Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan
meseleleriniň birnäçesine garaldy.
Döwlet
Baştutanymyz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş
kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes
Gadyr gijesiniň öň ýanynda günäsini geçýäris. Beýik ata-babalarymyzyň
rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak
ýaly sahawatly çäreleri geçirýäris diýip belledi.
Soňra
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky
toparyň başlygy B.Gündogdyýew jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň
mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren
işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip,
jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 356 sany raýatyň mübärek Gadyr gijesi
mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi. Şeýle-de döwlet
Baştutanymyz toparyň başlygyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen
bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz
öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi
tabşyrdy. Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, beýleki
ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur
çäreleri görmek tabşyryldy.
Hormatly
Prezidentimiz günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala
aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak
ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Soňra
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek,
hususan-da, hereket edýän kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk
getirmek hem-de täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp
barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen birlikde, Mejlisiň nobatdaky
maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.
Maslahatyň
barşynda “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”,
“Gidrometeorologiýa işi hakynda”, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň
Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak
hakynda”, “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek
hakynda”, “Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek
hakynda”, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek
hakynda”, “Weterinariýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we
goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garamak
göz öňünde tutulýar.
Şeýle-de
daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary
giňeltmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. Şunuň
bilen baglylykda, Mejlisde Panama Respublikasy we Wenesuela Boliwarian
Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden
ynanç hatlarynyň kabul edilendigi habar berildi. Deputatlaryň ýurdumyzda
gazanylýan üstünlikleri, amala aşyrylýan özgertmeleri wagyz-nesihat etmek we
kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça degişli
işleri alyp barýandyklary aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkara tejribeden ugur alyp, ýurdumyzyň
kanunçylygynyň döwrebap we kämil bolmagy üçin netijeli işleri dowam etdirmegiň
zerurdygyny belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet emlägini dolandyrmagyň
netijeliligini ýokarlandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, amatly
işewürlik gurşawyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan döwletiň paýly gatnaşmagynda
döredilen hojalyk subýektlerindäki degişli paýlary döwletiň garamagyndan
aýyrmak we hususylaşdyrmak boýunça seljermeler yzygiderli geçirilýär. Şunuň
bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Sanly ykdysadyýet
innowasion merkezi” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk maýasyndaky
paýnamalary bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak baradaky teklip
hödürlenildi. Paýdarlar jemgyýetiniň esasy iş ugurlary lomaý söwda, işleri we
hyzmatlary ýerine ýetirmek, maýa goýumlary çekmek hem-de telekeçilik işini alyp
barmak bilen baglydyr.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwlet emlägini hususylaşdyrmak hem-de ony
dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak işlerini dowam etdirmegiň
zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi netijeli
ösdürmäge ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň
ýagdaýy, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konsernini zerur bolan enjamlar, şol
sanda nebitgaz guýularyny burawlamakda, özleşdirmekde, düýpli abatlamakda
ulanylýan turba önümleri bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýangyç-energetika
ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga, işe
innowasion usullary, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga
gönükdirilen toplumlaýyn strategiýa amala aşyrylýar. Bu ugurda “Türkmennebit”
döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň düzümleri
tarapyndan ýerine ýetirilýän, şu ýylyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan
işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň çykarylýan möçberini
artdyrmagyň möhüm wezipedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz «Türkmennebit» döwlet konsernini nebitgaz guýularyny burawlamak,
özleşdirmek hem-de düýpli abatlamak işlerinde ulanylýan turba önümleri bilen
üpjün etmek boýunça teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Gowaça
ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, oba hojalyk tehnikalarynyň we
gurallaryň bökdençsiz işlemegini gazanmak, şeýle hem önüm öndürijileri ýokary
hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek babatda görülýän çäreler barada aýdyldy.
Şu
günler gallaçy kärendeçiler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bugdaý ekilen
meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işlerini
alyp barýarlar. Galla kabul ediş kärhanalaryny we elewatorlary galla oragy
möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bellenilişi
ýaly, ilatymyzy ýurdumyzda öndürilen ýeralma, gök-bakja önümleri bilen ýeterlik
möçberde üpjün etmek arkaly azyk üpjünçiligini has-da pugtalandyrmak boýunça
degişli işler alnyp barylýar. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý
zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, suw
serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda işler dowam etdirilýär.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ekişini talabalaýyk geçirmek üçin ähli
zerur şertleri döretmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, ekişde
ýokary hilli gowaça tohumlaryny peýdalanmak we döwrebap tehnikalaryň netijeli
işledilmegini gazanmak zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
oba hojalyk ekinlerini suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ýurdumyzyň
howdanlarynda suw toplamak işlerine-de aýratyn üns bermegiň möhümdigini nygtap,
wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň “Parahat —
7” ýaşaýyş toplumynda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň
şähergurluşyk-binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmek hem-de halkyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün
etmek boýunça nusgalyk işler amala aşyrylýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň çäklerinde “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda
20 sany 9 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýyny, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi,
seýilgähi we awtomobil ýollaryny gurmak meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 864 hojalyga
niýetlenen 20 sany 9 gatly nobatdaky döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, 720 orunlyk
umumybilim berýän mekdebi, seýilgähi we awtomobil ýollaryny gurmak boýunça
teklibi goldady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda toplumynyň sergisine
taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, forumy 3 — 5-nji aprelde ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda
geçirmek meýilleşdirilýär. Gözden geçirilişe söwda toplumyna degişli
ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň köp sanlysynyň, Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň dürli ulgamlarda işleýän agzalarynyň 210-dan
gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Sergi
ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamynda, dokma, halyçylyk pudaklarynda, beýleki
ugurlarda gazanýan üstünliklerini görkezer. Onuň çäklerinde Dokma senagaty
ministrliginiň garamagyndaky hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
agzalaryna degişli modeller öýleriniň milli lybaslarynyň dabaraly
görkezilişini, söwda toplumyna degişli kärhanalaryň täze önümleriniň
mahabat-tanyşdyryş çärelerini guramak meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisini ýokary
derejede geçirmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz sergide ýurdumyzyň
söwda we hyzmatlar ulgamynyň ösüşiniň, dokma senagatynyň gazananlarynyň, milli
el halyçylyk sungatynyň önümleriniň, hususy pudagyň ösüş ugurlarynyň öz
beýanyny tapmalydygyny belläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek
esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň
Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, geljek aýda dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny,
mediaforumlary, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary
geçirmek, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz
öňünde tutulýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň “Änew — müňýyllyklardan
gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralaryny,
medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň, alymlaryň Milli “Ak bugdaý”
muzeýine, Seýit Jemaleddin ýadygärligine hem-de “Nowruz ýaýlasyndaky”
“Türkmeniň ak öýi” binasyna gezelenjini, mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň
Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklere gezelençlerini
guramak göz öňünde tutulýar.
Esasy
çäreleriň hatarynda Bütindünýä saglyk güni, Oraza baýramy we Türkmen bedewiniň
milli baýramy, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen —
Mary böleginiň hem-de Mary şäherindäki durky täzelenen Enäniň we çaganyň
saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabaralaryny görkezmek bolar. Şeýle-de
Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günlerini, ýurdumyzyň Söwda-senagat
edarasynda söwda toplumynyň sergisini, Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan
Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli maslahaty we sergini geçirmek
göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky
döwlet sazly drama teatrynda, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ABŞ-nyň we
Türkmenistanyň akapella toparlarynyň bilelikdäki çykyşlaryny guramak
meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän
baýramlar we şanly seneler bilen baglanyşykly şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek
esasy çäreleri giňden ýaýbaňlandyrmak üçin ähli zerur işleri alyp barmagyň
möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ulanmaga berilýän
medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna, Bütindünýä saglyk güni,
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk
görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow «Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy» ýylynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda
bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni maksatly çäreleri geçirmek barada
hasabat berdi. Bu çäreler jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň
ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek,
raýatlarymyzyň beden saglygyny berkitmek, adamyň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak
maksady bilen geçiriler.
Bellenilişi
ýaly, Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär. Oňa
Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygyndaky “Welosiped binasynyň”
ýanyndan badalga berler. Ýörişiň geçjek ýollarynyň ugrunda medeniýet we sungat
ussatlarynyň aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary guralar. Şeýle hem şol gün
Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda halkara
ýaryşlarda altyn medallara mynasyp bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň
türgenlerini sylaglamak dabarasy geçiriler. Türkmen döwlet bedenterbiýe we
sport institutynda ikinji we üçünji orunlary eýelän türgenleri sylaglamak
dabarasy dowam etdiriler.
Bütindünýä
saglyk güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, şeýle hem Aşgabat, Arkadag
şäherlerinde 1 — 7-nji aprel aralygynda ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat,
bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni çäreler guralar. Olara umumybilim
berýän orta mekdepleriň okuwçylary, hünär-tehniki, orta we ýokary okuw
mekdepleriniň talyplary, kärhanalaryň, edaralaryň işgärleri, türgenler işjeň
gatnaşarlar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Bütindünýä saglyk gününiň giňden
bellenilip geçilýändigini aýtdy. Agzybirligi we jebisligi pugtalandyrýan bu
halkara sene jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda,
bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Bütindünýä saglyk güni
mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni çäreleri,
köpçülikleýin welosipedli ýörişleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen durnukly ösüş ugrunda
hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, abraýly halkara düzümler, şol sanda BMG bilen netijeli gatnaşyklar
Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup
durýar. Ýurdumyz Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda uzak möhletli geljek
üçin binýatlaýyn ugurlary kemala getirýär. Şolaryň hatarynda 2030-njy ýyla
çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) amala aşyrmak esasy orny
eýeleýär. Halkara bileleşigiň işjeň agzasy bolan Türkmenistan Durnukly ösüş
maksatlaryny işläp taýýarlamaga saldamly goşant goşdy we milli maksatnamalara,
durmuş-ykdysady strategiýalara girizmek bilen, ony milli derejede ýerine
ýetirip başlan ilkinji döwletleriň biri boldy. Hususan-da, Türkmenistan Hökümet
derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryndan ilkinji tapgyrda jemi 17 maksady, 148
wezipäni we 187 sany görkezijini kabul etdi.
DÖM-niň
ýurdumyzda amala aşyrylyşy boýunça Türkmenistanyň Meýletin milli synlary
2019-njy we 2023-nji ýyllarda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň ýokary
derejeli Syýasy forumynyň çäklerinde bu guramanyň agza ýurtlarynyň dykgatyna
ýetirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň halkara
başlangyçlaryndan hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
78-nji sessiýasynda ileri tutulýan garaýyşlardan ugur alyp, bu gurama bilen
durnukly ösüş ugrunda döwletimiziň hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen,
birnäçe teklipler taýýarlanyldy.
Bellenilişi
ýaly, şu ýylyň 15 — 19-njy apreli aralygynda ilkinji gezek BMG-niň Nýu-Ýorkdaky
ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Durnukly
ösüş hepdeligi geçiriler. Halkara derejede durnukly ulag ulgamy meselesini
ilerletmekde ýurdumyz öňdebaryjy orny eýeleýär. Hepdeligiň çäklerinde şu mesele
boýunça ýokary derejeli mejlis geçiriler. Oňa Türkmenistanyň wekiliýetini
ibermek teklip edilýär.
Döwletimiziň
ulag aragatnaşygynyň ösdürilmegi ugrundaky tagallalaryny, ýeten sepgitlerini we
başlangyçlaryny beýan etmek, şol bir wagtda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin
Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ulag onýyllygy boýunça Maksatnamasyny
işläp taýýarlamaga goşant goşmak maksady bilen, şu ýylyň 16-njy aprelinde
guramanyň binasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň
dostlary toparynyň ministrler derejesindäki duşuşygyny geçirmek teklip edilýär.
Şunuň bilen birlikde, geljek aýda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Ösüşi
maliýeleşdirmek üçin indiki ädimler boýunça forumynyň işine gatnaşmak üçin
ýurdumyzyň wekiliýetini Nýu-Ýork şäherine iş saparyna ugratmak teklip edilýär.
Forumyň dowamynda şu ýylyň 23-nji aprelinde «Durnukly ösüş maksatlarynyň
maliýeleşdirilmegi boýunça ministrleriň dialogy» atly ugurdaş çäräni guramak we
onuň mowzugyny ulag ulgamyna hem-de energiýa arabaglanyşygy meselelerine
bagyşlamak teklip edilýär.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyzyň energetika pudagyny ösdürmek bilen bagly
başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldawa eýe
bolýandygy nygtaldy. 2023-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy
tarapyndan biragyzdan kabul edilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we
durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnama munuň aýdyň
güwäsidir. Şu başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin şu ýylyň maý-iýun aýlarynda
sanly ulgam arkaly BMG-niň ştab-kwartirasynda bu ulgamdaky bilermenleriň
halkara duşuşygyny geçirmek teklip edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen Milletler
Guramasy Türkmenistanyň iň ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barýan halkara guramalarynyň
biridir diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýer, daşary işler ministrine BMG bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek
üçin degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew ýükleri awtoulagda daşamak ulgamynda halkara derejeli hünärmenleri
taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda ýükleri awtoulagda daşamagyň geografiýasyny giňeltmäge,
şol sanda Ýewropa ýurtlaryna gatnawlary amala aşyrmaga uly ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan Halkara
awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) agzasy bolup durýan “Türkmenistanyň
awtoulagly halkara daşaýjylarynyň assosiasiýasy” jemgyýetçilik birleşigi bilen
bilelikde yzygiderli seljerme işleri geçirilýär. Onuň netijeleri boýunça
halkara daşamalary amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini we
operatorlaryny hünär taýdan taýýarlamagyň zerurdygy kesgitlenildi. Şunuň bilen
baglylykda, Awtomobil mekdepleriniň birleşigi hem-de “Türkmenistanyň awtoulagly
halkara daşaýjylarynyň assosiasiýasy” jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde
Halkara awtomobil ulaglary birleşigi tarapyndan akkreditirlenen okuw merkezini
açmagyň maksadalaýyk boljakdygy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ulag-logistika ugrunda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm wezipe
bolup durýandygyny belledi. Munuň özi geljekde ýurdumyzdan ýükleri awtoulagda
daşamagyň ugurlaryny has-da giňeltmäge, şol sanda Ýewropa ýurtlaryna gatnawlary
amala aşyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
Halkara awtomobil ulaglary birleşigi tarapyndan akkreditirlenen okuw merkezini
açmak boýunça teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler
Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisiniň dowamynda
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda taryhy Kararnamanyň biragyzdan kabul
edilendigini, onuň esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
diýlip yglan edilendigini belledi. Munuň özi biziň öňümizde birnäçe guramaçylyk
meselelerini goýýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we şu
mynasybetli döwlet derejesinde geçiriljek halkara çäräniň guramaçylygynyň üpjün
edilmegi üçin şu wagtdan Hökümet agzalaryndan ybarat bolan döwlet toparyny
döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
mynasybetli 2025-nji ýylyň dowamynda guraljak halkara derejeli çäreler
Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende göterer diýip,
döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň
agzalaryna ýüzlenip, ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize
eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ata-enesiniň ýa-da
olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we
ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn
sazlaşykly ösmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň ýaş nesliň abadan we bagtyýar
durmuşyny üpjün etmäge, kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine
gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz mejlise
gatnaşyjylary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli
gutlady.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow
hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
döredilen güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Gahryman Arkadagymyza hem-de
Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli
işleriniň, gaznanyň alyp barýan ynsanperwerlik işiniň mundan beýläk-de
rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da
birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, hemmelere
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi
ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.