Geçen
hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň
abadançylyk derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň ykdysady
kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen
içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.
19-njy
fewralda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda
ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumynyň öňünde durýan
wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belläp, bugdaý ekilen
meýdanlarda degişli ideg işleriniň geçirilmegini, pagta ekiljek meýdanlaryň
ekiş möwsümine taýýarlanylmagyny, daýhanlaryň ýokary hilli gowaça we gök-bakja
ekinleriniň tohumlary bilen üpjün edilmegini tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde,
hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda 2024-nji ýyl
üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini,
medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini,
ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün
edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
20-nji
fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň
Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym
Madhumita Hazarika Bhagaty kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ýurtlarymyzy we
halklarymyzy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän, birek-birege hormat goýmak
däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygy bellenildi.
Hindistan Respublikasy Günorta Aziýa sebitinde Türkmenistanyň iň möhüm
hyzmatdaşlarynyň biridir. Döwletlerimiz syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürip,
abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.
Halkara giňişlikde öňe sürülýän oňyn başlangyçlara berilýän özara goldaw muňa
aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistan
we Hindistan söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda ýangyç-energetika, ulag, oba
hojalygy, dokma senagaty ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz
geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetine üns çekildi. Bu
taslamanyň amala aşyrylmagy oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine, täze iş
orunlarynyň döredilmegine, durmuş we önümçilik desgalarynyň gurluşygyna, iri
daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge uly itergi berer. Saglygy goraýyş, ylym,
bilim, medeniýet ulgamy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň
hatarynda görkezildi.
Geçen
hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça
Mejlisde Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we
Doly ygtyýarly ilçisi Hose Luis Martines Ernandesden ynanç haty kabul edildi.
Diplomat Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy
ileri tutulýan ugurlary, milli parlamentiň düzümi, kanun çykaryjylyk işi bilen
tanyşdyryldy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, iri
halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde
üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berildi.
21-nji
fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň
wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş
ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Okgunly ösüşe
eýe bolan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda
ýokary derejedäki gatnaşyklaryň möhüm ähmiýeti bellenildi. Yzygiderli
geçirilýän duşuşyklar we gepleşikler uzak möhletleýin geljege gönükdirilen
hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge, gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde
durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki hereketleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik
berýär. Taraplar ynsanperwer ulgamyň, ylym, bilim, medeniýet, sport ulgamlary
boýunça özara hyzmatdaşlygyň türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň aýrylmaz
bölegidigini bellediler.
Şol
gün paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen
Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary,
Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy
boldy. Taraplar ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly
mümkinçiliklere eýe bolan köpýyllyk döwletara hyzmatdaşlygyň okgunly
ösdürilýändigini belläp, iki ýurduň we doganlyk halklaryň bähbitlerine laýyk
gelýän netijeli gatnaşyklaryň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam
bildirdiler.
23-nji
fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine we käbir resminamalaryň
taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň
dowamynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, Halkara
zenanlar gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň zenanlaryna hormatly Prezidentimiziň
adyndan pul sowgatlary gowşurylar.
Öňdebaryjy
usullary hem-de halkara tejribäni ulanmak bilen, ýurdumyzyň günbatar sebitinde
geljegi uly nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, dokma senagaty kärhanalaryny
döwrebaplaşdyrmak, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyndan netijeli
peýdalanmak boýunça görülýän çäreler, möwsümleýin oba hojalyk işleri, Aşgabat
atçylyk sport toplumynyň durkuny täzelemek ugrunda alnyp barylýan işler
Hökümetiň mejlisinde garalan esasy meseleleriň hatarynda boldy. Mart aýynda
geçiriljek iri çäreler we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga
berilmegi mynasybetli guraljak dabaralar barada hasabat berildi. Beýik türkmen
şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Halkara
zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleri, dabaralar geçiriler.
Şeýle
hem “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri”
atly halkara maslahaty, “Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi” atly
metbugat maslahatyny geçirmek, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we
aýdym-sazly dabaralary, gezelençleri guramak, ozal yglan edilen döredijilik
bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek göz öňünde tutulýar.
Türki
medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletler tarapyndan gadymy Änew
şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan
edilmegi mynasybetli 26-njy martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz
ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda dabara geçiriler. Dabaranyň
çäklerinde türki halklaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda birnäçe çäreleri — baýramçylyk
konsertini, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylaryň
eserleriniň sergisini, “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahaty,
TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň
maslahatyny, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahatyny guramak meýilleşdirilýär.
Mejlisde
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenistanyň
Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky
hyzmatdaşlygyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy hödürlenildi.
Bilelikdäki meýilnamalaryň çäklerinde soňky 25 ýylyň dowamynda dürli ugurlar
boýunça 500-den gowrak taslamanyň durmuşa geçirilendigini bellemek gerek.
Şu
ýylyň martynda ÝHHG-niň Baş sekretarynyň ýurdumyza sapary meýilleşdirilýär.
Onuň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak
ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçiriler. Häzirki wagtda 1999-njy
ýyldan bäri paýtagtymyzda hemişelik esasda öz işini alyp barýan ÝHHG-niň
merkezi we ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde, 2024-nji ýylyň
dowamynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň meýilnamasy
taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, ýylyň dowamynda 37 sany taslamany amala aşyrmak
meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz işlenip taýýarlanan, bu gurama bilen
mundan beýläk-de netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen meýilnamanyň
syýasy, ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer ulgamlary öz içine alýandygyny
belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy
işjeňleşdirmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
22-nji
fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.
“Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum
Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler
mejlisiň esasy meselesi boldy. Onuň gün tertibine Halk Maslahatynyň işiniň
esasy ugurlary boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň Meýilnamasyny
ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler-de girizildi. Mejlise Halk
Maslahatynyň Prezidiumynyň we Hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy
partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekilleri hem-de beýlekiler gatnaşdylar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow maksatnamalaýyn çykyşynda beýik
akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçiriljek
çärelere ünsi çekdi hem-de türkmen halkynyň at-abraýyny beýgelden beýik söz
ussadynyň döredijiligini ebedileşdirmegiň geljegini nazara alyp, onuň medeni
mirasyny kanun esasynda berkitmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Gahryman
Arkadagymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetde we durmuş ulgamynda gazanan
üstünliklerini, “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
we maýa goýum Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan esasy wezipeleri aýratyn
belledi. Alnyp barylýan işleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek
maksady bilen, Prezidiumyň mejlisiniň gün tertibine Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde kabul edilen
çözgütler, berlen tabşyryklar bilen bir hatarda, öňde goýlan wezipeleri öz
wagtynda durmuşa geçirmek boýunça soraglary girizmek teklip edildi.
Olar
beýik akyldar we şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny
halkara derejede giňden belläp geçmek; Türkmenistanyň Mejlisiniň
deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň jemgyýetimiziň
agzybirligini has-da berkitmek, maksatnamalarda öňde goýlan wezipeleri durmuşa
geçirmäge işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek; ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmek, her bir zähmetkeşi üstünlikli işlere ruhlandyrmak, ykdysadyýetiň
hususy pudagyny we hyzmatlar bölegini ösdürmegiň, importyň ornuny tutýan
önümçiligi goldamagyň hem-de gurluşyk işleriniň konsepsiýalaryny, eksport
ugurly senagaty goldamagyň, şäherleri ösdürmegiň strategiýasynyň taýýarlanylmagyna
işjeň gatnaşmak; ýaşlar bilen işleşýän ýöriteleşdirilen guramalaryň işini
güýçlendirmek; ýurdumyzda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň
Konsepsiýasyny, ylym ulgamyny ösdürmegiň Strategiýasyny işläp taýýarlamak; täze
kanunçylyk namalaryny kabul etmek hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek
babatda degişli işleri alyp barmakdan ybaratdyr.
24-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly
Berdimuhamedow täze şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary
hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan
gurluşyk we bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşmak maksadyndan ugur
alyp, Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy hem-de degişli düzümleriň
ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
“Akylly” şäheriň ikinji tapgyrynyň çäklerinde
Döwlet muzeýiniň binasyny, Oba hojalyk uniwersitetiniň toplumyny we çagalar
seýilgähini gurmak göz öňünde tutulýar. Gahryman Arkadagymyz bu binalaryň taslama
işlerine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplaryny çekmegi
tabşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze döredilýän lukmançylyk ykdysady
zolagynyň nyşanynyň görnüşleri bilen tanşyp, onuň halkara derejede ykrar
edilmegi babatda degişli işleriň geçirilmelidigini belledi.
Birnäçe degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň
gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň barşynda täze şäheriň gurluşygynyň
ikinji tapgyryny gurmak, ilaty täze jaýlara göçürip getirmek, oba hojalyk
ylmy-barlag institutlarynyň işi bilen bagly meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag
şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş
merkezinde iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda Gahryman Arkadagymyz
ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýaşaýan çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça
geçirilmeli işleriň meýilnamasyny tassyklady hem-de merkeziň netijeli işi üçin
ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň güwänamasynyň gowşurylmagynyň
aýratyn ähmiýetini belledi.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli taryhy tejribäni
dowam etdirmek hem-de innowasiýalara açyklyk esasynda amala aşyrylýan giň
gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünliklere beslenýändigini aýdyň
görkezdi.