Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp
barlan işleriň netijelerine seredildi, şeýle hem beýleki käbir meseleler ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş
edip, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň
Kanunlarynyň 9-sy, Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda
“Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny
döretmek hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak
hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda”, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen
Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary
hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şunuň
bilen birlikde, ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynyň birnäçesine degişli
üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Häzirki wagtda ministrlikleriň, pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde raýatlaryň hukuklaryny,
kanuny bähbitlerini goramak, ýurdumyzyň medeni mirasyny aýawly saklamak,
ykdysadyýetini, oba hojalygyny ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini
ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işleri hukuk taýdan
düzgünleşdirmek boýunça kanun taslamalary taýýarlanylýar.
Geçen döwürde Mejlisiň deputatlarynyň
gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we
ýörelgeleri barada okuw sapaklary guraldy. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy
boýunça daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we
halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde
duşuşyklaryň 13-si geçirildi. Mundan başga-da, deputatlar kanun çykaryjylyk
işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek
boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 30-dan
gowragyna gatnaşdylar. Halkara tejribäni öwrenmek maksady bilen, Mejlisiň
wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlary amala aşyryldy. Deputatlaryň halk
köpçüligine döwlet syýasatynyň wezipelerini, kabul edilýän kanunçylyk
namalarynyň many-mazmunyny düşündirmek, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri
wagyz etmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýandyklary barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
ýurdumyzda raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýetimiziň
pudaklaryny ösdürmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen
bagly kanun taslamalaryny taýýarlamaga hemişe aýratyn üns bermegiň wajypdygyny
belledi. Daşary ýurt döwletleri bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy berkitmek
arkaly parlamentara gatnaşyklary ilerletmäge möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygy
nygtaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow şu ýylyň dört aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat
berip, jemi içerki önümiň 6,3 göterim artandygyny aýtdy.
2023-nji ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň
pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň başyndan bäri bölek
satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň
meýilnamasy 102,6 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 97,4 göterim
ýerine ýetirildi. Ýanwar — aprel aýlarynda ýurdumyzyň iri we orta
kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä,
10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary,
pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 23,9 göterim ýokarlandy. Şeýle hem
Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçen dört aýyň jemleri boýunça gazanylan
netijeleri mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi
dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, wise-premýere
ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini
has-da ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri netijeli alyp barmak
tabşyryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlarynda
2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy
102,4 göterim, konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti
gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe
benzin öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň
meýilnamasy 100,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy hem 110,1
göterim ýerine ýetirildi. Şeýle-de polipropilen, suwuklandyrylan gazy öndürmek,
tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek babatda
gazanylan tehniki ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz känlerinde tebigy gazyň we nebitiň
çykarylyşyny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri mundan beýläk-de netijeli
dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Nebiti gaýtadan işleýän senagatda
innowasion taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn üns bermegiň möhümdigi
nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işini yzygiderli
kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda
şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri,
welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, oba hojalyk pudagynda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 124,4 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk
ministrligi boýunça 144,2 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça
100,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 137,9 göterime,
“Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100 göterime, “Türkmengallaönümleri”
döwlet birleşigi boýunça 220,9 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi
boýunça 107,4 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 113,6 göterime,
Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 125,6 göterime,
“Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime barabar boldy. Maýa
goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 282,6 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki
wagtda gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini geçirmek, olaryň ekilen
meýdanlaryna ideg etmek boýunça işler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
alnyp barylýar. Oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary ýokary öndürijilikli
işletmek, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, bugdaý ýygýan
kombaýnlary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Şunuň bilen birlikde, pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine
ýetirmek üçin ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri dowam etdirilýär. Suw
hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli
çäreler görülýär, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak boýunça netijeli
işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň garamagyndaky
edara-kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, döwrebaplaşdyrmak,
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, pudaga sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak
boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek
üçin ekin meýdanlarynda oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmegiň zerurdygyny
belläp, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda
şu ýylyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Hasabat
döwründe öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 122,5
göterime deň boldy. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen
işleriň meýilnamasy 107,3 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 101,5
göterim, Energetika ministrligi boýunça 111,6 göterim, “Türkmenhimiýa” döwlet
konserni boýunça 159,3 göterim boldy. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda
Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça
ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,5 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi
boýunça meýilnama 126,4 göterim berjaý edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat pudagynyň
önümçilik binýadyny berkitmek maksady bilen, hereket edýän kärhanalarda
öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek, taslama kuwwatlyklaryna çykarmak,
döwrebaplaşdyrmak, täze kärhanalaryň işini ýola goýmak boýunça işleri dowam
etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz awtomobil ýollaryny gurmak
boýunça öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin pudagyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem
wise-premýere 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmeli binalaryň we desgalaryň,
ýaşaýyş jaýlarynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna berk gözegçilik etmek
tabşyryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrliklerinde,
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň dört aýynda
gazanylan görkezijiler barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda
dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
104,1 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 102,7 göterime barabar boldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça nah matalaryň önümçiligi 108,4 göterime,
tikin we trikotaž önümleriniňki 104,8 göterime, gön önümleriniňki 117,3
göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm
öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar — aprel aýlarynda
Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan birža söwdalarynyň 98-si geçirilip, 9
müň 511 şertnama hasaba alyndy.
Söwda-senagat
edarasy boýunça hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 110,3 göterime
deň bolup, sergileriň 6-sy, maslahatlaryň 41-si geçirildi. Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň dört aýynda oba hojalyk hem-de azyk
önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 111,7 göterime, senagat önümleriniň
öndürilişiniň ösüş depgini 107,2 göterime barabar boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda toplumyna degişli önümçilikleri netijeli
ulanyp, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşlerini artdyrmagyň,
ilata edilýän hyzmatlaryň döwrebap bolmagyny gazanmagyň zerurdygyny belledi. Bu
işleriň ählisine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
agzalaryny hem giňden çekmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de
wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän
ulgamynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe milli baýramçylyklar we Gündogaryň beýik akyldary, ajaýyp türkmen
şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, medeni-durmuş maksatly
binalaryň açylyşlary mynasybetli dürli çäreler geçirildi. Watanymyzyň
Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary
derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi. Hormatly
Prezidentimiziň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň
tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.
Halkara
hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli çäreler guraldy. Şunuň bilen baglylykda,
Täjigistanda, Özbegistanda, Türkiýede we Fransiýada medeni çäreleriň,
konsertleriň, maslahatlaryň geçirilendigi barada aýdyldy. Şeýle hem dört aýyň
dowamynda teatrlaryň, sirkleriň, kinoteatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň,
kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han
adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar
agentliginiň ýerine ýetiren işleri barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýik akyldar Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň ýurdumyzda we daşary
döwletlerde giň gerimde geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda,
meýilleşdirilen çäreleri mundan beýläk-de ýokary derejede guramak üçin degişli
taýýarlyk işlerini alyp barmak barada görkezme berildi. Taryhy, medeni, ruhy
baýlyklarymyzy gorap saklamaga, ylmy taýdan öwrenmäge hem-de dünýä ýaýmaga
bagyşlanan teleradiogepleşiklerini yzygiderli taýýarlamak, bu işleri
metbugatda-da giňden beýan etmek möhümdir.
Döwlet
Baştutanymyz medeni mirasymyzy, aýdym-saz sungatymyzy, däp-dessurlarymyzy asyl
nusgasynda ýaş nesillerimize ýetirmek boýunça çäreleri yzygiderli geçirmegiň
wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz teatrlarda döwletimiziň
içeri we daşary syýasatyny giňden açyp görkezýän, milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň
gülläp ösüşini beýan edýän eserleri sahnalaşdyrmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow şu ýylyň ýanwar — aprel
aýlarynda bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe bilimli nesli terbiýelemäge, okuw meýilnamalaryny,
maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Hormatly
Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň hemaýat-goldawlary bilen Arkadag
şäherinde mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasy, döredijilik
bäsleşikleri, bedenterbiýe-sport, medeni-jemgyýetçilik çäreleri, halkara
olimpiadalar, IV Açyk halkara matematika, II Açyk halkara informatika
olimpiadalary geçirildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna
bagyşlanan çäreler, “Gadymy Änew medeniýeti”, “Gadymy Amul galasy: geçmişiň
syrlarynyň goragçysy” atly halkara ylmy maslahatlar dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde
giň seslenme döretdi.
Hasabat
döwründe “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýöriteleşdirilen keselleri
anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary gurmak, saglygy
goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny
artdyrmak ugrundaky giň gerimli işler dowam etdirildi. Mary welaýat Enäniň we
çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň binalar toplumy ulanmaga berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli
operasiýalar geçirildi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän çagalar
sagaldyş-dikeldiş merkezinde welaýatlardan gelen çagalara ýöriteleşdirilen
bejergiden soňky dikeldiş çäreleri meýilnamalaýyn esasda alnyp baryldy.
Ýurdumyzda
bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, milli ýygyndy
toparlarymyzy Olimpiýa oýunlaryna we halkara ýaryşlara taýýarlamak boýunça
netijeli işler alnyp baryldy. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Bütindünýä saglyk
güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş, dürli medeni-sport çäreleri
geçirildi. Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda ýokary derejede
geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryş ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende
galdyrdy. Bu ýaryşyň jemleri boýunça Türkmenistanyň “Galkan” hokkeý topary
birinji orna mynasyp boldy. Hasabat döwründe ýurdumyzyň türgenleri halkara
ýaryşlarda jemi 114, şol sanda 37 altyn, 39 kümüş, 38 bürünç medala mynasyp
boldular. Hormatly Prezidentimiziň adyndan halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş
edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere sylaglar dabaraly ýagdaýda
gowşuryldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim edaralarynda okatmagy
kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim işini döwrebaplaşdyrmagy
dowam etdirmegiň wajypdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ylmy edaralaryň
öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, ylmy işlerde innowasion
tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige hödürlemek
meselesine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz
saglygy goraýyş edaralarynyň işini kämilleşdirip durmagyň zerurdygyny belledi.
Şeýle-de wise-premýere sport desgalaryny netijeli dolandyrmak, ýaşlary
bedenterbiýe, köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek üçin
netijeli işleri geçirmek tabşyryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň
ýanwar — aprel aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bitarap
Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet
Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny hem-de öňde goýan wezipelerini ýerine
ýetirmek maksady bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, halkara
guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça
toplumlaýyn işler amala aşyryldy. Bellenilişi ýaly, 4 — 6-njy ýanwarda türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyz Birleşen Arap Emirliklerine, 1-nji martda üçünji Antalýa
diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna, 4-5-nji aprelde
Täjigistan Respublikasyna saparlary amala aşyrdy. Şol saparlaryň barşynda
ýokary derejedäki duşuşyklardyr gepleşikler geçirildi. Hasabat döwründe hormatly
Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa
Federasiýasynyň Prezidentleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi ýurdumyzda saparda
boldy.
Şu
ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň ýurdumyza bolan
saparlary, döwletimiziň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary
hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.
Hasabat döwründe dürli derejedäki, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň we
gepleşikleriň ençemesi geçirildi. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk
binýadynyň üsti 68 resminama bilen ýetirildi.
Daşary
syýasat edaralarynyň derejesinde-de ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli amala
aşyrylýar. Ýanwar — aprel aýlarynda Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky
geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat we
howpsuzlyk boýunça ýokary wekili bilen duşuşyk boldy. Ilçihanalar arkaly
diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berlip, bu ugurda degişli
işler amala aşyrylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebitde we dünýäde özara bähbitli hyzmatdaşlyga,
hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan daşary syýasaty dowam etdirmegiň wajypdygyny
nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hyzmatdaş döwletler bilen
hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň
zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dowamynda
meýilleşdirilen köp sanly halkara çäreleri we maslahatlary ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işlerini alyp barmagyň zerurdygyny
belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine bu babatda anyk tabşyryklary
berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň geçen dört
aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen
işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118 göterime deň boldy. Ulagyň ähli
görnüşlerinde ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini, degişlilikde,
103,5 hem-de 102,6 göterime barabar boldy. Ýanwar — aprel aýlarynda
«Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş
depgini 104,3 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 110,5 göterime,
«Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 161,2 göterime,
«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 114,8 göterime, «Türkmenaragatnaşyk»
agentligi boýunça 111,9 göterime deň boldy.
Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 —
2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan
wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada-da aýdyldy. Şeýle
hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli
önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigi hakynda
habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, halkara
ýükleriň daşalýan möçberini artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Pudagyň
maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak möhümdir diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary
berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň
dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň
üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe
jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat
pudagynda 3,7 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda
8 göterime, söwdada 8,2 göterime, gurluşykda 5,8 göterime, oba hojalyk
pudagynda bolsa 5 göterime deň boldy.
Ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly
desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş-sagaldyş
merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy
dowam edýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň maý aýynda
ýurdumyzda köp sanly desgalaryň açylyş dabaralary, birnäçe halkara çäreler
geçiriler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şol dabaralaryň hatarynda
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň
300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy» atly halkara ylmy maslahat bar. Şunuň bilen baglylykda, bu çäreleri
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýakyn
wagtda okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsümi we raýatlaryň zähmet rugsady
başlanýar. Şunuň bilen baglylykda, ähli jogapkär ýolbaşçylara Awazadaky
myhmanhanalary, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, beýleki şypahanalary,
welaýatlardaky hem-de Aşgabat şäherindäki çagalar dynç alyş ýerlerini tomus
möwsümine talabalaýyk taýýarlamak tabşyryldy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da
birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.