Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp
barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda sebitde gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek we bellenen
möhletlerde tamamlamak boýunça zerur işler dowam etdirilýär. Ekiş geçirilen
ýerlerde gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan ýerlerde bolsa hatarara bejergi,
ýekelemek, otag işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we
gurallardan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwy
tutulýar. Welaýatdaky galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlary, däne ýygýan
kombaýnlary we bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglary galla oragy möwsümine
taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Ilaty ýurdumyzda öndürilýän
ýeralma, beýleki gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatda öňde
goýlan wezipelerden ugur alnyp, bu ekinleriň ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Pile öndürmek boýunça
bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň pileçi
kärendeçileri tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär.
Şeýle
hem häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky
şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek
boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça ekişiniň agrotehniki
möhletlerde geçirilmegini, ekiş geçirilen ýerlerde, şeýle hem bugdaý
meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly
ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz
Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi
göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişi tamamlanyp, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş
suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa ideg etmek, hatarara bejergi
işleri geçirilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ösüş
suwuny tutmak işleri utgaşykly dowam etdirilýär. Galla oragy möwsümine
taýýarlyk görmegiň çäklerinde däne ýygýan kombaýnlary, bugdaý daşajak
awtoulaglary we galla kabul ediş kärhanalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça
degişli işler alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň
bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek we bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek
maksady bilen, olara ideg işleri geçirilýär. Welaýatda pile öndürmek boýunça
bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýüpek gurçugyna ideg
işleri dowam etdirilýär.
Häkim
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy
barada-da hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümiň
talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini belledi we gowaça, bugdaý ekilen
meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp
barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz
kabul edilen milli maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl üçin welaýatda
meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Sanly
ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi
S.Soltanmyradowyň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky
hasabaty bilen dowam etdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde gowaça ekişi guramaçylykly dowam edýär. Ekiş möwsümini ýokary
hilli geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara
bejergi, otag, ýekelemek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp
barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Welaýatyň
bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Galla
oragyny guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap
almak we bökdençsiz kabul etmek maksady bilen, häzirki wagtda galla oragy
möwsümine taýýarlyk görülýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri
ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri
geçirilýär. Pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek
maksady bilen, pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri
alnyp barylýar.
Häkim
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada-da hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde
we ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň
talabalaýyk bolmagynyň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk
tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
dürli maksatly binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda 2024-nji ýylyň pagta hasyly
üçin gowaça ekişi dowam edýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak,
kadaly gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri alnyp
barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Hormatly
Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän
tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg
işleri dowam etdirilýär. Galla oragy möwsümine taýýarlygyň çäklerinde welaýatda
galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar möwsüme taýýar edildi we däne ýygýan
kombaýnlary, bugdaýy daşamakda ulanyljak awtoulaglary hem-de beýleki
tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýazlyk
ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri bilen bir
hatarda, ýetişdirilen soganyň hasyly ýygnalyp alynýar. Pile öndürmek boýunça
bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň
pileçi kärendeçileri tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri geçirilýär.
Şeýle-de
häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly
binalardaky hem-de desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat
berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin
ekerançylyk meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine
ýetirilmelidiginiň zerurdygyny belledi we gowaça ekişiniň, bugdaý
meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp
barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara
laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hiliniň üpjün
edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi dowam edýär.
Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleri alnyp
barylýar. Ekişde, ideg işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary netijeli
peýdalanylyp, doly güýjünde işledilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg we ösüş
suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Galla oragy möwsümine hem taýýarlyk
görülýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary
we beýleki awtoulaglary, tehnikalary möwsüme taýýar etmek üçin degişli işler
alnyp barylýar. Şeýle-de ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Welaýatda
pile möwsümi dowam edip, häzirki wagtda pile öndürijiler tarapyndan ýüpek
gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar.
Oba
milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky we binalardaky
gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hem hasabat berildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we
gowaça ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak, bugdaý meýdanlaryndaky ideg
işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek üçin ähli zerur çäreleri
görmegi häkime tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda,
şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary
T.Atahallyýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan
gowaça ekişi alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak,
gögeriş alnan meýdanlarda bolsa hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri ýerine
ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmaga aýratyn üns
berilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Galla kabul ediş
kärhanalaryny, elewatorlary we bugdaý ýygýan kombaýnlary galla oragy möwsümine
taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Diýarymyzda
ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu
önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur
alnyp, ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleri ekmek, olara agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam etdirilýär. Ýurdumyzda piläniň
öndürilişini artdyrmak we bu möwsümi guramaçylykly geçirmek üçin häzirki wagtda
welaýatlarda pile öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri
alnyp barylýar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň, bugdaýa we
ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň
möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi we alnyp barylýan işleri berk
gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Şeýle-de ýazlyk ekinlere ideg
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine
ýetirilmegini üpjün etmek babatda birnäçe görkezmeler berildi.
Hormatly
Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Watanymyzda
Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralara beslenip, giňden bellenilip
geçilendigini aýtdy we bu baýramçylyk mynasybetli dabaralaryň ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de behişdi
bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işleriň mundan
beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew halkymyzyň buýsanjy bolan ahalteke
bedewleriniň baş sanyny artdyrmaga, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamaga,
atçylyk pudagyny döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmäge döredýän ajaýyp şertleri
üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden
hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza, Milli Liderimize berk jan saglyk,
uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly
geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine
ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.