Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de
welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny
geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan
möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda
alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatda gowaça ekişi dowam edýär. Bu möwsümi agrotehniki
möhletlerde, ýokary hilli geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny
we gurallary doly güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý
ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Galla kabul ediş
kärhanalaryny, elewatorlary, awtoulaglary galla oragy möwsümine taýýarlamak
babatda hem zerur işler alnyp barylýar. Welaýatyň ýazlyk ýeralma we beýleki
gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär. Şeýle hem
dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi tamamlanyp, häzirki
wagtda ýaş mallary sagdyn ösdürip ýetişdirmek üçin degişli işler alnyp
barylýar.
Häkim
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatda meýilleşdirilen köpçülikleýin
sport we medeni çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy
barada hem hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän
oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça ekişiniň
talabalaýyk, bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, welaýatyň bugdaý
meýdanlarynda ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde
saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde
tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerur talap bolup
durýandygyny aýtdy we bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişi
dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanmak,
bu jogapkärli möwsüme gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek
üçin zerur çäreler görülýär. 2024-nji ýylda ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny
öndürmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine
ýetirilýär. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde işlediljek
kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary, galla kabul ediş bölümlerini möwsüme
taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatda gök-bakja
ekinleriniň ekişi dowam edip, ýazlyk ýeralma, beýleki gök ekinler ekilen
meýdanlarda agrotehniki çäreler geçirilýär. Sebitde dowarlaryň baş sanyny
artdyrmak, olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak we talabalaýyk idetmek
boýunça-da zerur işler ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda welaýatyň maldarçylyk
hojalyklarynda owlak-guzy möwsümi dowam edip, ony guramaçylykly geçirmek üçin
degişli işler alnyp barylýar.
Şeýle
hem häkim Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatda meýilleşdirilen çärelere
taýýarlyk görlüşi, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň,
etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna”
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy
barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehniki möhletlerde
geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belledi we gowaça
ekişiniň talabalaýyk alnyp barylmagyny, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün
etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli
ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Sanly
ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi
S.Soltanmyradowyň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky
hasabaty bilen dowam etdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde gowaça ekişine girişilip, bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryny we
gurallary doly güýjünde işletmek, ekiş möwsümini ýokary hilli, agrotehniki
möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we
ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatdaky
galla kabul ediş bölümlerini, elewatorlary, bugdaý daşajak awtoulaglary möwsüme
taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň
ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we gök-bakja ekinleri bilen bolelin
üpjün etmek boýunça berýän tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatda bu ekinleriň
ekişi dowam edýär, ekiş geçirilen ýerlerde bolsa agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Şu günler welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda
dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak işleri gyzgalaňly dowam edýär.
Bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly geçirmek üçin welaýatyň maldarlaryna ähli
zerur şertler döredildi.
Häkim
ýurdumyzda her ýyl giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli
welaýatda geçiriljek medeni-sport çärelerine taýýarlyk görlüşi, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň alnyp barlyşy barada hem hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde
we ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine
ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy
häkime tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda
ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde 2024-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekişini bellenen möhletde
geçirmek, ekişde ulanylýan kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde
işledilmegini gazanmak ugrunda zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Galla kabul ediş
kärhanalaryny, elewatorlary we bu ugurda ulanyljak awtoulaglary galla oragy
möwsümine doly taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, ilatymyzy ýurdumyzda
öndürilýän ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün
etmek babatda berýän tabşyryklaryna laýyklykda, ýazlyk ýeralma, sogan ekilen
meýdanlarda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem welaýatyň
maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak
möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilip, häzirki
wagtda bu jogapkärli möwsüm dowam edýär.
Häkim
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatda meýilleşdirilýän çärelere
taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly
binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hem hasabat
berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň bellenen
möhletlerde, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini, ideg işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini esasy wezipeleriň
hatarynda kesgitledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde
saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek
we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem galla oragy möwsümini
guramaçylykly geçirmek maksady bilen, galla kabul ediş kärhanalaryny,
elewatorlary, awtoulaglary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, ekiş möwsümini bellenen möhletlerde we
guramaçylykly geçirmek işleri gündelik gözegçilikde saklanylýar. Ekişde
ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn
ähmiýet berilýär. Şeýle hem sebitiň ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja
ekinleri ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri geçirilýär. Welaýatda
dowarlaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak,
mallary talabalaýyk idetmek boýunça hem zerur çäreler alnyp barylýar. Häzirki
wagtda maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek
almak möwsümi guramaçylykly dowam edýär.
Häkim
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatda geçirilmegi meýilleşdirilen
köpçülikleýin sport we medeni çärelere taýýarlyk görlüşi, “Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap
merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji
ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hem hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan
möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça ekişiniň bellenen
möhletlerde, ýokary hilli geçirilmegini, ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamagy häkime
tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu
ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän
orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda
gowaça ekişi dowam edip, ekiş möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde
geçirmek, bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallary doly
güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda bugdaýyň bol
hasylyny öndürmek arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen,
welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
işleri dowam edýär. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla
kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary taýýarlamak boýunça degişli işler
geçirilýär. Diýarymyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän
möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek barada
öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatlaryň ekerançylyk
meýdanlarynda ýazlyk ekinleriň ekişi, olara ideg etmek işleri utgaşykly dowam
edýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň ýerden bol
hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi hem-de gowaça ekişiniň
agrotehniki möhletlerde, bökdençsiz geçirilmegini, ýurdumyzyň bugdaý ekilen
meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly
ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara
ýüzlenip, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
geçirilmegini, galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini
tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine ýurdumyzda
giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen
medeni-köpçülikleýin, sport çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde
goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.