Şu
gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.
Şeýle-de gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün
etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly
meseleler girizildi.
Ilki
bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew
çykyş edip, şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň
Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny
pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de harby
gullukçylary gullukdan boşatmagyň, raýatlaryň nobatdaky harby gulluga
çagyrylyşynyň barşy barada hasabat berildi. Şunuň bilen birlikde, harby
gullukçylaryň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli
işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna Goranmak ministrligine degişli birnäçe desgalary
gurmak we durkuny täzelemek baradaky resminamanyň taslamasy hem hödürlenildi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň diňe
goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň düzgünlerini takyk ýerine
ýetirmegiň wajypdygyny belledi. Harby we hukuk goraýjy düzümleriň öňünde durýan
wezipeleriň talabalaýyk çözülmegi serkerdeleriň hünär derejesine, olaryň hukuk
sowatlylygyna, döwrebap tehniki serişdeleri, tehnologiýalary özleşdirmeklerine
gönüden-göni baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy
we degişli resminama gol çekdi.
Döwlet
Baştutanymyz harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de Türkmenistanyň
raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy bilen baglanyşykly meselelere
ünsi çekip, bu işleriň guramaçylykly ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik
etmegi tabşyrdy.
Baş
prokuror B.Muhamedow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň
jemleri, döwlet Baştutanymyzyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine
gözegçiligi amala aşyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi
barada hasabat berdi. Şeýle hem sanly ulgamy ornaşdyrmak, prokuratura
edaralarynyň işgärler kuwwatyny berkitmek ugrunda görülýän çäreler barada
aýdyldy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, prokurorlary wezipä
bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana hem-de Karara gol çekdi. Döwlet
Baştutanymyz ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, beýleki
edara-kärhanalar tarapyndan kanunçylygyň takyk hem-de birmeňzeş berjaý
edilişine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini aýdyp, Baş prokurora ýol berilýän
düzgün bozulmalaryny ýüze çykaryp, olary öz wagtynda düzetmek üçin çäreleri
görmegi tabşyrdy.
Içeri
işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň üç aýynda
ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün
etmek, hukuk bozulmalarynyň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça amala
aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ýangyn howpsuzlygy gullugynyň
işini kämilleşdirmek babatda görlen anyk çäreler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny,
jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerini goramagyň, ýol hereketiniň, ýangyna garşy
göreş kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň Içeri işler
ministrliginiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen
baglylykda, edaralarda we ilatyň arasynda wagyz-nesihat çäreleriniň, degişli
düşündiriş işleriniň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigi bellenildi.
Ýokary
kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu
ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijeleri, kazyýet işini
talabalaýyk alyp barmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, degişli
düzümleriň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat
berdi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kazyýet edaralarynyň hukuk
bozulmalarynyň öňüni almak babatda alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmagynyň
zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz kazyýet işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmek boýunça görülýän çärelere üns çekip, Ýokary kazyýetiň
ýolbaşçysyna bu ugurda alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Şeýle-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin kazyýet işgärleri bilen
ýörite okuw sapaklaryny geçirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns
çekildi.
Soňra
milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri, döwlet bähbitlerini goramak, jemgyýetimizde durnuklylygy
üpjün etmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler, ýolbaşçylyk edýän edarasyny
ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi
barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň
konstitusion gurluşyny we çäk bitewüligini goramak bilen baglylykda, bu
edaranyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi. Hususan-da,
geçirilýän seljerme işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigi
bellenildi.
Döwlet
serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň
ýanwar — mart aýlarynda alyp baran işleriniň netijeleri, Watanymyzyň mukaddes
serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de
serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý
ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen bagly meseleler barada
aýdyldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Döwlet serhediniň ygtybarly
goralmagyny üpjün etmegiň, hem-de serhetlerimizi dost-doganlyk serhedine
öwürmek üçin alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Serhet
goşunlarynyň öňdebaryjy tehniki serişdeler bilen üpjün edilmegi harby
gullukçylaryň hünär taýdan taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyny talap edýär diýip,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna
birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra
adalat ministri M.Taganow şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň kanunçylyk
binýadyny kämilleşdirmek, düzümleýin edaralara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren
tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle-de degişli
maksatnamany durmuşa geçirmegiň barşy barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, häzirki wagtda
adalat edaralarynyň işini sanly ulgama geçirmek boýunça işleriň alnyp
barylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň öz wagtynda, ýokary
hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmek tabşyryldy.
Soňra
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň üç aýynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň
ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem işiň döwrebap usullaryny we
iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler, edarany
ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada aýdyldy. Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň garamagyna gullugyň düzümleriniň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak
bilen baglanyşykly resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, degişli
Karara gol çekdi we häzirki wagtda gümrük nokatlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça
işleriň alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen
baglylykda, bu işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk
gözegçilik etmegiň zerurdygyna üns çekildi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow
ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan
işleriň netijeleri, edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, onuň
işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
döwletimiziň migrasiýa ulgamyndaky syýasatynyň dünýäniň oňyn tejribesiniň we
milli kanunçylygyň esasy ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagyna, işiň innowasion
usullarynyň ulanylmagyna gönükdirilendigini nygtady. Migrasiýa gözegçiligini
kämilleşdirmek boýunça meseleleri üns merkezinde saklamak boýunça anyk çäreleri
görmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna
degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň Harby doktrinasyna laýyklykda,
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini
ýokary derejede üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi.
Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmäge, Watan
goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da
gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini
aýtdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde
başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi
tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar
durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri
arzuw etdi.