Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky
möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen
meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri
ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen,
meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek işleri amala aşyrylýar. Pagta öndürijiler
üçin gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak
işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri
ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, gögeriş
suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça
alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýazky bag ekiş möwsümini, ählihalk bag ekmek
dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär.
Mundan başga-da, häkim welaýatda Milli bahar baýramy mynasybetli geçiriljek
dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki zaman ekerançylygynda agrotehnikanyň
talaplarynyň berk berjaý edilmeginiň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaga,
önümleriň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini belledi we bu işleri
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny
ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri geçirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we bu
jogapkärli möwsümi ýokary derejede geçirmek üçin zerur taýýarlyk işleri dowam
edýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda
möwsümleýin işler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ýazky
bag ekiş möwsümini, ählihalk bag ekmek dabarasyny talabalaýyk geçirmek üçin
baglaryň ekiljek ýerlerini, nahallaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Şeýle-de häkim Milli bahar baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek
medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilýän işler
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän agrotehniki çäreleriň
möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu işleriň ýokary hilli geçirilmegini üpjün
etmegi tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan
wezipelere laýyklykda, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň
hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş we tagt
suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja
ekinleriniň ekişi dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy
bagy-bossanlyga öwürmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýazky bag ekmek
möwsümine, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görülýär. Şeýle-de häkim
Milli bahar baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere
taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ylmy taýdan
esaslandyrylan kadalaryň we talaplaryň berk berjaý edilmeginiň ýokary hasyl
almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe
anyk görkezmeleri berdi.
Lebap
welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba
hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak babatda öňde goýan wezipelerini üstünlikli
ýerine ýetirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri,
hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri
alnyp barylýar. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek, bu möwsümi agrotehniki
möhletlerde geçirmek üçin zerur taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk
ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Welaýatda ýazky bag ekmek möwsümini,
ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek üçin baglaryň ekiljek
ýerleri kesgitlenip, nahallaryň ýeterlik möçberi taýýar edildi. Şeýle-de häkim
Milli bahar baýramy mynasybetli welaýatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan
medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin
oba hojalyk işlerine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün
edilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi.
Mary
welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň
ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek baradaky tabşyryklaryny ýerine
ýetirmek maksady bilen, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça
ekişine taýýarlyk görmegiň çäginde meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek
işleri, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny taýýarlamak işleri dowam edýär.
Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek
boýunça işleriň çäklerinde ýazky bag ekmek möwsüminde, ählihalk bag ekmek
dabarasynda baglaryň ekiljek ýerlerini we nahallaryny taýýarlamak boýunça
degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim Milli bahar baýramynyň
şanyna welaýatda geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat
berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň
zerurdygyny belledi we häkime degişli görkezmeleri berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ideg etmek işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde
ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli
gowaça tohumy möwsüme taýýar edildi. Ýurdumyzda ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki
oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen
ilatymyzy bolelin üpjün etmek maksady bilen, welaýatlaryň ekerançylyk
meýdanlarynda bu ekinleri ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde ideg etmek işleri
ýerine ýetirilýär. Şeýle-de wise-premýer daşky gurşawy goramak, ekologik
abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, ýazky bag ekmek möwsümine başlamak
hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp
barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň
berjaý edilmeginiň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda,
pudagy durnukly ösdürmäge hem ýardam berýändigini belledi we wise-premýere
birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz iş
maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde
tekizlemek, çil, geriş çekmek, Daşoguz welaýatynda ýuwuş suwuny tutmak
işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi, pagta
öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen öz wagtynda üpjün etmek üçin ähli
çäreleri görmegi, oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine doly taýýar
etmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmegi, bugdaý meýdanlarynda
ösüş suwunyň tutulyşyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz
ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ideg işlerini ýokary hilli geçirmek,
Daşoguz welaýatynda bu ekinleriň ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak,
welaýatlaryň bugdaý, pagta öndürijileri bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň
arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini
berk gözegçilikde saklamak, ýazky bag ekmek möwsümine, ählihalk bag ekmek
dabarasyna gowy taýýarlyk görüp, bu çäräni ýokary derejede geçirmek babatda
tabşyryklary berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Milli bahar baýramy bolan
Nowruz baýramynyň ýetip gelýändigine ünsi çekip, welaýatlarda baýramçylyk
mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan
saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.