Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly
ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna
degişli birnäçe meseleler girizildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny
kämilleşdirmek, milli parlament tarapyndan alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk
barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň
düzgünlerine we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Raýat
kodeksiniň täze beýanynyň, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda”
Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe
kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ýerine ýetirilýän işler
barada habar berildi.
Parlamentara
gatnaşyklary hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin durmuşa
geçirilýän işler, hususan-da, Hytaý Halk Respublikasynyň Halk syýasy
konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasarynyň
ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda parlamentler
derejesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň
meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygy barada aýdyldy. Mejlisiň wekilleri
Özbegistanyň Samarkant şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynda zenanlaryň
hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meselelerine bagyşlanyp geçirilen
Aziýa zenanlar forumyna hem-de Indoneziýa Respublikasynda X suw forumynyň
çäklerinde geçirilen halkara parlament duşuşygyna gatnaşdylar. Şeýle hem
deputatlar Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, Magtymguly
Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň aramgählerine zyýarat etdiler.
Ýurdumyzyň
Mejlisi, Halk Maslahaty tarapyndan beýleki degişli döwlet edaralary,
jemgyýetçilik birleşmeleri bilen bilelikde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy” ýyly: Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy — kämil hukuk
ulgamynyň we täze eýýamyň belent maksatlaryny durmuşa geçirmegiň mizemez
esaslary” atly ylmy-amaly maslahat guraldy. Mejlisiň deputatlary döwlet
syýasatynyň esasy maksatlaryny we wezipelerini halk köpçüligine düşündirmek
maksady bilen guralýan dürli çärelere gatnaşýarlar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmegi
dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi we milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de
berkitmäge, halkymyzyň durmuş derejesini gowulandyrmaga itergi berjek täze
kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça netijeli işleriň
geçirilmelidigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow dünýäniň esasy reýting
agentlikleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala
aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda Döwlet
ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalardan
halkara reýtingleri almak boýunça işleri geçirmek göz öňünde tutulandyr. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer “Fitсh
Ratings” agentliginden gelip gowşan degişli teklibi döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
halkara we daşary ýurt maliýe guramalary hem-de agentlikleri bilen
hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmelidigini belledi hem-de milli
ätiýaçlandyryş ulgamynyň halkara maliýe abraýyny ýokarlandyrmak, daşary
ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin degişli işleriň geçirilmelidigini aýdyp,
wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet
konserniniň önümçilik desgalarynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasynda
göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Degişli
meýilnamada kesgitlenen esasy wezipelere laýyklykda, tehnologik enjamlary abat
ýagdaýda saklamak, nebit geçirijileriň durkuny täzelemek, çykarylýan «gara
altyny» ygtybarly akdyrmak, ýurdumyzyň käbir gaz gysyjy beketlerinde, nebiti
gaýtadan işleýän desgalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek, durkuny
täzelemek hem-de täzelerini gurmak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň
bilen birlikde, ugurdaş düzümleri tehniki enjamlar bilen üpjün etmek boýunça
işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky
önümçilik desgalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagyň zerurdygyny
belledi. Şeýle-de wise-premýere nebiti gaýtadan işleýän desgalaryň tehniki
ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklamak, zerur bolan ýagdaýynda, olarda
abatlaýyş işleriniň geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, hatarara
bejergi işlerini geçirmek, otag we ýekelemek, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri
tamamlaýjy tapgyrda barýar, hasyly öz wagtynda ýygnap almak boýunça degişli
taýýarlyk işleri geçirilýär. Ilatymyzy ýurdumyzda ýetişdirilen ýeralma,
gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda ýazlyk
ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär.
Bellenilen meýilnama laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda ýüpek gurçugyna ideg
etmek, pile hasylyny ýygnap alyp, Watan harmanyna tabşyrmak boýunça işler
geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw
ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak
ugrunda ähli tagallalar edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça meýdanlarynda alnyp
barylýan ideg işleriniň berk gözegçilikde saklanylmagy, hatarara bejergi, otag,
ýekelemek we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehnikanyň
talaplaryna laýyklykda geçirilmegi babatda tabşyryklary berdi. Döwlet
Baştutanymyz galla oragyny guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görülmeginiň
zerurdygyna ünsi çekip, ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak
boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini
gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow döwlet
Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, häzirki wagtda beýleki pudaklar bilen
bir hatarda, gurluşyk toplumynda alnyp barylýan düýpli özgertmeler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, toplumyň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen,
ýurdumyzda dowam edýän gurluşyk-gurnama, durkuny täzelemek we düýpli abatlamak
işleriniň bahalaryny döwrüň talabyna laýyklykda işläp düzmek möhüm wezipeleriň
biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, gurluşykda milli çykdajy-ölçeg
binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek
boýunça 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda we ony ýerine
ýetirmegiň Meýilnamasynda göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek babatda
görülýän çäreler hakynda habar berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gurluşyk pudagyndaky düýpli
özgertmeleri dowam etdirmelidigini, gurluşykda alnyp barylýan işlere ylmy
esasda çemeleşmelidigini, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige giňden
ornaşdyrmalydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gurluşyk işleriniň
bahalaryny döwrüň talabyna laýyklykda işläp düzmegiň esasy wezipeleriň
biridigini aýdyp, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 4-5-nji iýunynda Türkmen-awstriýa bilelikdäki
toparynyň 12-nji mejlisini hem-de onuň çäklerinde işewürler duşuşygyny geçirmek
boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Mejlisiň gün
tertibine laýyklykda, senagatda innowasion tehnologiýalar, energetika,
energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, ekologik taslamalar we galyndylaryň
dolandyrylyşy, gurluşyk hem-de ulag infrastrukturasy, hyzmatlar ulgamy, saglygy
goraýyş, derman senagaty, oba hojalygy we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek
ýaly ugurlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini
ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de bilelikdäki resminamalara
gol çekiler. Işewürler duşuşygynyň dowamynda Awstriýanyň enjamlary öndürýän
kompaniýalarynyň işläp taýýarlamalary bilen tanyşmak, birnäçe ulgamlarda
hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, özara
bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek,
dünýäniň ösen döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça
alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz
daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny barha giňeltmegiň zerurdygy barada
aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň iýun aýynda geçiriljek
esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga
berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, geljek aýda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni,
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat
işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, Gurban baýramy
mynasybetli dürli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda,
2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan
edilmeginiň şanyna dürli çäreleri, halkara ylmy-amaly maslahatlary, sergileri,
aýdym-sazly dabaralary geçirmek, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň
jemini jemlemek göz öňünde tutulýar. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň we
ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreler, döredijilik, zehin
bäsleşikleri, sport ýaryşlary guralar. 1-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň howandarlyk etmeginde yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň
bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň jemlerini jemlemek we
ýeňijilere baýraklary gowşurmak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle
hem iýun aýynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda çagalaryň tennis
festiwaly geçiriler.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän
baýramlar we şanly seneler bilen bagly iýun aýynda geçiriljek esasy çärelere
ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyryp, ulanmaga berilýän medeni-durmuş
maksatly binalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigine
ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Çagalary goramagyň
halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä
güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly
Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin zerur işleri
alyp barmagy wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Bütindünýä welosiped güni
mynasybetli geçiriljek bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerine taýýarlyk
görlüşi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, 3-nji iýunda
paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramagyň göz öňünde
tutulýandygy hakynda aýdyldy. Şeýle hem bu sene mynasybetli 31-nji maý — 3-nji
iýun aralygynda ýurdumyzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň
gatnaşmagynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat
böleginiň ugry bilen uzynlygy 335 kilometr aralyga dört tapgyrdan ybarat bolan
welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Olimpiýa
şäherçesiniň “Welotrek” sport toplumynda 27-nji maý — 3-nji iýun aralygynda
“Siz bilen sportda gadamlar batly,//Ak geljege ýörelgämiz, Arkadag!” atly
welotrek boýunça Türkmenistanyň birinjiligini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bütindünýä welosiped gününi giňden hem-de
dabaraly belläp geçmek üçin gowy taýýarlyk görülmelidigini, bu baýram
mynasybetli paýtagtymyzda, welaýatlarda bedenterbiýe-sport çäreleriniň
talabalaýyk geçirilmelidigini wise-premýere tabşyrdy.
Soňra
wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanda
umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň
2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň işlenip taýýarlanylan taslamasy barada
hasabat berdi.
Bu
resminamada çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini
hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmäge, bilimli, ylymly, watansöýüji şahsyýetleri
kemala getirmäge, okatmagyň hilini, bilimiň mazmunyny halkara ülňülere laýyk
getirmäge, pedagogik işgärleri taýýarlamagyň gerimini giňeldip, mugallymlaryň
hünär bilimlerini çuňlaşdyrmaga, täze tehnologiýalar esasynda okuwyň mazmunyny,
görnüşini kämilleşdirmäge, bilimiň hilini bahalandyrýan halkara maksatnamalaryň
görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmaga gönükdirilen çäreler göz
öňünde tutulýar. Wise-premýer Konsepsiýada bellenilen wezipeleriň durmuşa
geçirilmeginiň okatmagyň usulyýeti boýunça täze okuw-usulyýet toplumlarynyň,
milli programma üpjünçilikleriniň taýýarlanylmagyna, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň
dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmagyna, okatmagyň usulyýetiniň milli
tejribä we halkara bilim standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna
ýardam berjekdigini aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň
taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň umumybilim berýän edaralarynda bilim
bermegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmelidigini belledi
hem-de «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini
kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara
gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu ugurda degişli
görkezmeleri berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklaryny
mundan beýläk-de ösdürmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu
gatnaşyklar döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň
hatarynda çykyş edýär. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Aziýa — Ýuwaş umman
sebitiniň ýurtlarynyň häzirki zaman dünýä syýasatynda eýeleýän ähmiýetli
ornuny, Türkmenistanyň bu ýurtlar bilen Garaşsyzlyk ýyllaryndaky
hyzmatdaşlygynyň baý tejribesini, taryhy gatnaşyklaryny göz öňünde tutup,
taýýarlanan teklipler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
Hytaý Halk Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygynyň
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli
esasda alnyp barylýandygy habar berildi. Şeýle hem geçen ýylyň 29-njy
noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý
hökümetara toparynyň 6-njy mejlisinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek
maksady bilen, 2024-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň
taýýarlanylandygy barada aýdyldy. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy ynsanperwer
ulgamdaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň
ýanwarynda Hytaýa amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda gazanylan
ylalaşyklara laýyklykda, şu ýylyň iýulyndan başlap Hytaýda Türkmenistanyň
Medeniýet ýylyna bagyşlanan çäreleriň toplumyny geçirmegiň
meýilleşdirilýändigini habar berdi. Şunuň bilen birlikde, strategik döwletara
hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, degişli
işler alnyp barylýar, hususan-da, resminamalaryň toplumy işlenip taýýarlanyldy.
Bu ulgamdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin şu ýylyň ikinji ýarymynda
ikitaraplaýyn pudagara geňeşmeleri geçirmek teklip edildi.
Ýaponiýa
bilen hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda depginli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda,
häzirki wagtda Astana şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa”
dialogynyň birinji sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen
Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň duşuşygyny guramak boýunça işleriň alnyp
barylýandygy habar berildi. Şunuň bilen birlikde, hyzmatdaşlygyň dürli
ulgamlaryny gurşap alýan we gol çekilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn
resminamalar barada aýdyldy.
Wise-premýer,
DIM-niň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasy bilen döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň
meseleleri barada aýdyp, soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli
häsiýete eýe bolandygyny, hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny
belledi.
Şeýle-de
ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolan Malaýziýa bilen özara gatnaşyklar
barada aýdylyp, döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe
teklipler beýan edildi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan 2022-nji ýylda “Merkezi
Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Bu
başlangyjy iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, şu ýylyň ikinji ýarymynda
Türkmenistanda halkara duşuşygy ýa-da maslahaty geçirmek teklip edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen diplomatik
gatnaşyklary saklaýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş
umman sebitiniň ýurtlary bilen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer
ulgamlarda hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, bu
sebitiň döwletleri bilen gatnaşyklaryň ugurlaryny giňeltmegiň zerurdygyna üns
çekildi. Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri goldap, ýokary derejede
geçiriljek gepleşiklere, saparlara, dürli görnüşdäki duşuşyklara ünsi çekdi
hem-de wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary
guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş
direktory M.Çakyýew ulag we kommunikasiýalar pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk
binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kosmos pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek,
hemra aragatnaşygynyň täze hyzmatlaryny döretmek, milli ykdysadyýetimiziň
ösüşine goşant goşmak maksady bilen, Kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň
konseptual esaslarynyň taslamasyny işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär. Bu
resminamanyň esasy wezipeleri ýurdumyzda kosmos pudagy babatda alnyp barylýan
işleri döwrüň talabyna laýyklykda dowam etdirmekden we täze tehnologiýalary
ornaşdyrmakdan, “TürkmenÄlem52oE” milli aragatnaşyk hemrasynyň
hyzmatlarynyň gerimini giňeltmekden, ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň
obýektlerini döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, sanly ulgamy ösdürmek üçin hemra aragatnaşygynyň
mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň ulag
we kommunikasiýa pudagynyň hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk ösdürmegi
dowam etdirmelidigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz agentligiň ýolbaşçysyna bu
ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara
hem-de ähli türkmenistanlylara ýüzlenip: “Biz şu gün Aşgabat şäheriniň gününi,
şeýle hem «Soňky jaň» dabarasyny geçirýäris. Ertir bolsa Türkmen halysynyň
baýramyny dabaraly ýagdaýda belläp geçeris” diýip belledi we Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň dünýä meşhur halyçylyk sungatynyň
ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Bu ajaýyp sungaty dünýä ýaýmak,
halylaryň gadymy asyl nusgalaryny gorap saklamak we dikeltmek, täze
görnüşlerini döretmek üçin möhüm şertler üpjün edilýär. Biz geljekde-de
halyçylyk sungatyny ösdürmäge döwlet derejesinde uly üns bereris diýip,
hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda Hökümet
agzalaryny hem-de mähriban halkymyzy Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň
baýramy bilen, şeýle hem «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra mejlise gatnaşyjylar hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly
seneler bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür,
il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da
birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisini jemläp,
oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.