Hukuklary bellige aldyrmaklyk üçin gerekli resminamalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

  11.05.2023ý.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn dostlukly ýurduň paýtagtynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedow bilen Emomali Rahmonyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Olaryň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Gazanylan möhüm ylalaşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama, şeýle hem dürli pudaklarda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalar we Ylalaşyklar bar. Olar özara gatnaşyklaryň giň ugurlar boýunça ösdürilmegini şertlendirip, döwletara gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.

10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali we Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen geçiren duşuşyklary taraplaryň iki ýurduň we doganlyk halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolan parlamentara gatnaşyklary berkitmäge ygrarlydyklarynyň beýanyna öwrüldi.

Ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar. Düýn Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow adyndaky daýhan birleşiginde Magtymgulynyň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdebiň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilmegi bu ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu çärä Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Emomali Rahmonyň onlaýn görnüşde gatnaşmaklary oňa aýratyn dereje berdi.

Duşenbe şäherinde 8-nji maýda geçirilen Türkmen-täjik işewürlik maslahaty, işewürler geňeşiniň birinji mejlisi, “Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň arasyndaky ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ösüşi” atly “tegelek stoluň” başyndaky halkara maslahat hem-de birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy düzümleriň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşyklar, eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisi iki döwletiň netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini görkezdi. Ýurtlarymyzyň telekeçileriniň arasynda baglaşylan şertnamalar guralan çäreleriň netijeliliginiň subutnamasydyr.

...Şu gün ir bilen Hökümet kabulhanasynyň “Mejlisler” zalynda döwlet Baştutanymyzyň Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşygy boldy.

Dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny, ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň, onuň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň abadançylygynyň bähbidine kybap gelýän özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin Premýer-ministr Kohir Rasulzoda minnetdarlyk bildirip, şu günki duşuşygyň netijeli we dostlukly döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegine öwrüljekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Premýer-ministre türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdan mähirli sözlerini we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz 10-njy maýda Prezident Emomali Rahmon bilen geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny we onuň dowamynda iki döwletiň özara bähbitli gatnaşyklaryň berkidilmegine ygrarlydygyny, bu ugra ägirt uly gyzyklanmalaryň tassyklanandygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin Premýer-ministr Kohir Rasulzoda minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz we dostlukly ýurduň Premýer-ministri Täjigistanyň Prezidenti bilen bolan duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna degip geçmek bilen, aýratyn-da, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ähmiýet berdiler.

Ýurdumyzyň bu ugurda sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini esasy ugur edinýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki döwletiň çäginden geçýän hem-de Merkezi we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogar sebitlerini baglanyşdyrýan täze üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugurlary boýunça ulag gatnawlaryny döretmegiň geljekki ugurlary, Hytaýyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň arasynda Pars aýlagynyň we Hazar deňziniň portlaryna çykalgasy bolan multimodal ýük daşamalaryny guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, iki döwletiň arasynda göni we üstaşyr howa gatnawlaryny guramagyň möhümdigi bellenildi.

Önümçilik düzümleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. 2021-nji ýylda Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza bolan döwlet saparynyň çäklerinde Aşgabatda aýry-aýry senagat pudaklarynda bilelikdäki işlere başlamak hakynda ylalaşyklar gazanyldy. Dokma senagaty hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Ýurdumyzyň bu ugurda ägirt uly tejribe toplandygyny kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutanymyz Täjigistanda türkmen işewürleriniň gatnaşmagynda dokma kärhanasyny gurmak boýunça ilkinji taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýýardygyny nygtady.

Ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, birek-birege ugradylýan harytlaryň görnüşlerini giňeltmek we eksport-import amallarynyň möçberini artdyrmak ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi hökmünde kesgitlenildi. Bu işleri utgaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň paýtagtlarynda söwda öýlerini döretmek boýunça taslamany ýakyn wagtda amala aşyrmaga girişmegi teklip etdi. Oba hojalygy we obasenagat toplumy, ilkinji nobatda, oba hojalyk önümlerini özara alyşmagy guramak boýunça bilelikde tagalla etmegiň wajypdygy bellenildi. Ykdysadyýetiň bu ugry boýunça iki ýurduň hem baý tejribesiniň bardygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz we Täjigistanyň Premýer-ministri degişli döwlet hem-de hususy düzümleriň bilelikde oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ýörite maksatnamasyny taýýarlamaklarynyň wajypdygyny tassykladylar. Türkmenistanyň dostlukly ýurduň metallurgiýa toplumynyň, hususan-da, alýuminiý önümlerine uly gyzyklanma bildirýändigi aýratyn nygtaldy.

Türkmen wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna döwlet saparynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutanymyz gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik hökümetara toparyna başlyklyk edijileriň giňişleýin düzümdäki duşuşygyny guramak hem-de gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak teklip edildi.

Duşuşygyň barşynda Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz we Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, iki dostlukly halkyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Duşenbe şäheriniň etegindäki dag içinde ýerleşýän “Takob” kabulhanasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Prezident Emomali Rahmon mähirli garşylady.

Täjigistanyň tebigaty ösümlik we haýwanat dünýäsine baýdyr. Ýurduň çäklerinde birnäçe goraghanalar, köp sanly köller we derýalar bar.

Prezident Emomali Rahmon belent mertebeli myhmany Takob jülgesiniň gözel ýerlerini synlamaga çagyrdy. Ajaýyp künjek boýunça guralan gezelenç mähirli we dostlukly ýagdaýda geçdi. Iki döwlet Baştutanlarynyň arasynda bolan söhbetdeşlikde milli mirasy gorap saklamagyň, ýurtlaryň taryhy we medeni ýadygärliklerini çuňňur öwrenmegiň hem-de goramagyň zerurdygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa täsin syýahatçylyk ugurlaryna eýe bolmak bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň özboluşly desgalaryny özünde jemleýär hem-de bu pudagy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.

Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň, hususan-da, ekologiýa bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamaga yzygiderli gatnaşýar. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, biodürlüligi saklamak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine içgin üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň ilatyň abadançylygynyň möhüm şerti bolan ekologik ugur bilen berk baglanyşyklydygyny bellemek gerek.

...Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Döwlet Baştutanymyzyň uçary bu ýerden Watanymyza tarap ugur aldy.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabada çenli uçuşy amala aşyryp, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň jemleri iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky taryhy asyrlara uzap gidýän dost-doganlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça pugtalandyrmaga iki tarapyň hem taýýardygyny aýan etdi.

***

Döwlet Baştutanymyzyň Täjigistana döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Duşenbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar.

Mälim bolşy ýaly, ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwletimiz ýaşlaryň häzirki zaman bilimlerini ele alyp, ýokary hünärli işgärler bolup ýetişmegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edýär. Türkmen ýaşlarynyň dünýäniň köp sanly ýurtlarynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary we zerur ugurlar boýunça hünär eýeleri bolmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda özara gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ýokary derejede geçirilen türkmen-täjik gepleşikleriniň hem gün tertibine girizildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplaryň bilim ulgamyndaky däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge bolan meýilleri beýan edildi.

Duşuşygyň dowamynda talyplara türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary gowşuryldy.

Ýurdumyzyň ýaşlary we olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi ugrunda yzygiderli alada edýändikleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu ýerde bilim alýan ýaşlar mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, onuň halkara abraýynyň belende galmagyna, türkmen we täjik halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Habaryň resmi çeşmesi:(“Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) - Türkmenistan Bu gün” web-saýty).