Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp
barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda
dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda sebitde gowaça ekişine girişmek we ekiş möwsümini
agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Bugdaý meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny
tutmak işleri dowam edýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja
ekinleriniň ekişi alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy
tutulýar. Welaýatda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi dowam
edip, bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler ýerine
ýetirilýär.
Şeýle
hem welaýatda suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak, ýerleriň melioratiw
ýagdaýyny kadaly derejede saklamak maksady bilen, suwaryş, şor suw akabalarynda
arassaçylyk işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän
möwsümleýin işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi
we gowaça ekişine guramaçylykly girişilmegini, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp
barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine
ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz
öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini
belledi hem-de bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişine başlamak we bu möwsümi
talabalaýyk geçirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Welaýatyň bugdaý
ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri
geçirilýär. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip
ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda bu ekinleriň
ekişi dowam edýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Sebitiň
maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek,
dowarlaryň baş sanyny artdyrmak üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem
welaýatda suw serişdelerinden tygşytly we netijeli peýdalanmak arkaly
ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça zerur işler
ýerine ýetirilýär.
Häkim
“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň
we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça
2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl
welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hem hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl
almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we gowaça ekişine guramaçylykly
taýýarlyk görülmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime
tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda,
şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, bellenen möhletlerde ýerine
ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Sanly
ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi
S.Soltanmyradowyň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky
hasabaty bilen dowam etdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylda ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek
babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen,
häzirki wagtda welaýatyň ak ekin meýdanlarynda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine
guramaçylykly girişmek we ekiş möwsümini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin
zerur guramaçylyk çäreleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda ýazlyk soganyň ekişi
tamamlanyp, häzirki wagtda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi
dowam edýär, gögeriş suwy tutulýar. Şunuň bilen birlikde, beýleki azyklyk
ekinleriň ekiljek meýdanlaryna suw tutulýar.
Sebitiň
maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak
möwsümini guramaçylykly geçirmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olary
talabalaýyk idetmek boýunça ähli zerur işler ýerine ýetirilýär. Ekerançylyk
meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady
bilen, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär. Mundan
başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky we binalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda örän jogapkärli möwsümiň
başlanýandygyna ünsi çekdi we gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde
geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmegini, bugdaýa, beýleki ekinlere
ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün
etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň
açylyp ulanmaga berlendigi, welaýatyň ýaşaýjylaryna döwrebap ýolagçy
awtobuslaryň sowgat edilendigi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli
ýokarlandyrmak üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurduryp berendigi üçin
welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallygyny
bildirdi we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň
sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara
beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdi.
Soňra
häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine başlamak, ekişi guramaçylykly
geçirmek we bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler
görülýär. Welaýatda 2024-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek maksady
bilen, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma we
sogan ekilen meýdanlarda hem ideg işleri dowam edýär. Sebitiň maldarçylyk
hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini talabalaýyk geçirmek üçin amatly şertler
döredilip, bu hojalyklaryň öri meýdanlarynda zerur işler ýerine ýetirilýär. Oba
hojalyk ekinlerini suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin suwaryş we şor
suw akabalarynda arassaçylyk, gazuw işleri dowam etdirilýär.
Häkim
“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň
we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça
2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, welaýatda şu
ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik
maksatly binalardaky hem-de desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada-da
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda gowaça
ekişine girişmek boýunça dowam edýän guramaçylyk işlerine ünsi çekdi we bu
jogapkärli möwsümiň talabalaýyk geçirilmegini, welaýatyň ekerançylyk
meýdanlarynda degişli ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý
etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet
Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde alnyp barylmagyny gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan
wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý
ekilen meýdanlarynda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine
guramaçylykly girişmek we möwsümi ýokary derejede geçirmek üçin ekişde
ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalary we gurallar, pagtaçy daýhanlar üçin
welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlary
möwsüme doly taýýar edildi. Şeýle hem şu günler welaýatyň ýazlyk ýeralma, sogan
ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar, beýleki
gök-bakja ekinleriniň ekişine hem taýýarlyk görülýär.
Welaýatyň
maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň
möçberini artdyrmak, mallary talabalaýyk idetmek, dowarlardan owlak-guzy,
düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça zerur çäreler
görülýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak
maksady bilen, oba hojalyk ekinlerine berilýän suwy tygşytly peýdalanmak,
howdanlara suw toplamak, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak babatda hem
degişli işler geçirilýär. Häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba
milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada-da hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli
ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we welaýatyň
ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda alnyp barylmagyny, gowaça ekişine ýokary guramaçylyk derejesinde
girişilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň
üstünlikli amala aşyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi we bu ugurdaky işleri
gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary
T.Atahallyýew ýurdumyzyň pagtaçy daýhanlaryna gowaça ekişine ak pata berendigi
üçin ähli oba zähmetkeşleriniň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň
uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Soňra
wise-premýer ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatlarda gowaça ekişine
başlamak üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak oba
hojalyk tehnikalary we gurallar, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça
tohumlary möwsüme doly taýýar edildi. Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny
öndürmek arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen,
welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp
barylýar. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini
artdyrmak hem-de bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek boýunça degişli
işler ýerine ýetirilýär. Şu günler welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda
ýazlyk ekinleriň ekişi dowam edýär.
Ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmek,
mallaryň baş sanyny artdyrmak, olary talabalaýyk idetmek, mallaryň önüm
berijiligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Häzirki wagtda
welaýatlarda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi
guramaçylykly dowam edýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini
gowulandyrmak, suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak maksady bilen, suwaryş
we şor suw akabalaryny arassalamak, howdanlarda suw toplamak işleri ýerine
ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan
wezipeleriň ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi
çekdi we gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaý ekilen
meýdanlardaky ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny berk gözegçilikde
saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna
gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň — gowaça ekişiniň
ýetip gelendigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we Ahal, Balkan, Lebap, Mary
welaýatlarynda 20-nji martda, Daşoguz welaýatynda 27-nji martda başlanjak bu
möwsümiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleriň
görülmegini tabşyrdy.
Iş maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar
döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen güni bilen
hem-de ýetip gelýän Milli bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar we
hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň rowaçlygynyň,
Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli işleriniň hemişe
üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde
goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.