Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine we
käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ilki
bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz
berildi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni
mynasybetli pul sowgatlaryny bermek hakynda Buýrugyň taslamasynyň
taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli
Kararyna laýyklykda, bu ugurda netijeli işler geçirildi. Bellenilişi ýaly, bu
maksatlar üçin maliýe serişdeleriniň zerur bolan möçberi göz öňünde tutuldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde zenanlaryň uly işleri
bitirýändiklerini belledi. Mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat
goýmak baradaky ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirmek maksady
bilen, döwlet Baştutanymyz degişli Buýruga gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz
resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, Halkara zenanlar güni
mynasybetli gelin-gyzlara pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserni
tarapyndan nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça görülýän çäreler
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, döwlet konserni nebitgaz ýataklarynda degişli işleri amala aşyrýar.
Nebitiň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň günbatar sebitinde
işlenip geçilýän geljegi uly ýataklarda täze meýdançalary özleşdirmek işi dowam
etdirilýär. Häzirki wagtda guýularyň birnäçesi hereket edýär we meýilnama
laýyklykda, täze guýular burawlanylýar. Bu işlerde öňdebaryjy usullar hem-de
halkara tejribeler giňden ulanylýar. Şeýle-de guýularyň önümliligini
ýokarlandyrmak, täze guýulary netijeli burawlamak üçin döwrebap abatlaýyş
hyzmatlary amala aşyrylýar we ugurdaş enjamlar bilen üpjün edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň
çykarylyşyny artdyrmaga möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. «Türkmennebit»
döwlet konserniniň bu ugurdaky işi ylmy esasda alnyp barylmalydyr. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz konserniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini
yzygiderli gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi
hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew obasenagat
toplumynda we ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp
barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gowaça ekiljek meýdanlarda
ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär, oba
hojalyk tehnikalary hem-de tohumlyk gowaça çigitleri taýýarlanylýar. Şunuň
bilen bir hatarda, bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen,
bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär, ilatymyzy ýurdumyzda
öndürilen ýeralma, gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek
boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri ekiş
möwsümine taýýarlamagyň, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişine möhüm
ähmiýet bermegiň, bu işleri agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmegiň
zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ekinlerini suw bilen
ýeterlik möçberde üpjün etmegiň wajypdygy barada aýdyp, wise-premýere
ýurdumyzyň howdanlarynda suw toplamak işlerine uly üns bermegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat atçylyk sport
toplumynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Mälim
bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda
gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak,
atçylyk pudagyny ösdürmek, atlary ösdürip ýetişdirmek, olaryň baş sanyny
artdyrmak üçin ähli zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Taslama laýyklykda,
atçylyk sport toplumynyň çäginde goşmaça täze athanalary, weterinar
dermanhanany we at esbaplar dükanyny, açyk görnüşli awtoduralgany, suw howdanlaryny,
tehniki binalary gurmak, dürli ölçegdäki monitorlary, döwrebap enjamlary
gurnamak göz öňünde tutulýar. Bulardan başga-da, ozaldan bar bolan athanalaryň,
esasy girelgäniň, tomaşaçylar münberiniň, karantin binasynyň, sport
meýdançasynyň, açyk manežiň durkuny täzelemek we ýanaşyk ýerlerini
abadanlaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ahalteke bedewleriniň halkymyzyň milli
buýsanjydygyny nygtady. Ýurdumyzda atçylygy, şol sanda atçylyk sportuny
ösdürmäge uly üns berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat
atçylyk sport toplumynyň durkuny täzelemegi, bu ugurda alnyp barylýan işleriň
ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew dokma senagatyny ösdürmek, pudagyň
kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat
berdi.
Wise-premýer
döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalarda ýokary hilli dokma
önümleriniň öndürilýändigini, olara içerki we daşarky bazarlarda uly isleg
bildirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, dokma senagaty
kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, önümçilikleri doly
kuwwatynda işletmek we eksportyň möçberini artdyrmak maksady bilen, degişli
işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň
düşewüntliliginiň ýokarlandyrylmagyny hem-de pudagyň maliýe-ykdysady işiniň
hemişe kämilleşdirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek
esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga
berilmeginiň tertibi barada hasabat berdi.
Geljek
aýda dürli maslahatlary, duşuşyklary, mediaforumlary, wagyz-nesihat çärelerini,
sergileri we aýdym-sazly dabaralary, gezelençleri guramak, ozal yglan edilen
döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar. Beýik türkmen
şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew
şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan
edilmegi mynasybetli surata düşürilen kino we dokumental filmleri görkezmek
meýilleşdirilýär.
Däp
bolşy ýaly, ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli
baýramçylyk çäreleri we dabaralar guralar. «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň
öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda, “Nowruz ýaýlasynda”, Arkadag şäherindäki
baýramçylyk meýdançasynda Milli bahar baýramy mynasybetli dabaralary geçirmek
meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň
esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty, daşary ýurtlaryň
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmen
topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahatyny guramak
meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, mart aýynda göz öňünde
tutulan esasy çäreleri we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryny
guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda anyk
tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Änew şäheriniň 2024-nji ýylda
“Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraljak
çärelere badalga bermek dabarasyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, “Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 26-njy martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý
etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda bu waka
mynasybetli guraljak çärelere badalga bermek dabarasyny geçirmek
meýilleşdirilýär. Dabaranyň çäklerinde türki halklaryň wekilleriniň
gatnaşmaklarynda birnäçe çäreleri, konserti, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň
hem-de fotosuratçylaryň eserleriniň sergisini, halkara ylmy maslahaty,
TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň
maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, daşary
ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda
metbugat maslahatyny guramak meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Änew şäheriniň gadymy taryhynyň bardygyny
nygtady. Bu taryh halkymyzyň geçmişi bilen berk baglydyr. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz Änewiň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni
paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara derejeli çäreleriň ýokary
derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow “Gadymy Änew medeniýeti” atly
halkara ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mertebäniň we
buýsanjyň gymmatly çeşmelerine öwrülen şöhratly taryhymyz, maddy hem-de ruhy
mirasymyz ylmy esasda düýpli öwrenilýär. Türki medeniýetiň halkara guramasyna
(TÜRKSOÝ) agza döwletler tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki
dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli şu ýylyň 27-nji
martynda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahat geçiriler. Oňa
ýurdumyzdan, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Russiýa
Federasiýasyndan, Türkiýe, Özbegistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz
Respublikalaryndan we beýleki daşary ýurtlardan görnükli taryhçylaryň,
arheologlaryň, Gündogary öwrenijileriň, professor-mugallymlaryň, ýaş alymlaryň,
muzeý işgärleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň myhmanlary bu şäheriň şu
ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Änew
şäherinde guraljak dabaralara we çärelere hem gatnaşarlar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň taryhynyň
müňýyllyklara uzap gidýändigini belledi. Änew türkmen topragynyň gadymy
medeniýetleriniň mekany bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň şöhratly
geçmişi bilen bagly halkara ylmy maslahatyň wajypdygyny belläp, wise-premýere
ony guramaçylykly we ýokary derejede geçirmegi, bu işe alymlaryň giňden
gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň
arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy barada hasabat
berdi.
Abraýly
halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şolaryň hatarynda Ýewropada
Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem bar. Bu düzüm bilen gatnaşyklar
netijeli, yzygiderli häsiýete eýe bolup, giň ugurlary öz içine alýar. Köpýyllyk
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, Bitarap Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny
ilerletmek maksady bilen, degişli toplumlaýyn çäreler görülýär. Hususan-da, şu
ýylyň martynda ÝHHG-niň Baş sekretarynyň ýurdumyza saparyny guramak, bu saparyň
çäklerinde Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak
ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygyny geçirmek boýunça işler alnyp
barylýar.
Mälim bolşy ýaly, 1999-njy ýyldan bäri
paýtagtymyzda ÝHHG-niň merkezi hemişelik esasda öz işini alyp barýar.
Bilelikdäki meýilnamalaryň çäklerinde soňky 25 ýylyň dowamynda dürli ugurlar
boýunça 500-den gowrak taslama durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda ÝHHG-niň
Aşgabatdaky merkezi we ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde
2024-nji ýylyň dowamynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň
meýilnamasy taýýarlanyldy. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen
guramanyň özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça anyk çäreleri geçirmek
göz öňünde tutulýar. Umuman, şu ýylyň dowamynda 37 sany taslamany amala aşyrmak
meýilleşdirilýär.
Syýasy ulgamda parahatçylygy we howpsuzlygy
pugtalandyrmaga, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, häzirki döwrüň
wehimlerine we howplaryna garşy durmaga gönükdirilen taslamalaryň birnäçesini
durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Ykdysady we ekologiýa ugurlarynda
meýilleşdirilýän taslamalar ykdysadyýeti, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy
ösdürmäge, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga, ekologik howpsuzlygy
berkitmäge, howanyň üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleri çözmäge ýardam eder.
Ynsanperwer ulgamda hem birnäçe taslamalary amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Şol
taslamalarda ylym we bilim, adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak,
ýurdumyzyň demokratik institutlarynyň esaslaryny kämilleşdirmek, gender
deňligini üpjün etmek, raýatsyzlyk meselelerini çözmek, köpçülikleýin habar
beriş serişdelerini ösdürmek ýaly ugurlarda çäreleri geçirmek göz öňünde
tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
meýilnamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň Bitarap
Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
hatarynda durýandygyny nygtady. ÝHHG bilen üstünlikli köpýyllyk hyzmatdaşlyk
munuň aýdyň güwäsidir. Döwlet Baştutanymyz işlenip taýýarlanan, bu gurama bilen
mundan beýläk-de netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen meýilnamanyň
syýasy, ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer ulgamlary öz içine alýandygyny
belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy
işjeňleşdirmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän
düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Türkmenbaşy Halkara
deňiz portunyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän
işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, portuň kuwwatyndan netijeli
peýdalanmak, hödürlenilýän ulag hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak,
özara söwdany ösdürmek, üstaşyr gatnawlary artdyrmak boýunça zerur çäreler
görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň dünýäniň möhüm ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýändigine ünsi
çekdi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan
beýläk-de yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da
birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp,
oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.