Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp
barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp
barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda sebitde gowaça ekişine girişildi we bu möwsümi agrotehniki
möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Şunda oba hojalyk
tehnikalarynyň, gurallaryň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär.
Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny
tutmak işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki
gök-bakja ekinleriniň ekişi geçirilen ýerlerde agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda pile öndürmek möwsümine hem
taýýarlyk görülýär. Ýüpekçiler bilen şertnamalary baglaşmak, olary ýüpek
gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu
ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk
işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba
hojalygynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigine ünsi çekdi we gowaça ekişiniň
ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek
arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň
öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime
tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde gowaça ekişi guramaçylykly dowam
edýär. Ekişde ulanylýan tehnikalaryň we gurallaryň doly güýjünde işledilmegini
üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da
pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelere laýyklykda, ak ekin meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ideg işleri ýerine ýetirilýär.
Welaýatda gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edip, ýazlyk ýeralma, sogan ekilen
meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şeýle hem pile öndürmek möwsümine taýýarlyk
görmegiň çäklerinde pile öndürýän hojalyklar bilen şertnama baglaşmak we olary
ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär.
Häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada-da hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu jogapkärli möwsümiň ýokary
hilli, guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini
belledi we gowaça ekişine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün
edilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli hem-de bellenen
möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Sanly
ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi
S.Soltanmyradowyň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky
hasabaty bilen dowam etdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylda welaýatda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip
ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri
guramaçylykly alnyp barylýar. Gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde
geçirmek üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça
tohumlarynyň zerur möçberi taýýar edilip, gowaça ekiljek meýdanlarda
tekizleýiş, ýuwuş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem welaýatda
ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi geçirilen meýdanlarda ideg işleri ýerine
ýetirilýär, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi hem dowam edýär. Ýüpekçiligi
ösdürmek we piläniň öndürilýän möçberini artdyrmak üçin häzirki wagtda pileçi
kärendeçiler bilen şertnamalary baglaşmak we beýleki taýýarlyk işleri alnyp
barylýar. Şunuň bilen birlikde, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu
ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky we
binalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm
ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde, ýokary
guramaçylykly geçirilmegi üçin zerur tagallalaryň edilmegini, bugdaý
meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi
häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl
welaýatda meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, ekişi bellenen möhletde
we ýokary hilli geçirmek üçin zerur işler alnyp barylýar. Gowaça ekişinde
ulanylýan kuwwatly oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Bugdaý
ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak
işleri geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny
pugtalandyrmak, ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, beýleki gök-bakja
önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek barada berýän tabşyryklaryna
laýyklykda, welaýatyň ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarynda degişli ideg
işleri ýerine ýetirilýär. Pile öndürmek möwsümine hem ykjam taýýarlyk görülýär.
Häzirki wagtda pileçi kärendeçiler bilen şertnamalary baglaşmak, olary ýüpek
gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan
başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
binalardaky hem-de desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat
berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi we
gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň, bugdaý
meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini
belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa
geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, bu ugurdaky işleriň ýokary hilli ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek babatda öňde goýlan
wezipelerden ugur alnyp, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp
barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, häzirki
wagtda ekiş möwsümini bellenen möhletlerde ýokary hilli geçirmek, oba hojalyk
tehnikalaryny we gurallary doly güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler
görülýär. Şeýle hem welaýatyň ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarynda
degişli ideg işleri alnyp barylýar, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine hem
taýýarlyk görülýär. Sebitde pile öndürmek möwsümine taýýarlyk işleri alnyp
barylýar. Pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, olary ýüpek gurçugynyň
tohumlary bilen üpjün etmek, pile kabul ediş nokatlaryny taýýarlamak boýunça
degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň
obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin
Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän
jogapkärli möwsümiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň zerur talap
bolup durýandygyna ünsi çekdi we gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde
tamamlanmagyny, bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmegini häkime
tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu
ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary
T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda gowaça ekişine
girişildi, Daşoguz welaýatynda bolsa ekişe başlamaga taýýarlyk görülýär. Gowaça
ekişini bellenen möhletlerde geçirmek maksady bilen, ekiş möwsüminde ulanylýan
oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary netijeli işletmek boýunça zerur işler
alnyp barylýar. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Galla kabul ediş
kärhanalaryny, elewatorlary hem-de galla kabul ediş nokatlaryny galla oragy möwsümine
taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Ýurdumyzda
ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de
bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda
welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleriň ekişi dowam edýär.
Şunuň bilen bir hatarda, pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde
pile öndürijiler üçin ýüpek gurçugynyň tohumlaryny möwsüme taýýarlamak, welaýat
ýüpek önümçilik birleşikleri bilen pile öndürijileriň arasynda şertnamalary
baglaşmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we häzirki
wagtda bu pudakda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary
hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we gowaça ekişiniň
guramaçylykly, agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaý ekilen meýdanlarda
alnyp barylýan degişli ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna
gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň geljekde
bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigine ünsi çekdi we ýazlyk ekinlere
ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny, pile öndürmek möwsümine ykjam
taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Iş maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar
hormatly Prezidentimizi «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly
kitabynyň çapdan çykmagy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň
63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl —
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi
mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk
jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işlerinde mundan beýläk-de uly
üstünlikleri arzuw etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde
goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.