Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp
barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp
barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda pagtanyň öndürilýän möçberini
artdyrmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda
welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri
alnyp barylýar. Gowaça ideg etmekde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryndan
netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň bugdaý meýdanlarynda degişli ideg işleri
dowam edýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary we
beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak işleri tamamlaýjy
tapgyrda barýar. Tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnap almak, daşamak hem-de
talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýetişdirilen piläni
ýygnamak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler dowam edýär. Şeýle hem
häkim welaýatda “Soňky jaň” dabaralaryny geçirmäge taýýarlyk görlüşi, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragy möwsümini
ýokary guramaçylykly geçirmek üçin talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň, gowaça
meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek
arkaly ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda häkime anyk
görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, sebitiň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek,
otag, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Bu işlerde
ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanmak üçin
zerur çäreler görülýär.
Welaýatyň
bugdaý meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär. Galla oragy möwsümini
ýokary hilli geçirmek, ýetişdirilen tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnap almak,
talabalaýyk saklamak üçin üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatda
pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär.
Mundan başga-da, häkim welaýatda “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek
üçin taýýarlyk görlüşi , «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň,
etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli
maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky hem-de
binalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň — galla
oragynyň ýakynlaşyp gelýändigine ünsi çekdi we oňa talabalaýyk taýýarlyk
görülmeginiň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň ýokary hilli ýerine
ýetirilmeginiň möhümdigini belläp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Sanly
ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi
S.Soltanmyradowyň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky
hasabaty bilen dowam etdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler welaýatyň gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň talaplaryna
laýyklykda hatarara bejergi, otag we ýekelemek işleri alnyp barylýar. Bu
işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns
berilýär. Sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, ideg etmek
işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýetişdirilen bugdaý hasylyny
ýitgisiz ýygnap almak, bökdençsiz daşamak, kabul etmek maksady bilen, däne
ýygýan kombaýnlar, bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglar, galla kabul ediş
kärhanalary möwsüme taýýar edildi. Tohumlyk bugdaý hasylyny talabalaýyk
ýygnamak we saklamak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirildi. Şeýle hem
welaýatda pile öndürmek möwsümi dowam edýär, pileçi kärendeçiler tarapyndan
ýüpek gurçugyna ideg işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim sebitde
“Soňky jaň” dabaralaryna taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragy möwsüminiň ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirilmegini, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki
möhletlerde ýerine ýetirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi we bu
babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin
meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde
hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri bilen bir hatarda, mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek işlerine girişildi. Welaýatyň ähli etraplarynda galla
oragyna taýýarlyk görülýär. Bu işleriň çäklerinde möwsümde işlediljek däne
ýygýan kombaýnlary, ýygnalan hasyly daşamakda ulanyljak ýük awtoulaglaryny
taýýarlamak we gözden geçirmek işleri alnyp barylýar. Tohumlyk bugdaýyň
hasylyny ýygnap almak, kada laýyk saklamak üçin ýöriteleşdirilen galla kabul
ediş kärhanalary möwsüme doly taýýar edildi.
Hasabatyň
dowamynda häkim welaýatyň pileçi kärendeçileriniň döwlet harmanyna pile
tabşyrmak boýunça meýilnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini
habar berdi. Şeýle-de ol 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli
geçirilmegi meýilleşdirilýän “Soňky jaň” dabarasyna taýýarlyk görlüşi,
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragyna ýokary derejede taýýarlyk
görülmeginiň, ekerançylyk meýdanlarynda, hususan-da, gowaça meýdanlarynda alnyp
barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine
ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime
birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň
üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitiň gowaça ekilen
meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan
netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri
tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Galla oragy möwsümini guramaçylykly
geçirmäge taýýarlyk görülýär. Şeýle-de tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnap almak,
daşamak we talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler geçirilýär. Ýetişdirilen
pile hasylyny ýygnap almak, döwlet harmanyna tabşyrmak işleri dowam edýär.
Mundan başga-da, häkim “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli welaýatda geçiriljek
medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy
barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin
agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmelidigini belledi we gowaça
meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp
barylmagyny, galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi
häkime tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň
üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçiliklerinden netijeli
peýdalanýan pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan welaýatlaryň gowaça ekilen
meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan
netijeli peýdalanylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlaýjy
tapgyrda alnyp barylýar. Galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek,
ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak boýunça degişli taýýarlyk
işleri geçirilýär. Bu işleriň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalary,
elewatorlar, bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglar möwsüme doly taýýar edildi.
Şeýle hem tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnamak, daşamak, galla kabul ediş
kärhanalarynda bellenen tertipde kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça
taýýarlyk işleri geçirilýär. Häzirki wagtda welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg
etmek, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna
tabşyrmak boýunça işler guramaçylykly dowam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak,
ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan
wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň
möhümdigini belledi we galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, gowaça
meýdanlaryndaky ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, talabalaýyk
alyp barmak üçin zerur çäreleriň görülmegini wise-premýere tabşyrdy. Döwlet
Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynlaşyp gelýän galla oragy
möwsüminiň wajyp ähmiýetine ünsi çekdi hem-de oňa gatnaşjak ähli düzümleriň
sazlaşykly işini üpjün etmek üçin ýokary derejede taýýarlyk görülmegini
tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri
arzuw etdi.