Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş
edip, alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda raýat-hukuk gatnaşyklaryny ösdürmek, döwletimiziň býujet
ulgamynyň işini we dolandyrylyşyny döwrebaplaşdyrmak, Pensiýa gaznasynyň işine
sanly ulgamy ornaşdyrmak, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy
göreşmek gullugynyň işlerini has-da kämilleşdirmek, maýyplygy bolan adamlaryň
dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaklaryny düzgünleşdirmek, ýaş
alymlaryň ylmy işler bilen meşgullanmagy üçin has giň mümkinçilikleri döretmek,
ýurdumyzda sport ulgamynda amala aşyrylýan işleri Bütindünýä dopinge garşy
göreş agentliginiň kodeksine laýyk getirmek, adwokatura we adwokatlyk işi,
raýat ýagdaýynyň namalary, tohumçylyk işi bilen bagly kanunlara degişli
üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Şeýle
hem Nikaragua Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçisinden ynanç haty kabul edildi. BMG-niň halkara bilermeni bilen geçirilen
duşuşygyň barşynda “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda
durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly
maksatnamasynyň” çäklerinde alnyp barylýan işlere syn berildi. Mejlisiň
deputatlary BMG-niň Çagalar gaznasynyň, ÝHHG-niň ýurdumyzyň degişli döwlet
edaralary bilen bilelikde geçiren çärelerine gatnaşdylar. Bulardan başga-da,
deputatlar Özbegistan Respublikasynyň Daşkent, Belarus Respublikasynyň Minsk,
Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherlerinde iş saparlarynda boldular, ÝHHG-niň
Parlament Assambleýasynyň Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçirilen 31-nji
ýyllyk mejlisine gatnaşdylar. Deputatlaryň döwlet syýasatyny, “Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň taryhy we syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini,
kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, wagyz
etmek boýunça degişli işleri alyp barýandyklary barada hem aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanunlaryň
taslamalaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.
Şunuň bilen birlikde, bu ugurda alnyp barylýan işleri düýpli kämilleşdirmegiň
wajypdygyna üns çekildi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklarynda
sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank
hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” karzlaşdyrmakda onlaýn
ýüztutmalar arkaly berilýän karzlaryň möçberini artdyrmak we onlaýn
karzlaşdyrma amallaryny kämilleşdirmek boýunça degişli çäreleri amala aşyrmak
wezipesi öňde goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň
“Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan öz müşderileri bolan fiziki
şahslar üçin işlenip taýýarlanylan “Sanly karz” ulgamynyň mümkinçilikleri we
artykmaçlyklary barada habar berdi. Hyzmatlaryň bu görnüşi internet ulgamy
arkaly müşderilere uzak aralykdan hyzmat edilmegini, şol sanda banklar
tarapyndan raýatlar üçin karzlaryň resmileşdirilmeginde sanly ulgamyň kömegi
arkaly ýeňillikleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ykdysadyýetimiziň
ähli pudaklaryna sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýandygyny, bank hyzmatlarynyň
hilini ýokarlandyrmaga we görnüşlerini artdyrmaga yzygiderli üns berilýändigini
kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz «Halkbank» paýdarlar täjirçilik
banky tarapyndan fiziki şahslar üçin niýetlenen «Sanly karz» ulgamyny ulanyşa
girizmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet
konserni tarapyndan gaz üpjünçilik ulgamynda sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, “Türkmenistanda
sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet
maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek
maksady bilen, ýurdumyzda zerur çäreler görülýär, hususan-da, täze
tehnologiýalara laýyklykda, tebigy gazy sarp edýän hojalyklarda “akylly” gaz
hasaplaýjy enjamlary gurnamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ilatymyzy, edara-kärhanalary tebigy we
suwuklandyrylan gaz bilen howpsuz hem-de ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik
berýän döwrebap gaz hasaplaýjy enjamlaryň gurnalmagynyň wajypdygyny belledi.
Gaz üpjünçilik desgalarynyň önümçiligine has kämil aragatnaşyk ulgamynyň
ornaşdyrylmagy bolsa sarp edilýän tebigy gaza gözegçiligi has-da güýçlendirmäge
mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk
toplumynda işleriň ýagdaýy, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda galla oragy dowam edýär, ýygnalan bugdaý hasylyny talabalaýyk
saklamak üçin hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara
daşamak işleri geçirilýär. Diýarymyzda 2025-nji ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni
tutmak, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, häzirki wagtda galla
oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär, bugdaý tohumlaryny, oba
hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen
meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny
has-da pugtalandyrmak boýunça zerur tagallalar edilýär. Daşoguz we Lebap
welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynda bolsa
güýzlük gant şugundyrynyň ekişini geçirmek, gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp
barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk toplumyny ösdürmegi dowam etmegiň,
welaýatlarda galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň, ýygnalan hasyly kabul ediş
bölümlerine tabşyrmak işlerine berk gözegçilik etmegiň, bu ugurda tehnikalaryň
doly güýjünde we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, ýerleri ekiş
möwsümine taýýarlamak boýunça hem degişli işleri geçirmegiň möhümdigine ünsi
çekdi. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk
geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak, beýleki möwsümleýin oba hojalyk
ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek işlerini-de talabalaýyk alyp barmak
zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere bu babatda degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň himiýa senagatynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny we düzümini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni
tarapyndan içerki sarp edijileri himiýa önümleri, hususan-da, himiýa we
nebitgaz pudaklarynyň önümçiliklerinde ulanylýan suwuk hlor bilen üpjün etmek
boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu serişdäni bildirilýän talaplara
laýyklykda saklamak maksady bilen, “Balkanabat” ýod zawodynyň Jebel ýük
saklanýan bölüminiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak teklip edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini himiýa
önümleri bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri döwrebap guramaga
möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» ýod zawodynyň
Jebel ýük saklanýan bölüminiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak boýunça
taýýarlanan teklibi goldady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew goňşy döwletler bilen özara
bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan
Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ikitaraplaýyn daşary ykdysady gatnaşyklary
mundan beýläk hem ösdürmek hakynda 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda gol
çekilen Ylalaşyga laýyklykda degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Özbegistan Respublikasynyň biziň iň ýakyn
hyzmatdaş döwletlerimiziň biri bolup durýandygyny belledi we goňşy ýurtlar
bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri
dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz özara bähbitli
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny
aýtdy hem-de hödürlenen teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa geljek ýylda Ahal welaýatynda
Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, asylly däbe görä, bu döredijilik çäresi her ýyl Medeniýet we sungat
işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralýar. Şu
ýyl bu sungat baýramçylygy Arkadag şäherinde geçirildi. Onuň çäklerinde milli
medeni mirasy wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreler guraldy. Hasabatyň
dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2025-nji ýylda
Medeniýet hepdeligini Ahal welaýatynda geçirmek baradaky degişli resminamanyň
taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň medeniýet
ulgamyny yzygiderli ösdürmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny
belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen medeniýetini we sungatyny has-da
kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Döwlet Baştutanymyz Medeniýet hepdeligini
türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek
maksady bilen, «Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda» Karara
gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Döwlet ylmy-tehniki
maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň
Tertibini tassyklamak hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym ulgamy yzygiderli
kämilleşdirilip, milli ykdysadyýetimiziň şu günki we geljekki ösüşleri üçin
berk binýadyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň
kämil kanunçylyk-hukuk binýady kemala getirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ylmy,
ylmy-tehniki we innowasiýa işiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça döwlet
ylmy-tehniki syýasatynyň amala aşyrylyşynyň netijeliligini has-da
ýokarlandyrmak, täze işläp taýýarlamalaryň, öňdebaryjy usullaryň, tejribeleriň
we tehnologiýalaryň, ylmyň hem-de tehnikanyň soňky gazananlarynyň önümçilige
ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmak, maksatnamalary işläp taýýarlamak,
maliýeleşdirmek bilen bagly gatnaşyklaryň düzgünleşdirilişini kämilleşdirmek
maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan degişli
resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylmy-tehniki maksatnamalary işläp
taýýarlamagyň, maliýeleşdirmegiň we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik
etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol
çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de ylym ulgamynda täze
işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary, ylmyň, tehnikanyň
soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagy has-da çaltlandyrmak babatda anyk
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň
Gündogar Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça durmuşa
geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri Ýewropa sebitiniň ýurtlary
bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Hususan-da, Ýewropa Bileleşigine
agza bolan Gündogar Ýewropa ýurtlary, ýagny Polşa, Wengriýa, Çehiýa, Rumyniýa
we Slowakiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça netijeli
işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi tarapyndan
birnäçe teklipler taýýarlanyldy.
Türkmen-polýak
hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, şu ýylyň 17-nji iýunynda Warşawa
şäherinde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler
geçirildi. Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda özara gatnaşyklaryň möhüm
meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem “Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary
işler ministrlikleriniň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek
hakynda Maksatnama” gol çekildi. Gepleşikleriň dowamynda polýak tarapy ikitaraplaýyn
gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, Warşawada Türkmenistanyň konsullyk
edarasyny ýa-da nokadyny açmak meselesiniň oňyn ýagdaýda çözülmegine gyzyklanma
bildirdi. Bu teklibi içgin öwrenmek üçin şu ýylyň dördünji çärýeginde
ýurdumyzyň degişli döwlet düzümleriniň wekillerini Polşanyň paýtagtyna iş
saparyna ibermek teklip edilýär.
Şeýle
hem ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn iş toparyny döretmek meselesi
ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda bu ugurda polýak tarapy bilen degişli
işler alnyp barylýar. Medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň geljegi, şol
sanda muzeýleriň ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada
pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň dowamynda Warşawada
ýurdumyzdaky muzeý eksponatlarynyň, şol sanda polýak medeniýetine degişli
gymmatlyklaryň sergisini guramak boýunça işleriň geçirilmegi teklip edilýär.
Polýak tarapy şu ýylyň 17-nji maýynda Aşgabatda açylan “Magtymguly Pyragy”
medeni-seýilgäh toplumynda meşhur şahyr Adam Miskewiçiň heýkeliniň
oturdylandygy üçin hoşallygyny beýan etdi.
Türkmenistan
bilen Wengriýany hem dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklar baglanyşdyrýar.
Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, ýokary derejedäki özara saparlary
bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban
2023-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanda saparda boldy. Şol ýylyň awgustynda
bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wengriýa iş saparyny amala
aşyrdy. Gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp
maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 18-nji iýunynda Budapeşt şäherinde
Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Saparyň
çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Wengriýanyň Milli Assambleýasynyň
Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy.
Netijeli
türkmen-wenger dialogyny pugtalandyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň birinji
ýarymynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň altynjy mejlisini
geçirmek teklip edilýär. Bellenilişi ýaly, wenger tarapynyň çakylygy boýunça,
şu ýylyň 7 — 11-nji awgustynda Türkmenistanyň wekiliýeti Wengriýada geçiriljek
“Kurultaý” medeni çäresine gatnaşar. Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň Medeniýet
günlerini we bu ýurtda Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyşy bilen bagly
dabaraly çäreleri guramak teklip edilýär. Wenger tarapy hem “Magtymguly Pyragy”
medeni-seýilgäh toplumynda bu ýurduň meşhur şahyry Şandor Petefiniň heýkeliniň
oturdylandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Bilim ulgamynda özara
gatnaşyklar bilen baglylykda, “Stipendium Hungaricum” maksatnamasynyň
çäklerinde geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.
Türkmenistan
bilen Çehiýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň
meseleleri şu ýylyň 20-nji iýunynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda
Pragada geçirilen syýasy geňeşmeleriň gün tertibine girizildi. Türkmen
wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Çehiýanyň Parlamentiniň Başlygynyň
orunbasary bilen hem duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça
birnäçe teklipler, şol sanda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda
özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň ýa-da Maksatnamanyň taslamasyny
taýýarlamak, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparyny döretmek, 2025-nji ýylda
Çehiýanyň wekiliýetiniň ýurdumyza saparyny guramak baradaky teklipler taýýarlanyldy.
Ýewropa
Bileleşiginiň çäklerinde Türkmenistanyň wajyp hyzmatdaşlarynyň biri hem
Rumyniýadyr. 2008-nji ýyldan bäri ýokary derejedäki özara saparlaryň we
duşuşyklaryň 5-si geçirildi. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda
duşuşyklar yzygiderli guralýar. Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça
türkmen-rumyn hökümetara topary hereket edýär, energetika we ulag
pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, bu ugurlardaky ýörite iş
toparlarynyň mejlisleri yzygiderli geçirilýär. Ynsanperwer ulgamda, şol sanda
bilim ulgamynda gatnaşyklar okgunly ösdürilýär.
Döwletara
gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, 17-18-nji iýulda
Buharest şäherinde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy
geňeşmeleri geçirmek, şeýle hem şu ýylyň ikinji ýarymynda Buharestde hökümetara
toparyň 8-nji mejlisini guramak boýunça zerur işleri amala aşyrmak teklip
edilýär. Şonuň bilen birlikde, 2025-nji ýylda Rumyniýa ýokary derejedäki sapary
guramak baradaky teklip beýan edildi.
Ýurdumyzyň
Slowakiýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça netijeli çäreler
görülýär. Döwletara dialogy täze derejä çykarmak, syýasy-diplomatik
gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň 16-17-nji iýulynda
Bratislawada Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmek
teklip edilýär. Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Slowakiýanyň
Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygyň göz öňünde tutulýandygyny,
slowak kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli işewür
gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini nazara almak bilen, şu
ýylyň 4-nji çärýeginde ýurdumyza dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň
wekilleriniň saparyny guramak teklip edildi. Şunuň bilen birlikde, 2024-nji
ýylyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara Ylalaşygyň
taslamasyny taýýarlamak boýunça işi tamamlamak hem-de şoňa laýyklykda, 2025-nji
ýylyň birinji ýarymynda Bratislawada hökümetara türkmen-slowak toparynyň
mejlisini geçirmek baradaky teklip aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplyk
syýasaty esasynda dünýä ýurtlary, şol sanda Ýewropa ýurtlary bilen netijeli
gatnaşyklary alyp barýandygyny, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň zerur ugurlary
boýunça gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer, daşary işler ministrine Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň
arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmek boýunça zerur işleri geçirmegi dowam
etdirmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gämigurluşyk hem-de gämi
abatlaýyş işlerini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda amala
aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýeti
diwersifikasiýalaşdyrmak, senagaty ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän
harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça döwlet
maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýerli çig
maly önümçilikde, şol sanda gämileri arassalamakda ulanmak hem-de ony daşary
ýurtlara eksport etmek mümkinçiliginiň öwrenilýändigi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda gämi gurluşygy bilen bir hatarda, gämi abatlaýyş işleriniň hem
kämilleşdirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli işlerde ýerli çig
maly ulanmak baradaky teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna zerur işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe
meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, hemmelere
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi
ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.