Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny
amala aşyryp, Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply
Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara
gatnaşdy.
Mälim
bolşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul
edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milli ykdysadyýetimiziň
senagat pudagyna, hususan-da, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine möhüm orun
degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan şol
maksatnamalar häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar.
Ykdysadyýeti
senagatlaşdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan
önümleri özümizde öndürmek ýoluny saýlap alan Türkmenistanda bu ugurda
yzygiderli çäreler durmuşa geçirilip, innowasion tehnologiýalar bilen
enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalarynyň gurluşygyna, önümçilik
kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagyna, ýerli çig malyň esasynda ýurdumyzda
öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny
üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Döwlet
Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň
geljegi uly täze känlerini ýüze çykarmak boýunça geologiýa-gözleg işleri işjeň
alnyp barylýar. Olaryň netijeleri senagat toplumynyň mümkinçiliklerini
artdyrmaga, ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly isleg bildirilýän gurluşyk
serişdeleriniň, beýleki harytlaryň öndürilişiniň möçberini ýokarlandyrmaga
gönüden-göni täsirini ýetirýär. Sement önümleriniň ýola goýlan önümçiligi hem
türkmen topragynyň baý serişde gorlarynyň netijeli ulanylýandygynyň aýdyň
mysaly bolup durýar.
Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň fewralynda
açylan Lebap sement zawody bu ugurda nusgalyk önümçilik desgasydyr. Bu iri
kärhana täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, diňe bir sebitiň däl,
eýsem, tutuş ýurdumyzyň hem durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine goşant
goşýar.
Lebap
welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherinden 350 kilometr uzaklykda
ýerleşýän zawodda geçen ýyllaryň dowamynda ýokary berklige eýe bolan sementiň
uly isleg bildirilýän görnüşleri öndürilip gelinýär. Ol ýokary hilli önümleri
öndürmek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda
barha ýaýbaňlandyrylýan gurluşyklaryň güýçli depgininiň gazanylmagyna ýardam
edýär.
Gurluşyk
pudagyna gönükdirilýän ägirt uly maýa serişdeleriniň, ýurdumyzda döredilen
amatly maýa goýum gurşawynyň, telekeçiligi goldamak babatda durmuşa geçirilýän
netijeli çäreleriň şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna
goşant goşýandygyny bellemek gerek. Bu syýasatyň çäklerinde paýtagtymyzda we
welaýatlarda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň her ýylda ýüzlerçesi
gurlup ulanmaga berilýär, ozal bar bolanlarynyň durky täzelenilýär. Şeýle giň
gerimli bu işler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, şäherdir
obalarda halkara ülňülere laýyk gelýän möhüm düzümleri kemala getirmäge
gönükdirilen durmuş ugurly syýasatyň aýdyň netijeleridir.
“Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylyň ýaz paslynyň ilkinji
günleri senagat düzüminiň nobatdaky wajyp desgasynyň — Türkmenistanyň Senagat
we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda ýylda 1 million tonna
sement öndürmäge niýetlenen Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurlup
ulanmaga berilmegine beslendi.
...Ir
bilen döwlet Baştutanymyzyň uçary Kerki Halkara howa menziline gelip gondy. Bu
ýerde hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanyldy.
Soňra
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dikuçary howa menzilinden iri senagat
kärhanasyna tarap ugrady.
Biraz
wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň dikuçary ýurdumyzyň iri sement zawodynyň
birinji tapgyrynyň ýanyndaky meýdançada gondy.
Hormatly
Prezidentimiz awtoulagda bu ýerden uzakda bolmadyk çäkde täze, häzirki zaman
kärhanasynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaranyň geçirilýän ýerine
ugrady.
Sebitiň
we ýurdumyzyň ähli ilaty üçin ähmiýetli bolan waka mynasybetli bu ýere
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň wekilleri, Hökümet
agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Lebap
welaýatynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de
jemgyýetçilik wekilleri ýygnandylar.
Hemmeler
uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy
mübärekleýär. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary dabaranyň
şowhunyny has-da artdyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz açylyş dabarasy üçin ýörite taýýarlanan ýere — mejlisler jaýyna
geçýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip,
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň rowaçlyklara beslenýän
günlerinde Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän Lebap sement
zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylýandygyny belledi.
Şu
gün Türkmenabat şäherinde gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlary hem dabaraly ýagdaýda
açylyp ulanmaga berler. Şeýle-de Lebap welaýatynyň ilatyna ýokary hilli hyzmat
etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýy sowgat hökmünde
gowşurylar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we hemmeleri bu şatlykly wakalar
bilen tüýs ýürekden gutlady.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň
hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen beýik işleriň üstünlikli
durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen nygtady. Berkarar döwletimizde amala
aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda
ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde medeni-durmuş
maksatly döwrebap binalar, kuwwatly senagat kärhanalary, täze obadyr şäherler
guruldy. Türkmenistanda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň birinji
tapgyry açylyp ulanmaga berildi.
Nygtalyşy
ýaly, bu binalardyr desgalar milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmagy,
ýurdumyzy senagatlaşdyrmagy, şeýle hem sebitleri sazlaşykly ösdürmegi maksat
edinýär.
Häzirki
wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 —
2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň»,
şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasynyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda senagat
we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala
aşyrylýar. Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy Diýarymyzda alnyp barylýan
gurluşyklary hem-de ilatymyzy zerur bolan ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen
üpjün edýär.
Sement
gurluşyk üçin iň zerur önümleriň biri bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda
ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen Bäherden, Balkan we Lebap sement zawodlarynda
täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän
ýokary hilli önümler öndürilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda öndürildi»
diýen ýazgyly sement önümleri diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, dünýä
bazarlarynda hem uly islege eýe bolýar.
Çykyşda
bellenilişi ýaly, döwletimiziň gurluşyk senagatyny ösdürmäge gönükdirýän maýa
goýum serişdelerini netijeli özleşdirmäge, kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny
artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýerli
çig mal serişdelerinden peýdalanmak bilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän,
içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän,
innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze senagat kärhanalary gurulýar
diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün dabaraly ýagdaýda
açylyp ulanmaga berilýän döwrebap zawodyň hem aýdylanlara aýdyň şaýatlyk
edýändigini belledi.
Täze
zawodyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
buýurmasy esasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan
«Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Onda dünýäniň
öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlary ornaşdyryldy. Bu bolsa önümçiligiň
ýokary derejede alnyp barylmagyna, uly islegden peýdalanýan önümleri öndürmäge
mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Kärhana
38 sany binadan we desgadan ybarat bolup, dünýä standartlaryna doly laýyk
gelýän, şol sanda sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümleriniň ýylda
1 million tonnasyny öndürmäge ukyplydyr. Lebap sement zawodynyň ikinji
tapgyrynda 250-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli zerur önümçilik we
durmuş şertleri döredilendir.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz çykyşynda kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, senagat
we gurluşyk önümçiligi pudagynyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen
belledi.
«Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze,
häzirki zaman innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan, ýylda 1 million
tonna ýokary hilli sement önümini öndürjek Bäherden sement zawodynyň ikinji
tapgyryny hem işe girizmek göz öňünde tutulýar.
Garaşsyz,
baky Bitarap Watanymyzyň senagatçylarynyň geljekde-de ýurdumyzy ösen döwlete
öwürmekde, alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk
önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmekde tutanýerli zähmet çekjekdiklerine,
döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşjakdyklaryna
berk ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.
Döwlet
Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary, senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň
ähli işgärlerini, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylaryny bu möhüm desganyň işe
girizilmegi, şeýle hem Türkmenabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup
ulanmaga berilmegi, sebitiň ilatyna täze ýolagçy awtobuslarynyň sowgat
berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan
saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
Soňra
«Thyssenkrupp Polysius GmbH» kompaniýasynyň enjamlary işe girizmek boýunça baş
gözegçisi Mate Resetara söz berildi.
Ol
möhüm waka — Köýtendag etrabyndaky Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň
ulanmaga berilmegi mynasybetli ýygnananlary tüýs ýürekden gutlap, bu ýokary
tehnologiýaly taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň özi we kärdeşleri
üçin uly hormatdygyny belledi.
Türkmenistandaky
hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde bu zawodyň ýurduň senagatynyň wajyp düzüm
bölegine öwrülmegi üçin köp zähmet çekdik. Bu gün şol tagallalarymyzyň ajaýyp
netijesini görüp, juda begenýärin diýip, Mate Resetar aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, nou-haularyň we innowasion tehnologiýalaryň binýadynda öňde goýlan
wezipeleriň täzeçil çözgütlerini işläp taýýarlaýan «Thyssenkrupp Polysius GmbH»
kompaniýasy Türkmenistan bilen uzak möhletli özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola
goýmaga uly gyzyklanma bildirýär hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan
beýläk-de okgunly ösmegine öz goşandyny goşmaga hemmetaraplaýyn taýýardygyny
mälim edýär.
Lebap
sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşyk taslamasynyň çäklerinde
“Thyssenkrupp” kompaniýasy tarapyndan getirilen enjamlar we ýerine ýetirilen
inženerçilik işleri halkara ölçeglere, has takygy, Germaniýanyň senagat
standartlaryna — DIN ülňülerine, sement senagatynyň standartlary hem IEC we ISO
standartlaryna doly laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, «Thyssenkrupp
Polysius GmbH» kompaniýasynyň wekili Türkmenistanyň senagat we gurluşyk
önümçiligi ministrine degişli güwänamany gowşurdy.
Soňra
dabara gatnaşyjylar uly ekranda türkmen topragynyň täsin we gözel künjekleriniň
birinde ýerleşýän Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry barada ýörite
taýýarlanan wideofilme tomaşa etdiler.
“Türkmen
enjam” hojalyk jemgyýeti tarapyndan Lebap sement zawodynyň birinji tapgyrynyň
golaýynda gurlup ulanmaga berlen iri senagat kärhanasy häzirki zaman
önümçiliginiň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýär.
Ýylda
1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen täze zawodda dünýäniň öňdebaryjy
önüm öndürijileriniň ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän enjamlary
ornaşdyryldy. Ähli önümçilik işleriniň doly awtomatlaşdyrylmagy we kärhananyň
işgärleriniň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň
döredilmegi taslamany durmuşa geçirmekde ugur alnan esasy ýörelge boldy.
Önümçiligiň
ekologik taýdan arassa bolmagynyň, daşky gurşawy goramagyň ähli zerur
kadalarynyň berjaý edilmegi ýurdumyzdaky iri senagat desgalarynyň gurluşygynda
möhüm we hökmany şertleriň biri hökmünde çykyş edýär. Hasaplamalara görä, täze
zawodda önümçilik işinde bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň möçberi rugsat
edilýän derejeden hem ep-esli azdyr. Howa goýberilýän tozanlary toplamak we
arassalamak üçin kuwwatly süzgüç ulgamlary ulanylýar.
Bar
bolan mümkinçilikleri doly güýjünde ulanmak, türkmen topragynyň gazylyp alynýan
baýlyklarynyň baý gorlaryny netijeli peýdalanmak wezipelerini hasaba almak
bilen, zawod önümçilikde zerur bolan çig malyň esasy görnüşleriniň uly
ätiýaçlyklarynyň baý sebitinde guruldy. Ol bu baýlyklaryň gazylyp alynýan
ojaklaryna golaý çäkde ýerleşýär. Munuň özi önümçilik işini bökdençsiz alyp
barmaga we öndürilýän önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge mümkinçilik
berer.
Önümçilik
işine, önümiň hiline gözegçiligi amala aşyrmak üçin täze zawodda barlaghana we
tehniki gözegçilik bölümi döredildi. Bu ýerde abatlaýyş ussahanasy hem hereket
eder. Bularyň ählisi Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ýurdumyzdaky her
bir desganyň gurluşygy üçin zerur bolan gurluşyk serişdesiniň ykdysady taýdan
bähbitli bolmagyny we onuň ekologik taýdan howpsuz önümçiligini üpjün
etjekdigini tassyklaýar.
Dabara
tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz mejlisler jaýyndan çykyp,
ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny
kesdi. Şol wagt asmana dürli öwüşginli howa şarlary uçuryldy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dolandyryş binasyna tarap ugrady.
Ýol ugruna Arkadagly Gahryman Serdarymyza zawodyň degişli desgalary we olaryň
aýratynlyklary barada gürrüň berildi.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumynyň kärhanalary tarapyndan
öndürilýän dürli görnüşli önümleriň sergisi bilen hem tanyşdy.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň diwarlygyny synlady.
Mälim
bolşy ýaly, öňde goýlan wezipeleri, şol sanda milli ykdysadyýetimizi güýçli
depginde senagatlaşdyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde
energetika pudagyna möhüm orun berilýär. Giň gerimli özgertmeler esasynda
Diýarymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap elektrik stansiýalary guruldy, energiýa
öndüriji kuwwatlyklar ençeme esse artdyryldy, täze elektrik geçiriji ulgamlar
guruldy we täzelenildi.
Häzirki
wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda pudagyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzyň hem-de
welaýatlaryň depginli ösüşini nazara almak bilen, täze kuwwatly energetika
ulgamlaryny döretmek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.
Energetika
pudagynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak bilen,
Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmäni
görkezýändigini bellemek gerek. Hut şonuň üçin-de serişde tygşytlaýjy, ekologik
taýdan arassa tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak baş wezipeleriň biri hökmünde
çykyş edýär. Ýurdumyzda gurulýan döwrebap obalary we senagat toplumlaryny
elektrik energiýasy bilen ygtybarly, bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen,
energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, hususan-da, Gün we ýel
energiýasyny ulanmak arkaly elektrik energiýasyny öndürmek boýunça innowasion
taslamalar işlenip taýýarlanylýar.
Himiýa
senagatynyň ösdürilmegine hem möhüm ähmiýet berilýär. Bu pudagy ösdürmegiň
strategiýasy ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmaga we ýurdumyzda,
şeýle-de daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli önümleriň
öndürilmegine gönükdirilendir. Guralan sergide “Türkmenhimiýa” döwlet konserni
dürli görnüşli plastik turbalary, karbamid, kaliý, fosfor, duz, ýod ýaly
önümleri, “ECO-93” kysymly benzini we pudagyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän
beýleki harytlar bilen tanyşdyrdy.
Toplumlaýyn
durmuş-ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli
künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwrüne mahsus giň gerimli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine
bolan islegleriň artmagyny şertlendirip, ýerli çig mallaryň binýadynda olaryň
önümçiligini çalt depginde ýokarlandyrmaga itergi berdi. Häzirki wagtda türkmen
önüm öndürijileri içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän, daşary
ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly, halkara hil
ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň giň görnüşleriniň önümçiligini ýola
goýdular.
Bu
ýerde Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi sement, armatura, keramzit
önümlerini, gurluşykda ulanylýan daşlaryň görnüşlerini, kaolin we beýleki
önümleri görkezdi. Bildirilýän talaplara laýyklykda, ýurdumyzda desgalaryň
gurluşygynda we bezeg işlerinde diňe ýokary hilli serişdeler ulanylýar. Olar
saýlanyp alnanda, hökmany ýagdaýda ýerli howa şertleri, serişdeleriň ekologik
taýdan arassalygy, berkligi hem-de ulanyşda amatlylygy göz öňünde tutulýar.
Häzirki
wagtda gurlup ulanmaga berilýän desgalaryň ählisinde milli binagärligiň iň gowy
däpleriniň dünýäniň häzirki zaman şähergurluşyk ýörelgeleri bilen sazlaşykly
utgaşýandygy bellärliklidir. Munuň özi ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň döwür
bilen aýakdaş ösýändigine şaýatlyk edýär. Bu ugurdaky işler Gurluşyk we
binagärlik ministrliginiň görkezen çyzgylarynda we maketlerinde aýdyň beýanyny
tapdy. Gurulmagy aýratyn inženerçilik-tehniki çözgütleri we iň täze
tehnologiýalaryň ulanylmagyny talap edýän desgalar, şol sanda awtobanlar,
köprüler, estakadalar, ýerasty geçelgeler, esasy ýollardaky köpgatly ýol
aýrytlary bar.
Mälim
bolşy ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak
hem-de awtomobil ýollarynyň gurluşygyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen,
2022-nji ýylyň fewralynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky
döwlet agentligi döredildi. Agentlik öz alyp barýan işi bilen eýýäm
diplomlardyr güwänamalaryň birnäçesine mynasyp boldy. Sergide görkezilýän bu
üstünlikler ýurdumyzda ýolgurluşyk pudagynda durmuşa geçirilýän giň gerimli
işleriň täze derejelere çykýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Şeýlelikde,
gurluşyk-senagat toplumynyň önümleriniň sergisi milli ykdysadyýetimiziň okgunly
ösüşinde kesgitleýji orny eýeleýän bu möhüm pudaklary döwrebaplaşdyrmak bilen
bagly wezipeleriň üstünlikli amal edilýändigini dolulygyna açyp görkezdi.
Kabul
edilen döwlet maksatnamalarynyň, hususan-da, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022
— 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň»
çäklerinde, şeýle hem Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň şu ýylyň fewral aýynda
geçirilen mejlisinde tassyklanan «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy
ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş
edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde «Türkmenistany
2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny»
durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň
Meýilnamasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek boýunça
giň gerimli işler alnyp barylýar, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze
kärhanalar gurulýar, ozal bar bolanlarynyň kuwwaty artdyrylýar.
Şol Maksatnamalarda göz öňünde tutulan täze
desgalaryň gurluşyklary bilen bir hatarda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň
ikinji tapgyrynyň we «Aşgabat siti» taslamasynyň durmuşa geçirilmegine hem
aýratyn ähmiýet berilýär. Olaryň gurluşygynda bu ýerde öndürilýän ýokary hilli
sement, ýurdumyzda öndürilýän beýleki ýokary hilli gurluşyk serişdeleri-de
giňden ulanylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dolandyryş binasynyň ikinji gatyna bardy.
Bu ýerde önümçiligi dolandyrmagyň merkezleşdirilen ulgamy ornaşdyrylypdyr. Onuň
üsti bilen tehnologik işiň ähli tapgyrlary dolandyrylýar.
Pudagyň
ösdürilmegine berýän yzygiderli ünsi üçin hormatly Prezidentimize hem-de
türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza senagat we gurluşyk
önümçiligi pudagynyň ähli işgärleriniň adyndan çuňňur hoşallyk bildiren zawodyň
hünärmeni Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyryny işe girizmäge ak pata
bermegini haýyş edip, döwlet Baştutanymyza ýüzlendi.
Garaşylan
pursat ýetip gelýär: hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dolandyryş
ulgamyndaky düwmäni basyp, iri senagat desgasynyň işine badalga berýär.
Wideoşekilli
ýazgy arkaly çylşyrymly önümçiligiň işe girizilmeginiň tehnologik prosesi
görkezilýär.
Döwlet
Baştutanymyz binadan çykyp, sement zawodynyň direktoryna bu ýerdäki meýdançada
hatara düzülen, täze önümçilikde işlediljek kuwwatly ýöriteleşdirilen
tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.
Lebap
sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň gurluşyk-senagat
toplumynyň ösdürilmegine saldamly goşant bolar hem-de türkmen halkynyň Milli
Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň möçberli
özgertmeleriň çäklerinde Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň depginini
has-da artdyrmaga goşmaça itergi berer.
Dabara
tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylar bilen mähirli
hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Şol
gün döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz Aşgabada gaýdyp geldi.
***
Şu
gün Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegi mynasybetli
agzaçar sadakasy berildi. Onda türkmen topragynyň abadançylygy, halkymyzyň
rowaçlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli ähli başlangyçlarynyň
üstünliklere beslenmegi barada doga-dilegler edildi.
Goý,
Beýik Biribar şu günki edilen doga-dilegleri öz dergähinde kabul etsin!
Goý,
mukaddes Oraza aýynyň her bir güni haýyrly we sogap işlere beslensin! Garaşsyz
Watanymyzda hemişe parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk höküm sürsün!