Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp
barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp
barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda 2024-nji ýylyň pagta hasyly
üçin gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş almak,
hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleri geçirilýär. Bu ugurda ulanylýan oba
hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Bugdaý
ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine
ýetirilýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan
kombaýnlary, bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglary hem-de beýleki tehnikalary
galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ilaty ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen
bolelin üpjün etmek babatda öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, ýazlyk ýeralma,
beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam etdirilýär.
Pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady
bilen, welaýatyň pileçi kärendeçileri tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek
işleri alnyp barylýar.
Şeýle
hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ekerançylyk
meýdanlarynda, hususan-da, gowaça we bugdaý ekilen meýdanlarda ýaýbaňlandyrylan
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary
hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk
tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda,
welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde
tamamlanmagyny, ýakyn wagtda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň
açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, gowaça ekişi geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan
meýdanlarda bolsa hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ideg işlerinde ulanylýan
oba hojalyk tehnikalary netijeli peýdalanylyp, doly güýjünde işledilýär. Welaýatyň
bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Galla
oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny,
elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary möwsüme
taýýar etmek üçin degişli işler ýerine ýetirilýär. Sebitiň ýazlyk ýeralma,
beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Pile öndürmek boýunça bellenilen
meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, pileçi kärendeçiler
tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär.
«Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap
merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji
ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada-da hasabat berildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm
ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça hem-de bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine
ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli
bolmagyny gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Sanly
ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň
welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen
dowam etdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişi guramaçylykly alnyp barylýar we bu işi
bellenen möhletde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Gögeriş alnan
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär.
Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. 2024-nji ýylda
welaýatda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin
meýdanlarynda degişli ideg işleri geçirilýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny,
elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary we beýleki tehnikalary galla oragy
möwsümine taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma,
gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda bejergi, suw tutmak işleri ýerine
ýetirilýär.
Sebitde
pile möwsümi hem dowam edýär. Häzirki wagtda pileçi kärendeçiler tarapyndan
ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar.
Şeýle-de
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň,
şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin
Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda jogapkärli
möwsümiň dowam edýändigini, ony üstünlikli geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň
görülmelidigini nygtady we gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde,
ýokary hilli alnyp barylmagyny, ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini
üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary
hiliniň üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de
alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak,
gögeriş alnan ýerlerde bolsa hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri
ýerine ýetirilýär. Bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny netijeli
işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny
tutmak işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsüminiň guramaçylygyny üpjün etmek
üçin däne ýygýan kombaýnlary, ýygnalan hasyly daşamakda ulanyljak awtoulaglary
taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, beýleki
gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri, ýetişdirilen soganyň
hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär. Sebitde ýüpek gurçugyna ideg etmek,
ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak işleri utgaşykly
alnyp barylýar.
Şeýle
hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine
ýetirilmeginiň oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almagyň esasy şertleriniň
biridigini belledi we gowaça, bugdaý ekilen meýdanlardaky degişli ideg
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny
üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatda ekilip gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi,
ýekelemek, otag işleri geçirilýär. Hatarara bejergi işlerinde ulanylýan oba
hojalyk tehnikalary netijeli peýdalanylyp, doly güýjünde işledilýär. Bugdaý
ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Däne ýygýan
kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary we galla kabul ediş kärhanalaryny
möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň ýazlyk
ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri
bilen bir hatarda, ýetişdirilen güýzlük soganyň hasylyny ýygnap almak, ony
ilata ýetirmek boýunça degişli işler utgaşykly dowam edýär. Sebitde ýüpek
gurçugyna ideg etmek, pile hasylyny ýygnamak işleri hem alnyp barylýar.
Häkim
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy
barada-da hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da,
gowaça we bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň talabalaýyk ýerine
ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu babatda häkime birnäçe anyk
tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli, bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary
T.Atahallyýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçiliklerinden netijeli
peýdalanýan pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan welaýatlaryň gowaça ekilen
meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara
bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk
tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatlaryň bugdaý ekilen
meýdanlarynda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla
oragynda işledilmegi meýilleşdirilýän galla kabul ediş kärhanalaryny,
elewatorlary we bugdaý ýygýan kombaýnlary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli
işler geçirilýär.
Ýurdumyzda
ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu
önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur
alnyp, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de güýzlük ekinleriň hasylyny ýygnamak
işleri dowam etdirilýär. Pile möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen,
häzirki wagtda ýüpek gurçugyna ideg etmek, Lebap we Mary welaýatlarynda
ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak işleri alnyp barylýar.
Hasabatyň
barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hormatly
Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy ýetip gelýän 9-njy maý — Ýeňiş güni
bilen ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden
gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde
üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak barada
öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň
zerurdygyny belledi we ýurdumyzyň gowaça hem-de bugdaý meýdanlarynda alnyp
barylýan işleriň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary
hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ýene-de bir gezek ünsi
çekip, bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur taýýarlyk
işleriniň ýerine ýetirilmegini tabşyrdy.
Sanly
ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda başga-da birnäçe möhüm
meselelere garalyp, hormatly Prezidentimiz olar boýunça degişli çözgütleri
kabul etdi we birnäçe resminamalara gol çekdi.
Döwlet
Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa
gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.