Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan
meseleleriniň birnäçesine garaldy.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň
talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada
maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, iş toparlary tarapyndan raýat-hukuk
gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny goramak,
öwrenmek, wagyz etmek we dünýä ýaýmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny
taýýarlamak işleriniň dowam etdirilýändigi aýdyldy. Ýurdumyzda sanitariýa işini
kämilleşdirmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, oba hojalyk ekinleriniň
tohumçylyk işini döwrüň talabyna laýyk ýola goýmak, ylmy edaralaryň işini
döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, hereket edýän birnäçe kanunlara degişli
üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Geçen
döwürde Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk
işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri bilen bagly okuw sapaklary guraldy.
Halkara guramalar, daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen ýola goýlan
gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hem aýdyldy. Şol
işiň çäklerinde Mejlisiň wekili BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan Norwegiýa
Patyşalygynyň Oslo şäherinde geçirilen parlamentarileriň halkara maslahatyna gatnaşdy.
Mundan başga-da, deputatlar ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn
dolandyryş edaralary tarapyndan BMG-niň düzüm birlikleri, beýleki abraýly
halkara guramalar bilen bilelikde guralan forumlara, duşuşyklara gatnaşdylar.
Deputatlaryň
döwlet syýasatyny, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýan halkara
başlangyçlary, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň
ähmiýetini wagyz-nesihat etmek we kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk
köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän dürli çärelere gatnaşýandyklary,
köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýändikleri barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň
talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň
zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlar bilen ýola
goýlan parlamentara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow karz edaralarynyň hasaplaşyk-töleg
ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini
artdyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda,
ýurdumyzda menzilara ýerine ýetirilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak
we görnüşlerini giňeltmek arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmak
boýunça alnyp barylýan işler hakynda aýdyldy. Wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan
işlenip taýýarlanan “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlaryny ulanyşa
girizmek baradaky teklibi hödürläp, olaryň mümkinçilikleri barada habar berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri ýerine
ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini
artdyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Munuň üçin töleg ulgamlaryny
yzygiderli kämilleşdirmek, sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak
zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hödürlenen
teklibi goldap, wise-premýere «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň şahsy
taraplar üçin niýetlenen döwrebap bank hyzmatlarynyň ulgamlaryny ulanyşa
girizmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni
tarapyndan öndürilýän suwuklandyrylan gazy kabul edýän, saklaýan we ýükleýän
desgalary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, konsern tarapyndan degişli desgalaryň durkuny täzelemek
ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu desgalar üçin zerur bolan
maddy-tehniki serişdeler bökdençsiz üpjün edilýär. Munuň özi olaryň işiniň
netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda,
degişli teklipler beýan edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda suwuklandyrylan gazy öndürmäge hem-de
ony halkara bazarlara ygtybarly ibermäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady.
Munuň üçin öndürilýän suwuklandyrylan gazy talabalaýyk kabul etmäge, saklamaga
we ýüklemäge niýetlenen desgalary döwrebaplaşdyrmak möhüm bolup durýar diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy we beýan edilen teklipleri goldap, wise-premýere bu
ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda,
şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişi dowam edýär, gögeriş alnan gowaça
meýdanlarynda hatarara bejergi işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.
Galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar galla oragy möwsümine taýýarlanylýar.
Şeýle-de pile öndürmek möwsümini üstünlikli geçirmek maksady bilen, ýüpek
gurçuklaryna ideg etmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada aýdyldy.
Ýazlyk ekinleri ekmek we olara ideg etmek, ekerançylyk meýdanlarynyň suw
üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak maksady
bilen, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri alnyp barylýar.
Diýarymyzyň ähli künjeginde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli
dabaraly çäreleri ýokary derejede guramak üçin degişli taýýarlyk işleri geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gögeriş alnan gowaça
meýdanlarynda ideg işleriniň, hususan-da, hatarara bejergi işleriniň
talabalaýyk geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet
Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg
etmek üçin degişli işleri dowam etdirmegiň, galla oragy möwsümine häzirden gowy
taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz ýüpek
gurçuklaryna ideg etmekde-de zerur işleri alyp barmagyň, ekerançylyk
meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmaga, suw serişdelerini tygşytly
peýdalanmak işlerine uly ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda
wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet
konserniniň garamagyndaky zawodlaryň önümçilik ygtybarlylygyny gazanmak boýunça
görülýän çäreler barada hasabat berdi.
“Marykarbamid”
zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak maksady bilen, ony önümçilikde
ulanylýan çig mallar we himiki serişdeler, ätiýaçlyk şaýlary, enjamlar bilen
yzygiderli üpjün etmek, göz öňünde tutulan tehniki kadalara laýyklykda
bejermek, abatlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň
daşary ýurt kompaniýalary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak babatda beren
tabşyryklary esasynda, zawody taslama kuwwatyna çykarmak maksady bilen,
“Kawasaki Heavy Industries Ltd.” ýapon kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola
goýmak maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Marykarbamid»
zawodyny bökdençsiz işletmek üçin, tehnologik kadalara laýyklykda,
önümçiliklerde ulanylýan çig mallar, himiki serişdeler bilen yzygiderli
üpjünçiligini ýola goýmak maksady bilen, Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries
Ltd.” kompaniýasy bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça teklibi goldady
we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň
düzümleriniň we halyçylyk kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, halyçylyk
sungatyny giňden wagyz etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň
belleýşi ýaly, gadymy halylaryň özboluşly nusgalaryny aýawly saklamak maksady
bilen, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar.
Çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilýär, olarda halyçylaryň netijeli zähmet
çekmekleri, göwnejaý dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Haly
önümleriniň görnüşlerini mundan beýläk-de giňeltmek, milli öwüşginleri aýawly
saklamak, içerki we daşarky bazarlaryň bu ugurdaky isleglerini
kanagatlandyrmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça
alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge
döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigini, ony dünýä ýaýmakda,
yzygiderli kämilleşdirmekde uly tagallalar edilýändigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň garamagyndaky çeper halyçylyk
kärhanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda
wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33
ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge görülýän
taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiziň garamagyna milli senenamamyzyň şanly senesiniň hormatyna
geçiriljek dabaralary talabalaýyk guramak üçin işlenip taýýarlanylan degişli
Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine gowy
taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede geçirmek maksady bilen, degişli
Karara gol çekdi hem-de ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik
Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygyna görülýän taýýarlyk barada
hasabat berdi. Bu sene mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan weteranlara
gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda Ýeňiş güni egsilmez joşgun, buýsanç duýgulary bilen giňden
bellenilýär. Geljek nesilleriň parahat we bagtyýar durmuşyny goran uruş
weteranlary barada döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn alada edilýär. Olaryň
saglygyny goramak we dikeltmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär.
Her
bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalara beslenýän “Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy” ýylynda hem Ýeňiş baýramynyň şanyna baý many-mazmunly
syýasy-jemgyýetçilik, medeni ähmiýetli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Asylly däbe eýerilip, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň gahrymançylygy
hem-de uruş ýyllarynda zähmet çeken ak saçly eneleriň görkezen nusgalyk
edermenligi hormatlanyp, olara dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň
adyndan pul serişdeleri, gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. Şunuň bilen
baglylykda, Gahryman Arkadagymyza we döwlet Baştutanymyza 1941 — 1945-nji
ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylar, ýaşuly neslimiz barada edýän
aladalary, olaryň durmuş goraglylygy babatda yzygiderli berýän goldawlary üçin
ýaşuly nesliň adyndan sagbolsun aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gahrymançylygyň we zähmetsöýerligiň
belent nusgasyny görkezen uruş hem zähmet weteranlary üçin ähli şertleriň
döredilýändigini aýtdy. Olar ýaş nesillerimizde watançylyk, gaýduwsyzlyk, edermenlik
ýaly belent ahlak häsiýetlerini terbiýeleýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda ýurdumyzda zähmet çeken
enelerimize 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň
79 ýyllygy mynasybetli gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşurmagy, Ýeňiş
güni bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň şu ýylyň 15-16-njy aprelinde
Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, döwlet Baştutanymyzyň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň
çäklerinde Türkmenistan köptaraplaýyn çärelere, şol sanda “Merkezi Aziýa+”
formatyndaky duşuşyklara işjeň gatnaşýar. Saparyň barşynda ýurdumyzyň
wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň we Aýlagdaky arap döwletleriniň
hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň strategik
gepleşikler boýunça ikinji duşuşygyna gatnaşdy. Şunuň bilen birlikde, Daşkentde
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň
derejesinde geňeşmeler geçirildi.
Köptaraplaýyn
duşuşygyň çäklerinde halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol
sanda Owganystana degişli meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy, taraplaryň
bu ugurlardaky garaýyşlary beýan edildi. Şeýle hem söwda-ykdysady, maýa goýum
ulgamlarynda, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak babatda sebitara
hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki hereketler gyzyklanma bildirilip ara
alnyp maslahatlaşyldy. Medeniýet, bilim-ylym ugurly gatnaşyklary işjeňleşdirmek
meselesine hem üns berildi. Şeýle-de “2023 — 2027-nji ýyllarda strategik
gepleşikler we hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hereketleriň meýilnamasyny”
durmuşa geçirmäge gönükdirilen işlere seljerme berildi. Forumyň jemleri boýunça
Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.
Türkmen
tarapynyň çykyşynda geçen ýylyň iýulynda Jidda şäherinde geçirilen “Aýlagdaky
arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa” sammitinde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlaryndan ugur alnyp,
ählumumy çemeleşmeler esasynda amala aşyrylmagy teklip edilýän meseleler beýan
edildi.
Iki
sebit üçin gyzyklanma bildirilýän esasy meseleler boýunça Daşary işler
ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmek maksady bilen, Merkezi Aziýanyň
we Aýlag döwletleriniň daşary işler ministrleriniň hemişelik esasda hereket
edýän maslahatyny döretmek teklip edilýär. Ykdysadyýetiň ýangyç-energetika, gaýtadan
işleýän senagat, gurluşyk, gämi gurluşygy, dokma senagaty ýaly pudaklarynda
bilelikde işlemek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nazara almak bilen,
döwlet Baştutanymyzyň Işewürlik geňeşini döretmek barada öňe süren teklibini
durmuşa geçirmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.
Şeýle
hem Türkmenistan tarapyndan şu ýylyň fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň
Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde öňe sürlen
başlangyçlaryň uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Hususan-da, Ählumumy energetika
howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk bileleşigini, Durnukly ulag
arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek baradaky teklipleriň durmuşa
geçirilmegi üçin tagallalary birleşdirmek teklip edilýär. Howanyň üýtgemegi we
daşky gurşawy goramak meselesi babatda Birleşen Milletler Guramasynyň
ýöriteleşdirilen edaralary bilen milli Hökümetleriň arasynda hyzmatdaşlygy ýola
goýmagyň, biziň ýurtlarymyzda halkara düzümleriň hemişelik edaralaryny
döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Şu nukdaýnazardan, BMG-niň
Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit
merkezini açmak barada Türkmenistanyň başlangyjynyň derwaýysdygy we esaslydygy
aýratyn nygtaldy.
Şeýle-de
türkmen tarapy medeni-ynsanperwer ulgamda özara hereketleri güýçlendirmäge uly
itergi berjek Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň Medeniýet
dialogyny döretmegi teklip etdi. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen
Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň agzasy bolan döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň
berk hukuk esaslaryny döretmek teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda
agzalan meýilnamany durmuşa geçirmek üçin täze resminamalary işläp
taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi.
Saparyň
çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti
bilen duşuşygy geçirildi. Döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri
boýunça netijeli pikir alyşmalaryň barşynda ýokary derejedäki özara saparlaryň
ähmiýeti nygtaldy. Bellenilişi ýaly, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda bellemek maksady bilen,
Özbegistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda kinofilm surata düşüriler,
sahna oýny goýlar, şanly senä gabatlanyp, çäreleriň giň toplumy geçiriler.
Daşkentde
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň
arasynda syýasy geňeşmeler hem geçirildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki
ýagdaýy we geljegi, sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri
boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, parlamentara
gatnaşyklar döwletara dialogyň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Şunuň bilen
baglylykda, bu ugurda özara saparlary yzygiderli guramagyň we parlamentara
dostluk toparlarynyň duşuşyklaryny geçirmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy.
Şeýle
hem halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň giň tejribesiniň toplanandygy
bellenilip, ony işjeňleşdirmek barada ylalaşyldy. Şunuň bilen birlikde, sebitde
durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, köptaraplaýyn esasdaky
hyzmatdaşlygyň wajypdygyna üns çekildi. Hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň hem-de “Merkezi Aziýa+” formatynyň
çäklerindäki gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy.
Ykdysady
ulgamda özara gatnaşyklar geňeşmeleriň esasy meseleleriniň biri hökmünde
görkezildi. Duşuşygyň barşynda dürli pudaklarda, iki ýurduň hususy ulgamlarynyň
wekilleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara
alnyp maslahatlaşyldy. Ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge aýratyn
üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara türkmen-özbek toparynyň
nobatdaky mejlisini geçirmek meselesine garaldy. Şeýle-de Türkmen-özbek
işewürler geňeşiniň nobatdaky duşuşygyny guramagyň maksadalaýykdygy bellenildi.
Şunuň bilen bir hatarda, söwda merkezini gurmak we serhetýaka söwda
zolaklarynda bilelikdäki söwda öýlerini işe girizmek bilen baglanyşykly işleri
işjeňleşdirmäge üns berildi. Suw hojalygy pudagynda hyzmatdaşlyk etmek
meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Bellenilişi
ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamdaky däp bolan gatnaşyklar türkmen-özbek
hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunda beýik türkmen şahyry we
Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli
Türkmenistanda we Özbegistanda guralýan çäreleriň wajypdygy nygtaldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Merkezi Aziýa ýurtlary
hem-de Aýlagdaky arap döwletleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň
daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belledi.
Döwletimiz bu ýurtlar bilen ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary
ösdürmäge çalyşýar. Sebitleriň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi
döwletimiziň durnukly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz Aýlagdaky arap döwletleri we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara
bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi
çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda,
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Balkan
welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasynyň
taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça
görülýän çäreler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmaga, pudagyň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmäge
möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz aragatnaşyk pudagyna degişli netijeli işleriň alnyp barylmagynyň
ýokary hilli hyzmatlary has-da döwrebap ýola goýmaga öz täsirini ýetirjekdigini
aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmek babatda
tabşyryklary berdi.
Soňra M.Çakyýew 15 — 19-njy aprel aralygynda
paýtagtymyzda geçirilýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza
döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär
wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine laýyklykda,
guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň
2023-nji ýylda alyp baran işleriniň jemlerine, guramany ösdürmegiň
Strategiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak ýaly meselelere garaldy. Şeýle
hem demir ýollary ulanmak arkaly üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi,
sebitde ýük daşamalary artdyrmak boýunça pikir alyşmalar boldy. Mejlisiň
çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Munuň özi DÝHG-niň
işjeň agzalarynyň biri bolan Türkmenistanyň üstaşyr geçirijilik
mümkinçiliklerini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Şeýle hem Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy
guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň
we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň jemleri boýunça kabul
ediljek Aşgabat Jarnamasy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda sebit ähmiýetli halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge möhüm ähmiýet
berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda Demir ýollaryň
hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň
ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň
guramaçylykly geçirilendigini nygtap, forumyň netijeleri boýunça kabul edilýän
Aşgabat Jarnamasynyň wajypdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasy bilen gatnaşyklaryň mundan beýläk-de
dowam etdiriljekdigini nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna ýokary derejede
geçirilen mejlise gatnaşyjylara öz minnetdarlygyny ýetirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da
birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, hemmelere
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi
ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.