Saparyň dowamynda
türkmen wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, BMG-niň we beýleki
halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň
netijeli häsiýeti bellenildi. Şunda ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň
türkmen-gazak hyzmatdaşlygynda kesgitleýji orun eýeleýändigi nygtaldy.
Ýurtlarymyzyň söwda-ykdysady, energetika, ulag ulgamlarynda netijeli
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly kuwwata eýedigi bellenildi.
Hususy pudagyň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçinem giň
mümkinçilikler bar. Ynsanperwer ulgam hem möhüm ugur bolup durýar. Bu babatda
bilim we medeniýet ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunuň bilen
baglylykda, Astana şäherinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň
ýadygärligini oturtmak boýunça işleriň alnyp barylýandygy, Aşgabatda bolsa
meşhur gazak kompozitory Kurmangazynyň heýkeliniň oturdylandygy bellenildi.
Munuň özi halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlygyň aýdyň nyşanydyr.
Şeýle
hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygyň dowamynda sebit we
halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, Astanada Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary
işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onuň dowamynda
döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy, sebit
meselelerine aýratyn üns berildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň
nobatdaky konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görmegiň meselelerine seredildi.
Araly
halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ugurlary ara
alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda Gazagystan Respublikasy bu gaznada
başlyklyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Aral gaznasynyň işini
mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlar barada maglumat
berip, birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi. Hazar deňziniň meseleleri boýunça hem
gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. BMG-niň we beýleki halkara düzümleriň
çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi. Türkmenistan hem-de
Gazagystan bu guramalaryň çäklerinde birek-birege goldaw berýärler.
Geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky
dialogy yzygiderli işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Saparyň çäklerinde
Gazagystan Respublikasynyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmos senagaty
ministrliginde Türkmenistanyň wekiliýeti üçin Sanly hökümet edarasynyň işi
barada tanyşdyrylyş çäresi guraldy. Şeýle hem sanlylaşdyrmak ulgamynda
hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň meselelerine seredildi. Astanada
geçirilen duşuşyklardyr gepleşikleriň netijeleri boýunça köpugurly
türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hakynda
ylalaşyklar gazanyldy.
Hasabatynyň
dowamynda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy
boýunça 28 — 30-njy maý aralygynda Italiýa Respublikasyna amala aşyrylan iş
saparynyň netijeleri barada-da habar berdi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu
sapary daşary işler ministrleriniň “Merkezi Aziýa — Italiýa” formatyndaky
duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen guraldy.
Duşuşygyň
öňüsyrasynda, 29-njy maýda Rim şäherinde “Energiýa geçişi we ählumumy
wehimler”, “Ulag” hem-de “Ýokary bilim we bilim torlary” atly üç sany
mowzuklaýyn mejlis geçirildi. Soňra Italiýanyň Daşary işler ministrliginde
daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň giňişleýin düzümdäki duşuşygy
boldy. Onuň dowamynda howpsuzlyk, energetika, ykdysadyýet, suw, ekologiýa,
howanyň üýtgemegi, ulag, bilim ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga degişli meseleler
ara alyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň geljegi nazara almak bilen, bu
ulgamlarda netijeli döwletara we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge
gönükdirilen başlangyçlary hem-de teklipleri beýan edildi.
Italýan
tarapy “Merkezi Aziýa — Italiýa” formatynda bilelikde netijeli işlemek üçin
utgaşdyryjy mehanizmi döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Şunuň bilen
baglylykda, türkmen tarapy bu formata gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat
edaralarynda jogapkär wekilleri bellemegi hem-de gazanylan ylalaşyklary durmuşa
geçirmek boýunça anyk çäreleri özünde jemleýän orta möhletli meýilnamany
taýýarlamagy teklip etdi. Duşuşygyň ahyrynda öňdebaryjy italýan
kompaniýalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda
işewürlik kabul edişligi guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, dostlukly döwletler bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn we
köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gatnaşyklaryň ugurlaryny giňeltmek,
netijeliligini artdyrmak boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň tomus möwsüminde
gözegçilik edýän düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça görülýän
çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmendemirýollary”
agentligi tarapyndan ýolagçylara ýokary hilli we medeniýetli hyzmat etmek üçin
degişli işler geçirilýär. “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan Aşgabat —
Awaza — Aşgabat ugry boýunça hem-de “Bagabat”, “Arçman”, “Mollagara”, “Farap”,
“Baýramaly” şypahanalaryna yzygiderli awtobus gatnawy, şeýle-de
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Halkara howa menzilleri ýerüsti tehnikalar we
awtoulaglar bilen doly üpjün edilip, Mary — Türkmenbaşy — Mary, Türkmenabat —
Türkmenbaşy — Türkmenabat ugurlary boýunça täze howa gatnawlary ýola goýuldy.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalara degişli
gämileriň we tehnikalaryň möwsümleýin tehniki ýagdaýyna zerur taýýarlyk işleri
geçirildi. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan hem ilaty ýokary hilli
aragatnaşyk hyzmatlary bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin degişli işler
geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, tomus
möwsüminde ulaglaryň ähli görnüşiniň talabalaýyk işlemegini üpjün etmegiň,
raýatlarymyzyň şypahanalara we sagaldyş merkezlerine barmagy üçin ulag
gatnawlarynyň sanyny artdyrmagyň, ulaglaryň kadaly işlemegini talabalaýyk ýola
goýmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysyna
degişli tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň
mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, ertir ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara
gününiň döwlet derejesinde bellenilip geçiljekdigini belledi. Biz ýaş
nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, ylymly-bilimli adamlar bolup
ýetişmekleri üçin zerur mümkinçilikleri döredýäris. Ýurdumyzyň ähli künjeginde
döwrebap çagalar baglaryny, mekdepleri, bedenterbiýe-sagaldyş, dynç alyş
toplumlaryny gurup ulanmaga berýäris diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz
aýtdy. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň geljekde-de giň gerim bilen dowam
etdiriljekdigini nygtap, hormatly Prezidentimiz hemmeleri Çagalary goramagyň
halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda
oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy bu şanly
sene bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da
birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisini jemläp,
oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.