Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp
barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ideg işleri alnyp barylýar, hususan-da, ösüş suwy tutulýar. Şu ýylyň hasyly
üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär,
ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlap, möwsüme taýýarlamak boýunça
işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli
gowaça tohumlaryny taýýarlamak we talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler
geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edýär, beýleki gök-bakja
ekinleriniň ekişine-de taýýarlyk görülýär.
Şeýle
hem Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň edara-kärhanalarynda
zähmet çekýän zenanlara, bilim edaralarynda bilim alýan we terbiýelenýän
gyzlara, talyplara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda
gowşurylýar. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda,
welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat
berdi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň
zerurdygyny belledi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini,
gowaçanyň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli alnyp
barylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin
oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen,
häzirki wagtda gowaça ekiljek meýdanlary, ekişde ulanyljak oba hojalyk
tehnikalaryny we gurallary, pagtaçy daýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa
şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça
zerur çäreler görülýär. Welaýatyň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ösüş suwy tutulýar. Ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişi
dowam edýär, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär.
Halkara
zenanlar güni mynasybetli welaýatda medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary
derejede geçirmek maksady bilen, degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar.
Baýramçylygyň şanyna eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli
edara-kärhanalarda, guramalarda işleýän, döwlet we kömek puluny alýan
aýal-gyzlara, talyplara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar
edaralarynda terbiýelenýän gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul
sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap
merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji
ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, welaýatda şu ýyl
meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk
işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we bugdaý
meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp
barylmagyny, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler
üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça
tohumynyň möwsüme taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Hormatly
Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda
meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk
gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.
Sanly
ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi
S.Soltanmyradowyň welaýatda ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň ýagdaýy
baradaky hasabaty bilen dowam etdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý meýdanlarynda degişli ideg, hususan-da,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.
Welaýatda gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, gowaça
ekiljek meýdanlary, ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary we gurallary, pagta
öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny ekiş möwsümine doly taýýar
etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam
edýär, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlarynda suw tutmak işleri
alnyp barylýar.
Halkara
zenanlar güni mynasybetli welaýatda medeni-köpçülikleýin çäreler giňden
ýaýbaňlandyrylýar. Sebitiň ähli edara-kärhanalarynda, bilim-terbiýeçilik
edaralarynda zähmet çekýän, bilim alýan we terbiýelenýän aýal-gyzlara
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary
ýokary ruhubelentlikde geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine
ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny
berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we welaýatyň
bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny,
gowaça ekişine guramaçylykly girişmek üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, ýokary
hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini üpjün etmegi
häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň
üstünlikli durmuşa geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini
belläp, bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin
oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekişe
taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde degişli işler alnyp barylýar. Ekiş
möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny, pagtaçy
daýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli
gowaça tohumlaryny ekiş möwsümine doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler
görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli
işler ýerine ýetirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekiljek
meýdanlary, olaryň tohumlary doly taýýar edilip, ekişi gysga wagtda tamamlamak
üçin degişli işler dowam edýär.
Döwlet
Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan,
welaýatyň ähli edara-kärhanalarynda işleýän, pensiýa we döwlet kömek puluny
alýan gelin-gyzlara, ýokary, orta hünär we orta mekdeplerde okaýan, çagalar
baglarynda terbiýelenýän gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara
zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.
Baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly dabaralar geçirilýär. Mundan başga-da,
häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky
şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek
boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda,
welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilişi barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we welaýatyň bugdaý meýdanlarynda
ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk alnyp barylmagyny şu
ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli
gowaça tohumynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime
tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary
hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri
gözegçilikde saklamagy, şu ýylyň mart aýynda sebitde açylyp ulanmaga beriljek
önümçilik, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň açylyş
dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin taýýarlyk görmegi
häkime tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg we ösüş suwuny
tutmak işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary
ekiş möwsümine taýýarlamak hem-de möwsümi guramaçylykly geçirmek maksady bilen,
ýerlerde tekizleýiş, geriş çekmek we tagt suwuny tutmak işleri ýerine
ýetirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary, pagta öndürijiler üçin
welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny
möwsüme doly taýýar etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň,
soganyň ekişi dowam edip, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine-de taýýarlyk
görülýär.
Welaýatda
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly çäreleri guramaçylykly geçirmek
boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Edara-kärhanalarda zähmet çekýän, ýokary
we orta okuw mekdeplerinde bilim alýan, çagalar baglarynda terbiýelenýän,
pensiýa we döwlet kömek pullaryny alýan aýal-gyzlara hormatly Prezidentimiziň
adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda
gowşurylýar. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba
milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň
ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we
welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryny berjaý etmek arkaly geçirilmegini, gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta
öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar
edilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz
wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime
tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän
orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Diýarymyzda şu ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek arkaly azyk
bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şu ýylyň hasyly üçin
gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri tekizlemek, tekizleýiş işleri geçirilen
meýdanlarda geriş we çil çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Oba hojalyk
tehnikalaryny we gurallary, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça
tohumlaryny möwsüme doly taýýar etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Ýurdumyzda
ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak,
bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda
welaýatlarda ýazky ekinleriň ekişi dowam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenen
agrotehniki möhletlerde geçirmek arkaly ekinleriň bol hasylyny ösdürip
ýetişdirmegiň häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan esasy
wezipeleriň biridigini belledi we ýurdumyzyň bugdaý meýdanlarynda ideg
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, şu ýylyň
hasyly üçin gowaça ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, gowaça ekiljek
meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş
möwsümine doly taýýar edilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere
tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine
ýüzlenip, ýazlyk ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişiniň
guramaçylykly, bökdençsiz geçirilmeginiň, ekiş we ideg işlerinde ulanyljak ähli
oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de gurallarynyň möwsüme doly taýýar edilmeginiň
zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda degişli görkezmeleri
berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.