Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp
barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatdaky
möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde
pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy
kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlemek, kärendeçiler bilen hasaplaşyklary
öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Welaýatyň gowaça
ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm işleri geçirilýär.
Geljek ýyl oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme
taýýarlamak boýunça zerur çäreler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, bugdaý
ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri
ýerine ýetirilýär.
Şeýle
hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýatda guraljak dabaralara taýýarlyk
görlüşi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda,
şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň
möhümdigini belledi we bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň talabalaýyk
alnyp barylmagyny, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň möwsüme
doly taýýar edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi
häkime tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi. Welaýatyň meýdanlarynda bar bolan pagtany
ýitgisiz ýygnap almak, ony bökdençsiz kabul etmek, talabalaýyk saklamak, pagta
arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlenilmegini üpjün etmek,
tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça
degişli işler ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek
meýdanlarda sürüm işleri dowam edýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk
tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler
görülýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg
işleri ýerine ýetirilýär.
Şeýle-de
häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli
welaýatda geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň
ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaý ekilen
meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, geljek ýyl
gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün
etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Sanly
ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi
S.Soltanmyradowyň oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam
etdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň meýdanlarynda bar
bolan pagtany iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bökdençsiz kabul etmek,
talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Pagta öndürijiler
bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek ugrunda anyk
çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, gowaça ekiljek meýdanlarda
sürüm işleri alnyp barylýar. Oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalar we
gurallar möwsüme taýýarlanylýar. Mundan başga-da, welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda dowam edýär.
Şeýle
hem welaýatda Halkara Bitaraplyk gününi dabaraly belläp geçmek boýunça görülýän
taýýarlyk işleri, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl
açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş hem-de önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň
möhüm ähmiýetini belledi we bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, geljek ýylyň hasyly
üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň bellenilen möhletlerde
geçirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet
Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga beriljek dürli maksatly binalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk
ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda birnäçe anyk görkezmeleri
berdi.
Soňra
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda dowam edýän oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen pagtany iň
soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda
kada laýyk saklamak we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça
degişli işler alnyp barylýar. Tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda
geçirilýär. Şeýle hem gowaça ekiljek ýerlerde topragy mineral dökünler bilen
gurplandyrmak we sürüm işleri dowam edýär. Geljek ýylda oba hojalyk işlerinde
ulanyljak tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler ýerine
ýetirilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri alnyp
barylýar.
Häkim
welaýatda Halkara Bitaraplyk gününi dabaraly belläp geçmek boýunça alnyp
barylýan taýýarlyk işleri, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň,
şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli
maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine
ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we welaýatyň bugdaý
ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine
ýetirilmegini, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň möwsüme
taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamak babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, sebitiň ekin meýdanlarynda bar bolan pagtany soňky hanasyna
çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Tabşyrylan
hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Gowaça
ekiljek meýdanlarda sürüm işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp
barylýar. Geljek ýylda möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýerine ýetirmekde
ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak işleri ýola goýuldy. Welaýatda
bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Mundan başga-da,
ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, ony gaýtadan işlemek
boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Şeýle-de
häkim Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak çärelere taýýarlyk görlüşi,
Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň guramaçylykly hem-de öz
wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaý ekilen
meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp
barylmagyny, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň talabalaýyk
geçirilmegini, ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamagyň depginleriniň
güýçlendirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Mundan
başga-da, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamak babatda anyk görkezmeleri berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän
orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatlarda geljek ýylda
bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin bugdaý ekilen meýdanlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Hususan-da,
ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär.
Welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almak,
tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek
boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda
geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak
maksady bilen, sürüm işleri dowam edýär. Oba hojalyk işlerinde ulanylmagy göz
öňünde tutulýan tehnikalary we gurallary abatlap, möwsüme taýýarlamak boýunça
degişli işler alnyp barylýar. Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak,
ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamak we gaýtadan işlemek boýunça işler dowam
edýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň geljekde
bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we bugdaý ekilen
meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly
alnyp barylmagyny, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň möwsüme
talabalaýyk taýýar edilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere
tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň alnyp barlyşyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi
we bu babatda anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz
ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak
dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, baýram günlerinde
bazarlaryň we dükanlaryň azyk harytlary bilen bolelin üpjün edilmegi babatda
degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň,
mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.