Şu gün Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby
we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine
seredildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy,
asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly
meseleler girizildi.
Ilki bilen, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi.
Ol 2026-njy ýylyň geçen alty aýynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini
ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak
boýunça alnyp barlan işler, nobatdaky harby gulluga çagyrmak möwsüminiň
netijeleri, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak
babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini has-da kämilleşdirmek boýunça
alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň ýokary derejede
bellenilmeginiň möhümdigini aýtdy we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary,
goranmak ministrine dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary
derejede geçirmegi tabşyrdy.
Baş prokuror B.Muhamedow
ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler,
hususan-da, kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilişine geçirilen prokuror
gözegçiliginiň netijeleri, bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde
prokuratura edaralaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, işgärleriň
hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda kanunlaryň we hukuk namalarynyň
ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, döwlet hem-de jemgyýetçilik bähbitlerini,
raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak bilen bagly işleri dowam etdirmek
babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Içeri işler ministri
M.Hydyrow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri,
şol sanda ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini, ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň
berjaý edilişini üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen
görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylygy üpjün etmek we düzgün bozulmalaryň
öňüni almak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi
hem-de ministre ýol hereketiniň düzgünleriniň, tomus möwsüminde howanyň gyzmagy
bilen baglylykda, ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilişini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Ýokary kazyýetiň başlygy
B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň alty aýynda degişli
ösüş maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň, kazyýet işini döwrüň
talaplaryna laýyklykda guramak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren
tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini
ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, döwletiň we jemgyýetiň bähbitlerini goramak boýunça netijeli
işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri
berdi.
Milli howpsuzlyk ministri
D.Meredow şu ýylyň birinji ýarymynda döwletimiziň milli bähbitlerini goramak,
ýurdumyzda durnuklylygy hem-de asudalygy üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen
işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, ministrlik tarapyndan alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de
netijeli dowam etdirmegiň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Döwlet serhet gullugynyň
başlygy I.Ilamanow ýolbaşçylyk edýän düzüminde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda
Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goraglylygyny üpjün etmek, serhet
birikmeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň
gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barlan işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň serhediniň
dost-doganlyk serhedidigini belledi hem-de serhet goşunlaryny ösdürmegiň
maksatnamasyna laýyklykda, serhetlerimiziň goraglylygyny yzygiderli üpjün
etmegi tabşyrdy.
Adalat ministri M.Taganow
ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri, hususan-da, milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek
boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de düzümiň işgärleriniň hünär
derejesini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak ugrunda alnyp
barlan işler barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, milli kanunçylyk ulgamyny
halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmek we raýatlara kanunçylygy
düşündirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny aýtdy
hem-de ýurdumyzda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kanunçylyga doly laýyk
gelmegine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Döwlet gümrük gullugynyň
başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň birinji
ýarymynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, gullugyň işine öňdebaryjy
tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna gümrük amallaryny kämilleşdirmek boýunça
görülýän çäreler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal
beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz
hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda gümrük düzgünleriniň berjaý edilişine
gözegçilik etmegiň, bu ugurda öňdebaryjy tejribäni we iş usullaryny yzygiderli
ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi hem-de birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet migrasiýa
gullugynyň başlygy A.Sazakow gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa
geçirmegiň çäklerinde ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri,
gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, işgärleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, migrasiýa kanunçylygynyň
berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik etmegiň we ýokary hilli migrasiýa
hyzmatlaryny üpjün etmegiň wajypdygyny aýtdy hem-de bu babatda gullugyň
ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň diňe goranyş
häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik
Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün
etmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň, olaryň
maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça
yzygiderli işleriň durmuşa geçirilýändigini we bu ugurdaky işleriň geljekde-de
dowam etdiriljekdigini nygtady.
Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça
degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk,
halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine jogapkärli
gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.