Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere
seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa hereket edýän kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda ýurdumyzyň ministrliklerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan
gelip gowşan teklipleriň esasynda Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş, Zähmet,
Sanitariýa, Maşgala, Ýaşaýyş jaý kodekslerine, “Harby borçlulyk we harby gulluk
hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda”, “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň
Kanunlaryna degişli üýtgetmeleri girizmek boýunça işler geçirilýär.
Mejlisiň deputatlary
ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar,
jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer
döwlet syýasatyny, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň
gününiň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz-nesihat etmek, bu baýram
mynasybetli “Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň hukuk ulgamyny ösdürmegiň
esasy ugurlary: häzirki zaman kanunçylygynyň milli modeli” atly ylmy-amaly
maslahaty geçirmäge taýýarlyk görmek, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň
many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça degişli işleri alyp
barýarlar.
Hormatly Prezidentimiz
döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzda milli standartlaşdyrmak
ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hil
babatda gözegçiligi amala aşyrmakda degişli çäreler görülýär. Hususan-da,
“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň garamagyndaky edaralaryň
barlaghanalarynda harytlaryň we önümleriň hil görkezijilerini anyklamakda
döwrebap serişdeler ulanylýar. Bu babatda daşary ýurt kompaniýalary bilen
netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek
boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz
«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işini döwrebaplaşdyrmak maksady
bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň
maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
korporasiýanyň nebitgaz gözleg ekspedisiýalary tarapyndan ýurdumyzyň günbatar
sebitinde ýerleşýän känleriň we meýdançalaryň birnäçesinde nebitiň, tebigy
gazyň gözlegine gönükdirilen gözleg-barlag guýularynda buraw işleri netijeli
dowam etdirilýär. Şunda kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu işleri amala aşyrmakda şu ugurda
işleýän daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň gorlaryny ýüze çykarmak,
gözleg-barlag guýularynyň buraw işlerini döwrebap ýerine ýetirmek boýunça
netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň maddy-tehniki üpjünçiligini
gowulandyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda
möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki
wagtda gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
etmek işleri dowam edýär. Hususan-da,
hatarara bejergi, otag etmek we ýekelemek, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek,
ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli
çäreler görülýär. Welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny
ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilaty ýeterlik möçberde üpjün etmek
maksady bilen, ýazlyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak
işleri dowam edýär. Häzirki wagtda pile öndürijiler tarapyndan welaýatlarda
ýüpek gurçuklaryna ideg etmek, pile hasylyny ýygnap almak işleri geçirilýär.
Şeýle
hem ýurdumyzda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň
melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly, netijeli
peýdalanmak maksady bilen, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak ugrunda
degişli işler alnyp barylýar.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn
ösdürmek boýunça işleri, welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlaryna agrotehniki
kadalara laýyklykda ideg etmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly
Prezidentimiz wise-premýere bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek bilen bir
hatarda, galla oragy möwsümine hem gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygy
mynasybetli paýtagtymyzda geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, meýilnama laýyklykda, dürli ugurlara bagyşlanan maslahatlary, döredijilik
duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary, sergileri,
paýtagtymyzyň gözel künjeklerine gezelençleri guramak meýilleşdirilýär. Şu ýylyň
24-25-nji maýy günlerinde “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara
sergini we maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Halkara sergide ýurdumyzyň
ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerli hususy
kärhanalaryň, daşary ýurt kompaniýalarynyň dürli ugurlarda gazananlaryny
görkezýän sergi bölümlerini guramak meýilleşdirilýär. Serginiň çäklerinde
geçiriljek maslahatyň dowamynda paýtagtymyzy “akylly” şäher konsepsiýasyna
laýyklykda ösdürmek, maýa goýumlary çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Baýramçylyk günlerinde “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde medeniýet we sungat
ussatlarynyň konserti ýaýbaňlandyrylar.
Dabaralara
görülýän taýýarlygyň çäklerinde paýtagtymyzyň şaýollaryny, köçelerini arassa
saklamak we olaryň ugrundaky binalaryň abadanlaşdyrylyşy, bezelişi,
yşyklandyrylyşy bilen baglanyşykly toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklipleri hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, 24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly
köpugurly halkara sergini we maslahaty guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine
ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäheriniň güni
mynasybetli guraljak medeni çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary
derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew 2027-nji ýylyň 19-njy marty —
26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde geçirilmegi
meýilleşdirilýän «Green Ekspo — 2027» halkara bagbançylyk sergisine
Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Bagt üçin geljegiň peýzažy»
şygary astynda guraljak bu halkara sergä 80-e golaý ýurduň gatnaşmagyna
garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiz tarapyndan daşary ýurtlar bilen
köpugurly gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny
belledi. Döwlet Baştutanymyz 2027-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek halkara
bagbançylyk sergisine ýurdumyzyň gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanan teklipleri
goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa neşirýat ulgamynyň işini
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan
gazet-žurnallaryň elektron görnüşi ilata elýeterli edilýär. Şunda bu ugurda
hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Şoňa görä, oňa
neşirýat işi babatda döwlet syýasaty, döwlet goldawy hem-de döwlet buýurmasy
bilen bagly işleri has-da kämilleşdirmek we düzgünleşdirmek boýunça degişli
üýtgetmeleri girizmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda neşirýat ulgamynyň işini
kämilleşdirmäge, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge aýratyn üns
berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere neşirýat ulgamynyň
kanunçylyk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow 2025-2026-njy okuw ýylynyň
tamamlanmagy, “Soňky jaň” dabarasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni
mynasybetli guraljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany”
ýylynda okuw ýylynyň tamamlanmagy, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 25-nji
maýda Garaşsyzlyk binasyna, ýurdumyzyň welaýatlarynyň baýdak meýdançalaryna gül
goýmak dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Soňra ýurdumyzyň ähli orta
mekdeplerinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany” atly şygar bilen “Soňky jaň” dabaralary geçiriler. Göreldeli
uçurymlara, kärine ussat bilim işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan
ýadygärlik sowgatlary gowşurylar. Baýramçylyk gününde uçurymlaryň Aşgabat we
Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş
merkezlerine gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär. Baýramçylyk mynasybetli
medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertleriniň geçirilmegi göz öňünde
tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklipler hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýylynda baýramçylyk dabaralarynyň giňden
ýaýbaňlandyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere okuw ýylynyň
tamamlanmagy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli mekdepleriň
uçurymlarynyň gatnaşmagynda «Soňky jaň» dabaralaryny ýokary derejede geçirmegi
tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 13-14-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň
Tatarystan Respublikasyna amala aşyran saparynyň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Russiýa Federasiýasynyň
resmi wekilleri bilen syýasy nukdaýnazardan örän möhüm duşuşyklary we
gepleşikleri geçirdi. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giň ugurlar
boýunça mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly wajyp meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy. Hususan-da, 13-nji maýda Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa
Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn syýasy gün tertibinde duran
meseleler, ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň
mümkinçilikleri, iki ýurduň bilim, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklary ara
alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara
meselelere seredildi. Şunlukda, şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda geçiriljek
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky
mejlisiniň gün tertibini ara alyp maslahatlaşmaga aýratyn üns berildi. Şeýle
hem ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy, esasan-da, ulag-logistika ýaly möhüm
ugurda bilelikdäki işleri ilerletmegiň zerurdygy nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz
tarapyndan iki döwletiň halklarynyň köpasyrlyk medeni gatnaşyklaryny mundan
beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe anyk teklipler beýan edildi.
13-nji
maýda Kazan Kremlinde Milli Liderimiziň RF-niň Tatarystan Respublikasynyň
Baştutany Rustam Minnihanow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň
dowamynda söwda-ykdysady ugurda bar bolan giň mümkinçiliklerden netijeli
peýdalanmak meselelerine uly üns berildi. Şeýle hem medeni hyzmatdaşlygy
ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýän türkmen we tatar halklarynyň
taryhy ýakynlygy barada aýratyn bellenip geçildi.
Gahryman
Arkadagymyz we Rustam Minnihanow bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň uly ähmiýetine
ünsi çekmek bilen, häzirki wagtda Tatarystanyň bilim edaralarynda ýurdumyzyň
ýaş raýatlarynyň 8 müňe golaýynyň bilim alýandygyny nygtadylar.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň ýokary derejeli
resmi wekilleri bilen hem birnäçe duşuşyklary geçirdi.
14-nji
maýda Gahryman Arkadagymyz “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026” XVII
halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşyp, yslam dünýäsine degişli döwletleriň
arasyndaky medeni gatnaşyklara çuňňur hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan
häsiýetnama berdi. Şeýlelikde, şol günlerde Kazanda geçirilen Yslam dünýäsiniň
Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) Baş
maslahatynyň 15-nji mejlisiniň ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Türkmen
halkynyň Milli Lideriniň Kazan şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda
ICESCO-nyň mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama synçy ýurt hökmünde goşulmagy
baradaky çözgüdiň kabul edilmegi uly ähmiýete eýedir. Şeýle-de Gahryman
Arkadagymyz Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp, at çapyşyklaryny
synlady. Milli Liderimiziň Kazana amala aşyran sapary ýurdumyzyň syýasy
durmuşynda möhüm wakalaryň birine öwrüldi we hormatly Prezidentimiziň alyp
barýan daşary syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny ýene-de bir gezek
aýdyň görkezdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň
Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň netijeli
ösdürilýändigini belledi. “Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Tatarystan
Respublikasynda geçirilen halkara ykdysady foruma we beýleki çärelere
gatnaşmagy hem hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim boldy” diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ugurda
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Wise-premýer,
daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň
Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşi barada
aýtdy.
Mälim
bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan GDA-da başlyklyk edýär. Ýurdumyzyň Arkalaşykda
başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýylyň başyndan bäri dürli geňeşleriň,
komissiýalaryň mejlisleri we beýleki duşuşyklar geçirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, 22-nji maýda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky
mejlisiniň Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Daşary işler
ministrligi tarapyndan Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde
duşuşyga taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Taýýarlanan maksatnamanyň
taslamasyna laýyklykda, 22-nji maýda hormatly Prezidentimiz bilen GDA-nyň
Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşine gatnaşjak wekiliýet ýolbaşçylarynyň arasynda
ikitaraplaýyn duşuşyklaryň guralmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem wekiliýet
ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Şol gün wekiliýet ýolbaşçylarynyň degişli düzümlerde mejlisleriniň geçirilmegi
göz öňünde tutulýar. Olaryň gün tertibiniň taslamasyna laýyklykda möhüm
meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle
hem mejlisler tamamlanandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy geçiriler.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitarap ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygy bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy
yzygiderli ösdürýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz wise-premýer, daşary işler ministrine Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy
taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzda 2026-njy ýylyň galla
oragyny guramaçylykly geçirmek üçin Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan
ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, şertnamalaýyn
esasda ýurdumyzda ýygnalan bugdaý hasylyny meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna,
ammarlara we elewatorlara wagtynda, ýitgisiz daşamak, ulag serişdeleriniň
bökdençsiz we ýokary netijeli işledilmegini üpjün etmek üçin degişli taýýarlyk
işleri alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagyny ösdürmek,
pudagy häzirki zaman awtoulaglary bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça netijeli
işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýere galla oragyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen,
ulag serişdelerini öz wagtynda taýýarlamak, ýükleri daşamakda hyzmatlaryň
möçberini artdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda
18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň
giňden bellenip geçiljekdigini, bu baýramçylygyň halkymyzyň jebisligini we
agzybirligini has-da pugtalandyrýandygyny belledi. “Şoňa görä-de, Konstitusiýamyza
ygrarly bolmak bilen, her bir raýatymyzyň durmuş-ykdysady bähbidini amala
aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek zerurdyr” diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz mejlise
gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet
baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlise
gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy şanly sene
mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.