Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp
barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim Ahal
welaýatynda täze, möhüm desgalary — ýylda 1 million tonna sement öndürmäge
ukyply Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyryny we Ýaşlyk şäherçesindäki
kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desgany
gurduryp berendigi, şeýle hem welaýatyň ýaşaýjylaryna döwrebap awtoulaglary
sowgat edendigi üçin hormatly Prezidentimize sebitiň bagtyýar ilatynyň adyndan
tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan
saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, hatarara
bejergi, ýekelemek we otag işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ideg etmekde
ulanylýan oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatyň bugdaý
meýdanlarynda-da degişli ideg işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine
taýýarlyk işleri guramaçylykly dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, tohumlyk bugdaý
hasylyny ýygnap almak, daşamak hem-de talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk
işleri, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak we döwlet harmanyna tabşyrmak
boýunça işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi, Oba
milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi we gowaça,
bugdaý ekilen meýdanlardaky agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine
ýetirilmegini üpjün etmegi, galla oragyna ýokary derejede taýýarlyk görülmegini
häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň hilini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak we hatarara
bejergi, ýekelemek, otag işleri alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk
tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ideg
işleri geçirilýär. Galla oragy möwsüminiň ýokary hilli geçmegini üpjün etmek
maksady bilen, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary möwsüme
taýýarlamak, tohumlyk bugdaýy talabalaýyk ýygnap almak hem-de saklamak üçin
zerur işler ýerine ýetirilýär. Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenilen
meýilnama laýyklykda, häzirki wagtda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek
gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle-de Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygy mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere
taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin
işleriň, hususan-da, gowaça hem-de bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, galla oragy
möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda
häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Sanly
ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň
welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam
etdi.
Nygtalyşy
ýaly, welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda hatarara bejergi, otag, ýekelemek işleri alnyp barylýar. Bugdaý
meýdanlarynda ekine ösüş suwuny tutmak, ideg etmek işleri geçirilýär. Galla
oragyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, welaýatdaky galla kabul ediş
kärhanalary möwsüme taýýar edildi. Bu işler bilen bir hatarda, tohumlyk ekilen
bugdaýy talabalaýyk ýygnamak we saklamak boýunça degişli işler alnyp baryldy.
Häzirki wagtda welaýatda pile öndürmek möwsümi dowam edip, pileçi kärendeçiler
tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da,
häkim welaýatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni,
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly
çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat
berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň gowaça we bugdaý ekilen
meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek
arkaly ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda häkime anyk
tabşyryklary berdi. Şeýle-de galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk
görülmegi babatda birnäçe görkezmeler berildi. Şunuň bilen birlikde, hormatly
Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly binalardaky we
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, gowaça ekilen meýdanlarda kadaly ösüş almak maksady bilen, hatarara
bejergi, ýekelemek we otag etmek, bugdaý meýdanlarynda degişli ideg işleri
dowam edýär. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de Watan
harmanyna tabşyrmak üçin galla kabul ediş kärhanalary taýýar edildi. Welaýatda
pile möwsümi dowam edip, häzirki wagtda ýetişdirilen pile ýygnalyp alynýar.
Şeýle-de häkim maý aýynda ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneler
mynasybetli welaýatda guraljak dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň
möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça, bugdaý ekilen meýdanlardaky işleriň
talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, galla oragyna ýokary guramaçylyk derejesinde
taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Oba
milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa
geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleriň
öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatyň gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek,
otag işleri geçirilýär. Bu işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryndan
netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý meýdanlarynda ösüş
suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, galla oragy möwsümini
guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär. Häzirki wagtda galla kabul ediş
kärhanalary, elewatorlar möwsüme doly taýýar edildi. Tohumlyk bugdaýyň hasylyny
ýygnap almak, daşamak we talabalaýyk saklamak, ýetişdirilen pile hasylyny
ýygnap alyp, döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça hem degişli işler alnyp
barylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we
Döwlet baýdagynyň güni, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy
mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat
berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça we
bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu babatda
häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz
welaýatda galla oragyny guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreleriň görülmegini
tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge
gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl üçin welaýatda meýilleşdirilen
işleriň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini aýtdy we bu
ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk
toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda bol pagta
hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatlaryň gowaça ekilen
meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri geçirilýär. Bugdaý
ekilen meýdanlarda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri tamamlaýjy tapgyrda
barýar. Galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça-da taýýarlyk
işleri alnyp barylýar. Şeýle hem tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnamak, daşamak,
galla kabul ediş kärhanalarynda bellenen tertipde kabul etmek we talabalaýyk
saklamak boýunça işler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda pile
möwsümini guramaçylykly geçirmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp,
häzirki wagtda welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, ýetişdirilen pile hasylyny
ýygnap almak işleri utgaşykly dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli agrotehniki çäreleriň öz
wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirilmelidigini belledi hem-de wise-premýere
ýurdumyzyň gowaça, bugdaý ekilen meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, ýetip
gelýän galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini berk
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine
ýüzlenip, häkimlikleriň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işiniň talabalaýyk
guralmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde
goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.