Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp
barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp
barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi dowam
edýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde
gowaçanyň hatarara bejergisini talabalaýyk geçirmek boýunça degişli işler
ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda, ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja
ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri
dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, pile öndürmek möwsümini talabalaýyk
geçirmek, bu ugurda bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady
bilen, welaýatyň pileçi kärendeçileri tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.
Ekerançylyk meýdanlaryna berilýän suw serişdelerini tygşytly we netijeli
peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak üçin suwaryş, şor suw
akabalary arassalanylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatda Türkmen bedewiniň
milli baýramy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk
görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba
hojalygynda möhüm we jogapkärli möwsümiň dowam edýändigine ünsi çekdi hem-de
gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde tamamlanylmagy, ak ekin meýdanlaryndaky
degişli ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagy üçin ähli zerur çäreleriň
görülmelidigini belledi we häkime bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de
hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary
hilli, bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime
tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz S.Kakabaýewi Ahal welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça
orunbasary wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýdyp, degişli
resminama gol çekdi.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatda gowaça ekişi guramaçylykly alnyp barylýar. Ekiş
geçirilen ýerlerde ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk
tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý ekilen
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja
ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek we bu önümler bilen ilatymyzy
bolelin üpjün etmek maksady bilen, olara ideg işleri alnyp barylýar. Welaýatda
pile möwsümini üstünlikli geçirmek üçin hem zerur çäreler görülýär, ekerançylyk
meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça degişli işler ýerine
ýetirilýär. Mundan başga-da, Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp,
welaýatda geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaralara taýýarlyk görlüşi, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy
barada hasabat berildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli
ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we gowaça
ekişiniň bellenen möhletlerde, guramaçylykly geçirilmegini, bugdaý
meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek
arkaly alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly
Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň
ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Sanly
ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi
S.Soltanmyradowyň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky
hasabaty bilen dowam etdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatda gowaça ekişi guramaçylykly dowam edip, ekiş möwsümini ýokary
hilli, agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Gögeriş
alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň bugdaý
ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýeralma, beýleki
gök-bakja ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem pile möwsümini
guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň
ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen,
suwaryş ulgamlaryny arassalamak işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da,
häkim halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrýan
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni
çärelere taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi
göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi we gowaça ekişiniň
guramaçylykly geçirilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň degişli
talaplara laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli bolmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda 2024-nji ýylyň pagta hasyly
üçin gowaça ekişi dowam edýär. Ekişi bellenen agrotehniki möhletlerde
tamamlamak üçin ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary we gurallara doly
güýjünde işledilýär. Gowaçanyň gögeriş alnan meýdanlarynda kadaly ösüşi üpjün
etmek maksady bilen, hatarara bejergi işleri geçirilýär. Şu ýyl sebitde
bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin gallaçy daýhanlar tarapyndan
bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny
tutmak işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja
ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Welaýatda pile öndürmek
boýunça bellenilen meýilnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda
pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri alnyp
barylýar. Şeýle hem ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen kadaly üpjün etmek
boýunça zerur çäreler görülýär. Suwaryş, şor suw akabalary arassalanylýar.
Mundan başga-da, häkim Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli welaýatda
geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden
bol hasyl almak babatda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine
ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde
alnyp barylmagyny, bugdaýa ideg etmek işleriniň talabalaýyk ýerine
ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara
laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde,
ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ekişde oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär.
Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Bugdaý ekilen
meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri
ýerine ýetirilýär. Şeýle-de ýazlyk ýeralma, sogan, beýleki gök-bakja ekinleri
ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg işleri
geçirilýär. Welaýatda pile möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, pile
öndürijiler üçin zerur şertler döredilýär. Häzirki wagtda ýüpek gurçuklaryna
ideg işleri alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini
gowulandyrmak üçin suwdan tygşytly we netijeli peýdalanmak, howdanlara suw
toplamak, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak boýunça degişli işler
geçirilýär. Şeýle hem häkim Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli
welaýatda geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy
barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli
ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we gowaça
ekişiniň, bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp
barylmagyny berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz
Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, sebitde şu ýyl
üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy, ýakyn günlerde welaýatda ulanmaga beriljek medeni-durmuş maksatly
desgalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi
häkime tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz, saglyk ýagdaýy sebäpli, A.Abdyllaýewi welaýatyň Sakarçäge
etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä B.Taganowy belledi we degişli
Permanlara gol çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary
T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi dowam edip, bu möwsümi
bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Bu
işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan, gurallaryndan netijeli peýdalanylýar.
Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Şu ýyl
Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý
ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine
ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda
ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu
önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek babatda ozal beren tabşyryklaryny
ýerine ýetirmek üçin şu günler welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk
ekinleriň ekişi, olara ideg etmek işleri alnyp barylýar. Balkan hem-de Daşoguz
welaýatlarynda pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, Ahal, Lebap, Mary
welaýatlarynda bolsa ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär.
Ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, ahalteke
bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak,
behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça giň möçberli işler
durmuşa geçirilýär. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden
bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp
barylýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça
ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmegini,
bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini berk
gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz K.Haýtekowy hem-de
Y.Nursahatowy Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň
orunbasarlary wezipesine, M.Öwezmyradowy bolsa Azyk senagaty döwlet
birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek kararyna gelendigini
aýdyp, degişli resminamalara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna
gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň ähmiýetini belledi we ýazlyk ekinleriň ekişiniň we olara ideg işleriniň
agrotehniki möhletlerde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça uly
işleriň alnyp barylýandygyna ünsi çekip, Türkmen bedewiniň milli baýramy
mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün
etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly
geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine
ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.