Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan
meseleleriniň birnäçesine garaldy.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli kanunçylyk binýadyny
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda iş toparlary tarapyndan energiýany tygşytlamak we
energiýadan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işi bilen baglanyşykly
täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen
birlikde, maşgala gatnaşyklaryny, weterinariýa işini, ýer babatda hukuk
gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan we beýleki hereket edýän hukuk namalaryna
üýtgetmelerdir goşmaçalar girizilýär.
Şeýle
hem daşary ýurtlaryň parlamentleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklary
giňeltmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler barada maglumat berildi.
Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan — Awstriýa” we “Türkmenistan — Kipr”
parlamentara dostluk toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de agzalary bilen
duşuşyklaryň geçirilendigi aýdyldy. Olaryň barşynda bu düzümleriň işini
kämilleşdirmek we ugurdaş komitetleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen
baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde,
Mejlisiň deputatlary Türkmenistanda Daşary söwda düzgüni hakynda Ähtnamany taýýarlamak
bilen bagly meseleler boýunça Aziýanyň ösüş bankynyň geňeşçileriniň we
Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekilleriniň ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň
wekilleri bilen geçirilen iş duşuşygyna gatnaşdylar.
Deputatlaryň
amala aşyrylýan döwlet syýasatyny, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleri,
kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, beýik türkmen şahyry
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny wagyz-nesihat etmek boýunça alyp barýan
işleri barada-da habar berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak
hem-de hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrüň talabyna görä üýtgetmeler we
goşmaçalar girizmek boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow sanly ulgamy ösdürmek, bank
hyzmatlarynyň ugurlaryny giňeltmek, elektron tölegleriň görnüşlerini artdyrmak,
menzilara bank hyzmatlarynyň ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän
işler barada hasabat berdi.
“Türkmenistanda
sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet
maksatnamasynda” bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler
barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň
“Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan teklip edilýän “Menzilara bank”
ulgamynyň mümkinçilikleri barada hasabat berdi. Bank hyzmatlarynyň bu
görnüşiniň işe girizilmegi nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine,
töleg-hasaplaşyk amallarynyň dessinliginiň üpjün edilmegine ýardam berer.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda
sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýandygyny, şunuň bilen birlikde, bank ulgamynda
hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň görnüşleriniň, elektron tölegleriň geriminiň
yzygiderli artýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň
«Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň fiziki şahslar üçin «Menzilara bank»
ulgamyny ulanyşa girizmek boýunça teklibini goldap, wise-premýere bu ugurda
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni
tarapyndan tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin, ilkinji nobatda, gory
boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän “Galkynyş” gaz känini
özleşdirmek boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan netijeli işler
alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap enjamlar we serişdeler arkaly
degişli känlerde ulanyş-baha beriş guýulary gazylyp, senagat taýdan ähmiýetli
bolan kükürtsiz gaz akymlary alyndy.
“Türkmengaz”
döwlet konserni tarapyndan geljek ýyllarda hem nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň
we özleşdirmegiň hasabyna gaz känlerinde gysga wagtda tebigy gazyň goşmaça
möçberini çykarmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip
taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, ulanyş-baha beriş guýularynyň buraw
işlerine girişildi. Mundan başga-da, täze burawlanýan gaz guýularynyň ýerüsti
gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan maddy-tehniki enjamlar bilen
üpjün etmek boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy
gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de
netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi we wise-premýere degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de
welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, gowaça ekişine
görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bugdaýyň bol hasylyny öndürmek arkaly azyk bolçulygyny has-da
pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, şol sanda mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda
öndürilýän gök-bakja önümleri bilen ilatymyzy ýeterlik möçberde üpjün etmek
üçin ýazlyk ekinleri ekmek işi dowam edýär. Häzirki wagtda welaýatlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gowaça ekişine başlamak boýunça degişli
taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Munuň üçin gowaça tohumlary hem-de oba hojalyk
tehnikalary taýýarlanyldy.
Wise-premýer
döwlet Baştutanymyza gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek
baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Şunuň bilen baglylykda, ussat daýhanlaryň,
tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda
welaýatlarda tejribe maslahatlary geçiriler.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagy toplumlaýyn
ösdürmegi yzygiderli dowam etdirmegiň, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda,
welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyny, gowaça ekişiniň
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň
zerurdygyny belledi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekişi möwsüminiň hem
golaýlap gelýändigini belledi. Bu möwsüm pagtaçy daýhanlaryň öňünde örän möhüm
wezipeleri goýýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we
Mary welaýatlarynda 20-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa 27-nji martda
gowaça ekişine başlamaga ak pata berip, hormatly ýaşululardan gowaça ekişine
«Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň edermen pagtaçy daýhanlaryna, ähli oba hojalyk
işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow döwlet Baştutanymyzyň
ýurdumyzda işewürligi goldamak hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň
ornuny tutýan önümleri öndürmek babatda ozal beren tabşyryklaryny ýerine
ýetirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da,
elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlary öndürmäge ýöriteleşdirilen
“Üznüksiz çeşme” hojalyk jemgyýetini döretmegiň meýilleşdirilýändigi barada
aýdyldy.
Türkmenistanyň
Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika
korporasiýasynyň “Aşgabatenergo” önümçilik birleşiginiň we “Üznüksiz hyzmat”
hususy kärhanasynyň paýly gatnaşmagynda dörediljek täze önümçilik ýurdumyzy
senagatlaşdyrmaga goşant goşmaga, daşary ýurtlardan getirilýän elektrik
energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlaryň möçberini azaltmaga, şeýle hem
täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny
tutýan önümleri özümizde öndürmek boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeleri dowam
etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyz üçin möhüm
bolan elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlary özümizde öndürmek
işini ýola goýmaga möhüm ähmiýet bermegiň wajypdygyny belläp, bu ugurda
dörediljek bilelikdäki hojalyk jemgyýetiniň işinde häzirki zaman talaplaryndan
ugur alynmalydygyny aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy
boýunça şu ýylyň 27-nji martynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilmegi
meýilleşdirilen Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik
maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Forumyň
barşynda maýa goýum, senagat, ulag-logistika, hususy ulgamlarda iki ýurduň
arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garalar. Şunuň bilen
birlikde, Ýaponiýada geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde
Türkmenistanyň milli pawilýony hem-de onda alnyp barylýan işler bilen
tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary
ösdürmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
biridigini, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda yzygiderli geçirilýän sergileriň,
işewürlik maslahatlarynyň, forumlaryň hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde uly
ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde Türkmen-ýapon
kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik maslahatyny guramaçylykly geçirmegiň
wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün
etmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa “Türkmen topragy —
gadymy medeniýetleriň merkezi” atly metbugat maslahatyny geçirmäge görülýän
taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu maslahat Aşgabatda 28-nji martda Änew
şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan
edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli
guraljak dabaralaryň çäklerinde geçiriler.
Bellenilişi
ýaly, bu çärä Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletlerden
hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa
baradaky döwlet komitetiniň hyzmatdaşlary bolan daşary ýurt köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar. Forumyň işi
“Türki medeniýetleriň birligi we onuň metbugatda tutýan orny”, «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy», “Sanly media we habarlar”, “Filmler, animasiýalar we
kinofestiwallar” atly dört bölümde dowam eder. Meýilnama laýyklykda, myhmanlar
üçin taryhy ýerlere gezelençleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ajaýyp
ýerleri bilen tanyşlyklary guramak, olaryň “Türkmenistanda syýahatçylygy
ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahatyň işine
gatnaşmaklary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary
bilen duşuşygy göz öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat şäherinde
geçiriljek «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat
maslahatyny ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny
belledi. Onda halkymyzyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan goşandyny giňden
beýan etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda
wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdeplerinde halkara olimpiadalary hem-de ylmy-amaly maslahatlary geçirmäge
görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda
ýokary derejede geçirilýän halkara olimpiadalar, forumlar, sergiler, ylmy-amaly
maslahatlar dünýäniň bilim, ylym merkezleri bilen hyzmatdaşlygy has-da
pugtalandyrmak, ýaş zehinleri ýüze çykarmak ugrundaky möhüm ädimlerdir.
Halkara
bilim hyzmatdaşlygy babatda gazanylanlary üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak,
ylym-bilimiň geljegi uly ugurlary boýunça ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt
ýaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek maksady bilen,
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 10-11-nji aprelinde
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili
dersi boýunça III halkara internet olimpiadasyny; Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynda 12-nji aprelde makroykdysadyýet hem-de 16-njy maýda
dünýä ykdysadyýeti dersleri boýunça II Açyk halkara internet olimpiadalaryny,
26-njy aprelde «Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirki zaman meýilleri» atly
halkara ylmy-amaly maslahaty; 15-nji aprel — 1-nji maý aralygynda Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Dünýäde parahatçylygy we
howpsuzlygy gorap saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti» atly düzme
ýazmak boýunça bäsleşigi; 6 — 11-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynda nazary mehanika dersi boýunça III Açyk halkara internet
olimpiadasyny; 11-nji maýda Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary
institutynda çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy dersi boýunça II Açyk
halkara internet olimpiadasyny sanly ulgam arkaly geçirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle
hem Bilim ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň bilelikde guramagynda 22 — 25-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi
Aziýa we Hazarýaka ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda
«Halkara gatnaşyklar we geosyýasy modelirleme» atly halkara olimpiadany
geçirmek hem-de bäsleşige geljek daşary ýurtly myhmanlary Aşgabat şäheriniň
güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Şu ýylyň 4-5-nji iýunynda bolsa paýtagtymyzda Ylymlar güni mynasybetli Türkmen
döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan «Binagärlik gurluşykda
döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek teklip edilýär.
Halkara
çäreleri ýokary derejede geçirmekde toplanan tejribeden ugur alyp, agzalan
olimpiadalara hem-de ylmy-amaly maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdepleriniň talyplarydyr ýaş alymlary bilen bir hatarda, dünýäniň abraýly bilim
ojaklarynyň we ylmy merkezleriniň wekilleriniň işjeň gatnaşmaklaryny hem üpjün
etmek meýilleşdirilýär. Ýeňijiler dürli derejeli medallar, diplomlar bilen
sylaglanylar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesliň zehin-başarnygyny ösdürmäge,
ylma we döredijilige höwesini artdyrmaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy
berkitmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara
olimpiadalaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň ýokary derejede, guramaçylykly
geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow däp bolan
dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan
ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 10 — 13-nji martynda
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň
netijeleri barada hasabat berdi.
Awstriýanyň
Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministri bilen Wenada geçirilen
gepleşikleriň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlaryna
garaldy. Sebit we ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir
alyşmalaryň barşynda halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi. Şunda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün
etmek meselesine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Ählumumy
howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak barada beýan eden başlangyjynyň
ähmiýeti nygtalyp, bu halkara hukuk guralyny bitaraplyk we öňüni alyş
diplomatiýasynyň ýörelgeleri esasynda işläp taýýarlamagyň wajypdygy aýdyldy.
Gepleşikleriň jemleri boýunça “Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen
Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal
ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň
Maksatnamasyna” gol çekildi.
Ýurdumyzyň
wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal
ministrliginiň Baş sekretary hem-de Awstriýanyň Federal Prezidentiniň
edarasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda hem döwletara
gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Mundan başga-da, saparyň çäklerinde Awstriýanyň Zähmet we ykdysadyýet Federal
ministrliginiň hem-de Federal Ykdysady palatasynyň ýolbaşçylary bilen
duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda söwda-ykdysady, maliýe-bank, energetika,
ulag-kommunikasiýa, senagat, gurluşyk ulgamlarynda, “ýaşyl” tehnologiýalary
ornaşdyrmak, ätiýaçlandyryş işi, saglygy goraýyş we beýleki ugurlar boýunça
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem iki
ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary işjeňleşdirmek,
bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy
bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Awstriýa Türkmenistan bilen özara bähbitli,
köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Awstriýanyň Federal Ykdysady palatasynda türkmen-awstriýa “tegelek stol”
duşuşygy guraldy. Oňa dostlukly ýurduň degişli döwlet düzümleriniň birnäçesiniň
we kompaniýalarynyň 25-siniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Wenanyň
diplomatik akademiýasynda geçirilen duşuşygyň gün tertibine bilim we talyplary
alyşmak ulgamynda özara gatnaşyklar bilen bagly mesele girizildi. Iki ýurduň
ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak,
bilelikdäki ylmy-amaly maslahatlary, beýleki çäreleri guramak meselelerine
garaldy. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynyň Diplomatik okuwlar boýunça halkara foruma agza
bolmagyny ykrar edýän resmi hat gowşuryldy. Ýokary okuw mekdepleriniň
arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýeti
Awstriýanyň Graz tehnologiýa uniwersitetine hem baryp gördi. Şunuň bilen
baglylykda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar
uniwersitetiniň we agzalan ýokary okuw mekdebiniň arasynda özara düşünişmek
hakynda Ähtnama gol çekildi.
Saparyň
çäklerinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, BMG-niň Neşe we
jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň,
Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň ýolbaşçylary
bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm
ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen
BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda
Binýatlyk ylalaşyga gol çekildi. Şunuň bilen birlikde, türkmen wekiliýetiniň
agzalarynyň awstriýaly kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirildi. Olarda saglygy
goraýyş, söwda, senagat ulgamlarynda, işewür düzümleriň ugry boýunça
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine garaldy.
Netijeli
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, wise-premýer, daşary
işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmen-awstriýa işewürlik
geňeşini döretmek, 2025-nji ýylda Türkmenistanda Awstriýa öýüni açmak, şu ýylyň
iýun aýynda Wena şäherinde türkmen-awstriýa iş toparynyň 12-nji mejlisini
geçirmek, dekabr aýynda bolsa awstriýaly işewürleriň Türkmenistana saparyny
guramak, özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitleýän
degişli resminamany taýýarlamak bilen bagly teklipleri hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Awstriýa
Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen belledi
we saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, şähergurluşyk, söwda-ykdysady ugurlar
boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ähmiýete
eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Wenada geçirilen gepleşikleriň ýakyn
geljekde köpugurly türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ýardam
berjekdigini belläp, hödürlenen teklipleri makullady we wise-premýer, daşary
işler ministrine bu ugurda işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmenhowaýollary”
agentligi tarapyndan Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň uçuşlarynyň
howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek, Aşgabadyň Halkara howa menzilini
tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň raýat
awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, täze
halkara ýolagçy howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy we açylmagy netijesinde,
paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden üstaşyr geçýän daşary ýurtly
ýolagçylaryň sany artýar. Munuň özi howa menziliniň doly güýjünde işledilmegine
ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy halkara
standartlara laýyklykda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we howa menziliniň
ýolagçy terminalynyň üpjünçiligini häzirki döwrüň talaplaryna görä saklamak
maksady bilen, nobatdaky tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmegiň
meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, raýat
awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny,
täze halkara howa gatnawlarynyň ýola goýulýandygyny belledi. Munuň
özi howa menzilini doly kuwwatyna çykarmagy hem talap edýär. Döwlet
Baştutanymyz «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat Halkara howa menziliniň
maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işlerini dowam
etdirmegiň zerurdygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda anyk
tabşyryklary berdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna
hem-de ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, ýurdumyzda ýene-de sanlyja günden Milli
bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň dabaraly bellenilip geçiljekdigine
ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Gündogar halklarynyň durmuşynda aýratyn orny
eýeleýän Nowruzyň ynsanperwerligiň, agzybirligiň hem-de dost-doganlygyň
baýramydygyny nygtap, mejlise gatnaşyjylary we ähli türkmenistanlylary Milli
bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly
Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.