Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba
hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen
bagly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi.
Ol
welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda ýekelemek, otag etmek, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan
netijeli peýdalanylýar. Welaýatda galla oragyna başlamaga, möwsümi
guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görüldi. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda
ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap
almak boýunça işler geçirilýär. Hasabatyň dowamynda häkim welaýatyň pileçi
kärendeçileriniň pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli
ýerine ýetirendiklerini habar berdi.
Şeýle-de
welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk guramak, Çagalary
goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek
medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler,
Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň möhüm ähmiýetini belledi hem-de gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň
talabalaýyk alnyp barylmagyny, galla oragy möwsüminiň ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle
hem Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň
ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda görkezmeler berildi.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin
oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri
ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine
aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda welaýatda galla oragy möwsümine girişmäge,
ony guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiziň
ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän
tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatda ýeralma, beýleki gök-bakja ekinlerine
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Pile tabşyrmak
boýunça meýilnamany üstünlikli berjaý etmek ugrunda zerur çäreler görülýär.
Mundan başga-da, häkim welaýatda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş
möwsümine, Çagalary goramagyň halkara gününe, Bütindünýä welosiped gününe
taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky
hem-de binalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk
meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň, hususan-da, gowaça
meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli ýerine
ýetirilmegini, galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün
etmegi häkime tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy
häkime tabşyrdy.
Sanly
ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi
S.Soltanmyradowyň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky
hasabaty bilen dowam etdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri ýerine ýetirilýär. Bu işlerde
oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär.
Welaýatda
galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz
ýygnap almak üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Ýurdumyzda öndürilýän
ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň möçberini artdyrmak babatda öňde
goýlan wezipelerden ugur alnyp, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda bu ekinlere
ideg etmek, suw tutmak işleri geçirilýär. Welaýatyň ýüpekçi kärendeçileri
tarapyndan döwlet harmanyna pile tabşyrmak işine girişildi. Mundan başga-da,
häkim welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine, Çagalary goramagyň
halkara güni, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek
medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda galla oragynyň guramaçylykly
geçirilmegini, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkime tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge
gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli amala
aşyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, bu ugurdaky işleri
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatyň gowaça meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan
meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu ugurda
peýdalanylýan oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ýetişdirilen
bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak, galla oragyny guramaçylykly
geçirmek maksady bilen, zerur taýýarlyk işleri geçirildi. Welaýatyň ekerançylyk
meýdanlarynda ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinlerine agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg işlerini geçirmek bilen birlikde, irki ýetişdirilen
ýazlyk ýeralmanyň hasylyny ýygnamak işi utgaşykly dowam edýär. Sebitde ýygnalan
pile hasylyny pile kabul ediş bölümlerinde talabalaýyk saklamak boýunça degişli
işler alnyp barylýar.
Şeýle
hem häkim welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine, Çagalary goramagyň
halkara güni, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek
medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragynyň
guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmeginiň, welaýatyň
gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň
möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de
döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitiň gowaça meýdanlarynda ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Bu işlerde oba
hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatda galla oragyna
girişmäge we bu möwsümi guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär. Ýazlyk
ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek,
ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri geçirilýär. Hasabatyň dowamynda häkim
welaýatyň ýüpekçi kärendeçileriniň 2024-nji ýylda döwlet harmanyna pile
tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine
ýetirendiklerini habar berdi. Mundan başga-da, welaýatda mekdep okuwçylarynyň
tomusky dynç alyş möwsümine, Çagalary goramagyň halkara gününe, Bütindünýä
welosiped gününe taýýarlyk görlüşi, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň,
şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin
Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi
göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine möhüm
ähmiýet berilmelidigini belledi we gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, galla oragyna
guramaçylykly taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Mundan
başga-da, hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň
hemaýat-goldawlary netijesinde pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan gowaça
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, hatarara bejergi,
ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny
tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan
netijeli peýdalanylýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda galla oragy
möwsümini guramaçylykly geçirmek, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz
wagtynda ýygnap almak üçin taýýarlyk görülýär. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja
ekinleriniň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek, bu önümler bilen ilaty bolelin
üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda ýazlyk ekinlere ideg etmek,
ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Welaýatlarda ýüpek
gurçugyna ideg etmek, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak, pile tabşyrmak
baradaky bellenilen meýilnamany üstünlikli berjaý etmek boýunça degişli işler
geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi
we galla oragy möwsümine guramaçylykly girişilmegini, gowaça meýdanlaryndaky
ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, talabalaýyk alnyp
barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz
iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm
ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekip, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk
ýerine ýetirilmegini, ekerançylyk meýdanlarynda zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň
öňüni almak boýunça degişli işleriň geçirilmegini tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly
geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine
ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.