Şu
gün goşa baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni
mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak
dabaralary geçirildi.
Türkmen
edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna
beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda umumymilli baýramlar
aýratyn giň gerimi bilen tapawutlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen
başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Magtymguly Pyragy Watanymyzyň häzirki döwrüni
gören bolsady, onda ol ýurdumyzyň ösüp-özgerendigine, halkymyzyň bagtyýar
durmuşda ýaşaýandygyna guwanardy. Çünki türkmen halky beýik akyldaryň wasp eden
dogruçyllyk, asyllylyk, watansöýüjilik, goňşulara hormat goýmak,
zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, parahatçylyk söýüjilik taglymlaryna ygrarlylyk
ýaly adamzadyň iň gowy häsiýetlerini asyrlaryň dowamynda aýawly saklap, has-da
ösdürmegi başardy. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk
ýubileýiniň giňden bellenilýän günlerinde onuň Ýer ýüzüniň ähli ýaşaýjylaryny
parahat ýaşaýşa we dost-doganlyga çagyrýan şahyrana şygyrlarynyň dünýäniň
onlarça diline terjime edilip, çapdan çykarylandygyny bellemek gerek.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysyna ýene bir şanly sahypa
ýazyldy — şu ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň
başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly
Kararnama biragyzdan kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň täzeçil
başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar.
Dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän iri halkara çäreler geçirilýär.
Munuň özi Garaşsyz Watanymyza, Konstitusiýamyza we Döwlet baýdagymyza buýsanmak
üçin ýene-de bir esasdyr. Ýurdumyzyň esasy Döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy
Kanunymyz we ýaşyl tugumyz täze taryhy eýýamda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň
hem-de özbaşdaklygynyň mizemez esaslaryny özünde jemläp, halkymyzyň
bitewüligini, jebisligini, parahatçylyk döredijilik, ynsanperwerlik, ýagşylyk
taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
Hormatly
Prezidentimiziň şanly sene mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belleýşi
ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň
hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy
Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky
mukaddes düşünjelerimiz, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen
Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň
hem-de berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar. Jemgyýetimiziň
we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy baradaky konstitusion
ýörelgäni amala aşyrýan syýasatymyzyň, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe
halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarymyzyň
esasyny düzüp, mähriban halkymyza Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp
ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde egsilmez güýç-kuwwat berýär,
jebisligimizi, agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar.
Döwlet
baýdagy Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, şöhratly geçmişimiziň, bagtyýar
döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, abraý-mertebämiziň
synmazlygyny alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, gadymy haly
gölleri, ýarymaý bilen bäş ýyldyz, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk
ýagdaýyny aňladýan zeýtun şahalary şekillendirilen ýaşyl tugumyz mukaddes
Watanymyzyň, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar.
...Irden
Köpetdagyň ajaýyp dag eteginiň gözelligi bilen sazlaşykly utgaşýan Konstitusiýa
binasynyň ýanynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we
hukuk goraýjy edaralaryň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň
Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular,
jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
wekilleri, talyplar, medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary
ýygnandylar. Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilen
halkara maslahata, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy
maslahata gatnaşyjylar, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli
toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw
geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň wekiliýetiniň agzalary bar.
Konstitusiýa
binasynyň ýanynda merdana Watan goragçylary hatara düzüldiler. Hormatly
Prezidentimiziň awtoulagy binanyň öňündäki baýramçylyk öwüşgininde bezelen ýere
gelýär. Hemmeler uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mübärekleýärler.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow haly düşelen ýoda boýunça ýörite ýere
geçýär. Ýodanyň iki tarapynda Watanymyzyň geljegi we daýanjy bolan talyp ýaşlar
hatara durlar. Ýaş nesliň wekilleriniň ellerinde ýurdumyzyň Döwlet baýdagy
buýsançly parlaýar. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Döwlet
Baştutanymyz Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, döwlet esaslarynyň hem-de
demokratik ýörelgeleriniň bitewüligini, halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk
däplerini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna ajaýyp gül çemenini goýdy.
Hormatly
Prezidentimiziň göreldesine eýerip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular,
jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dabara gatnaşyjylaryň ählisi gül
desselerini we çemenlerini goýýarlar.
Ýurdumyzyň
Esasy Kanunynyň hormatyna gurlan bu bina demokratik, hukuk we dünýewi
döwletimiziň berkararlygynyň mizemez esaslaryny özünde jemleýän, kuwwatlylygy,
gülläp ösüşi alamatlandyrýan özboluşly nyşana öwrüldi. Eziz Watanymyzyň
abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli maksatnamalarydyr
taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän merdana halkymyz öz bagtyýar durmuşyny
hem-de ýagty geljegini ynamly gurýar. Pederlerimiziň ruhy mirasymyz baradaky
pikirleri, nesillerine wesýet eden Watany söýmek, oňa wepaly gulluk etmek,
hoşniýetlilik, adalatlylyk ýaly asylly ýörelgeleri ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň
özenini düzýär. Şonuň üçin-de bu gün halkymyz gadymy taryhynyň belentligine
oňat düşünip, Garaşsyz döwletimiziň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününi
bellemek bilen, paýhasly pederlerimiziň ýörelgelerine uly hormat-sarpa goýýar.
Konstitusiýa esasy ýörelgeleri beýan etmek bilen, ol döwletimizde amala
aşyrylýan özgertmeler, durmuşyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşi nazara alnyp
baýlaşdyrylýar we kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde ol düýpli mazmuny,
ykdysady, durmuş, medeni hukuklar baradaky esasy ýörelgeleridir ugurlary özünde
jemleýän üsti ýetirilen resminamadyr.
Konstitusiýa
binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dabaralar Baş baýdak
meýdançasynda dowam etdi. Bu ýerde dünýäde iň belent baýdak sütünleriniň biri
ýerleşýär. 133 metr belentlikde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy buýsançly
parlaýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy Baş baýdak meýdançasyna gelýär.
Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekleýärler.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Hormatly
Prezidentimiz baýdak sütüniniň öňünde ajaýyp gül çemenini goýýar. Soňra döwlet
Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini
goýýarlar.
Halkymyz
öz tuguna hemişe aýawly garapdyr. Mukaddes tugumyz halkymyzyň özbaşdak ösüşe,
syýasy ugra, durmuş-ykdysady nusgasyna bolan hukugyny alamatlandyrýar. Türkmen
topragy okgunly özgerip, gül açýan mekana öwrülýär, obalarymyz, şäherlerimiz
täze keşbe eýe bolup, Watanymyzyň ykdysady kuwwaty pugtalanýar, halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Durmuşyň we döredijiligiň joş urýandygyny
alamatlandyrýan ýaşyl baýdagymyzyň astynda halkymyz agzybir, ruhubelent zähmet
çekip, geljege ynamly garaýar.
Dabara
tamamlanandan soňra, Döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylar bilen mähirli
hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
...Şu
gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli
ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dabaralar geçirildi. Olara belli artistler,
aýdym-saz, tans we folklor toparlary gatnaşdylar. Dabaralarda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň täze
belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy, halkymyzyň
jebisligini, mähriban topragymyzyň gözelligini, Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwatyny wasp edýän aýdymlar
belentden ýaňlandy.