Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de
welaýatlarynda ýerine ýetirilýän işleriň barşyna seredildi.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda
alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda pagta ýygymyny üstünlikli geçirmek üçin welaýatda pagta
arassalaýjy kärhanalary, harmanhanalary we pagta ýygyjy kombaýnlary ýygym
möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Şunuň
bilen bir hatarda, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we
tekizleýiş işleri geçirilýär, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, şeýle
hem ýokary hilli tohumlary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Welaýatda güýzlük ýeralma we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerine
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär.
Mundan
başga-da, häkim Bilimler we talyp ýaşlar güni, şeýle hem ýurdumyzyň
Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly binalar barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de welaýatyň
bugdaý ekiljek ýerlerini ekişe taýýarlamak, daýhanlary ýokary hilli bugdaý
tohumlary bilen üpjün etmek, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek
boýunça ýerine ýetirilýän işleri berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Şeýle
hem häkime täze okuw ýyly mynasybetli welaýatda ulanylmaga berilmegi
meýilleşdirilen binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk
derejesini üpjün etmek tabşyryldy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatyň oba hojalyk meýdanlarynda
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş
işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak tehnikalary we ýokary hilli tohumlary
möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Şunuň
bilen bir hatarda, pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde degişli
işler ýerine ýetirilýär. Hususan-da, pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş
harmanhanalary, kombaýnlary möwsüme taýýarlamak işleri dowam edýär. Güýzlük
ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarda,
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, degişli ideg işleri alnyp barylýar.
Mundan
başga-da, häkim ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy
mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalardaky we
desgalardaky işler hem-de täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat
berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp
barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we bellenen agrotehniki
möhletlerde geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de bugdaý
ekiljek ýerleriň talabalaýyk taýýarlanylmagyny hem-de gallaçy daýhanlaryň
ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilmegini, pagta ýygymynyň
guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek babatda häkime birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Döwlet
Baştutanymyz Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli welaýatda açylyp
ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan durmuş maksatly binalaryň açylyş
dabaralaryny guramaçylykly geçirmek babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.
Sanly
ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi
S.Soltanmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, welaýatyň ekin meýdanlarynda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý
ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini talabalaýyk geçirmek hem-de
ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak, ekerançylary ýokary
hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler dowam edýär.
Şaly meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine
ýetirilýär.
Şunuň
bilen bir hatarda, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de
bökdençsiz kabul etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalar, harmanhanalar we
kombaýnlar, beýleki oba hojalyk tehnikalary pagta ýygymy möwsümine taýýar
edildi.
Gök-bakja
we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekişini bellenen möhletlerde
geçirmek boýunça hem degişli işler dowam edýär.
Şeýle
hem häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly binalardaky we
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy hem-de täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi
barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň
möhümdigini aýtdy we şunuň bilen baglylykda, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý
ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleriniň bellenen möhletlerde
geçirilmegini hem-de ekerançylaryň ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilmegini
gözegçilikde saklamak, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek babatda
häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Oba
milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigi bellenilip, bu babatda
häkime birnäçe görkezmeler berildi.
Soňra
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýerleri bugdaý ekişine taýýarlamak, möwsümi agrotehniki möhletlerde
geçirmek maksady bilen, welaýatyň meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri
alnyp barylýar, ekişde ulanyljak tehnikalary hem-de tohumlary taýýarlamak
boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, pagta arassalaýjy
kärhanalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta ýygyjy kombaýnlary we beýleki oba
hojalyk tehnikalaryny pagta ýygymyna doly taýýar etmek ugrunda zerur işler
ýerine ýetirilýär. Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri
ekilen meýdanlarda, şeýle hem şaly meýdanlarynda ideg işleri bellenen talaplara
laýyklykda geçirilýär.
Mundan
başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli açylyp ulanylmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan binalar we desgalar barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk
işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de ýerleri
bugdaý ekişine taýýarlamak, gallaçy daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumlary
bilen üpjün etmek, şeýle hem pagta ýygymyny ýokary guramaçylykly geçirmek
boýunça ýerine ýetirilýän işleri berk gözegçilikde saklamak babatda häkime anyk
görkezmeleri berdi.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, täze okuw
ýylynyň başlanmagy mynasybetli welaýatda täze desgalaryň açylyp ulanmaga
berilmegini ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmegi häkime tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde şu günler welaýatyň
ekerançylyk meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş we topragy mineral dökünler bilen
gurplandyrmak işleri alnyp barylýar, tehnikalar we bugdaý tohumlary ekişe
taýýarlanylýar.
Pagta
ýygymyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalar,
kabul ediş harmanhanalary we oba hojalyk tehnikalary möwsüme taýýar edilýär.
Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri, şeýle hem gant
şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
alnyp barylýar.
Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly
desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy hem-de täze, 2023-2024-nji okuw
ýylyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişiniň ýokary hilli we agrotehniki
möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň, pagta ýygymynyň ýokary guramaçylykly
geçirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, häkime
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyndan
gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigi
bellenilip, häkime welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp
barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatlarda gallaçy
daýhanlarymyz tarapyndan ýerleri bugdaý ekişi möwsümine taýýarlamak hem-de
ekişi agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek boýunça degişli işler
alnyp barylýar. Bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş we çil
çekmek hem-de ýuwuş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Möwsümde ulanyljak bugdaý
ekiji gurallary we bejergi traktorlary, ýokary hilli tohumlary taýýarlamak
işleri dowam edýär.
Pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş
harmanhanalary, terezileri, pagta ýygýan kombaýnlary we pagta daşamakda
ulanyljak awtoulaglary hem-de beýleki oba hojalyk tehnikalaryny pagta ýygymyna
taýýarlamak üçin degişli işler alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda,
güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekişi
geçirilýär, ekiş geçirilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär.
Mundan başga-da, wise-premýer Daşoguz we Lebap
welaýatlarynyň şaly, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg
işleriniň dowam edýändigini habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine
ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de şunuň bilen
baglylykda, bugdaý ekişiniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirilmegini,
pagta ýygymy möwsümine ähli düzümleriň doly taýýarlykly gelmegini berk
gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz
güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg
işleriniň agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi arkaly alnyp
barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna
gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny
belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de halkymyzyň abadan durmuşynyň
üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.