Eziz eneler!
Mähriban gelin-gyzlar!
Sizi
göwünlere ylham berýän bahar paslynyň ilkinji günlerinde dabaraly bellenilýän
Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Başymyzyň täjine deňeýän
enelerimize, ýüzümiziň tuwagy bolan gelin-gyzlarymyza berk jan saglyk, uzak
ömür, durmuşyňyzyň gül-gülälekli, hoştap howaly mylaýym bahar ýaly owadan
bolmagyny arzuw edýärin.
Maşgalanyň
sütüni hökmünde ýokary ahlaklylygyň nusgasy bolan eziz enelerimiziň mertebesini
belentde tutmak türkmen halkynyň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan milli
ýörelgesidir. Watana, il-güne, peder ojagyna wepaly, lebzi halal, zähmetsöýer
gelin-gyzlarymyz biziň abraý-mertebämizdir. Ata-babalarymyzyň «Ata sözi —
hikmet, ene sözi — rehnet», «Gyz edebi — il edebi», «Gyzly öý — soltanly öý»
diýen dürdäne sözleri türkmen halkynda zenan mertebesiniň, hormatynyň mydama
belentde tutulandygyny subut edýär. Täze ýaşaýşyň buşlukçysy bolup, tebigaty
gözelligi bilen özgerdýän bahar paslynyň ilkinji günlerinde milli
ýörelgelerimizi we maşgala mukaddesliklerimizi mynasyp dowam etdirýän
enelerimiziň, gözelligi edep-ekrama ýugrulan gelin-gyzlarymyzyň şanyna guralýan
aýdym-sazly dabaralaryň olaryň göwünlerini galkyndyryp, Garaşsyz Watanymyza
bolan söýgini we buýsanjy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Mähriban eneler!
Hormatly gelin-gyzlar!
Türkmen
halkynyň adynyň dünýä ýaýylmagynda, mertebesiniň beýgelmeginde, gözbaşyny
müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni mirasymyzyň, ajaýyp
däp-dessurlarymyzyň asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýetmeginde eziz
enelerimiziň, mährem gelin-gyzlarymyzyň hyzmaty uludyr. Belent ruhly, kämil
nesli kemala getirmekde enelerimiz, gelin-gyzlarymyz tarapyndan döredilen
hüwdüler, läleler, monjugatdylar ýaly halk döredijiliginiň nusgalary ýaşlarda
lebzihalallygy, watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, ululary sylamagy, il-güne
wepalylygy, belent ahlaklylygy terbiýeleýän, türkmeniň ähli ýagşy
gylyk-häsiýetlerini özünde jemleýän edep mekdebidir.
Asyrlaryň
dowamynda kämilleşip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen gadymy halyçylyk
sungaty, el işleri türkmen zenanlarynyň ruhy gözelliginiň aýnasydyr,
enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň zehinini, paýhasyny äleme ýaýýan nepis sungat
eserleridir. Türkmen gözelleriniň kalbyna deňelýän bu sungat eserlerinde
halkymyzyň ruhy medeniýeti, egsilmez çeperçilik ukyby, köňül arzuwlary
jemlenendir. Olaryň yhlasly zähmeti, jöwher zehini bilen dörän we amaly-haşam
sungatynyň görnükli nusgalary bolan türkmen milli halyçylyk hem-de keşdeçilik
sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri
boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň
sanawyna girizilmegi müňýyllyklardan gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyzyň
dünýädäki şöhratyny has-da artdyrýar.
Biz
mähriban enelerimiziň ösüp gelýän nesillerimizde milli buýsanjy, belent
ynsanperwer häsiýetleri terbiýelemekde bitirýän hyzmatyna ýokary baha berýäris.
Maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, nesilden-nesle geçirip gelýän däplerimizi
dowam etdirmek bilen, zenanlarymyzyň döwlet, häkimiýet we dolandyryş
edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylym, bilim, medeniýet we
saglygy goraýyş ulgamlarynda giňden amala aşyrýan özgertmelerimiziň durmuşa
geçirilmegi ugrunda çekýän yhlasly hem-de netijeli zähmetine çäksiz
buýsanýarys.
Häzirki
döwürde ýurdumyzyň zenanlaryna mynasyp durmuş we döredijilikli zähmet çekmek
üçin ähli şertler döredilýär, gender deňligi kanun arkaly üpjün edilýär. Olaryň
hukuklaryny, bähbitlerini, maşgalany goldamak, eneligi we çagalygy goramak
babatda hem ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Berkarar
döwletimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, Watana wepaly, sagdyn,
ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge asylly goşantlary üçin «Zenan
kalby» ordeni bilen sylaglanylmagy, «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy
zenanlarymyzyň bagtyýarlygynyň, olara goýulýan hormatyň nyşanydyr.
Mähriban zenanlar!
Eziz eneler!
Sizi
Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň
her biriňize berk jan saglyk, maşgala ojaklaryňyzda abadançylyk, bagtyýarlyk,
durmuşyňyzyň bolsa mylaýym bahar pasly ýaly elmydama owadan we nurana bolmagyny
arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.