Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine
ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ilkinji iki
aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy,
asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen
baglanyşykly meseleler girizildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň ýanwar-fewral
aýlarynda Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär
derejesini ýokarlandyrmak, serkerdeleriň we olaryň maşgala agzalarynyň netijeli
gulluk etmegi, göwnejaý ýaşamagy üçin şertleri döretmek boýunça görlen
toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby ulgama döwrebap
tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak babatda döwlet Baştutanymyzyň
beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, ýurdumyzda parahat we abadan durmuşyň ygtybarly kepili bolup
çykyş edýän goranyş häsiýetli Harby doktrinany durmuşa geçirmegiň esasy
meselelerine ünsi çekdi. Ýaragly Güýçlerimizi ýokary hilli döwrebap tehnikalar
bilen üpjün etmek boýunça işleri dowam etdirmegiň, sanly ulgamy işjeň ulanmagyň
hasabyna Goranmak ministrliginiň we onuň garamagyndaky düzümleriň işini
kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz ýaş harby
gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça sapaklary, olaryň
arasynda watançylyk ähmiýetli çäreleri yzygiderli guramagyň wajypdygyny belläp,
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe tabşyryklary
berdi.
Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň başyndan
bäri ýerine ýetirilen işleriň jemleri, prokuratura edaralarynyň ulgamyny
ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, düzümleýin edaralara öňdebaryjy
tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan çäreler, prokuror
gözegçiliginiň täze usullarynyň ulanylyşy barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunyň rüstemligini üpjün etmek, raýatlaryň
hukuklaryny, azatlyklaryny, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak üçin
anyk çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu düzümiň
öňünde duran gaýragoýulmasyz wezipeleri takyk ýerine ýetirmegiň wajypdygyny
aýdyp, Baş prokurora kanunçylyk we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň takyk ýerine
ýetirilmegine barlaglaryň talabalaýyk geçirilmegi babatda birnäçe görkezmeleri
berdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow hasabat
döwründe hukuk tertibini pugtalandyrmak, düzgün bozulmalarynyň öňüni almak,
ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny we ýol hereketiniň
kadalaryny berjaý etmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi. Şeýle hem edaranyň işgärleriniň, olaryň maşgala agzalarynyň
netijeli gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän şertler barada aýdyldy.
Şunuň bilen baglylykda, düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmagyň barşy, täze binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga
berlişi barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, ýurdumyzda hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň wajypdygyny
belledi. Şunuň bilen birlikde, hukuk tertibiniň ýokary derejede berjaý
edilmegini we jemgyýetçilik tertibiniň goralmagyny üpjün etmek meselesini üns
merkezinde saklamak tabşyryldy. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işini
has-da döwrebap gurap, raýatlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň
wajypdygyna aýratyn üns çekildi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýol hereketiniň
howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň
talaplaryny berjaý etmek boýunça zerur işleri geçirmegiň möhümdigini belledi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew
ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp
barlan işleriň netijeleri, bu edarany ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde
milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmegiň barşy, edaranyň düzümlerine öňdebaryjy
tehnologiýalary ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça
geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
kazyýetleriň esasy wezipesiniň kanunylygy, adalatlylygy we hukuk tertibini
üpjün etmekden, hukuk bozulmalaryna getirýän sebäpleridir şertleri aradan
aýyrmakdan ybaratdygyny belledi. Kazyýet işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak
üçin öňdebaryjy tejribäni we sanly ulgamy işjeň ulanmak zerurdyr diýip,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy nygtady.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek
we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana
gol çekdi we Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna kazyýet edaralaryna aň-düşünjeli,
arassa ahlakly, işbaşarjaň, halal işgärleri saýlap-seçip almagy tabşyrdy.
Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew
şu ýylyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Milli
howpsuzlyk ministrligini ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi,
ýurdumyzda durnuklylygy we asudalygy üpjün etmek, ýokary hünärli işgärleri
taýýarlamak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny goramagyň, Watanymyzyň abadançylygyny üpjün
etmegiň, ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmagyň bu edaranyň esasy
wezipeleridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýerine ýetirilmeli işleriň esasy
ugurlaryna ünsi çekip, seljerme işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň
zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, ministre düzümleýin edaralaryň
maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, şahsy düzümiň nazaryýet we amaly
taýýarlygyny kämilleşdirmek işini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew
Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek maksady
bilen, şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň serhetleri ähli goňşy ýurtlar bilen dostlugyň hem-de hoşniýetli
goňşuçylygyň serhedi bolup durýar. Şeýle-de serhet goşunlarynyň ulgamyny
ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysynyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, mundan
beýläk-de serhet birikmelerini döwrebap harby tehnikalar we enjamlar bilen
yzygiderli üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Ýurdumyzda amala aşyrylýan harby
özgertmeleriň esasy wezipeleriniň biri serhetçileriň netijeli gulluk etmegi,
abadan durmuşy üçin ähli şertleri döretmekden ybaratdyr diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy we bu meseläni berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra adalat ministri M.Taganow 2024-nji ýylyň
ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, halkara hukugyň
umumy ykrar edilen kadalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna milli kanunçylyk binýadyny
hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat
berdi. Şeýle hem degişli maksatnamanyň durmuşa geçirilişi barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, hukuk ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini
yzygiderli öwrenmegiň we iş ýüzünde ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň
bilen birlikde, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan
işlenip taýýarlanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna hukuk
taýdan seljerme geçirmek, olaryň kanunalaýyk bolmagyny üpjün etmek zerurdyr
diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we ministre birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy
M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, Türkmenistanyň
serhedinden geçýän, şol sanda üstaşyr ýükleriň akymyny kadalaşdyrmak boýunça
görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada
habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möhüm
üstaşyr ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň geostrategik
ornunyň barha artýandygy bilen baglylykda, häzirki döwürde bu gullugyň işiniň
ep-esli artandygyny belledi. Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň işjeň
ulanylmagy serhetden geçýän ähli harytlarydyr ýükleri çalt hem-de talabalaýyk
gözden geçirmäge mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we
daşary ýurtlardan ýurdumyza getirilýän harytlary berk gözegçilikde saklamagy,
gümrük amallarynyň halkara talaplara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi
tabşyrdy.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow
gözegçilik edýän düzümleriniň şu ýylyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetiren
işleriniň netijeleri, şol sanda işgärleriň migrasiýa ulgamyndaky nazary we
amaly bilimlerini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem welaýatlardaky düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak,
sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly geçirilen işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
gullugyň işgärleriniň üstüne ýüklenen wezipeleriň takyk ýerine ýetirilmegini
üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda
öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň, hünär ýokarlandyryş okuwlaryny guramagyň
möhümdigi nygtaldy. Bu edarany ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen
wezipeleriň öz möhletinde we talabalaýyk ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek
babatda aýratyn tabşyryk berildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy mejlisi jemläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň
Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby
howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak
ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň
amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, bu ugurda alnyp barylýan
işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigi nygtaldy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde
başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi
tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar
durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri
arzuw etdi.