Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň
ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi girizildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň
talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan
işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda Mejlisde Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň,
“Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň
taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler durmuşa geçirilýär, Türkmenistanyň
Sanitariýa kodeksine, “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki
syýasaty hakynda”, “Tohumçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeler
we goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly kanun taslamalary taýýarlanylýar.
Halkara
guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek we parlamentara hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Mejlisde Angola
Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden
ynanç haty kabul edildi. Milli parlamentiň deputatlary Ýewropada Howpsuzlyk we
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň
ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren okuw maslahatyna
hem-de duşuşygyna gatnaşdylar. Deputatlar döwlet syýasatynyň, durmuş-ykdysady
özgertmeleriň we kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine
düşündirmek, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny wagyz etmek boýunça geçirilýän
çärelere gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny
kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak
babatda netijeli işleri geçirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hormatly Prezidentimiziň
tabşyrygy boýunça dürli pudaklara sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak,
degişli kadalaşdyryjy hukuk binýadyny berkitmek boýunça görülýän çäreler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda
toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şunda esasy wezipeleriň biri, döwrüň
talaplaryna laýyklykda, durmuşyň ähli ulgamlaryna innowasiýalary we öňdebaryjy
tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Zähmet
we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýanyndaky Pensiýa gaznasynyň
işini kämilleşdirmek, raýatlara hödürlenilýän ugurdaş sanly hyzmatlaryň görnüşlerini
giňeltmek üçin geçirilýän işler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Pensiýa gaznasynyň işini kämilleşdirmegi dowam
etdirmegiň, bu işde sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge, onuň
mümkinçiliginden doly peýdalanmaga aýratyn ähmiýet bermegiň wajypdygyny
belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere
«Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizmek
hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça Mejlis bilen bilelikde
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew obasenagat toplumynda işleriň
alnyp barlyşy hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişi dowam edýär, gögeriş alnan meýdanlarda
hatarara bejergi işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we
gurallardan netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen
meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri
ýerine ýetirilýär. Galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar, awtoulag
serişdeleri möwsüme taýýarlanylýar. Ilaty ýeralma, gök-bakja önümleri bilen
ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, ýazlyk ekinleri ekmek hem-de olara
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek boýunça degişli işler
geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan
baýramçylyk çärelerini ýokary derejede guramak üçin taýýarlyk işleri alnyp
barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatlaryň bugdaý ekilen
meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini dowam etdirmegiň
wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişini talabalaýyk geçirmek
üçin ähli zerur şertleri döretmegiň, ekişi öz wagtynda tamamlamagyň, gögeriş
alnan meýdanlarda ideg işlerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.
Şeýle-de wise-premýere ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleri ekmek we olara
ideg etmek boýunça işleriň guramaçylykly dowam etdirilmegini üpjün etmek
tabşyryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow paýtagtymyzyň “Çoganly”
ýaşaýyş toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze bilim edaralary barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň
tagallalary esasynda ýaşlaryň sazlaşykly ösmekleri üçin netijeli işler alnyp
barylýar, bilim we ylym ulgamyny kämilleşdirmäge, onuň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. “Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak hem-de
ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklary üçin has oňaýly şertleri
döretmek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly”
ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi we 320 orunlyk çagalar
bagyny gurmak meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny berkitmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Çoganly” ýaşaýyş
toplumynda ýokarda agzalan bilim edaralaryny gurmak baradaky teklibi goldap,
wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew “Türkmenistanyň halkara sergi
işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” bellenilen wezipelere
laýyklykda, ýurdumyzda halkara sergileri guramak boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu ýylyň 19 — 22-nji
awgusty aralygynda Söwda-senagat edarasynda guraljak “Kids EKSPO: ähli zat
çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarka görülýän taýýarlyk barada habar
berdi.
Bellenilişi
ýaly, sergi-ýarmarkada ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň
çagalar, mekdep okuwçylary, talyplar üçin niýetlenen ýokary hilli, ekologik
taýdan arassa önümleri, okuw esbaplary, elektron harytlary hödürleniler. Şunuň
bilen birlikde, bu pudakda iş alyp barýan kompaniýalaryň tejribe alyşmagy,
çagalar üçin dürli ugurlarda ussatlyk sapaklarynyň guralmagy, innowasion işläp
taýýarlamalar, täzelikler bilen tanyşdyrylmagy meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň
2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda sergi-ýarmarka
işini ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz bu halkara sergi-ýarmarkasyny guramak baradaky teklibi
goldap, degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek
esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň
Tertibi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, geljek aýda baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli
maslahatlary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri, döredijilik
duşuşyklaryny, sergileri, konsertleri, wagyz-nesihat çärelerini guramak, ozal
yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar.
9-njy
maýda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni
mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarda dabaralar geçiriler. 16-njy maýda
Aşgabatda TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli
toparlarynyň 10-njy mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şu
ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň
birnäçesi meýilleşdirildi. Hususan-da, medeniýet ministrleri derejesinde
halkara maslahat, ýurdumyzyň teatrlarynda sahna oýunlarynyň görkezilişi,
kinoteatrlarda we kinokonsert merkezlerinde beýik türkmen şahyrynyň
döredijiligine bagyşlanyp surata düşürilen türkmen kinofilmleriniň görkezilişi
guralar. 17-nji maýda Aşgabadyň günorta künjeginde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh
toplumynyň hem-de meşhur söz ussadynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyny
geçirmek göz öňünde tutulýar.
18-nji
maýda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni
mynasybetli dabaralar, şol sanda durky täzelenen Baş baýdak meýdançasynyň
açylyş dabarasy geçiriler. Şol gün “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly
halkara ylmy maslahaty, baýramçylyk konsertini guramak meýilleşdirilýär. Şeýle
hem Aşgabat şäheriniň güni, okuw ýylynyň tamamlanmagy, “Soňky jaň” dabarasy
mynasybetli baýramçylyk çäreleri guralar.
24-25-nji
maýda Söwda-senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIII köpugurly
halkara sergi, 26-njy maýda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmen halysynyň
baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi, Söwda-senagat edarasynda
Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçiriler. Mundan
başga-da, geljek aýda paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda täze desgalaryň
birnäçesi, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş, beýleki maksatly desgalar
ulanmaga berler.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän
baýramçylyklar we şanly seneler bilen baglanyşykly şu ýylyň maý aýynda
geçiriljek esasy çäreleri giňden beýan etmek üçin zerur işleri alyp barmagyň
wajypdygyny nygtady.
Ulanmaga
berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk
görmek, Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet
baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli
dabaralary, maý aýynda boljak beýleki çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu babatda
wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 2023-2024-nji okuw ýylynyň
tamamlanmagy, “Soňky jaň” dabarasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni
mynasybetli guraljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Däp
bolşy ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem uçurymlara iň
süýji arzuwlar edilip, uly durmuş ýoluna ak pata berler. 25-nji maýda säher
bilen Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher
mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki hem-de Gökdepe etrabynyň Yzgant
şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň heýkellerine gül
goýmak dabaralary geçiriler. Şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň Baş
baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralaryny guramak göz öňünde tutulýar.
Soňra
ähli orta mekdeplerde 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda “Soňky jaň” dabaralary
geçiriler. Göreldeli uçurymlara hem-de kärine ussat bilim işgärlerine hormatly
Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar
gowşurylar.
Şol gün ýurdumyzyň bagtyýar uçurymlarynyň
Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş
merkezlerine, muzeýlere, seýilgählere gezelençleriniň guralmagy
meýilleşdirilýär. 25-nji maýda agşam medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertiniň
geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinde
baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyrylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, ylym-bilim ulgamyny
kämilleşdirmek ugrunda giň möçberli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz umumybilim berýän mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda
«Soňky jaň» dabarasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli
meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip,
wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň
Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek
nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şunuň bilen
baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde GDA-nyň
ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.
Döwletimiz bu guramanyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, onuň çärelerine işjeň
gatnaşýar we köptaraply gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşýar.
GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň
mejlisine guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, häzirki wagtda degişli
işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji maýda Türkmenistanyň
Daşary işler ministrliginde maglumat brifingini, 23-nji maýda bolsa
paýtagtymyzda degişli iş duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Mejlisiň jemleri
boýunça birnäçe resminama gol çekmek hem-de metbugat maslahatyny geçirmek göz
öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Bitarap döwletimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen hyzmatdaşlygy giň
gerimde alyp barýandygyny belledi. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy
hökmünde onuň işine işjeň gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak
bilen, wise-premýer, daşary işler ministrine Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň
Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk
görülmegini üpjün etmegi hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza
ýüzlenip, 28-nji aprelde Diýarymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden
bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Türkmen halkynyň durmuşynda behişdi
bedewlerimiz aýratyn orun eýeleýär. Wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy bilen
halkymyzyň göz-guwanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiz köňül buýsanjymyzdyr. Biz
ýurdumyzda atçylygy dünýä derejesinde ösdürmek ugrunda geljekde hem ähli
şertleri dörederis diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we mejlise gatnaşyjylary
hem-de ähli watandaşlarymyzy bu ajaýyp baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize
we Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli
baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.