Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp
barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda
alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek
meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekişde
ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallary abatlap, möwsüme
taýýarlamak işi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Pagtaçy daýhanlary ýokary
hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy
kärhanalarda gowaça çigitleri taýýarlanylýar. Şeýle hem ýeralmanyň, soganyň,
beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça
zerur çäreler görülýär. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak,
suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär.
Şeýle-de
häkim welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş
ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy
bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we
welaýatyň ak ekin, gowaça ekiljek meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň
agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaçanyň,
gök-bakja ekinleriniň ekişine ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün
etmegi häkime tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş, geriş
çekmek işleri alnyp barylýar. Ýazky möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak
tehnikalary we gurallary abatlamak, pagtaçy daýhanlar üçin welaýatyň
toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak
boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda,
ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki
möhletlerde tamamlamak maksady bilen, degişli guramaçylyk işleri ýerine
ýetirilýär. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginde, ýaplarda,
zeýkeşlerde arassaçylyk işleri geçirilýär.
Şeýle
hem häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatda medeni-durmuş maksatly
binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy,
tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän
işler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk
ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp
barylmagyny, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleriň, pagtaçylar üçin
ýokary hilli gowaça tohumynyň ekiş möwsümine taýýar edilmegini, beýleki
ekinleriň ekişine taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Sanly
ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi
S.Soltanmyradowyň welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy
baradaky hasabaty bilen dowam etdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şu
ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen,
ýerlerde sürüm işleri doly geçirilip, häzirki wagtda tekizleýiş we ýuwuş suwuny
tutmak işleri alnyp barylýar. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk
tehnikalaryny we gurallary abatlamak, pagta öndürijileri welaýatyň toprak-howa
şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça
zerur işler geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja
ekinleriniň ekiljek ýerlerinde sürüm işleri tamamlanyp, suw tutmak we bu
ekinleriň tohumlaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Ýazky ekiş möwsümine
taýýarlygyň çäklerinde ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, ýaplarda we
zeýkeşlerde arassaçylyk işleri alnyp barylýar.
Şeýle
hem häkim hormatly Prezidentimiziň gyşky möwsümde ýaşaýyş jaýlarynyň,
mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi,
ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün
edilmegi babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýerden bol hasyl almak üçin oba hojalyk işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmelidigini
belledi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň, şu ýylyň
hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlardaky ýerine ýetirilýän işleriň agrotehniki
möhletlerde geçirilmegini, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça
tohumlarynyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlarynyň, bu ekinleriň
tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime
tabşyrdy.
Soňra
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew ýurdumyzyň gündogar sebitinde alnyp
barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş,
geriş, çil çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak hem-de ýuwuş
suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýazky ekiş möwsüminde işlediljek
tehnikalary we gurallary abatlamak, pagtaçy kärendeçileri welaýatyň toprak-howa
şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça
zerur işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam
edýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň, beýleki
gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur
taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny
gowulandyrmak maksady bilen, olaryň daş-töwereklerinde, suwaryş we şor suw
akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär.
Şeýle
hem häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş
jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly
işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz
üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň geljekde
bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we bu ugurda alnyp
barylýan işleriň, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň, şu
ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda degişli işleriň talabalaýyk
geçirilmegini, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş
möwsümine taýýar edilmegini, gök-bakja ekinleriniň ekişine ykjam taýýarlyk
görülmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda sebitiň ak ekin meýdanlarynda agrotehniki kadalara
laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek
meýdanlary ýazky ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş, geriş
çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär.
Pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary
hilli gowaça tohumlaryny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we
gurallaryny ýazky möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Ýeralmanyň, soganyň we beýleki azyklyk ekinleriň ekişine guramaçylykly girişmek
we bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin olaryň ekilmeli ýerleri,
tohumlary taýýarlanylýar.
Mundan
başga-da, häkim hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, gyşky
möwsümde welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň
ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmeginiň, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy
gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň yzygiderli gözegçilikde
saklanylýandygyny habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm
ähmiýetine ünsi çekdi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta
öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli
gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini, bugdaý ekilen
meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly
ýerine ýetirilmegini, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriniň ekişini
agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreleriň görülmegini üpjün
etmegi häkime tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp
barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň
“Türkmenistanda 2024-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Kararyny
ýerine ýetirmek hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak
maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça
ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça ýerlerde degişli işler
dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça
tohumlary bilen üpjün etmek üçin tohumlyk gowaça çigitleri taýýarlanylýar,
ýazky ekişde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlanylyp,
möwsüme taýýar edilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda ýeralmanyň, soganyň, beýleki
gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek we
bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, pudagy döwrüň talabyna
laýyklykda ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine
ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda
alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek
arkaly amala aşyrylmagyny, gowaça ekiljek meýdanlaryň, ýokary hilli gowaça
tohumlarynyň, oba hojalyk tehnikalarynyňdyr gurallarynyň ýazky ekiş möwsümine
taýýar edilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişiniň
guramaçylykly hem-de agrotehniki möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde
saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine
ýüzlenip, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda 2024-nji ýyl üçin
meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň zerur
talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri berk
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz
welaýatlardaky medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini,
ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün
edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.