Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli
ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli
hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar-fewral
aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý
medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Häzirki wagtda
Mejlisde döredilen iş toparlarynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda raýat-hukuk gatnaşyklaryny
kämilleşdirmek, energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak,
gidrometeorologiýa işi hakynda kanunlaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp
barylýar. Şeýle hem Maşgala we Raýat iş ýörediş kodekslerine täze kadalary
girizmek işleri dowam etdirildi. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, oba hojalyk
ekinleriniň tohumçylyk işini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini
ýokarlandyrmaga degişli kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar.
Halk
Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi ýurdumyzyň syýasy durmuşynda möhüm waka
boldy. “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa
goýum Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda işlenip taýýarlanylan
hem-de tassyklanan Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça
Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de
jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň
we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy deputatlaryň alyp barýan kanun çykaryjylyk
hem-de wagyz işlerinde möhüm gollanma bolup hyzmat eder.
Şeýle-de
daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary
pugtalandyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan işler barada maglumat berildi.
Şunuň bilen baglylykda, geçen döwürde duşuşyklaryň 6-synyň geçirilendigi
aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, deputatlar ýurdumyzyň degişli edaralary
tarapyndan abraýly halkara düzümler bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini
kämilleşdirmek meseleleri boýunça guralan okuw maslahatlarynyň 18-sine
gatnaşdylar. Öňdebaryjy tejribäni öwrenmek maksady bilen, deputatlaryň daşary
ýurtlara iş saparlarynyň 5-si amala aşyryldy, şol sanda Türkmenistanyň
wekiliýeti Ýaponiýanyň Tokio şäherinde iş saparynda boldy. Bitaraplygyň
dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň “Parahatçylygy we
dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny” atly birinji duşuşygy
utgaşykly görnüşde geçirildi. Şeýle hem Mejlisiň deputatlarynyň kanunçylygy
kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, wagyz etmek,
döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny
halk köpçüligine düşündirmek, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek
bilen bagly geçirilýän çärelere gatnaşýandyklary habar berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow berkarar Watanymyzy maksatnamalar esasynda
depginli ösdürmegiň, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmagyň kabul
edilýän kämil kanunlara baglydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň
kanunçylygyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň
möhümdigine üns çekildi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ilkinji iki aýynyň
makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde,
hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. 2023-nji ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,9 göterim ýokarlanyp,
ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň iki
aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy hem 1,1 göterim
ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 107,2 göterim,
çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 97,9 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň
iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, 10,3 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary,
pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Ýanwar-fewral
aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa
goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 24,6
göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada
hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary
derejede saklamak üçin netijeli işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de
ministrlikleriň we pudak edaralarynyň önümçilik meýilnamalarynyň doly ýerine
ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlarynda
2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 100,2 göterim,
hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň
meýilnamasy 102,4 göterim, konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary
tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,9 göterim ýerine
ýetirildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 101,8 göterim, dizel
ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň
meýilnamasy 109 göterim berjaý edildi. Daşary ýurtlara iberilen tebigy gazyň
ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,5 göterime
deň boldy. Şeýle hem polipropilen, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we
ugurdaş gazy çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada
hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini
artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi dowam etdirmegiň, nebiti
gaýtadan işleýän zawodlaryň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmegiň
zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudaga häzirki
zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigine
ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda
şu ýylyň ilkinji iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ählihalk bag ekmek
dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, oba hojalyk toplumynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
önümçiligiň ösüş depgini 104,2 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk
ministrligi boýunça 124,2 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça
123,5 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 123,2 göterime,
“Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 101,6 göterime, “Türkmengallaönümleri”
döwlet birleşigi boýunça 109,5 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi
boýunça 106,7 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,5 göterime,
Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100 göterime hem-de
“Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,9 göterime barabar boldy. Maýa
goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 230,4 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki
wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri
ekiş möwsümine taýýarlamak, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak ähli oba hojalyk
tehnikalaryny we gurallary abatlap, möwsüme taýýar etmek boýunça işler alnyp
barylýar. Şeýle hem ilatymyzy ýeralma, gök-bakja önümleri bilen ýeterlik
möçberde üpjün etmek üçin degişli işler ýerine ýetirilýär, suw serişdelerini
rejeli we netijeli peýdalanmak boýunça maksadalaýyk çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini
ösdürip ýetişdirmek babatda agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli
ýerine ýetirmek üçin guramaçylyk hem-de gözegçilik işlerini talabalaýyk
geçirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda suw üpjünçilik
ulgamyny döwrebaplaşdyrmak barada aýdyp, suwaryş ulgamlaryna suwy tygşytly ulanmak
boýunça häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini
nygtady we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýurdumyzda ekologik abadançylygy
üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän giň gerimli
işler, hususan-da, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada
hasabat berdi. Ýurdumyzda, şol sanda Arkadag we Aşgabat şäherlerinde ählihalk
bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin görülýän
çäreler barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly
Prezidentimiziň garamagyna «Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny
geçirmek hakynda» Kararyň taslamasyny hödürledi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, däp bolşy ýaly, ýurdumyzda
her ýyl özboluşly ekologik çäre bolan bag ekmek dabarasynyň geçirilýändigini
belledi. Hormatly Prezidentimiz 16-njy martda ählihalk bag ekmek dabarasynyň
geçiriljekdigini aýdyp, hödürlenen resminama gol çekdi we ony wise-premýere
sanly ulgam arkaly iberdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy
tarapyndan 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň
meýilnamasy 117,2 göterim, Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça 107,3
göterim berjaý edildi. Şu ýylyň geçen iki aýynda Senagat we gurluşyk önümçiligi
ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy
100 göterime, Energetika ministrligi tarapyndan önüm öndürmegiň we ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy 112,4 göterime deň boldy. Ýylyň başyndan bäri
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň we ýerine ýetirilen
işleriň meýilnamasy 143,7 göterim, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak
baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109,8
göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça meýilnama 109,7 göterim berjaý
edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýyl ýurdumyzda birnäçe iri önümçilik we
durmuş maksatly binalarydyr desgalary ulanmaga bermegiň göz öňünde
tutulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu binalaryň gurluşygynyň
bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagy üçin gurluşyk we senagat
toplumynyň kärhanalarynyň netijeli işlemegini gazanmak zerurdyr. Şeýle hem
himiýa kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegi üçin degişli işleri alyp
barmagyň wajypdygy bellenildi. Energetika pudagynyň kuwwatyny, elektrik energiýasynyň
eksport edilýän möçberini hem artdyrmak möhümdir. Sebitara we içerki awtomobil
ýollaryny gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek işlerini güýçlendirmek
möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we wise-premýere degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrlikleriniň
we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik ulgamynyň şu ýylyň
ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat
berdi.
Söwda
we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş
depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 102,2 göterime barabar
boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça nah matalary öndürmegiň meýilnamasy
100 göterime, tikin we trikotaž önümleriniňki 100 göterime, gön önümleriniňki
bolsa 106,1 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň
kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 104,2 göterim berjaý edildi. Döwlet
haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar-fewral aýlarynda birža söwdalarynyň 49-sy
geçirilip, 4 müň 455 şertnama hasaba alyndy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, umumy girdejiniň ösüş depgini 102,4 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş
depgini 103,4 göterime deň bolup, jemi 16 maslahat geçirildi. Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň iki aýynda oba hojalyk we azyk
harytlarynyň önümçiliginiň ösüş depgini 104,1 göterime, senagat önümlerini
öndürmegiň ösüş depgini bolsa 107,3 göterime deň boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda
işleri döwrebap ýola goýup, azyk önümleriniň hem-de halkyň sarp edýän
harytlarynyň üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz halkara tejribeden ugur alyp, söwda işini kämilleşdirmek
boýunça zerur işleri durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere
bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän
ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe ýurdumyzda milli baýramçylyklar we Gündogaryň beýik
akyldary, türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
ýyllygy mynasybetli dürli çäreler geçirildi.
Döwlet
Baştutanymyzyň 9-njy fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisinde kesgitlän wezipelerini we tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen
baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksadyndan ugur alnyp,
welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleriniň orunbasarlarynyň
gatnaşmagynda iş maslahaty, “Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň
bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti” atly maslahat guraldy, halkara
hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli çäreler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda,
türkmen hünärmenleri birnäçe ýurtlarda iş saparlarynda bolup, medeni çärelere,
festiwallara, maslahatlara gatnaşdylar.
Şeýle
hem Germaniýanyň muzeýlerinde Parfiýa we Seljuk şalyklarynyň arheologik
sergisini guramak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Medeniýet
ministrliginiň wekilleri bilen Berlin şäheriniň Täze muzeýiniň ýolbaşçylarynyň
arasynda sanly ulgam arkaly iş duşuşygynyň geçirilendigi barada aýdyldy. Fewral
aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş
dabarasy boldy. Hasabat döwründe teatrlaryň, kinoteatrlaryň, kinokonsert
merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň,
Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar
agentliginiň ýerine ýetiren işleri barada hem habar berildi.
Şeýle-de
wise-premýer döwlet maksatnamalaryndan we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady
bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, elektron
neşirleriň sanyny artdyrmak, pudaga degişli elektron saýtlary häzirki zaman
talaplaryna laýyk gelýän maglumatlar bilen üpjün etmek, işgärleriň hünär
derejelerini ýokarlandyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini giňden wagyz
etmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen birlikde, baýramçylyklar we şanly
seneler mynasybetli göz öňünde tutulan medeni çäreleri ýokary derejede we guramaçylykly
geçirmek barada tabşyryklar berildi.
Mejlisiň
dowamynda wise-premýer “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary
we mümkinçilikleri” atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada
hasabat berdi. Bu maslahaty şu ýylyň 27-28-nji martynda guramak
meýilleşdirilýär. Garaşylyşy ýaly, foruma ugurdaş halkara düzümleriň,
ýurdumyzyň iri syýahatçylyk guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri
gatnaşarlar. Wekiller üçin Arkadag şäheri, täsin taryhy-medeni ýadygärlikler,
muzeýler, umuman, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaklary
üçin şertler dörediler. Şeýle hem myhmanlary Änew şäheriniň 2024-nji ýylda
“Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek
çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşdyrmak meýilleşdirilýär. Mundan
başga-da, maslahatyň çäklerinde iş duşuşyklaryny, ylmy-amaly maslahaty,
syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara
gol çekmek dabaralaryny guramak göz öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň tebigy
aýratynlyklaryny nazara alyp, taryhy ýadygärliklerimiz we medeni
gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrýan syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň möhümdigini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda
syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara
maslahaty ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän bilim, ylym,
saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp
barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, okuw meýilnamalaryny
we maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
berkitmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Sanly bilim ulgamyny
ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli
dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okatmagyň
öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary bilim işinde giňden ulanyldy. Elektron
resminama dolanyşygy ulgamynyň gerimini giňeltmek boýunça işler amala aşyryldy.
Mekdep okuwçylary halkara ders we internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş
edip, 30 medal gazandylar.
Hasabat
döwründe ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam
etdirildi. Ylmy temalaryň 494-siniň ýerine ýetirilişi utgaşdyryldy, okuw
kitaplary, gollanmalar, maksatnamalar seljerilip, olaryň 359-sy makullanyldy.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň
300 ýyllygyny bellemek hem-de gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki
dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Gadymy Änew
medeniýeti” atly halkara ylmy maslahaty geçirmek bilen bagly guramaçylyk işleri
alnyp barylýar.
Ýanwar-fewral
aýlarynda bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça
meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar we
bejergiler geçirildi. Ylmy-kliniki merkezleriň gurluşyk hem-de
döwrebaplaşdyrmak işleri dowam etdirildi.
Bedenterbiýäni,
sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, türgenleri Olimpiýa oýunlaryna,
çempionatlara, iri halkara ýaryşlara taýýarlamak, sanly ulgamy ornaşdyrmak
boýunça işler alnyp baryldy. Türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynda jemi
37 sany (10 altyn, 9 kümüş, 18 bürünç) medala mynasyp boldular. Döwlet
Baştutanymyzyň Karary esasynda yglan edilen hokkeý boýunça halkara ýaryşy
geçirmek baradaky guramaçylyk toparynyň mejlisi geçirildi. Hünär kämilleşdirmek
we tejribe alyşmak üçin daşary ýurtlara gulluk iş saparlary amala aşyryldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, olara
sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi.
Sporty ösdürmäge aýratyn üns berip, ýurdumyzda dürli sport çärelerini we
halkara ýaryşlary yzygiderli geçirmek zerurdyr.
Soňra wise-premýer «Türkmenistanyň Oguz han
adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar
merkezini döretmek hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
“2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň
ykdysadyýetine ýokary we innowasion tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen
halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Hereketleriň meýilnamasynda” göz öňünde
tutulan halkara innowasiýa merkezlerini, tehnoparklary döretmekde dünýäniň
öňdebaryjy tejribesini öwrenmek hem-de kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek
maksady bilen, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezini
döretmek teklip edilýär. Bu merkeziň esasy maksady ýurdumyzda we sebitde
innowasion nano, bio we maglumat, kiberhowpsuzlyk, sanly, “akylly”, emeli aň we
maglumat-kommunikasiýa, kompýuter, mobil programmalary, elektron enjamlaryň
tehnologiýalary ugurlary boýunça önümleri öndürmekden hem-de satmakdan
ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda ylmyň, önümçiligiň we senagatyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek,
innowasion tehnologiýalary döretmäge ýaşlary işjeň çekmek maksady bilen,
«Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz
han» ylmy-tehnologiýalar merkezini döretmek hakynda» Karara gol çekip, ony
sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen iki aýda alnyp barlan işleriň
netijeleriniň Garaşsyz döwletimiziň şu ýyl hem depginli ösmegini dowam
etdirýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyzyň
ykdysadyýetinde jemi içerki önümi öndürmek boýunça görkezijiler ýylyň başyndaky
ýaly, ýagny 6,3 göterim möçberde saklanýar. Hasabat döwründe senagatda ösüş
depgini 5,6 göterim derejede saklanýar. Bu görkeziji söwda ulgamynda 8,1
göterim, ulag we aragatnaşykda 6,6 göterim, oba hojalyk pudagynda bolsa 3,9
göterim boldy. Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýy göz
öňünde tutup, gazanan ösüş depginimizi saklap galmak üçin degişli işleri
geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz mukaddes maşgala
ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde,
jemgyýetimiziň agzybirligini has-da berkitmekde eziz enelerimiziň uly işleri
bitirýändiklerini belledi. Yhlasly zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň abraýyny
belende göterýän mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasy
örän ýokarydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we
köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol
çekdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara
ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň mart aýynda
ýurdumyzda köp sanly desgalaryň açylyş dabaralarynyň, birnäçe halkara çäreleriň
geçiriljekdigini aýtdy. Mart aýynda bellenip geçiljek baýramçylyklara,
geçiriljek dabaralara, çärelere we halkara olimpiadalara gowy taýýarlyk görmeli
hem-de ýokary derejede geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda
belledi we anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da
birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp,
oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.