Şu
gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň
netijelerine garaldy. Şeýle-de Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy
üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly
meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki
bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew
çykyş edip, şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň durnukly ösüşini, kanunylygy, hukuk
tertibini üpjün etmek, döwletimiziň goranyş ukybyny berkitmek, harby
gullukçylaryň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli
harby gullukçylary taýýarlamak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat
berdi. Şeýle hem harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň, raýatlaryň nobatdaky
harby gulluga çagyrylyşynyň barşy, edermen ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini
dowam etdirýän ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda görülýän
çäreler hakynda aýdyldy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň diňe
goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň ähmiýetini belledi. Hormatly
Prezidentimiziň belleýşi ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan bu
doktrinadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi serkerdeleriň hünär
derejesine, hukuk taýdan sowatlylygyna, döwrebap tehniki serişdeleri, sanly
ulgamy özleşdirmek endiklerine gönüden-göni baglydyr.
Döwlet
Baştutanymyz harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de ýurdumyzyň
raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy bilen baglanyşykly meselelere
ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine bu
işleriň kanunçylyga laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň maksatnamasynyň talabalaýyk ýerine ýetirilişine
berk gözegçilik etmek barada-da görkezme berildi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 9-njy maýda 1941 — 1945-nji ýyllaryň
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli paýtagtymyzda we
welaýatlarda geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi
tabşyrdy.
Baş
prokuror B.Muhamedow şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň
jemleri, ýuridik we şahsy taraplaryň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine
ýetirişine gözegçiligi amala aşyrmagyň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň
bilen birlikde, prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasyny
durmuşa geçirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunlaryň ileri
tutulmagyny üpjün etmekde we hukuk bozulmalarynyň islendik görnüşiniň öňüni
almakda bu düzüme möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda,
hukuk tertibini üpjün etmek, milli kanunçylygyň düzgünlerini berjaý etmek
boýunça mundan beýläk-de anyk çäreleri görmek zerurdyr diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we Baş prokuraturanyň ýolbaşçysyna sanly ulgamy işjeň
ornaşdyrmak bilen bagly tabşyryklary berdi.
Içeri
işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň 2024-nji ýylyň dört
aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini
üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça
amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ýangyn howpsuzlygy
gullugynyň işini kämilleşdirmek, durmuş häsiýetli meseleleri çözmek boýunça
görlen anyk çäreler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ministrligiň ähli düzümleriniň işini mundan
beýläk-de döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Tomus
möwsüminiň ýetip gelýändigi bilen baglylykda, ýangyna garşy göreş kadalaryny
berjaý etmek boýunça çäreleri güýçlendirmek tabşyryldy. Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy döwrebap tehniki serişdeleri we ýol
hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamlaryny giňden ulanmagyň wajypdygyny
belläp, ministre degişli görkezmeleri berdi.
Ýokary
kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hormatly Prezidentimiziň ozal beren
tabşyryklarynyň durmuşa geçirilişi, hasabat döwründe kazyýet ulgamyny
kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdi. Şunuň bilen birlikde, sanly ulgamy we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak
boýunça görlen çäreler barada aýdyldy.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kanunylygyň berjaý
edilişine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde,
netijeli kazyýet işi üçin ähli şertleri döretmegiň, şunda kazylaryň hünär
derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak meselesine uly üns bermegiň wajypdygy
bellenildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu düzümi
ösdürmegiň maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan
wezipeleriň hatarynda görkezip, birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra
milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen
işler, hormatly Prezidentimiziň kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek
boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hasabatda hünärmenleri taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak
meseleleri barada-da aýdyldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, içerki jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy üpjün
etmek işinde Milli howpsuzlyk ministrliginiň möhüm ornuna ünsi çekdi we bu
ugurda sazlaşykly işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Döwlet
serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak
boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat
berdi. Serhet bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby
gullukçylaryň gulluk etmekleri, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek
bilen bagly meseleler barada hem aýdyldy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýä
ýurtlary, ilkinji nobatda, goňşy döwletler bilen parahatçylyk söýüjilikli,
netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde Serhet goşunlarynyň ornuny belledi.
Gullugyň üstüne ýüklenilen wezipeleri çözmekde şu ýörelgelerden ugur almak,
dost-doganlygyň serhetleri bolup durýan Watanymyzyň guryýer we deňiz
serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek üçin degişli çäreleri görmek zerurdyr
diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de gullugyň ýolbaşçysyna garamagyndaky
düzümleýin desgalary döwrebaplaşdyrmak, işgärler kuwwatyny berkitmek
meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
adalat ministri M.Taganow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, hususan-da, hukuk
namalarynyň birnäçesini täzelemek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak ugrunda
görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Täze kanunlar öňde goýlan maksatlara
ýetmäge, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda oňyn özgertmeleri amala aşyrmak bilen
bagly wezipeleri çözmäge ýardam eder.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, hukuk ulgamyndaky özgertmeleriň wajypdygyny
belledi. Olar jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan
täze kanunlaryň kabul edilmegi bilen utgaşdyrylýar. Ilatyň hukuk taýdan
sowatlylygyny üpjün etmek, raýatlara ýokary hilli hukuk kömegini bermek
ministrligiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar diýip, hormatly Prezidentimiz
nygtady we bu ugurdaky işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy.
Döwlet
gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän gullugynyň şu ýylyň
ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, işgärleriň hünär
derejesini ýokarlandyrmak, bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek boýunça
yzygiderli görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, düzümiň
öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, milli bähbitleri goramak
üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler gümrük
işini kämilleşdirmäge gönükdirilmelidir. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy gullugyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin döwrebap
tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň, pudagara maglumatlaryň alşylmagyny ýola
goýmagyň wajypdygyny aýdyp, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy
A.Sazakow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gullugy
ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy we
döwrebap usullary ulanmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan migrasiýa
syýasatynyň Esasy Kanunda bellenen ýörelgeler, halkara hukugyň umumy ykrar
edilen kadalary esasynda amala aşyrylýandygyny belledi. Bu ugurda döwrebap
tehnologiýalary, maglumat-tehniki serişdeleri işjeň ulanmak esasy wezipeleriň
hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna öňdebaryjy
tejribäni öwrenmek, ýaş hünärmenleri taýýarlamak işini talabalaýyk guramak
tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp,
Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz,
hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede
üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen
birlikde, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmäge, Watan goragçylarynyň we
olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly
üns berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu ugurdaky işleriň
geljekde-de dowam etdiriljekdigini tassyklady.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi
tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda, bagtyýar durmuşda
ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw
etdi.