Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar
Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Doglan
günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Russiýada
Siziň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ähli
ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlyga goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berilýär.
Biziň dostlukly halklarymyzyň abadançylygynyň, Merkezi Aziýada we Hazar
sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ikitaraplaýyn we
halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça netijeli gatnaşyklarymyzyň,
bilelikdäki ysnyşykly işimiziň dowam etdirilmegine umyt edýärin.
Hormatly
Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, döwlet
işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin!
Hormatlamak
bilen,
Wladimir Putin,
Russiýa Federasiýasynyň
Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar
Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident!
Doglan
günüňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan
edýärin.
Şu
ýylyň ýanwarynda Siz Hytaýa üstünlikli sapary amala aşyrdyňyz. Maý aýynda Siz
“Hytaý — Merkezi Aziýa” sammitine gatnaşmak üçin ýene bir gezek Hytaýa
geldiňiz. Saparyň barşynda biz Siziň bilen dostlukly, netijeli pikir alyşmalary
geçirdik hem-de esasy ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça möhüm
ylalaşyklary gazandyk. Munuň özi hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny täze
many-mazmun bilen baýlaşdyrdy.
Men
hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin we “Bir guşak, bir ýol”
atly bilelikdäki başlangyjyň Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan
dikeltmek” strategiýasy bilen utgaşdyrylmagyny yzygiderli ilerledip, Siziň
bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga, energetika hyzmatdaşlygyny
çuňlaşdyrmaga taýýardyryn.
Size
berk jan saglyk we işiňizde üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa
bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin.
Si Szinpin,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar
Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar
Gurbangulyýewiç!
Doglan
günüňiz mynasybetli iň gowy arzuwlarymy we tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge
şatdyryn.
Biz
Sizi türkmen halkynyň hormat-sarpasyna mynasyp bolan döwlet we syýasy işgär,
hakyky watançy, öz Watanynyň wepaly ogly hökmünde tanaýarys. Soňky ýyllarda Siziň
baştutanlygyňyzda halkyňyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga,
durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala
aşyrmak işi dowam etdirilýär, ýurduňyzyň halkara giňişlikdäki abraýy has-da
belende galýar.
Biziň
dostlukly gatnaşyklarymyz, ýokary derejedäki duşuşyklarymyz we yzygiderli
dialog arkaly iki ýakyn goňşy ýurduň strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de
yzygiderli we netijeli ösdürip biljekdigiňize ynanýaryn.
Durmuşyňyzyň
şu şatlykly we ýatdan çykmajak gününde Sizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden
gutlamak hem-de Size berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny, abadançylyk,
jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa
parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.
Hormatlamak
bilen,
Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar
Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar
Gurbangulyýewiç!
Doglan
günüňiz mynasybetli meniň tüýs ýürekden gutlaglarymy we hoşniýetli arzuwlarymy
kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Häzirki
wagtda Siziň baştutanlygyňyzda doganlyk Türkmenistan durnuklylygy,
durmuş-ykdysady ösüşi, öz raýatlarynyň abadançylygyny üpjün etmek ýoly bilen
ynamly öňe barýar, özüniň halkara abraýyny yzygiderli berkidýär. Siziň
strategik ugruňyza eýerip we möhüm başlangyçlarydyr özgertmeleri üstünlikli
durmuşa geçirip, Türkmenistanyň döredijilikli ösüşini dowam etdirjekdigine,
güýçli we gülläp ösýän döwleti gurmak boýunça belent maksatlara ýetjekdigine
ynanýaryn.
Häzirki
döwürde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ýurtlarymyzyň arasynda asylly
dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege goldaw bermek däplerine
esaslanýan özara bähbitli gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýokary derejedäki işjeň
syýasy dialogyň mundan beýläk-de gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny
pugtalandyrmagyň berk esasy bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.
Hormatly
Serdar Gurbangulyýewiç, Size Türkmenistanyň doganlyk halkynyň abadançylygynyň
bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw
edýärin!
Hormatlamak
bilen,
Kasym-Žomart Tokaýew,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar
Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar
Gurbangulyýewiç!
Doglan
günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Türkmenistanyň
dostlukly halkynyň rowaçlygynyň bähbidine jogapkärli döwlet işiňizde uly
üstünlikleri arzuw edýärin.
Doganlyk
Türkmenistan häzirki wagtda durnukly durmuş-ykdysady ösüş ýoly bilen ynamly öňe
barýar, halkara giňişlikdäki abraýy barha belende galýar.
Men
iki ýurduň döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy şerti
hökmünde ýokary derejedäki özara ynanyşmak ýagdaýyndaky täjik-türkmen dialogyna
uly ähmiýet berýärin. Golaýda Duşenbe şäherinde geçirilen çärelere Siziň işjeň
gatnaşmagyňyza bu ösüşiň okgunly bolmagyny üpjün etmek boýunça biziň hemişelik
bilelikdäki tagallalarymyzyň nobatdaky subutnamasy hökmünde baha berýärin.
Täjigistan bilen Türkmenistanyň özara gatnaşyklarynyň iki doganlyk halkyň
jana-jan bähbitlerine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Hormatlamak
we iň gowy arzuwlar bilen,
Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar
Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar
Gurbangulyýewiç!
Doglan
günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Siziň
baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň ösüş ýolunda täze üstünlikleri gazanjakdygyna
hem-de halkara giňişlikdäki ornuny pugtalandyrmak işinde öňünde goýan
maksatlaryna ýetjekdigine berk ynanýaryn.
Halklarymyzyň
düýpli bähbitlerini ilerletmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalarymyzyň,
şeýle hem aramyzda ýola goýlan dostluk we özara hormat goýmak gatnaşyklarynyň
netijesinde gyrgyz-türkmen strategik hyzmatdaşlygy işjeň ilerledilýär. Gadymdan
gelýän dostluga, ynanyşmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan köpugurly
gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine mundan
beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Size
tüýs ýürekden berk jan saglyk, rowaçlyk, döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw
edýärin.
Hormatlamak
bilen,
Sadyr Žaparow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar
Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar
Gurbangulyýewiç!
Doglan
günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin hem-de Size
berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.
Azerbaýjan-türkmen
gatnaşyklary asyrlaryň dowamynda dostlukda, doganlykda we hoşniýetli goňşuçylykda
ýaşaýan halklaryň erk-islegine esaslanýar. Şeýle berk binýada daýanýan
gatnaşyklaryň günsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyna şatdyryn.
Siziň bilen ýakynda Duşenbe şäherinde bolan duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen
ýatlaýaryn. Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky, şol sanda Merkezi
Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň arasyndaky sebit hyzmatdaşlygynyň depginli ösüşine
kanagatlanma bildirýärin. Däp bolan dostlukly gatnaşyklarymyzyň netijeli
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň we işjeň syýasy dialogymyzyň mundan beýläk-de
ýurtlarymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine, sebitde abadançylygyň üpjün edilmegine
ýardam berjekdigine berk ynanýaryn.
Bu
şanly günde Sizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de
Türkmenistanyň doganlyk halkyna mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin.
Hormatlamak
bilen,
Ilham Aliýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar
Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar
Gurbangulyýewiç!
Russiýa
Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen
tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Russiýa
Federasiýasyny we Türkmenistany baglanyşdyrýan dostluk gatnaşyklarynyň we
strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan uly goşandyňyzy aýratyn bellemek
isleýärin. Ýokary derejede kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek maksady
bilen, söwda-ykdysady, maýa goýum, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer
hyzmatdaşlyk işjeň giňeldilýär, energetika, senagat we ulag-logistika
ulgamlarynda bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Köptaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň, täze, bilelikdäki
başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleriň döredilmeginiň Russiýanyň
we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýaryn.
Şu
ýylyň ýanwar aýynda Aşgabada amala aşyran saparymy ýakymly duýgular bilen
ýatlaýaryn we rus wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek
hoşallygymy beýan edýärin. Ynanyşykly, netijeli gatnaşyklarymyzyň dowam
etdirilmegine şatdyryn.
Hormatly
Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk we jogapkärli döwlet
işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!
Tüýs
ýürekden hormatlamak bilen,
Mihail Mişustin,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar
Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar
Gurbangulyýewiç!
Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden
gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Siziň ýokary hünär tejribäňize
esaslanýan tutanýerli zähmetiňiz doganlyk Türkmenistanyň gülläp ösmegine,
döwletiňiziň pugtalandyrylmagyna we halkara abraýynyň has-da belende
göterilmegine saldamly goşant goşýar.
Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky
özara düşünişmek we syýasy ynanyşmak biziň gatnaşyklarymyzyň çuňňurdygyna
şaýatlyk edýär.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, pursatdan
peýdalanyp, Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, ähli başlangyçlaryňyzda
üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we röwşen
geljek arzuw edýärin!
Iň gowy arzuwlar bilen,
Alihan Smailow,
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar
Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar
Gurbangulyýewiç!
Sizi
doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siz özüňizi jogapkärli we
başarjaň ýolbaşçy, berk ygrarly şahsyýet hökmünde tanatdyňyz. Maksada
okgunlylygyňyz, Watanyňyza hem-de belent taglymlara wepalylygyňyz Size iň
ýokary döwlet wezipesinde dogry çözgütleri kabul etmäge ýardam berýär. Siz
ýurduňyzyň abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gitmegi üçin köp
işleri bitirýärsiňiz.
Russiýa
Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşinde döwletara gatnaşyklaryň
tutuş toplumynyň möhüm bölegi hökmünde Siziň ikitaraplaýyn parlament
hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandyňyza ýokary baha
berýärler hem-de ýurtlarymyzyň doganlyk halklarynyň abadançylygynyň bähbidine
parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine gyzyklanma
bildirýärler.
2022-nji
ýylyň iýun aýynda daşary ýurda ilkinji resmi saparyňyz hökmünde Russiýa
Federasiýasyna amala aşyran saparyňyzyň netijesinde, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer,
howpsuzlyk ulgamlarynda strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugry dowam
etdirildi. Russiýanyň we Türkmenistanyň syýasy durmuşyndaky bu möhüm waka iki
döwletiň ynanyşykly gatnaşyklarynyň subutnamasy boldy.
Merkezi
Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny hem-de
zenanlaryň dialogyny täze “5+1” görnüşli Aşgabat formatynda geçirmek boýunça
Türkmenistanyň başlangyjynyň dowam etdirilmegi guwandyryjydyr. Öz tarapymyzdan
bu işe ýardam bermäge taýýardyrys. Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky
dostlugyň mizemezdigine berk ynanýaryn, netijeli özara bähbitli gatnaşyklaryň
çuňlaşdyryljakdygyna umyt edýärin.
Hormatly
Serdar Gurbangulyýewiç, Siziň ähli maksatlaryňyzyň we meýilnamalaryňyzyň
üstünlikli durmuşa geçirilmegini, maşgalaňyzyň, ýakynlaryňyzyň goldawynyň bolsa
Sizi täze üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin!
Size
belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Walentina Matwiýenko,
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar
Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Doglan
günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy we tüýs ýürekden arzuwlarymy beýan
edýärin. Beýik Biribardan Size uzak ömür, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala
abadançylygyny, döwlet Baştutany wezipäňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň
doganlyk halkyna bolsa Siziň parasatly baştutanlygyňyzda rowaçlyk we
abadançylyk dileýärin.
Siziň
Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Faýsal bin Naser bin Hamad
Al Tani,
Katar Döwletiniň şeýhler
maşgalasynyň agzasy.