Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli
ugurlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan kanun
çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sanitariýa işi, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty,
tohumçylyk işi bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny
düzgünleşdirýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda
üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, täze kanunlaryň, şol sanda Magtymguly
Pyragynyň medeni mirasyny gorap saklamak baradaky kanunyň taslamasyny işläp
taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, abraýly
halkara guramalar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen netijeli
hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyldy.
Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Wekiller
Palatasynyň agzasynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşygyň
dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri
ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Mejlisiniň
we BAE-niň Federal Milli Geňeşiniň arasyndaky parlamentara dostluk toparynyň
agzalarynyň sanly ulgam arkaly duşuşygy geçirildi.
Mejlisiň
wekilleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen
bilelikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we
kanunçylyk işini kämilleşdirmek boýunça geçiren maslahatlaryna gatnaşdylar,
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň
taryhy ähmiýetini wagyz etmek, milli kanunçylygyň many-mazmunyny halk
köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän çärelere, söhbetdeşliklere,
duşuşyklara, maslahatlara gatnaşýarlar.
Döwlet
Baştutanymyz täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegi hem-de kanunlary
yzygiderli kämilleşdirip durmagy dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň
bilen birlikde, abraýly halkara guramalar we daşary ýurtlaryň parlamentleri
bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň beren
tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, milli ykdysadyýetimiziň innowasion taýdan
ösüşini üpjün etmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, “Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda”
Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ugurdaş düzümler tarapyndan integral
mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly
hereketleriň amala aşyrylmagy üçin alynýan ýygymlary düzgünleşdirmek boýunça işler
alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň intellektual eýeçilik hukuklaryny
goramak ulgamyny halkara tejribä laýyklykda kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň
möhümdigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän
toplumyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna
nebitiň, tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak boýunça degişli işler alnyp
barylýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda “Türkmengaz” döwlet konserni
tarapyndan Lebap we Mary welaýatlarynyň çäginde ýerleşýän meýdançalarda buraw
işleri geçirilýär. Munuň özi tebigy gaza baý bolan meýdançalary ýüze çykarmaga,
onuň çykarylýan möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň goşmaça
möçberiniň çykarylmagyna uly üns berilýändigini belledi we şunuň bilen
baglylykda, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan alnyp barylýan
işleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew welaýatlarda möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň geçirilişi, Döwlet ýer kadastrynyň amala aşyrylyşy barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Galla oragy möwsümine taýýarlyk görülýär, gowaça ekilen meýdanlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Ýurdumyzda
ýer serişdeleriniň rejeli we netijeli peýdalanylyşyna, oba hojalyk ekinleriniň
ekilýän meýdanlaryna gözegçilik etmek maksady bilen, häzirki wagtda Döwlet ýer
kadastryny sanly ulgamyň kömegi bilen alyp barmak boýunça degişli çäreler
görülýär.
Bu
işleriň çäklerinde Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlar binýadyny alyp barmak
boýunça ýörite programma üpjünçiligi taýýarlanyldy. Ýurdumyzda bugdaý ekilen
meýdanlaryň möçberi, olaryň ýerleşýän ýerleri hem-de kärendeçiler we
peýdalanyjylar baradaky maglumatlar bu programma üpjünçiligine doly girizildi.
Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ekilýän gowaça,
gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleri baradaky degişli maglumatlary bu
programma girizmek, şeýle hem ony has-da kämilleşdirmek boýunça degişli işler
alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatlarda möwsümleýin
oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi we
galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz
wagtynda ýygnap almak boýunça zerur işleriň ýola goýulmagyny, gowaça ekilen
meýdanlara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilmegini üpjün etmegi
wise-premýere tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýer
serişdelerini netijeli peýdalanmak maksady bilen, Döwlet ýer kadastryny sanly
ulgamyň kömegi bilen alyp barmak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň
güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni çärelere, hususan-da, bu
şanly senä bagyşlanan “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIII köpugurly halkara sergä
görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
“Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçiriljek halkara sergä 160-dan gowrak ýerli
we daşary ýurtly kompaniýalaryň, kärhanalaryň, hususy telekeçileriň,
işewürleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy
bilen Aşgabat şäheriniň häkimliginiň bilelikde guramagynda her ýyl geçirilýän
bu serginiň maksady ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini, gaýtalanmajak
gözelligini, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet
ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent sepgitlerini giňden açyp
görkezmekden ybaratdyr. Däp bolan bu sergi halkara hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmakda we özara tejribe alyşmakda, türkmen paýtagtynyň şäher
gurluşygy babatda gazananlaryny dünýä ýaýmakda, Aşgabady mundan beýläk-de
ösdürmekde, maýa goýumlary we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmekde, türkmen
telekeçileriniň dünýäniň işewür toparlary bilen gatnaşyklaryny
pugtalandyrmakda, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly ähmiýete eýedir.
Aşgabat
şäheriniň güni mynasybetli täze desgalaryň we binalaryň, şol sanda Bagtyýarlyk
etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny
arassalaýjy desganyň, “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda iki gatly, 136 sany ýaşaýyş
jaýynyň açylyş dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, 24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХIII
köpugurly halkara sergini guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi,
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak medeni çärelere, açylyş
dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi
wise-premýere tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmen halysynyň
baýramy mynasybetli guraljak çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, «Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýylda
sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmegi hakynda»
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Türkmen halyşynaslarynyň
bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa
dünýäniň dürli ýurtlaryndan belli halyşynaslaryň, türkmen halysynyň
muşdaklarynyň, alymlaryň hem-de ussat hünärmenleriň, halyçylyk bilen
meşgullanýan kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.
Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde we
kämilleşdirmekde bitiren hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken
zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, ýurdumyzyň halyçylaryna
“Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly at dakylar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halyçylyk sungatynyň ösdürilmegine we
kämilleşdirilmegine uly üns berilýändigini belledi we wise-premýere Türkmen
halysynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri, haly önümleriniň sergisini,
Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisini ýokary derejede
geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa her ýylyň iýun aýynda
ýurdumyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli
geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýylyň 1-nji iýunynda bu baýram mynasybetli birnäçe çäreleri,
hususan-da, aýdym-sazly medeni çäreleri, bäsleşikleri, usuly-amaly maslahaty
geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Döwlet
sirkinde, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde sirk
tomaşalaryny, Türkmen döwlet gurjak teatrynda bolsa sahna oýunlaryny,
kinokonsert merkezlerinde, “Aşgabat” kinoteatrynda kinofilmleriň we
multfilmleriň görkezilişini guramak, Mukamlar köşgünde ýaşlar simfoniki
orkestriniň, birleşen çagalar horunyň baýramçylyk konsertini geçirmek göz
öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda Çagalary
goramagyň halkara gününiň giňden bellenilýändigini aýtdy we bu sene mynasybetli
dabaralary, medeni çäreleri guramaçylykly geçirmäge talabalaýyk taýýarlyk
görülmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow çagalaryň we ýetginjekleriň
tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri
barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça garamagynda çagalar dynç alyş we sagaldyş
merkezleri bar bolan ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat
şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bu merkezlerde zerur
abatlaýyş işleri geçirildi. 20-nji maýda Bilim ministrliginde çagalaryň we
ýetginjekleriň tomusky dynç alşyny guramak baradaky toparyň mejlisini geçirmek,
onda çagalaryň tomusky dynç alşynyň talabalaýyk guralmagy bilen bagly
meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň
çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini
talabalaýyk guramak üçin zerur şertler döredilýär. Olarda dynç alýan çagalar
üçin milli oýunlar, sport çäreleri, döredijilik bäsleşikleri, tanymal medeniýet
we sungat işgärleri, türgenler, ýaşuly nesliň wekilleri bilen duşuşyklar, sirk
artistleriniň, teatrlaryň döredijilik toparlarynyň çykyşlary, muzeýlere
gezelençler guralar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda
ýaşamagy, gowy dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini belläp,
Gökderede we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlarda hereket edýän
çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde çagalaryň we ýetginjekleriň mynasyp
dynç almagy, wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin tomusky dynç alyş möwsüminiň
guramaçylykly geçirilmegini, ol ýerde dynç alyş-sagaldyş, sport çärelerini,
zehin we döredijilik bäsleşiklerini guramagy wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan
bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň arasyndaky hyzmatdaşlygy
ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Birleşen
Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli
hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan
ugry bolup durýar. Şunda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak,
şol sanda atom energiýasynyň ulanylyşyna gözegçiligi üpjün etmek boýunça
tagallalaryň birleşdirilmegi möhüm ugur bolup çykyş edýär. Garaşsyzlygyň
ilkinji ýyllarynda, ýagny 1994-nji ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Ýadro ýaragyny
ýaýratmazlyk hakynda Ylalaşygyna goşulmagyndan bäri bu agentlik bilen
ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirilip gelinýär. 2005-nji ýylyň 17-nji maýynda
ýurdumyz bilen bu agentligiň arasynda kepillikleri ulanmak hakynda Ylalaşyga
gol çekildi. Munuň özi bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam
berdi.
Türkmenistan
2016-njy ýyldan bäri Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň doly hukukly
agzasy bolup durýar. BMG-niň bu düzümi bilen hyzmatdaşlyk birnäçe ugurlar
boýunça alnyp barylýar. Özara gatnaşyklaryň halkara hukuk binýadyny
pugtalandyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylda ýurdumyz agentligiň ýadro
howpsuzlygy boýunça iki sany Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda tehniki
hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanda agentligiň 4 taslamasy durmuşa
geçirilýär.
Ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, birnäçe teklipler, şol sanda milli
kanunçylygy agentligiň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek, şu ýylyň dowamynda
ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň gatnaşmagynda geňeşmeleri yzygiderli
geçirmek boýunça teklipler taýýarlanyldy. Şeýle-de Türkmenistan bilen Atom energiýasy
boýunça halkara agentligiň arasynda 5 ýyllyk Çarçuwaly hyzmatdaşlyk
maksatnamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly teklip beýan edildi. Saglygy
goraýyş, hususan-da, atom lukmançylygy, suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy,
oba hojalygy ýaly ugurlary gurşap alýan bu resminama Türkmenistanyň we
agentligiň tehniki hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ileri tutulýan ugurlarda täze
milli taslamalary işläp taýýarlamak üçin berk binýat bolup hyzmat eder. Bu
resminamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin şu ýylyň iýunynda ýörite
döredilen toparyň nobatdaky mejlisini geçirmek, agentligiň çäklerinde dünýä
ýurtlary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýadyny
pugtalandyrmak hem-de Türkmenistanyň onuň hereket edýän düzümleriniň 8-siniň
birine saýlanylmagy boýunça çäreleri görmek teklip edilýär.
Şeýle
hem onkologik kesellere garşy göreşmek maksady bilen, lukmançylyk ugry boýunça
özara gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda bellenildi.
Ýurdumyzda bu ugurda maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar, ugurdaş
infrastruktura döwrebaplaşdyrylýar. Agentligiň bu ulgamda öňdebaryjy halkara
gurama bolup durýandygyny hem-de bar bolan oňyn tejribäni nazara almak bilen,
Türkmenistanda bilelikdäki hereketlere syn geçirmek boýunça ImPACT maksatnamasyny
durmuşa geçirmek teklip edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Birleşen
Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň
netijeli hem-de köpugurly häsiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen ýola goýlan
hyzmatdaşlyga ünsi çekip, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri
dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew ýurdumyzyň pudak edaralarynda elektron maglumat alyşmak ulgamyny
ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna
laýyklykda, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen
Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna
ýardam bermek hakynda taslama resminamasyny baglaşdy. Resminama laýyklykda,
pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny döretmek we işe girizmek hem-de
ýurdumyzyň pudak edaralaryny bu ulgama birikdirmek, bu ugurda işlejek
hünärmenleri taýýarlamak, halkara tejribäni öwrenmek boýunça degişli işler
geçirilýär. Bellenilişi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzda
elektron hökümet ulgamyny giňden ornaşdyrmaga, işe girizmäge we onuň sazlaşykly
işlemegini ýola goýmaga, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmäge, e.gov.tm döwlet
hyzmatlary portalynda hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga giň
mümkinçilikler berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we elektron hökümet ulgamyny
ornaşdyrmak, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işleriň
alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzyň pudak edaralarynda pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny
ornaşdyrmak baradaky teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda dabaraly
çäreleriň üstünlikli geçirilýändigini aýtdy. Şu gün biz Gündogaryň meşhur
akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny
göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşarys diýip,
hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz türkmeniň beýik ogly
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly
kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna
öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz
kitabyň ilkinji sanyny Gahryman Arkadagymyza ibermegi makul bilendigini aýdyp,
bu eseriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza
mynasyp sowgat boljakdygyny belledi.
Biz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de
Döwlet baýdagynyň gününi dabaraly belläp geçeris. Bu baýramçylyk Garaşsyz
Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde bize
egsilmez güýç-kuwwat berýär, jebisligimizi we agzybirligimizi has-da
pugtalandyrýar diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy we ýygnananlary
hem-de ähli halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň
güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly
Prezidentimizi hem-de Milli Liderimizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we
Döwlet baýdagynyň güni, beýik şahyryň ýubileýi mynasybetli “Magtymguly” atly
kitabyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür,
il-ýurt bähbitli asylly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini
arzuw etdiler.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da
birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisini jemläp,
oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.