Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň
durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli
ugurlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada
habar berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň,
“Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” hem-de ýurdumyzyň goşulyşan
halkara şertnamasyny tassyklamak bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Kanunlarynyň
taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem
Sanitariýa kodeksine, “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki
syýasaty hakynda”, “Tohumçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrüň
talaplaryna laýyklykda üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler dowam
etdirilýär. Parlamentara gatnaşyklary hem-de halkara guramalar bilen
hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin görülýän çäreler barada-da habar berildi.
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen
geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, Mejlisiň
deputatlary ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, kabul edilýän kanunçylyk
namalarynyň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, amala aşyrylýan
özgertmeleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmek bilen bagly dürli çärelere
gatnaşýarlar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz ýurdumyzda halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň
hukuk esaslaryny pugtalandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda,
milli kanunçylygymyzy halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda yzygiderli
kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetimiziň pudaklaryna
sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwlet hyzmatlaryny elektron görnüşe geçirmek boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda,
“Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021— 2025-nji ýyllar üçin Döwlet
maksatnamasynda” bellenen çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen,
awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek we ornaşdyrmak,
olaryň elýeterliligini we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa
geçirilýän işler barada habar berildi. Hususan-da, wise-premýer Zähmet we ilaty
durmuş taýdan goramak ministrliginde hem-de Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynda
binýatlar ulgamyny döretmegiň we ornaşdyrmagyň tehniki şertleriniňdir tehniki
ýumşuň taslamasy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Pensiýa gaznasynyň alyp barýan işini yzygiderli
kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu
işde sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmegiň, olaryň mümkinçiliginden doly
peýdalanmagyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de wise-premýere bu ulgamda
awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek babatda degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän
pudaklarynyň, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki önümçilik
kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek maksady bilen, olar zerur
serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilýär. Toplumyň düzümlerini
döwrebaplaşdyrmak we önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, tehnikalary,
enjamlary täzelemek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly işler
amala aşyrylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki
möhüm ornuny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudagyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, eksport mümkinçiliklerini
ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän ulgamyndaky
işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny
tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek
işleri geçirilýär. Bugdaý meýdanlarynda-da degişli ideg işleri alnyp barylýar.
Şunuň bilen birlikde, galla kabul ediş kärhanalaryny, kombaýnlary we beýleki
tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Ýurdumyzda pile öndürmek möwsümi guramaçylykly alnyp barylýar. Ekerançylyk
meýdanlarynda ýazlyk ekilen ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
etmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle hem
wise-premýer ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw
ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň welaýatlarynda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň, gowaça ekilen
meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleriniň öz wagtynda geçirilmeginiň
zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz bugdaý
meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, ideg etmek işleriniň talabalaýyk
geçirilmelidigine, galla oragyna häzirden başlap gowy taýýarlyk görülmelidigine
ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Şeýle
hem wise-premýer «Türkmenistanda 2024-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly
geçirmek boýunça çäreler hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy
hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bugdaýyň öndürilýän möçberini
yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz
ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler
bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen,
«Türkmenistanda 2024-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça
çäreler hakynda» Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere
iberip, bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzda beýik
şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi
meýilleşdirilýän dabaralara taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Meýilleşdirilen
çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin paýtagtymyzyň binalarynyň
daş-töwereginde, seýilgählerde we bag ekilen ýerlerde abadanlaşdyryş işleri
alnyp barylýar. Mundan başga-da, şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň baş
şäheriniň bezegine möhüm ähmiýet berilýär hem-de onuň esasy köçelerinde
baýramçylyk mahabatlary, şygarlardyr nyşanlar ýerleşdirilýär. Türkmen halkynyň
nusgawy edebiýatynyň sütünleriniň biri bolan Magtymguly Pyragynyň
ýadygärliginiň hem-de daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň,
ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri ýerleşdirilen Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh
toplumynyň gurluşyk we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri doly
tamamlandy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda, şol
sanda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300
ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny
belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara derejede bellenilýän bu şanly sene bilen
bagly paýtagtymyzda bezeg işlerini geçirmek, abadanlaşdyrmak boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew şu ýylyň 15 — 17-nji maýynda
geçirilmegi meýilleşdirilýän azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň
halkara sergisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Sergä
azyk we oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaplamak, saklamak, gaýtadan işlemek
boýunça ýöriteleşen kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar tehnologik
enjamlary, gaplama, önümçilik serişdelerini we beýlekileri görkezerler.
Serginiň çäklerinde täze tehnologiýalaryň, döwrebap enjamlaryň, önümleriň
tanyşdyrylyşlary guralar, tejribe alyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola
goýmak maksady bilen, ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk önümçiligini pugtalandyrmagyň,
içerki bazarda ýokary hilli azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmegiň we bu
ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny
belledi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda geçiriljek halkara serginiň täze
tehnologiýalar, döwrebap enjamlar we önümler bilen tanyşmakda, öňdebaryjy
tejribeleri alyşmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belläp, wise-premýere
onuň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Magtymguly Pyragy
medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş
dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Meýilleşdirilen
dabarany ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, degişli işleriň
ýerine ýetirilýändigi barada habar berildi. Çäräniň çäklerinde edebi-çeper
kompozisiýalaryň görkezilişini hem-de teatr artistleriniň, medeniýet
işgärleriniň, sungat ussatlarynyň dürli çykyşlaryny, ýadygärlige gül goýmak
çäresini, yşyklaryň we dronlaryň üsti bilen şekilleriň görkezilişini,
baýramçylyk feýerwerkini guramak göz öňünde tutulýar. Dabara Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri
derejesinde geçiriljek halkara maslahata hem-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy” atly halkara ylmy maslahata gatnaşjak daşary ýurtly myhmanlaryň,
TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň
wekilleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň we
işgärleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300
ýyllygy mynasybetli halkara derejede birnäçe dabaraly çäreleriň, maslahatlaryň
geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz 17-nji maýda türkmeniň beýik ogly
Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş
dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, wise-premýere dabarany hem-de halkara
çäreleri ýokary derejede guramak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Ylymlar güni mynasybetli
geçiriljek halkara ylmy maslahatlara we çärelere görülýän taýýarlyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 12-13-nji iýuny
aralygynda ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň, daşary ýurtly
alymlaryň gatnaşmagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat
geçiriler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraljak halkara ylmy
maslahatyň çäklerinde ylmyň we tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça möhüm
meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem ýurdumyzyň alymlarynyň ylmy
gazananlaryny dünýä ýaýmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen,
halkara ylmy-amaly maslahatlar geçiriler. Hususan-da, 8-nji iýunda
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Ýaşyl”
ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary” atly
halkara ylmy-amaly maslahaty, 12-nji iýunda bolsa Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça
geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny geçirmek
meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylym ulgamynyň ösdürilmegine uly
ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
Ylymlar güni mynasybetli guraljak «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» hem-de «Ýaşyl»
ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary»
atly halkara ylmy maslahatlaryň guramaçylykly geçirilmegini tabşyrdy. Şeýle hem
wise-premýere Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan
edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň ýokary derejede
geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary degişli ministrlikler we
pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar
akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan “Türkmenistanda
biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet
maksatnamasynyň” işlenip taýýarlanylandygy barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde ylmyň
tutýan ornuny ýokarlandyrmak, şol sanda biologiýa ylmynyň we
biotehnologiýalaryň üsti bilen ekologik taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy,
importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň innowasion
tehnologiýalarynyň işlenip düzülişini çaltlandyrmak bu Maksatnamanyň esasy
maksadydyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym ulgamyna innowasion
tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna uly üns berilýändigini belledi. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz biotehnologiýanyň kömegi bilen ýurdumyzda
ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek maksady bilen,
«Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar
üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Hormatly
Prezidentimiz resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan
bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli
geçiriljek maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan ýurdumyzyň
daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda Ýewropa
Bileleşigi bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy aýdyň mysal hökmünde
görkezmek bolar. Bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady
bilen, 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň
arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler”
atly maslahaty geçirmek teklip edilýär.
Forumyň
mowzuklaýyn mejlislerinde ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky
parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, howpsuzlyk, söwda, bilim we “ýaşyl”
energetika ulgamlarynda özara hyzmatdaşlyk, bu ugurlarda bilelikdäki
taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara
alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi tarapyndan bu ugurda amala
aşyryljak täze taslamalar bilen tanyşdyrmak boýunça metbugat maslahatyny
geçirmek meýilleşdirilýär. Forumyň çäklerinde “2024 — 2028-nji ýyllarda howanyň
üýtgemegine garşy gönükdirilen çäreler we syýasy dialog” atly taslamany amala
aşyrmak boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet
konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda
özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem şol
gün DIM-niň binasynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzda alyp barýan işleri
baradaky sergini guramak meýilleşdirilýär.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri şu ýylyň
16-njy maýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türki medeniýetiň halkara
guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli
toparlarynyň 10-njy mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Döwlet
Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, bu halkara ähmiýetli çäräni ýokary
derejede geçirmek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Mejlisiň maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanylyp, häzirki wagtda Jemleýji
resminamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Bu resminamada
mejlisiň netijeleri öz beýanyny tapar.
Soňra
wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi bolan Halkara
Zähmet Guramasy bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görülýän
çäreler barada hasabat berdi. Däp bolan özara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady
bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe degişli teklipler hödürlenildi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda
hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy»
işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu “Ýol kartasynyň” we onda göz
öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň
we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy teklip edilýär.
Şeýle hem şu ýylyň 3 — 14-nji iýuny aralygynda
Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Halkara Zähmet Guramasynyň
Halkara zähmet maslahatynyň 112-nji mejlisiniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi
habar berildi. HZG-niň Baş direktory Türkmenistanyň wekiliýetini bu mejlise
gatnaşmaga çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Ženewa şäherine saparyň çäklerinde
ýurdumyzyň wekiliýetiniň Halkara Zähmet Guramasynyň ýolbaşçylary hem-de
wekilleri bilen duşuşyklarynyň guralmagy maksadalaýyk hasaplanýar. Mundan
başga-da, 2024-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleri ara
alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 14 — 17-nji maýy aralygynda Halkara
Zähmet Guramasynyň halkara zähmet kadalary boýunça hünärmenleriniň
Türkmenistana saparyny guramak teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, beýan
edilen teklipleri makullady we ýurdumyzyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy
ösdürmek we berkitmek boýunça zerur tagallalary edýändigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet
berilýändigini belläp, bu ugurda guraljak maslahaty hem ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň
ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine hem gowy
taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň
edýän tagallalarynyň abraýly halkara guramalar tarapyndan giňden
goldanylýandygyny belläp, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna Türkmenistan bilen
Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek
boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagy
üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary”
agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda
Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) we Raýat awiasiýasynyň Ýewropa
konferensiýasy (ECAC) tarapyndan bildirilýän talaplara laýyklykda, uçuşlaryň
howpsuzlygy boýunça döwlet inspektorlaryny taýýarlamak hem-de awiasiýa
howpsuzlygy boýunça milli gözegçi ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak
işini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu halkara okuwlaryň ýola goýulmagy bilen,
diňe türkmen hünärmenlerini däl, eýsem, daşary ýurtly hünärmenleri-de
taýýarlamaga mümkinçilik dörediler. Munuň özi bu mekdebiň halkara standartlara
laýyk gelýän okuw usulyýetini giňeltmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda,
agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri
taýýarlamakda halkara guramalar bilen ýola goýulýan gatnaşyklary berkitmegiň
mundan beýläk-de dowam etdirilmelidigini belledi hem-de Halkara raýat
awiasiýasy guramasy we Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasy tarapyndan
okuwlary guramak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Şeýle-de agentligiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň
demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” demir ýol
ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, elektrikleşdirmek, dolandyryş ulgamyny
kämilleşdirmek, hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleri hem-de beýleki çäreleri
durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ýük
daşamak we ýolagçy gatnatmak, logistika, demir ýollary döwrebaplaşdyrmak
ulgamynda ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalary bilen duşuşyklaryň geçirilendigi
habar berildi. Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa
Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirilen
Türkmen-german işewürlik maslahatyndaky çykyşynda “Deutsche Bahn Holding”
kompaniýasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklipler
hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli
demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli
pugtalandyrylýandygyny we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulýandygyny
belläp, agentligiň ýolbaşçysyna Germaniýanyň degişli kompaniýasy bilen demir
ýollar pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek boýunça degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da
birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.