Amerikanyň
Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji
sessiýasyna gatnaşdy.
Bu
waka eziz Watanymyzyň döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň
halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu
konsepsiýada Milletler Bileleşigi bilen strategik gatnaşyklary çuňlaşdyrmak
ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde bu hyzmatdaşlyk
täze many-mazmuna eýe boldy.
Irden
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni BMG-niň
ştab-kwartirasyna tarap ugrady.
Garaşsyz,
baky Bitarap ýurdumyz ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça
sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, howpsuzlygy we
durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit hem-de halkara derejede 2030-njy ýyla çenli
döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly
goşant goşýar. Ýurdumyz dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine
goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň bähbidine özüniň baý döredijilik kuwwatyndan
netijeli peýdalanýar. BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we ugurdaş düzümleri
bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň
durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň işine
gatnaşmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, muňa Milletler Bileleşiginiň doly hukukly
agzasy hökmünde yzygiderli işiň dowamy hökmünde garalýandygyny bellemek gerek.
BMG-niň
ştab-kwartirasyna gelende, döwlet Baştutanymyzy BMG-niň Baş sekretary Antoniu
Guterriş we Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň Başlygy Dennis Frensis
mähirli garşyladylar.
Bu
ýerde ECOSOC zalynda BMG-niň Baş sekretarynyň adyndan resmi kabul edişlik
boldy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.
Şu
sessiýanyň gün tertibi okgunly ykdysady ösüşe ýardam bermek, dünýäde
parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine,
howplaryna garşy durmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, adam hukuklary
ýaly möhüm ugurlara we beýlekilere degişli meseleleriň giň toplumyny öz içine
alýar.
Döwlet
Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden çykyş edip,
sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutulýan
garaýyşlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk
gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen
täze, döredijilikli başlangyçlaryny beýan etdi.
Çykyşynyň
başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň başlanmagy bilen gutlady we netijeli
işlemegi arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz ilçi Dennis Frensisi Baş Assambleýanyň
Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlady hem-de oňa şu jogapkärli döwürde
alyp barjak işinde goldaw we ýardam beriji sözlerini beýan etdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy biziň guramamyzyň
agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan
ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine,
jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler
Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm goşandyny goşmalydyr.
Köp sanly sebäplere görä, häzirki zaman dünýäsi örän düýpli wehimleriň
birnäçesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýüze çykmagynyň aýratynlyklary bilen, olaryň
ählisi döwletara gatnaşyklaryň barşyna azda-kände täsir edýär. Ählumumy gün
tertibiniň esasy ugurlary boýunça ylalaşylan ösüş meýilnamalarynyň hem-de
maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýygy-ýygydan ýaramaz täsirini ýetirýär.
Bu bolsa, öz gezeginde, BMG-niň esasy işi hökmünde ählumumy howpsuzlygyň düýpli
sütünleriniň weýran bolmagyna getirip biler. Muňa, elbetde, ýol bermek bolmaz
diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Şundan
ugur alyp, Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda howpsuzlygyň bölünmezligi we
bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bir-birinden aýrylmazlygy ýörelgesini berk
we durnukly goraýar. Biz harby we syýasy howpsuzlyga ykdysady, ekologik,
tehnogen, energetika, ulag, azyk, biologik, maglumat howpsuzlygyndan aýrylykda
seredip bolmajakdygyna ynanýarys. Sanalyp geçilen ugurlaryň hiç biri ikinji
derejeli ýa-da möhüm däl bolup bilmez, olary çözmegi bolsa has giçki möhlete
goýup bolmaz diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Men
BMG-niň baş wezipesi howpsuzlyk meselesine hut şeýle, utgaşykly çemeleşmegi
üpjün etmekden ybaratdyr diýip hasaplaýaryn. Agza döwletleriň tejribesini,
ygtyýarlylygyny, ideýasyny we başlangyçlaryny döredijilikli ugra gönükdirmeli
diýip pikir edýärin. Hakyky ykbal kesgitleýji maksatlara ýetmek üçin wagtlaýyn
bähbitlerden we artykmaçlyklardan el çekmeli diýip hasap edýärin. Şol maksatlar
pugta parahatçylygy we howpsuzlygy, uzak döwür üçin ösüşi üpjün edip biler
diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Nygtalyşy ýaly, muny bolsa diňe
bilelikde we Birleşen Milletler Guramasynyň aýgytly orny bolanda gazanyp bolar.
Häzirki zaman dünýäsinde BMG-niň orny baradaky çekişmeler, ony özgertmek
boýunça teklipler netijesinde, bu guramanyň ýerini tutjak edaranyň ýokdugy
üýtgewsiz we äşgär bolup galýar.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň bu meseledäki düýpli garaýyşlary
barada aýdyp, esaslandyrylan gününden bäri geçen onýyllyklaryň dowamynda bolşy
ýaly, BMG-niň häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak, ählumumy hem-de
hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň
durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny
gurama bolup çykyş edýändigine ünsi çekdi. Munuň özi Türkmenistanyň düýpli
garaýşydyr.
Şoňa
görä-de, bolup geçýän wakalara hem-de meýillere oýlanyşykly,
ideologiýalaşdyrylmadyk bahany bermek, dünýä syýasatynda ynamsyzlygy,
gapma-garşylykly dartgynlylygy ýeňip geçmek, ylalaşyk, bähbitleri özara hasaba
almak boýunça geljegi anyklamaga çalyşmak üçin bütindünýä guramasynyň
mümkinçiligini, syýasy-diplomatik guralyny, at-abraýyny yzygiderli we doly
peýdalanmalydyrys. Muny diňe Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda
aç-açan, dogruçyl gatnaşyklarda amala aşyryp bolar. Şeýle gatnaşyklary
gazanmagyň ýönekeý bolmajakdygy äşgärdir. Şeýle-de bolsa, ol zerurdyr diýip,
hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Şunuň
bilen baglylykda, Türkmenistanyň birnäçe başlangyçlary beýan edildi.
Hususan-da, dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem-de meýillerini hasaba almak
bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara
hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk
strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga
başlamak teklip edildi. Biziň pikirimizçe, şeýle strategiýa adaty
töwekgelçilikler bilen bilelikde, soňky döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleriň
hem bardygyny beýan etmelidir. Şeýle hem biz strategiýa BMG-niň işiniň birnäçe
ugurlaryny, hususan-da, gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olary ýok etmegiň
guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny; jedelleri we dawalary
parahatçylykly, syýasy-diplomatik taýdan düzgünleşdirmek üçin bitaraplygyň
mümkinçiliklerini peýdalanmagy; BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň
kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamalary
esasynda ynanyşmak dialogynyň medeniýetini girizmegi zerur hasap edýäris. Wagt
häzirki pursatda bu Kararnamalaryň zerurdygyny tassyklady diýip, döwlet
Baştutanymyz nygtady.
Ählumumy
we hemmetaraplaýyn howpsuzlygy gazanmak maksady bilen, Türkmenistan BMG-niň
işine sebit meselesi beýan edilen garaýyşlary ornaşdyrmagyň zerurdygyndan ugur
alýar. Şeýle çemeleşme bilelikdäki işe gerek bolan takyklygy girizmek, onuň
wezipesini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur diýip hasaplaýarys.
Hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — BMG» ugry boýunça inklýuziw, doly
görnüşli we ulgamlaýyn dialogy ýola goýmagyň wagtynyň gelendigine ynam
bildirip, Türkmenistanyň oňa girişmäge hyzmatdaşlary hormat bilen
çagyrýandygyny nygtady.
Şunuň
bilen baglylykda, BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk
zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek baradaky başlangyç beýan
edildi. Maslahatyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlaryny we dünýä bileleşigini,
halkara guramalary, maliýe we ykdysady institutlary ýakynlaşdyrmaga, bu sebiti
durnukly, gapma-garşylyksyz ösdürmegi üpjün etmek işinde olaryň tagallalaryny
utgaşdyrmaga gönükdirilen çemeleşmeleri we çözgütleri işläp taýýarlamakdan
ybaratdyr. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň birinji maslahaty 2024-nji ýylda
Aşgabatda geçirmäge taýýardygy beýan edildi.
Türkmenistan
BMG-niň geljek ýyllar üçin işiniň esasy ugurlarynyň arasynda howa we ekologiýa
meselelerini çözmegi möhüm hasaplaýar. Şolaryň hatarynda metan boýunça ählumumy
borçnamalar bilen bagly meseleleri aýratyn belleýäris diýip, döwlet
Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyzyň howa boýunça
Pariž Ylalaşygyna goşulmagy bilen, 2017-nji ýylda birnäçe degişli milli
maksatnamalar kabul edildi. Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak
we ýok etmek maksady bilen, umumydöwlet çäreleri ileri tutulyp amala aşyrylýar.
Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki
zaman tehnologiýalary, aýratyn-da, energetika, senagat we ulag pudaklarynda
ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmek hem-de peýdalanmak hakynda barýar.
Şol
bir wagtda, biz dünýä bileleşiginiň Ählumumy metan borçnamasyny amala aşyrmak
boýunça tagallalaryny goldaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow nygtady. Şunda türkmen tarapynyň bu işde BMG-niň
ýöriteleşdirilen düzümleri, agza ýurtlar, beýleki gyzyklanýan hyzmatdaşlar
tarapyndan anyk kooperasiýa we salgyly ýardama bil baglaýandygy bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, ýaňy-ýakynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Ählumumy metan
borçnamasyna goşulmagy baradaky meseläni öwrenmäge gönükdirilen halkara
hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatdaky “Ýol kartasy” tassyklanyldy. Bu resminama
ýakyn wagtda guramanyň Sekretariatyna iberiler.
Umuman,
BMG-de Merkezi Aziýadaky ekologik meselelere has düýpli we täsirli üns bermek
üçin wagt ýetdi diýip hasaplaýaryn. Bu meselelere seredilende, belli bir
hereketsizligi ýeňip geçmeli we örän uly giňişlikleri eýeleýän, özboluşly
tebigy serişdeleri hem-de biologik köpdürlüligi bolan, şol bir wagtda düýpli
ekologik töwekgelçilikleriň zolagynda ýerleşýän 80 milliona golaý ilatly sebit
babatda BMG-niň maksatly ekologik strategiýasyny taýýarlamak boýunça belli bir
salgyly we anyk çärelere başlamaly diýip pikir edýärin diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
Merkezi
Aziýanyň ekologik meselelerine strategik çemeleşme kabul edilende, Türkmenistan
möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi
bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklip
bilen çykyş edýär. Bu merkez howa meselesi boýunça anyk we ulgamlaýyn işleri
alyp barar. Şunuň bilen baglylykda, merkeziň işlemegi üçin Türkmenistanyň
paýtagty Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmäge ýurdumyzyň
taýýardygy beýan edildi.
Merkezi
Aziýa Hazar deňzine galtaşýan sebitdir. Özboluşly tebigy toplum bolan bu deňziň
Ýer togalagynyň ekologiýasy babatda nähili ähmiýetiniň bardygy hemmelere
mälimdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Kenarýaka ýurtlar tarapyndan köpýyllyk tutanýerlilik we hormat goýmak arkaly
alnyp barlan hyzmatdaşlygyň netijesinde, Hazar syýasatynyň umumy esasy
düzgünleri işlenip taýýarlandy. Şol sanda esasy resminama — Hazar deňziniň
hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa kabul edildi. Türkmenistanda geçen ýylyň
tomsunda geçirilen altynjy Hazar sammitine ähli gatnaşyjylaryň ekologik mesele
boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy. Bu bolsa
kenarýaka döwletleriň BMG bilen giňden we ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk etmäge
başlamagy üçin gowy mümkinçilik açýar diýip hasap edýärin diýip, döwlet
Baştutanymyz belledi.
Şunuň
bilen baglylykda, «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek barada teklip
girizildi. Ol Hazar deňziniň gurşawyny we biologik serişdelerini gorap
saklamak, emele gelen ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň
toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara
platforma bolmaga niýetlenendir. Biz bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasy,
onuň agentlikleri, edaralary we institutlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda
amala aşyrylmalydyr diýip hasap edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
BMG-niň
jogapkärçilikli agza döwleti hökmünde Türkmenistan ileri tutýan ugurlaryny
belläp, öz çemeleşmelerini we hereketlerini anyk beýan edýär hem-de durmuşa
geçirýär. Bu ugurlar boýunça ýurdumyzyň goşandy netijeli bolar we umumydünýä
maksatlarynyň bähbidine hyzmat eder, olaryň çalt gazanylmagyna ýardam berer.
Ileri
tutulýan şol meseleleriň arasynda ulag babatda Durnukly ösüş maksatlaryny amala
aşyrmagy aýratyn belleýäris.
Mälim
bolşy ýaly, Türkmenistan şu möhüm ugur boýunça dialog üçin netijeli halkara platformany
döretmegiň başyny başlaýjy boldy. Aşgabatda 2016-njy ýylda üstünlikli geçirilen
durnukly ulag boýunça BMG-niň birinji ählumumy maslahatyny, şeýle hem geçen
ýylyň tomsunda BMG bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda guralan deňze çykalgasy
bolmadyk ösýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny ýatlap geçeliň diýip,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Biz
Türkmenistanyň maksada gönükdirilen işiniň netijesinde, diňe soňky ýyllarda
ulag babatda öňe süren başlangyçlarymyz boýunça Baş Assambleýanyň alty
Kararnamany kabul edendigine buýsanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şolaryň soňkularynyň hatarynda şu ýylyň maý aýynda kabul edilen «Bütindünýä
durnukly ulag güni» atly Kararnamany görkezmek bolar diýip, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we bu resminamany biragyzdan
goldandyklary üçin ähli agza döwletlere minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen
baglylykda, şol Kararnamanyň düzgünlerine esaslanyp, Türkmenistan bu mejlisiniň
çäklerinde «Bütindünýä durnukly ulag güni» mynasybetli ýokary derejeli
maslahaty çagyrmagy teklip edýär. BMG-niň degişli düzümleriniň bu çäräni
Nýu-Ýorkda guramakda ýardam berjekdigine umyt edýäris diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
Azyk
meselesini çözmekde BMG-ä doly ýardam bermek Türkmenistanyň Durnukly ösüş
maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işiniň örän möhüm ugrudyr. СOVID-19
pandemiýasy beýleki amatsyz şertler bilen bir hatarda, hut azyk meselesiniň
çözülmedik meseledigini, ilaty doly bahaly iýmit almaýan döwletleriň gowşaklygyny
ýüze çykardy. Şoňa görä-de, döwletleriň we sebitleriň azyk serişdelerine
elýeterli bolmagy bilen bagly meselelere seredilende, agzybirlik,
tutanýerlilik, aýgytlylyk zerurdyr. Islendik adamyň aýrylmaz hukugy, ozaly
bilen, çagalaryň sagdyn we kadaly ösüşiniň esasy şerti hökmünde doly bahaly
iýmite kepillendirmeler möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow belledi.
Bu işde syýasat, ideologiýa we ýagdaý bilen
bagly päsgelçilikleri ýeňip geçýän aýgytly çözgütler, täze çemeleşmeler zerurdyr.
Şundan ugur alyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda,
Bütindünýä azyk maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň
Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara
forumy çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady
we bu çäräni ylalaşylan möhletlerde türkmen paýtagtynda geçirmek üçin şertleri
döretmäge taýýardygyny tassyklady.
Geljek ýyl Türkmenistanda we onuň çäklerinden
daşarda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda türkmen halkynyň görnükli
ogly, akyldar şahyr, filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy
giňden belleniler. Ähli medeniýetli adamzat diňe bir dünýä edebiýatyna däl-de,
eýsem, tutuş Gündogaryň, bütin dünýäniň medeni ösüşine örän uly goşant goşan
beýik ynsanperwer şahyry ýatlaýar we oňa hormat goýýar. Men öz çykyşymy
Magtymgulynyň «Adamzat» atly goşgusynyň şu sözleri bilen tamamlamak isleýärin.
Bu goşguda şahyr döwürdeşlerine we geljek nesillere örän täsirli şeýle setirler
bilen ýüzlenýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Ýatsa-tursa
hyýalyndan çykarmaz,
Kaýsy
işe maýyl bolsa adamzat.
Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz: “Goý,
döredijilikli oý-pikirlere, parahatçylyk, adalatlylyk, ösüş ideallaryna
wepalylyk biziň bilelikdäki işimizde esasy we aýdyň ýörelge bolup hyzmat
etsin!” diýip arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns we gyzyklanma bildirilip
diňlenildi hem-de el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Döwlet
Baştutanymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary dowam edýär.