Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp
barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda
dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça
ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär. Ýazky ekişde
ulanyljak oba hojalyk tehnikalary, gurallary, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary
hilli gowaça tohumlaryny möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler
görülýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişini
agrotehniki möhletlerde geçirmek, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine
talabalaýyk taýýarlyk görmek babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Ýazky bag
ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, baglaryň ekiljek
ýerlerini, bag nahallaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Mundan
başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň,
etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli
maksatnamasyna” laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň
ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygy
pudagynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň talabalaýyk ýerine
ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, gowaçanyň, gök-bakja
ekinleriniň ekişine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün
etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň ýokary
hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin
oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler sebitde gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we ony ýokary
hilli geçirmek maksady bilen, gowaça ekiljek meýdanlary, möwsümleýin oba
hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary, gurallary, pagta öndürijiler üçin
welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny
taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.
Ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişini talabalaýyk, bellenen möhletlerde
geçirmek, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek babatda zerur
işler alnyp barylýar. Ýazky bag ekmek möwsümi üçin baglaryň ekiljek ýerlerini
kesgitlemek we olaryň nahallaryny taýýarlamak boýunça guramaçylyk işleri
geçirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda,
welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleri ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin
görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup
durýandygyna ünsi çekdi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg
işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek
ýerleriň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumynyň ekiş möwsümine
taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň
üstünlikli amala aşyrylmagynyň wajypdygyny belledi we bu ugurda ýerine
ýetirilmeli işler babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Sanly
ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi
S.Soltanmyradowyň welaýatda ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň ýagdaýy
baradaky hasabaty bilen dowam etdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça
ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we ýuwuş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary abatlamak, pagtaçy daýhanlar üçin
welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny
taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň,
soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlarynda sürüm işleri
doly geçirilip, häzirki wagtda suw tutmak, olaryň tohumlaryny taýýarlamak
işleri dowam edýär. Ýazky bag ekmek möwsümini üstünlikli geçirmek maksady
bilen, zerur guramaçylyk işleri, hususan-da, baglaryň ekiljek ýerlerini
kesgitläp, bag nahallaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Mundan
başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl üçin
meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýazky ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk
görmegiň möhümdigine ünsi çekdi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek
meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş
möwsümine doly taýýar edilmegini, welaýatyň ak ekin meýdanlaryndaky ideg
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi
häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň ýokary
hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew ýurdumyzyň gündogar sebitinde alnyp
barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekişe
taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde degişli işler alnyp barylýar. Ýazky ekiş
möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary, pagtaçy daýhanlar
üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça
tohumlaryny ekiş möwsümine doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny
tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja
ekinleriniň ekişini talabalaýyk geçirmek we agrotehniki möhletlerde tamamlamak
üçin degişli işler dowam edýär. Ýazky bag ekmek möwsümini üstünlikli geçirmek
maksady bilen, baglaryň ekiljek ýerlerini, dürli bag nahallaryny taýýarlamak
boýunça işler alnyp barylýar.
Şeýle
hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň,
etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna”
laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmeginiň
möhüm talap bolup durýandygyny belledi hem-de welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda alnyp barylýan
işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, pagtaçy
daýhanlaryň ekiş möwsüminde ýokary hilli gowaça tohumlary bilen doly üpjün
edilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna
laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde
alnyp barylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda degişli
görkezmeleri berdi.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda sebitiň ak ekin meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar.
Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek,
topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam edýär. Ekişde
ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlap, möwsüme doly taýýar
etmek, pagta öndürijileri welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary
hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek,
beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek ugrunda zerur işler
alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek
babatda öňde goýan wezipelerine laýyklykda, welaýatda ýazky bag ekmek möwsümine
taýýarlyk görülýär. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda
meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip
ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine
toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we welaýatyň bugdaý meýdanlaryndaky
ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini, şu ýylyň hasyly
üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça
tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime
tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan
wezipeleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu ugurda
alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän
orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda şu ýylda
bugdaýyň bol hasylyny öndürmek arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak
maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek
meýdanlary, oba hojalyk işlerinde ulanyljak ähli tehnikalary we gurallary möwsüme
taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli
gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk
pagtany gaýtadan işlemek, çigitleri arassalamak işi tamamlaýjy tapgyrda alnyp
barylýar. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini
artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek üçin häzirki wagtda
olaryň ekişi dowam edýär.
Ýurdumyzda
tokaý zolaklarynyň tutýan meýdanyny giňeltmek hem-de döwlet ekologiýa syýasatyny
üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda hem maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk işleriniň çäklerinde bag nahallaryny,
olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalygynda jogapkärli möwsümiň ýetip gelendigine ünsi çekip, bu möwsümi
guramaçylykly geçirmegiň geljekde ýerden bol hasyl almagyň esasy şertleriniň
biridigini belledi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta
öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň, möwsümde işlediljek ähli oba
hojalyk tehnikalarynyňdyr gurallaryň möwsüme doly taýýar edilmegini, bugdaý
ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda
ýerine ýetirilmegini, ýeralmanyň hem-de beýleki azyklyk ekinleriniň ekişiniň
bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ýazky bag ekmek möwsümine
talabalaýyk taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere
tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine
ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň, ýazky
ekiş möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmegiň möhümdigine ýene-de bir gezek
ünsi çekdi hem-de bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.