Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Wise-premýer “Karz edaralary we bank
işi hakynda”, “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna we
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we
auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda” Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň bank
edaralarynyň maliýe hasabatlaryna halkara standartlar esasynda nobatdaky audit
barlaglaryny geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny
halkara standartlara görä geçirmek boýunça zerur çäreleri amala aşyrmagy
wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Amanow Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek
boýunça halkara göçme forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň
“Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýylda
sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmegi hakynda”
Kararyna laýyklykda, bu forumy şu ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýa
Respublikasynyň Pariž şäherinde guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, forumy guramaçylykly geçirmek üçin zerur işler alnyp barylýar. Onda
döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň
energetika, gurluşyk we senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky maýa goýum
taslamalary bilen tanyşdyrmaga aýratyn üns berler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny
çekmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň
nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme
forumda ýurdumyzyň maýa goýum taslamalarynyň giňden açylyp görkezilmelidigine
ünsi çekdi hem-de wise-premýere forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda we ýurdumyzyň welaýatlarynda
dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda azyk bolçulygyny
has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Galla
oragy möwsümine taýýarlyk görmek boýunça hem zerur çäreler durmuşa geçirilýär.
Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda gowaça ekişine girişilip, Daşoguz
welaýatynda bolsa ekişe başlamak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň
bilen birlikde, ýurdumyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň
öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek
maksady bilen, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleriň ekişi
guramaçylykly alnyp barylýar.
Şeýle hem ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny
ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň önüm berijiligini
ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi. Häzirki wagtda
sebitlerde dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de oba hojalyk ekinleriniň bol
hasylyny ösdürip ýetişdirmek işlerini netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyny
nygtady. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belläp,
galla oragy möwsümine göwnejaý taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly
Prezidentimiz gowaça ekişiniň talabalaýyk geçirilmelidigine ünsi çekdi we bu
ugurda döwrebap tehnikalaryň netijeli işledilip, pagtaçy daýhanlaryň ýokary
hilli gowaça tohumlary bilen üpjün edilmelidigini tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow ýokary hilli, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden
peýdalanýan önümleriň önümçiligini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzdaky gurluşyklarda
giňden ulanylýan dürli görnüşli gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” senagat pudagyny ösdürmek
boýunça çäreleri durmuşa geçirmek, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly
harytlaryň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Senagat we
gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirliginiň hem-de “Ak bulut”
hojalyk jemgyýetiniň paýly gatnaşmaklarynda “Türkmen gips” hojalyk jemgyýetini
döretmek teklip edilýär.
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Dostluk
şäheriniň çäginde dörediljek bu täze bilelikdäki kärhanada ýylda 250 müň tonna
gury gurluşyk garyndylaryny we 20 million inedördül metr gipsokarton önümlerini
öndürmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik
berer.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
häzirki zaman gurluşyk serişdelerini öndürmäge niýetlenen bilelikdäki
kärhananyň döredilmeginiň ýurdumyzyň senagat pudagyny mundan beýläk-de netijeli
ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Atdaýew Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan söwda
ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek,
ugurdaş düzümleriň işini döwrebaplaşdyrmak, ilatyň ýokary hilli önümlere bolan
isleglerini kanagatlandyrmak, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak
hem-de döwrüň talaplaryna laýyklykda hukuk taýdan düzgünleşdirmek babatda
toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda
ulgamynyň işini täzeçe guramak boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýetine
ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary M.Mämmedowa Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni
paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek
boýunça dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Dabarany Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň
“Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirmek meýilleşdirilýär.
26-njy martda geçiriljek dabaranyň çäklerinde türki halklaryň aýdymçylarynyň
konsertini, suratkeşleriň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň hem-de
fotosuratçylaryň eserleriniň sergisini guramak göz öňünde tutulýar. Bu çärelere
gatnaşmak üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) we onuň düzümine girýän
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki döwletleriň Parlament
Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasynyň, Halkara türki
akademiýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň, TDG-ä agza we synçy ýurtlaryň
ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň, döredijilik we ylmy wekiliýetleriniň
ýurdumyza gelmegine garaşylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary
bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”
ýylynyň dowamynda dürli çäreler, şol sanda döredijilik duşuşyklary, TÜRKSOÝ-na
agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, “Gorkut ata” halkara kinofestiwaly
geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkara çäreleriň giň gerimde geçirilýändigini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Änew şäheriniň 2024-nji
ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli
çärelere badalga bermek dabarasynyň ýokary derejede geçirilmegini hem-de
çärelere gatnaşmaga gelýän myhmanlar üçin ähli zerur şertleriň döredilmegini
üpjün etmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Amannepesow 2024-2025-nji okuw ýylynyň 1-nji synp okuwçylaryna noutbuk
görnüşli kompýuterleri sowgat bermek babatda alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy” ýylynda 1-nji synpa kabul edilmegine garaşylýan 155 müň 641
okuwçyny kompýuterler bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda sowgat
beriljek “Bilimli” kompýuterleriniň nusgalary taýýarlanylyp, degişli
ministrlikler tarapyndan bu kompýuterleriň tehniki häsiýetnamalary seljerildi,
olaryň hil standartlary baradaky kepilnamalar alyndy. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda bilim syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ýaş nesliň
döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň
gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleriň döredilýändigini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky özgertmeleri
üstünlikli dowam etdirmek, şeýle hem ýurdumyzyň umumybilim berýän orta
mekdeplerine 2024-2025-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän
okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen, «Türkmenistanyň
Bilim ministrliginiň noutbuk kompýuterlerini satyn almagy hakynda» Karara gol
çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň ýerine
ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa
söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasaty yzygiderli
durmuşa geçirýändigini nygtady. Halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen
hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup
durýar. Döwlet Baştutanymyzyň sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň
pugtalandyrylmagyna, abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine
gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan
goldanylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň
teklibi boýunça birnäçe Kararnamalary kabul etmegi munuň aýdyň güwäsidir.
Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň ştab-kwartirasyndan
hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň
başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu resminama ýüze çykýan
gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly
kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga
ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle-de ol dünýäde parahatçylyk dialogy
medeniýetini ösdürmek üçin alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam
etdirmegiň möhümdigini görkezýär.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hormatly
Prezidentimizi bu syýasy üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet
Baştutanymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Wise-premýer,
DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu Kararnamany kabul etmegi
bilen baglylykda, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda çäreleri geçirmek boýunça
Hökümet derejesindäki degişli guramaçylyk toparyny döretmek we onuň
mejlislerinde anyk meselelere seretmek, bu işleri halkara derejede geçirmek
maksady bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça
sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik
utgaşdyryjysynyň gatnaşmagynda duşuşyklary geçirmek baradaky teklipleri beýan
etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip,
Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza ýüzlendi hem-de
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji
plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly
Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigine ünsi çekdi.
BMG-ä
agza ýurtlaryň Türkmenistanyň bu başlangyjyny goldamagy, oňa 86 ýurduň awtordaş
bolmagy biziň üçin örän uly abraýdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň
bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu başlangyjy biragyzdan goldan ähli
ýurtlara türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu
resminamanyň kabul edilmegi Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek,
döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny
ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň
aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam
etdiriljekdigini nygtap, mejlise gatnaşyjylary we ähli watandaşlarymyzy bu
şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet
Baştutanymyz Kararnamany amala aşyrmak boýunça beýan edilen teklipleri
makullap, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hormatly
Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu ýylyň 17 — 21-nji
marty aralygynda Belgiýa Patyşalygyna we Italiýa Respublikasyna amala aşyran iş
saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýewropa
Bileleşigi we onuň düzümindäki ýurtlar bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň
ösdürilmeginiň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy
ugurlarynyň biridigi bellenildi. Şu maksatlar bilen, Brýussel şäherinde Ýewropa
Geňeşiniň Başlygynyň daşary syýasat boýunça baş geňeşçisi, Ýewropa
Komissiýasynyň wise-prezidentleri, Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa
Komissary, Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça ýokary
wekili, Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça we Merkezi Aziýa boýunça
Ýörite wekilleri, Ýewropa Parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa
boýunça toparynyň başlygy bilen duşuşyklar geçirildi.
Duşuşyklarda
däp bolan syýasy dialogy, söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy,
netijeli ynsanperwer we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň
meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sebit, ählumumy gün tertibiniň möhüm
meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Belgiýa
Patyşalygynyň daşary işler, Ýewropa işleri, daşary söwda we federal medeniýet
edaralary boýunça ministri bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda
ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we
Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam
etdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem Brýusselde
“Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” formatynda “tegelek stol” maslahaty
guraldy. Bu çärä Ýewropa Bileleşiginiň, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş
guramasynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, sebitiň ylmy-barlag
merkezleriniň, iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Olarda
ugurlaryň giň gerimi boýunça, şol sanda ulag, energetika, gaýtadan dikeldilýän
energiýa çeşmeleri, senagat, şäher gurluşygy, maýa goýum, söwda, sanly ulgam,
saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp
maslahatlaşyldy. “Tegelek stol” maslahaty tamamlanandan soňra, ýewropaly
hyzmatdaşlar bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Mundan başga-da,
Brýussel şäherine iş saparyň çäklerinde Lýuksemburgyň wise-premýeri, daşary
işler we daşary söwda boýunça ministri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda
syýasy-diplomatik dialogy işjeňleşdirmegiň, söwda-ykdysady gatnaşyklary
giňeltmegiň meselelerine garaldy. Hususan-da, ulag we kommunikasiýa ugurlarynda
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Bütindünýä
Gümrük Guramasynyň Baş sekretary bilen bolan duşuşygyň gün tertibine
Türkmenistanyň ugurdaş edarasynyň wekilleriniň bu guramanyň işgärleriň hünär
derejesini ýokarlandyrmak, tejribe alyşmak, iş tejribesine halkara standartlary
ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaryna gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler
girizildi. Brýussel şäherine iş saparynyň dowamynda birnäçe resminamalara, şol
sanda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy döredýän
gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň goşmaça Teswirnamasyna we
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Belgiýa Patyşalygynyň Daşary
işler, daşary söwda we ösüş hyzmatdaşlygy boýunça Federal döwlet gullugynyň
arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Soňra
wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Italiýa Respublikasyna iş saparynyň netijeleri
barada hasabat berip, Rim şäherinde Halkara oba hojalyk ösüş gaznasynyň (IFAD)
prezidenti hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Baş
direktorynyň orunbasary bilen geçirilen duşuşyklar barada habar berdi.
Duşuşyklarda Türkmenistan bilen Halkara oba hojalyk ösüş gaznasynyň arasyndaky
hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, Azyk we oba hojalyk guramasy bilen amala
aşyrylýan we amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalar, howanyň
üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalyk pudagynda
hyzmatdaşlygy berkitmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Italiýanyň
Premýer-ministriniň orunbasary, infrastruktura we ulag boýunça ministri bilen
geçirilen gepleşikleriň dowamynda ulag-logistika pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň
meselelerine garaldy. Italýan tarapy bu ugurda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän
taslamalara giňden gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirdi. Gepleşikleriň netijeleri
boýunça Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Tirreniýa deňiz portunyň merkezi
dolandyryş edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Italiýanyň Döwlet demir ýol kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen bolan duşuşygyň
çäklerinde ulag ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Italiýanyň
Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri bilen geçirilen
gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer
ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp
maslahatlaşyldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça iki ýurduň daşary syýasat
edaralarynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň
Maksatnamasyna gol çekildi.
Rim
şäheriniň ýolbaşçylary bilen duşuşygyň dowamynda köpugurly türkmen-italýan
hyzmatdaşlygyny, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary
pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Şunda arheologiýa ugry hem-de iki ýurduň
medeni mirasyny wagyz etmek boýunça uzak möhletleýin esasda üstünlikli
hyzmatdaşlyk edilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Rim şäherinde
türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini
ebedileşdirmegiň, 2025-nji ýylda “Kapitoliý” muzeý toplumynda Türkmenistanyň
arheologik sergisini geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu
sergini guramakda hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, ýurdumyzyň Daşary işler
ministrliginiň we Rim şäheriniň häkimliginiň arasynda degişli resminama gol
çekildi.
“Leonardo
S.p.A” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hem-de Italiýanyň Gurluşykçylarynyň milli
assosiasiýasynyň wise-prezidenti bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda
netijeli hyzmatdaşlygyň, şol sanda gurluşyk ulgamyndaky gatnaşyklaryň
mümkinçiliklerine we ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.
Türkmenistanyň
wekiliýetiniň Belgiýa Patyşalygyna hem-de Italiýa Respublikasyna iş
saparlarynyň netijeleri boýunça wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy birnäçe
teklipleri beýan etdi. Hususan-da, Ýewropa Bileleşigi bilen dialogy mundan
beýläk-de ösdürmek bilen baglylykda, şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda “Merkezi
Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygyny
geçirmek, parlamentara hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, şu ýylyň ikinji
ýarymynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Brýussel şäherine saparyny
guramak teklip edilýär. Mundan başga-da, ýylyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetleriniň
ýurdumyza saparlaryny yzygiderli we ulgamlaýyn esasda guramak; energetika
pudagynda gatnaşyklary ösdürmek üçin Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň
arasynda energetika ugry boýunça Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak
teklip edildi.
Ýewropa
Bileleşigi bilen ýurdumyzyň arasynda ulag hyzmatdaşlygyny binýatlaýyn esasda
ösdürmek maksady bilen, “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” formatyndaky
utgaşdyryjy platformany döretmegiň üstünde işlemek teklip edilýär. Ynsanperwer
gatnaşyklary çuňlaşdyrmak bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň ugurdaş
düzümleri bilen bilelikde täze bilim maksatnamalaryny işläp düzmek boýunça
işlere başlamak, hususan-da, hünär öwrenmek babatda maksatnamany işläp
taýýarlamak; şu ýylyň iýunynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň
arasyndaky adam hukuklary boýunça dialogyň mejlisini Aşgabatda geçirmek bilen
baglanyşykly teklipler beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň Halkara
oba hojalyk ösüş gaznasyna agza bolmagy bilen bagly degişli işleri geçirmäge başlamak,
BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen bilelikde şu ýylyň noýabrynda
Aşgabatda azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumy geçirmek teklip edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň
dünýä döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda
yzygiderli çykyş edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak
bilen, Belgiýa Patyşalygy we Italiýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly
Prezidentimiz Ýewropa Bileleşigi we beýleki iri halkara guramalar bilen
hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak boýunça
geçirilen gepleşikleriň özara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge ýardam bermelidigini
belläp, beýan edilen teklipleri makullady we wise-premýer, daşary işler
ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi edara
binasynyň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi.
Taslama
laýyklykda, bäş gatdan ybarat bolan täze desgada iş, tehniki we serwer
otaglaryny, ýörite enjamlary, müşderiler bilen işlemek üçin operatorlaryň iş
otaglaryny, uly zaly, mejlisler zalyny ýerleşdirmek, olary döwrebap enjamlar
bilen üpjün etmek, häzirki zaman aragatnaşyk ulgamyny gurnamak, işgärler üçin
ähli amatly şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. 2,24 gektar meýdanda
guruljak desganyň çäginde tehniki we kömekçi binalary, sport meýdançasyny,
rezerwuary, tehniki desgalary, awtoduralgalary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.
Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi poçta hyzmatlaryna sanly ulgamlary we
öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň
pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi edara binasynyň
gurulmagynyň pudakda netijeli we ýokary hilli hyzmatlary döwrebap şertlerde
ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigini belläp, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz A.Kösäýewi, başga
işe geçmegi sebäpli, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy
wezipesinden boşatmak hakynda agentligiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň
kararyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz B.Annaýewi, «Türkmendeňizderýaýollary»
agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda agentligiň paýdarlarynyň umumy
ýygnagynyň kararyny tassyklap, ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary
wezipesinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz B.Annaýewe täze
wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza
ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz ýurdumyzda
birnäçe dabaraly çäreleriň üstünlikli geçirilýändigine ünsi çekdi. Ýurdumyzda
Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni hem dabaraly bellenildi. Döwlet
Baştutanymyz Diýarymyzda toýlaryň toýa ulaşýandygyny belläp, geljek hepdede
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan
edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga beriljekdigini aýtdy. Türki
dünýäniň medeniýetinde aýratyn orna eýe bolan gadymy Änew topragynda guraljak
dabaralar berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterer.
Hormatly
Prezidentimiz taryhda rysgal-bereketli türkmen topragynyň uly ösüşleri başdan
geçirendigini belläp, Watanymyzda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi
ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe
açyşlary edendigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hormatly
Arkadagymyza olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, ýurdumyzyň
dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramak, umuman, gazuw-agtaryş
işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser etdi. Milli
Liderimiziň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlary täze kitabyň döremegine
ýakyndan ýardam berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty”
diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan
medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Bu kitap
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza sowgat bolar
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ministrler
Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi giň
okyjylar köpçüligi üçin uly gollanma boljak «Änew — müňýyllyklardan gözbaş
alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan
edilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmak babatda
başyny başlan işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp
durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Hormatly
Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, sanly ulgam arkaly
geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemledi we oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp
barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.